"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Az ýerden köp hasyl

Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy-ýakynda birbada alty sany ýyladyşhanany açyp bermegi ýurdumyzda az ýerden köp mukdarda gök önüm almakda täzeçe usulyň durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezdi. Gök önümler adamyň gündelik azyk önümlerinde esasy iýmitleriň hatarynda durýar. Adam aglaba ýokumlary gök önümlerden alýar. Lukmanlar hem gök önümleri köpräk iýmegi maslahat berýärler. Ýurdumyzda adamyň saglygy üçin bimöçber alada edilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylarynyň, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesliň ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün edilmegi-de bar. Gök önümler islendik pasylda, islendik howa şertinde adamy hiç wagt irizmeýän azyk önümidir. Olar saçaklarymyzy bezäp, gözümizi dokundyrýar. Biz gündelik iýmitimizde gök önümleriň görnüşini köpeltsek, şonça-da özümiz üçin peýdaly. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa bazarlarymyzda gök we bakja ekinleriniň, umuman, ene topragymyzdan alynýan naz-nygmatlaryň hemişe bol hem elýeterli bolmagy üçin tagalla edilýär. Hormatly Prezidentimiziň açyp beren täze ýyladyşhanalary hem şol tagallanyň miwesidir.

Jogapkärli möwsüm

Sarahs etrabynyň pagtaçy kärendeçileri gowaça ekişine ýokary guramaçylykly girişip, bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Üstümizdäki ýylda 18500 gektara gowaçanyň «Ýolöten-14», «Ýolöten-39», «Jeýhun» ýaly görnüşlerini ekmegi meýilleşdirýän etrabyň pagtaçy kärendeçileri şu günler wagtyň her pursatyndan netijeli peýdalanýarlar. Etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ekiş geçirijileriniň 70-si, dürli asma we tirkeg gurallarynyň onlarçasy, pagta arassalaýjy kärhanasynyň «MTZ-82» kysymly traktorlarynyň 17-si meýdan işleriniň ýokary depginde alnyp barylmagynda we ekişiň öz wagtynda, takyk usulda geçirilmegini üpjün etmekde bökdençsiz işledilýär. Möwsümde tehniki howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilişine, tehnikalara hyzmat ediş toparlarynyň işiniň göwnejaý ýola goýulmagyna hem uly ähmiýet berilýär. Etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň hünärmenleri bolsa, ekişde sagdyn gowaça tohumynyň ulanylmagy ugrunda mynasyp tagalla edýärler. Munuň özi ekişiň bellenen möhletde geçirilmegine şert döredýär.

500 tonna pile ugrunda

MÖWSÜM GURAMAÇYLYKLY GEÇIRILER Ýurdumyzyň oba hojalygynda ýüpekçilik uly orny eýeleýär. Bu pudagy ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli işler guwandyryjy netijeleri berýär. Şeýlelikde, her ýyl ak piläniň müňlerçe tonnasy öndürilip, dokma senagatynyň çig mal üpjünçiligine saldamly goşant goşulýar.

Gowaça ekişine taýýarlykly gelindi

Hormatly Prezidentimiziň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatlarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gowaça ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly alyp barmak barada beren tabşyryklarynyň doly ýerine ýetirilmegine gönükdirlen çäreler biziň welaýatymyzda hem öz wagtynda giň gerim aldy. Şeýlelikde, bu jogapkärli döwrüň öň ýanyndaky häzirki günlerde geçirilýän derwaýys meýdan işleri has-da ýokary depgine eýe bolmak bilen, öňde goýlan wezipäniň üstünlikli berjaý edilmegine zerur şertleri döredýär. Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginde hem bu babatda irgözinden edilen aladalaryň oňat netijeleri berendigini bellemek bolar. Bu ýerde häzirki wagta çenli ekin meýdanlarynyň esasy böleginiň sürülip-tekizlenilip, suwdan gandyrylandygy, ekişde ulanyljak tehnikalaryň, olaryň iş gurallarynyň bir hatar gözden geçirilip, ýetmezçilikleriniň aradan aýrylandygy munuň şeýledigine güwä geçýär. Şu günler bolsa gowaça ekişiniň bökdençsiz amala aşyrylmagyna degişli ýene-de birnäçe çäreler guramaçylykly dowam etdirilýär.

Türkmen tudy

Halkymyzda gadymdan gelýän däbe görä, perzende ata-enesinden, iň bolmanda, bir öý, bir guýy (howuz), üç-dört düýp üzüm, birküç düýp erik, birki düýp hem salkyn saýaly tut daragty galýar. Eger-de türkmen howlusyndaky şol gojaman tut agajyna dil biten bolsady, onda ol öz saýasynda saýalan öten-geçenlerimiz, alysdan-ýakyndan myhman-gonak bolan adamlar barada yzy üzülmeýän kyssalary gürrüň bererdi. Şol tutlaryň saýasynda, adatça, ýaz-tomus aýlary ir säher dynç almak, çaý içmek üçin agaç seki gurulýar. Häzirki günlerimizde hem ir säher, guşluk wagtlary obada ýaşaýan tanşyň, dostuň gapysyndan salama barsaň, tuduň goýry kölegesinde säheriň sergin howasynda gök çaý içilip oturylanyny görersiň.

Zähmet depgini artýar

Halkymyzda: «Daýhandan hereket — ýerden bereket» diýlip aýdylan ajaýyp söz bar. Hakykatdan-da ene ýer yhlas edip, maňlaý deriňi siňdirseň berekedini bolluk bilen eçilýär. Muňa oňat düşünýän ýer eýeleri halal zähmet çekip, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen daýhanlaryň has-da gyzgalaňly döwri başlanýar. Bir tarapdan, ak ekine ideg etmeli bolýaň, şeýle hem gowaça ekişi gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar.

Malym bar — halym bar

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Murgap etrap „«Maldar» maldarçylyk hojalygy dowarlaryň baş sanyny, önümliligini artdyrmakda tutanýerli zähmet çekýän hojalyklaryň biri. Hojalygyň 3-4-nji bölümleri owlak-guzy möwsüminde bire-bir önüm alyp ýokary netije gazanmagy başarýarlar. Biz döredijilik toparymyz bilen ýaz paslynyň ilkinji günlerinde bu maldarçylyk hojalygynda iş saparynda bolduk. Birnäçe gum depelerinden aşyp, maldarlaryň ýanlaryna golaýlanymyzda goýunlaryň, guzularyň mäleşýän sesleri töwerege ýaň salýardy. Erkana ýaýnap, gezip ýören goýundyr guzular gök otlar bilen bilelikde sährany bezeýärdiler.

Ene toprak — rysgal-berekediň çeşmesi

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bol ha­sy­lyň bin­ýa­dy

Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu gün­ler ýur­du­my­zyň pag­ta­çy kä­ren­de­çi­le­ri mö­hüm jo­gap­kär­li möw­sü­mi baş­dan ge­çir­ýär­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 19njy mart­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tas­syk­lan ter­tip­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 24nji mart­da ýur­du­my­zyň Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da go­wa­ça eki­şi­ne gi­ri­şil­di. Di­ýa­ry­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­ti­niň top­rakho­wa şert­le­ri bi­len bag­ly­lyk­da, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da bu jo­gap­kär­li möw­süm 31nji mart­da baş­la­nar. Ataba­ba­la­ry­my­zyň dur­mu­şyn­da oba ho­ja­lyk iş­le­ri uly or­ny eýe­läp­dir. Olar eke­ran­çy­ly­gyň iň ga­dy­my däp­le­ri­ni, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ni dö­re­dip­dir­ler hemde yzy­gi­der­li ös­dü­rip­dir­ler. Ýe­riň “di­li­ni ta­pyp”, top­rak­dan bol ha­syl al­ma­gy ba­şa­ran mer­da­na pe­der­le­ri­miz­den, zäh­met­keş ­daý­han­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan şol ga­dy­my eke­ran­çy­lyk däp­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, za­ma­na­bap de­re­je­de kä­mil­leş­di­ril­ýär.

Gowaçanyň gowy gögerişini gazanmak çäreleri (Hünärmeniň maslahaty)

Ýaz paslynda ygalyň köp ýagmagy köplenç, gowaçanyň ekiş geçirilýän günlerine gabat gelýär. Ekişden soň ýagan ygal gämigiň üstki gatlagyny gapakladyp, tohumyň wagtynda gögerip çykmagyny kynlaşdyrýar. Bu ýagdaýda gämigiň üstki gatlagy galňap gatamanka, ýumşatmak üçin traktorlara dakylan «MBX – 4» kysymly dişli toprak ýumşadyjy guraly ulanylýar. Traktor işe başlanda, gowaça ekişini geçiren ekijiniň ýörän hatararasyndan ýöremeli we onuň iş öndürijiligi sagatda 0,86 gektardan geçmeli däl. Gowaça ekilen meýdanlarda yzgar ýetmezçiligi sebäpli kadaly gögeriş alynmadyk ýagdaýynda yzgar suwy tutulýar. Toýun toprakly ýerlerde joýalar gowy yzgarlar ýaly suw başaşa keşlerden haýal akdyrylýar. Eňňit we çägesöw toprakly atyzlarda bolsa, suw hemme keşlerden akdyrylýar. Gögeriş suwy berlende, suw gerişleri basmaly däldir. Ýerler taba gelen badyna hatararalar talabalaýyk ýumşadylýar. Doly gögeriş alnan meýdanlarda hem ýekeleme işlerinden öň haýal etmän, 1-nji hatarara bejergini geçirmek gerek.

Gökli somsa

Türk­men top­ra­gynyň nygmaty Tebigat ynsanyň öz elleri bilen ýetişdirýän gök-bakjasyndan başga-da, nygmat eçilibilýär. «Ekme ysmanakdan ýadan bolsaňyz» diýip, ýaprajyklary naşyja dag ysmanagyny, teresini, narpyzyny, ak selmäni derrew ýetişdirer. Çarwa nowruzda — alabaharda ata-babalarymyz ýorunjadan taýýarlanan nygmatlar bilen bedenlerini gurplandyrypdyrlar. Özem täze ýorunjanyň ýokuma has baýdygyna göz ýetiripdirler. Ýorunjadan türkmen zenanlary gutap, somsa, gökli aş, gökli çorba, jazly gök, tereli gök, gazanlama, gaplama... ýaly dürli görnüşli tagamlary bişiripdirler. Olaryň arasynda tamdyra ýapylyp taýýarlanýan gökli somsanyň tagamynyň aýratyn lezzeti bar.

Türkmen selmelegi

Türkmen selmelegi köpýyllyk ösümlik. Amatly şertlerde onuň kökýany, ýapraklary iri bolýar. Ýapraklaryň uzynlygynyň bir ýarym metre çenli ýetýäni-de bar. Türkmen selmelegi — Diýarymyzyň özboluşly ösümligidir. Oňa günbatar Köpetdagda duş gelmek bolýar. Bu ösümlige golaý görnüşler Orta ýer deňzine ýakyn ýurtlarda gögerýärler. Türkmen selmelegi şeýle-de Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgelerinde gögerýär. Ýyl geldigiçe, bu dermanlyk ösümliginiň sany oba ilaty tarapyndan artdyrylýar. Selmelek toprakda çyglylyk ýeterlik bolanda gögerýär, gülleýär we miwe berýär, tomus paslynyň jokrama yssysynda bolsa, ol uka gidýär. Selmelegiň ýapraklarynda ýara bitiriji, beden gurplandyryjy häsiýetler bar. Ösümligiň köki hakynda halk arasynda dürli rowaýatlar hem aýdylýar.

Gowaça ekişi geçirilýär

Gowaça ekişine taýýarlykly girişen Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri bu jogapkärli işi guramaçylykly alyp barýarlar. 34 müň gektar meýdanda gowaçanyň ýokary hasylly görnüşlerini ekmegi meýilleşdirýän etrabyň «ak altyn» ussatlary häzirki wagtyň amatly günlerinden netijeli peýdalanýarlar. Gowaça ekişinde etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli mehanizatorlary işjeňlik görkezýärler. Olar özlerine ynanylan ýokary öndürijilikli ekiji tehnikalaryň 79-syna erk edýärler. Tehnikalara hyzmat ediş toparlarynyň iş üstündäki hyzmatlarynyň ýola goýulmagy bolsa, ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyna şert döredýär.

Bereket çeşmesi

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde toprakdan bol hasyl almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen oba hojalygy ösdürilýär, oba hojalygyna döwrebap innowasiýalar ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda pagtadan, bugdaýdan, gök-bakja ekinlerinden bol hasyl alynýar. Ynha, ýakynda hem hormatly Prezidentimiz Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Bularyň hemmesi türkmen topragynyň berekedidir. Mälim bolşy ýaly, ilatyň ýaşaýyş derejesini we onuň hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan oba hojalygyny hemme taraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde häzirki wagtda bu ulgamda obasenagat toplumynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga, ekerançylaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Köp möçberde maliýe serişdeleri maýa goýlup, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Tohumyň müňlesin, daýhan!

24-nji martda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň wajyp oba hojalyk möwsümi hasaplanýan gowaça ekişine köpçülikleýin girişildi. Demirgazyk sebitimiz bolan Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu möwsüme 31-nji martda girişerler. Ahal welaýatynyň oba zähmetkeşleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan bellenilýän ýylynda 145 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 280 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler.

Arkadaga ýüreklerde alkyş bar

Myratdurdy Nazlyýew, ýyladyşhananyň ýolbaşçysy:

Ter gök önümler — ak bazarlaryň bezegi

Naýbaşy baýramymyz bolan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly seneleriniň dabaralanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hususy ulgamyň eýeleýän ornuny giňeltmek babatdaky tutumlar täze rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen berkarar Diýarymyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan alty sany ýyladyşhananyň dabaraly ýagdaýda açylyp, birbada ulanyşa tabşyrylmagy munuň subutnamasyna öwrüldi. Mähriban Watanymyzyň bagtyýar ilatynyň toý şatlygyny artdyryp, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsi bolan bu taryhy pursat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde netijeli sepgitlere ýetilýändigini ýene bir ýola tassyklady. Ter gök önümleri bilen zähmetsöýer halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereket bolçulygyny has-da artdyrjak ýyladyşhanalaryň arasynda welaýatymyzyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan döwrebap ýyladyşhananyň mynasyp orun eýelemegi guwandyryjydyr. Umumy tutýan meýdany 4 gektar bolup, ýylda bir gektardan 20-50 tonna gök önümleri ýetişdirmek meýilleşdirilýän dö

Möhüm oba hojalyk möwsümi

Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Şoňa görä hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.

Ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmek — geljegi uly ugur

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi 25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Oba hojalyk pudagynda möhüm waka

Ýurdumyzyň her bir sebitinde iri un üweýän, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary we ýyladyşhanalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şu giň gerimli işlere hususy telekeçiligiň wekilleri işjeň gatnaşyp, bu ugurda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýarlar. Öňňin Ak bugdaý etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol «Bugdaýly» daýhan birleşiginiň çäginde guruldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.