"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýokary hilli önümler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, giň goldawlary bilen ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň bökdençsiz dowam etdirilmeginde, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly beýleki binalaryň we desgalaryň  ýokary hilli gurlup, öz wagtynda ulanmaga berilmeginde gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň hem uly goşantlary bardyr. Çünki olar  gurluşyk üçin zerur bolan gurluşyk serişdelerini ýeterlik derejede öndürmek hem-de bellenen ýerlere ugratmak bilen, şeýle netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýärler. Bu babatda welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň hem häzirki dowam edýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işleri amala aşyrýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar welaýatymyzyň çäklerinde gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna, beýleki desgalara niýetlenilen gurluşyk önümlerini ýokary hilli öndürmek bilen, bu babatda göz öňünde tutulan meýilnamalary üstünlikli berjaý etmegiň hötdesinden gelýärler.

Oba hojalygy

Gowaça bejergisi güýçli depginde Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda 1360 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, kadaly gögeriş gazandylar. Häzirki günlerde şol ýerlerde endigan ösýän gowaça düýplerine ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Netijede, her günde birleşik boýunça 30 — 40 gektar meýdanda hatararasyny ýumşadyp, gapdallaýyn iýmitlendirmek, haşal otlardan arassalamak ýaly çäreler ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu babatda tejribeli kärendeçilerden Bibigül Saryberdiýewa, Aýsoltan Amangylyjowa, Hemra Annalyýew, Saparmyrat Gulpakow, şeýle hem mehanizatorlardan Arazmyrat Sapaýew, Gurbanmyrat Gurbanow dagynyň has-da oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar.

Pellehanada — öňdebaryjylar

Welaýatymyz boýunça döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edýän daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň sany günsaýyn köpelýär. Saýat etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary etrapda ilkinji bolup mähriban Watanymyzyň bugdaý çäjine galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri 1170 gektar meýdanda eken bugdaýyndan 3266 tonnanyň ýerine 4266 tonna bugdaý hasylyny tabşyrmagyň hötdesinden geldiler.

Eklenjimiz ene toprak

Şu günlerde bereketli ekin meýdanlarynda bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan zähmetinden kemala getirilen bol hasyl yrýa etmän ýygnalýar. Ak bugdaýdan bişen mele-myssyk, tes-tegelek Gün ýaly çöregimizden saçaklarymyz dolup duranda, biziň başymyz belent, kalbymyz buýsançdan dolup, gökde ganat gerýär. Döwletimiz daýhanlaryň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak üçin onuň satyn alyş bahasyny hem artdyrdy. Öňküsinden tapawutlylykda bu ýyl bugdaý hasylynyň bir tonnasynyň bahasy 2,5 esse ýokarlandyryldy. Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň öndürijilikli işlemekleri, ýerden bol hasyl almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döretmek, oba hojalyk pudagyny has-da kämilleşdirmek işi Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredijilikli dowam etdirilýär. Ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, mineral dökünler bilen üpjünçilik ýokarlanýar, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda suwarylýan ýerleriň aglaba bölegi hususyýetçilere uzakmöhletleýin kärendesine berlip, olarda ildeşlerimiz üçin diňe bir bugdaý ýa-da pagta däl, eýsem, zerur bolan azyklyk we gök-miwe önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Geçen ýyllarda diňe bir biziň welaýatymyzyň çäginde oba hojalyk maksatly

Ýeralmanyň bol hasyly

Welaýatymyzyň ekerançylary 1400 gektar meýdanda ýetişdirilen ýazlyk ýeralmadan 19600 tonnanyň ýerine 20 müň tonna golaý hasyl ýygnap, bu boýunça meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýeralma ekilen meýdanlaryň her gektarynyň hasyllylygynyň meýilleşdirilen 140 sentnerden hem ep-esli geçmegi daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigini aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýene-de üstünlikli dowam etdirilýän oba hojalyk özgerişlikleri pudagyň önüm öndürijilik ukybyny mese-mälim ýokarlandyrýar. Netijede, zerur bolan önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygy doly üpjün edilýär. Ilatyň saçagyna azyklyk we beýleki ter önümler yzygiderli gowuşýar. Ýeralmanyň uly möçberdäkisiniň ýygnalmagy hem hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen gol çeken möhüm Kararynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Galla — 2024

Daýhanlaryň armaçylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň galla oragy möwsümi barha gyzyşýar. Ýetişen hasyly öz wagtynda çalt we yrýasyz ýygnamak üçin ähli güýçler herekete girizildi. Işleriň sazlaşykly guralmagy bilen Watan harmanyna tabşyrylýan guşgursak dänäniň mukdary gün geçdiksaýy artýar.

Baýramalyda bir bag bar...

(Oçerk) Bagyň bagbany bolmasa, bitmejegi düşnükli. Ýöne bagyň bagdan tapawutly bolşy ýaly, bagbany-da bagbandan saýlaýan tär-gylyk, işe çemeleşiş, zähmet usuly bar. Mary welaýaty bag-bakja gezek gelende, köpe nusga bolup biljek bagbanlary bilen belli. Şol däp-düzgün häzirem ýörgünli. Ynha, gadymy kitaplarda, gulak gerdirýän dessanlarda, goşgy-gazallarda «Zemin üstündäki Erem bagy» diýlen gözelligi döredýän ussatlar hakynda gürrüň gozgalsa, Murgap jülgesiniň aglaba ýerinde: «Baýramala baryň, Döwletjan bagban bardyr!» diýler.

Ýaýlanyň ýaraşygy

Ýurdumyzyň maldarçylyk hem-de guşçulyk pudagyny ösdürmek, iri we ownuk şahly mallardan bol önüm almak, halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, öňde goýlan wezipelere üstünlikli amal etmekde Mary welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynda netijeli işler amala aşyrylýar. Dowarlardan owlak-guzy almakda maldarçylyk hojalygynyň çarwadarlary egin-egne berip zähmet çekmegiň hasabyna oňat netije gazanmagy başarýarlar. Hojalygyň ýolbaşçy düzümi bilen bilelikde maldarçylyk bölümleriniň dowardarlarynyň arasynda saparda bolanymyzda, dowarlardan owlak-guzy almak baradaky tabşyryklaryny abraý bilen berjaý edendiklerini, häzirki wagtda mallary sonarda bakýandyklaryny gürrüň berdiler. Hojalygyň maldarlary jemi 255 müň 550 baş dowary dok we ýyly gyşladypdyrlar. Owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirip, mallardan sagdyn owlak-guzy almak üçin Pendi ýaýlasynyň günorta-gündogar künjegindäki öri meýdanlaryny saýlapdyrlar. Bu bolsa olaryň yhlasynyň myrat tapmagyna getiripdir. Çopanlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 103 müň baş ene dowardan 100 müň 674 sany sagdyn owlak-guzy alyp, olaryň agramly bölegini ösdürime goýberipdirler. Şeýlelikde, dowarlardan owlak-guzy almakda bellenilen sepgide ýetildi. Bu işde hojalygyň «Azatlyk», «Ýaşlyk» maldarçylyk bölümleriniň merd

Işler utgaşykly alnyp barylýar

Köneürgenç etrabynyň Galkynyş daýhan birleşiginiň kärendeçileri etrapda oba hojalyk işleriniň ählisinde öňdeligi saklaýarlar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda daýhan birleşigiň kärendeçileri 420 gektar ýerde bugdaýyň bitginli hasylyny kemala getirdiler. Daýhan birleşigi boýunça 650 gektar ýerde ekilip, endigan gögeren gowaçalara otag, hatarara bejergi işleri ýokary depginde utgaşykly alnyp barylýar. Hatarara bejergi işlerinde daýhan birleşigine degişli bolan oba hojalyk tehnikalarynyň 3-si işledilýär. Bu tehnikalara Nurmyrat Durdyýew, Arazmuhammet Sarytaýew, Jumabaý Rejepow ýaly mehanizatorlar erk edýärler. Hatarara bejergi işleriniň geçirilmegi gowaça düýplerini ýumşatmakda, ýeriň yzgaryny saklamakda, haşal otlardan saplamakda uly ähmiýete eýedir. Bu möhüm agrotehniki işi öz wagtynda ýokary hilli geçirmäge uly üns berilýär. Her gün 25 – 30 gektar ýerde hatarara bejergi işi geçirilýär. Göreldeli kärendeçilerden Arazberdi Jumabaýew, Bazarbaý Rejepow, Jumadurdy Sarybaýew has-da tapawutlanýarlar. Olaryň göreldesine eýerip, beýleki kärendeçiler hem otag, hatarara bejergi we beýleki ideg işlerini barha ýokary depginde dowam etdirýärler. Ideg işleri kemsiz ýerine ýetirilýän gowaçalar kadaly boý alýarlar.

Çäjiňize bereket, gallaçy daýhanlar!

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 31-nji maýynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň azyk bolçulygyny ýokarlandyrmakda saldamly goşant goşýan gallaçy daýhanlara nobatdaky orak möwsümine başlamak barada ak pata berdi. Şonda 14-nji iýunda Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bugdaý oragyna girişmek barada hem bellenildi. Döwlet baştutanymyzyň beren ak patasyndan ruhlanyp, ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň gallaçy daýhanlary hem bugdaý oragyna gyzgalaňly girişdiler. Hudaýberdi MÄMMEDOW,«Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň Bereket awtotoplumynyň sürüjisi:

Talabalaýyk ideg edilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bazarlarymyzy özümizde ýetişdirilen miwe, bakja we gök önümler bilen üpjün etmegi oba hojalyk pudagynyň öňünde esasy wezipe edip goýýar. Halal zähmete ýugrulan edermen daýhanlar bereketli topragymyza gözleriniň göreji deýin garap, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda esasy azyklyk önümler bolan ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bitginli hasylyny kemala getirdiler. Welaýat boýunça şu ýyl 1 müň 600 gektar ýerde ekilen ýeralmadan 22 müň 400 tonna hasyl alyndy. 1 müň 100 gektar ýerde ekilen sogandan bolsa 27 müň 500 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şu günler sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu möhüm işler welaýatyň Gyzylarbat we Bereket etraplarynda guramaçylykly ýola goýlupdyr. Çekilýän yhlasly zähmet kärendeçileriň boýun alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine bolan ynamy has-da pugtalandyrýar.

Ýe­ral­ma­ny to­mus ek­me­giň müm­kin­çi­li­gi

Ýurdumyzda ýeralmanyň öndürilişini artdyrmak üçin häzire çenli doly ulanylmaýan amatly mümkinçilikleriň biri ony tomus ekip, bir möwsümde iki hasyl almak usulydyr. Bu usuly ulanmaga ýurdumyzyň toprak-howa şertleri mümkinçilik berýär. Sebäbi sentýabr aýyndan noýabr aýyna çenli ýeralmanyň ösmegi üçin amatly bolýar. Ýeralmanyň «Sedow» sortuny ilki ýaz ekip, gektardan 254 sentner, soňra geçen ýylyň tohumlyk ýeralmasyny tomus ekip, gektardan 257 sentner hasyl alyp bolýar. Aralyk ýetişýän sortlary täze tohumlyk ýeralmadan tohumlyk ekilende hem gowy hasyl berýär. Geçen ýylky we täze ýeralmadan tohumlyk serişdelerini taýýarlap, özümize gerek möçberde öndürip bolýar. Tohumlyk ýeralma giçlik ekilýän möhletlerine çenli ýönekeý şertlerde saklanyp, olary tomusda ekmek üçin ulanyp bolýar. Ýeralmany bir möwsümde iki gezek ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik bolup, ony ilki ir alabaharda ekip, bir hasyl alynýar. Soňra şol täze hasyldan tohumlygyny saýlap alyp, iýul aýynyň ahyrynda, awgust aýynyň başynda ikinji gezek ekilýär we noýabr aýynda hasyl alynýar. Ol joýalaryň arasyny 80 santimetr goýup, keşleriň bir gyrasyna ekilýär we keşleriň galan topragy bolsa tommaklamak üçin ulanylýar. Şeýle usul bilen ýylda her gektardan jemi 30 — 36 tonna ýeralma hasylyny alyp bolýar. Tohumlyk ýeralmany şineletmek dürli usulda geçirilýär. Ol usullardan biri ýeralma saklanýan jaýda 0,5 — 0,7 galyňlykda

Gal­lam bar — tyl­lam bar

Şu gün­ler ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de köp­çü­lik­le­ýin gal­la ora­gy­na gi­ri­şil­di. Gal­la ora­gy­na gat­naş­ýan oba ho­ja­lyk ulag­la­ry­ny il­kin­ji ze­rur bo­lan ýan­gyn sön­dü­riş se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edip, ola­ryň tüs­se çy­kar­ýan ab­zal­la­ry­ny uç­gun sön­dü­riş en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryp, ýan­gyn howp­ly çäk­le­re gi­ren­le­rin­de tüs­se çy­ka­ra da­kyl­ma­ly. Uç­gun sön­dü­riş en­jam­la­ry öz wag­tyn­da gu­rum­lar­dan aras­sa­la­nyp du­rul­ma­ly. Gal­la ora­gy­na gat­naş­ýan teh­ni­ka­la­ryň du­ral­ga ýe­ri­ni, teh­ni­ki hyz­mat et­mek, ýan­gyç guý­mak ýa-da keb­şir­le­ýiş en­jam­la­ryn­dan peý­da­lan­mak işi­ni ha­syl­ly meý­dan­dan 100 metr ara­daş­lyk­da ýer­leş­di­rip, şol ýer­le­riň daş-tö­we­re­gi sü­rül­me­li.

Gallaçylaryň armaçylary

Welaýatymyzyň ak bugdaýly meýdanlarynda galla oragy depginli dowam edýär. Şu gyzgalaňly günlerde gallaçylaryň armasynyň ýetirilip durulmagy olaryň her birini zähmet üstünligine ruhlandyrýar. BÄHERDEN. Etrabyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde guralan medeni-dynç alyş dabarasy ruhubelentlige eýe boldy. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan gysga wagtlyk arakesme wagtynda guralan dabara gallaçy kärendeçiler, kombaýnçylar, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşaýjy awtoulag sürüjileri we bu işe dahylly beýleki zähmetkeşler gatnaşdy. Onda häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti barada gürrüň edilip, gallaçylara zähmet üstünlikleri arzuw edildi.

Belent sepgit eýelendi

Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri şanly ýyly uly zähmet üstünligine beslediler. Olar 1300 gektar meýdanda däne ýetişdirmek bilen, şol meýdanlardan ak bugdaýyň 2730 tonnasyna derek 2750 tonnadan gowrak hasyl taýýarlap, tabşyryga ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler. Daýhan birleşiginiň zähmet üstünliginde Gülşirin Orazgeldiýewa, Annamuhammet Seýitgulyýew, Öwezmyrat Berdiýew, Kerim Aýdyýew ýaly kärendeçileriň mynasyp paýy bardyr. Olar özleriniň kärende ýerleriniň her gektaryndan 40-60 sentnere çenli hasyl almagy başardylar. Bu işde kombaýnlara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň zähmeti öwgä mynasypdyr. Gallaçy daýhanlar meýdanlardan ýygnaljak hasylyň mukdaryny 3100 tonna ýetirip, zähmet üstünligini has-da berkitmegi maksat edinýärler.

Käşir — aralyk ekin

Ýurdumyzda käşir, esasan-da, ýaz we güýz aýlary ösdürilip ýetişdirilýär. Käşir ekmek üçin aralyk, ýeňil toprakly, organiki we mineral maddalara baý, haşal otlardan, zyýankeşlerden arassa toprak saýlanyp alynýar. Käşiri ekmek üçin toprak taýýarlananda, oňa degişli mukdardaky ders berlip, ýerler 30 — 35 santimetr sürülýär. Sürümden soň ýerleriň ýüzi dik-kese tekizlenip joýa çekilýär we tagt suwy berilýär. Tagt suwdan soň ýerler taba gelende dik-kese çizel borona geçirilýär we täzeden 70 santimetr aralygy bolan joýa çekilýär. Yzgarly ýere tohum ekseň tiz we endigan gögeriş berýär.

Galla oragyna girişildi

Halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerine esaslanyp, galla oragyna girişilmegi mynasybetli geçen anna gününde Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginde aýdym-sazly dabara guraldy. Oňa welaýatyň ähli künjeginden oba hojalyk ulgamynyň edara-kärhanalarynyň, medeniýet we sungat ugrunyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdy. Altyn başly bugdaý atyzynyň ýanynda türkmen ak öýleri gurnalyp, toý gazanlary ataryldy. Möhüm möwsümde ulanyljak kombaýnlaryň, tehnikalaryň, milli gymmatlyklarymyzyň sergisi, türkmen toýuna mahsus dabara, görkezme sport çykyşlary, beýleki tomaşalar guraldy. Bu möwsümi hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen garşylan babadaýhanlar şu ýyl welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaýyny ýetişdirip, 265 müň tonna hasyla garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Belent sepgitlere ruhlandyrdy

Annaguly ANNAGULYÝEW,Gyzylarbat etrabynyň “Arkaç” daýhan birleşiginiň kärendeçisi: — Orak möwsüminiň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň galla oragynyň barşy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna iş sapary bilen gelmegi, onuň dowamynda ekiz taýym Aşyrguly ikimiz bilen söhbetdeş bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň alyp barýan işlerimiz, maşgala ýagdaýlarymyz bilen ýakyndan gyzyklanyp, orak möwsüminde uly üstünlikleri arzuw etdi. Biz parasatly döwlet Baştutanymyza doganym ikimiziň her birimiziň kärendesine alan ýerimiziň 105 gektara ýetýändigini, indi 30 ýyla golaý wagt bäri daýhançylyk bilen meşgullanýan kakamyz Atagulynyň kärende ýeriniň 200 gektara golaýlaýandygyny, Aşyrguly bilen ata kesbini mynasyp dowam etdirýändigimizi gürrüň berdik. Şol tolgundyryjy pursatlarda hormatly Prezidentimiz bize gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. Munuň üçin begenjimiziň çägi ýok.

Türkmen topragynyň berekedi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 7-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 14-nji iýunda galla oragyna hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şonuň bilen baglylykda, geçen hepdäniň anna güni welaýatymyzda galla oragyna dili senaly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý ruhunda girişildi. Baýramçylyk äheňinde bezelen esasy sahnada welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň joşgunly aýdym-saz, halk döredijilik çykyşlary giň gerime eýe boldy. Eşretli zamanamyzda daýhanlarymyzyň çekýän päk we halal zähmetiniň waspy çykyşlarda ýaýbaňlandyryldy. Sungat çykyşlaryndan göwni galkynan dabara gatnaşyjylar giň gözýetime uzap gidýän ak bugdaýly meýdanyň bir çetine ýygnandylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Balkan welaýatymyzyň Gyzylarbat etrabynyň «Batly gadam» daýhan hojalygynda ýaşulularyň «Bismillasy» bilen galla oragyna başlandy. Şol pursatda kuwwatly däne orujy kombaýnlar hem hatar gurap, altynbaşly bugdaýly meýdanlara girdiler. Şeýlelikde, welaýatymyzda galla oragyna köpçülikleýin girişildi.

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

Şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen jemi 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna, şol sanda Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak wezipesi goýuldy. Demirgazyk sebitiň ekerançylary ekiş möwsüminiň dowamynda bugdaýyň welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler. 2024-nji ýylyň galla oragynda däne ýygyjy kombaýnlardan, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalardan peýdalanylar. Orak döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerurlyklar: ýangyç-çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Mehanizatorlar, sürüjiler, oraga gatnaşýan beýleki işgärler üçin zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirme işleri geçirildi. Meýdan düşelgelerinde olaryň talabalaýyk zähmet çekmekleri, dynç almaklary babatda zerur şertler döredildi. Medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda nokatlarynyň işi guraldy. Ýygnalyp alnan hasylyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara daşalmagyny ýük awtoulaglary üpjün eder. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda. Olaryň hünärmenleri iň täze enjamlaryň kömegi bilen meýdanlardan gelip gowuşýan dänäniň hilini dessin kesgitlärler.