"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Oba hojalygy: ýüpekçilik

Ýüpekçiler höweslendirildi Ýüpek gurçugyny idetmegiň esasynda dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan ýüpek öndürilýär. Muňa oňat düşünýän welaýatymyzyň beýleki ýüpekçileri bilen birlikde Wekilbazar etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri hem gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny öndürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekdiler.

Möwsümleýin işler

ŞALY EKIŞI ÝOKARY DEPGINDESaparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirmek bilen, ýylyň-ýylyna ýokary görkezijilere eýe bolýarlar. Munuň özi olaryň bu ugurda gaýratly zähmet çekip, her bir derwaýys çäräni öz wagtynda hem-de ýokary hilli berjaý etmekleriniň netijesidir. Daýhan birleşiginiň ezber şalyçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da bu babatda öz öňlerinde belent maksatlary goýmak bilen, şu günler bu gymmatly ekiniň ekişini ýokary depginde alyp barýarlar. Şeýlelikde, olar şu möwsümde tohum taşlanylmagy göz öňünde tutulýan meýdanyň 400 gektara golaýynda bu işiň hötdesinden geldiler. Özlerine berkidilen meýdanlarda şaly ekişini geçirmekde daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň onlarçasynyň has-da öňe saýlanmak bilen, köplere görelde bolýandyklaryny bellemek gerek. Olardan Maksat Rejepowyň, Meretgeldi Öräýewiň, Ödek Ödekowyň we beýlekileriň atlaryny tutmak ýerlikli bolar.

Ýüpekçilikde aýgytlaýjy pursat

Gökdepe etrabynyň ýüpekçileri şu günler dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan, ýüpek önümçiliginiň esasyny düzýän, ýokary hilli pileleri döwlet harmanyna tabşyrmak üçin öndürijilikli zähmet çekýärler. Etrap boýunça «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 26 tonna pile tabşyrmak maksat edinilýär. Etrapda ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça işler maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Gökdepeli ýüpekçiler bu jogapkärli möwsüme taýýarlykly girişdiler. Olar ýüpek gurçugynyň tohumynyň gerekli mukdary bilen üpjün edildi. Etrabyň degişli hünärmenleri gurçuk idediljek jaýlary gözden geçirdiler we arassaçylyk işleriniň berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde sakladylar.

Gymmatly çig malyň tonnalary artýar

Welaýatymyzyň ýüpekçileri senagat üçin gymmatly çig mal bolan pile hasylyny ýygnamaga köpçülikleýin girişdiler. Köýtendag, Döwletli, Halaç, Kerki etraplarynyň hojalyklarynda bu iş örän guramaçylykly alnyp barylýar. Köýtendag etrabynyň «Zarpçy» we Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň zähmetsöýer ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ýüpekçilik bilen meşgullanýan daýhan birleşikleriniň beýleki 4-si hem pellehana barha ýakynlaşýar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş sehiniň başlygy Serdar Jumaýew ýüpekçilik bilen meşgullanýan kärendeçileriň 486-syndan 100-e golaýynyň eýýäm şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirendiklerini aýdýar. Döwletli etrabynyň «Türkmenistan», «Pagtaçy» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri hem pile tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Piläniň «türkmenistanlylardan» 300, «pagtaçylylardan» 100 kilograma golaýy meýilnamadan daşary ýygnaldy. Gymmatly çig mal bolan piläniň ýene-de mukdary artýar. Sebäbi ýüpekçileriň uly topary pile tabşyrmagy dowam etdirýär. Welaýatymyzda ýüpekçileriň iň köpsanlysyny — 5134-sini jemleýän Halaç etrabynda hem pile ýygnamagyň depgini günsaýyn güýçlenýär. Eýýäm daýhan birleşikleriniň 6-sy meýilnamalaryny berjaý etdi. Olardan «Ärsarybaba», «Garabekewül», «Daýhan» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri çig maly ýygnamagy ýene-de gyzgalaňl

Gowaçalara ideg edilýär

Welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Halaç etrabyndaky gowaçaly meýdanlarda hem endigan gögeriş alyndy. Şu günler ilkinji ekilen we hatarlaryny düzlän atyzlarda kültelemek ― hatar aralaryny çuňaltmak işleri alnyp barylýar. Şu ýyl Halaç etraby boýunça 20 müň gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirildi. Atyzlaryň ekişe kemsiz taýýarlanylmagy we amatly howa şertleri bilen şunça meýdanyň aglabasynda endigan gögeriş alyndy. Şu günler etrap tehniki hyzmat ediş merkezine we daýhan birleşiklerine degişli traktorlar bilen kültelemek işleri alnyp barylýar.

Oba hojalyk habarlary

ÝÜPEK GURÇUKLARY KADALY ÖSÝÄRGurbansoltan eje adyndaky etrabyň pileçi kärendeçileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki dowam edýän ýüpekçilik möwsüminde 80 tonna ýokary hilli piläni döwlete satmagy maksat edinip, bu ugurda derwaýys çäreleri amala aşyrýarlar. Olar ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda tut ýapraklary bilen iýmitlendirmäge, arassa saklamaga aýratyn üns berýärler. Etrapda tejribeli pileçi hökmünde tanalýan Nurýagdy Haýdarow, Atabaý Gurbanbaýew, Geldimyrat Çaryýew, Maýa Rejepowa dagynyň bu işde köplere görelde bolýandyklaryny bellemek bolýar. Piläniň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrundaky işler N.Andalyp adyndaky, «Täze durmuş» daýhan birleşiklerinde has oňat guralýar.Jelaleddin NASYRALLAÝEW,TMÝG-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap geňeşiniň başlygy. * * *

Yhlas ýerine düşýär

Kaka etrabynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak bilen baglanyşykly häzirki jogapkärli möwsümi gyzgalaňly alyp barýarlar. Olar şu günler taýýarlanan piläni kabul ediş we guradyş kärhanasyna tabşyrmak işini göwnejaý alyp barýarlar. Etrabyň ýüpekçi kärendeçileri tarapyndan gündelik taýýarlanýan piläniň möçberi barha artýar. Munuň şeýledigine pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna gelip gowuşýan bu kümüşsöw gymmatlygyň ilkinji tonnalary hem şaýatlyk edýär.

Ýaýlada täze ýer eýeleri

Kerki etrabynyň günorta-günbatar künjegindäki Garagum sährasynda ýerleşýän Hydyr çopan ýaýlasynda täze ýer eýeleri peýda boldy. 2018-nji ýylda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, 99 ýyllyk möhlet bilen ýer alýan daýhanlaryň sany barha köpelýär. Etrabyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşigine degişli bolan Hydyr çopan ýaýlasynda hem jemi 913 gektar ýer 99 ýyllyk möhlet bilen 13 adama berkidildi. Bu täze ýaýladan ýer alan daýhanlar eýýäm alan ýerleriniň 60-70 göterimine gowaça ekip, ondan ýokary gögeriş almagy gazandylar. Galan ýerlerine bolsa gök-bakja, şaly, dary, ýer hozy ýaly ekinleri ekmek işlerini alyp barýarlar. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçasy bolsa, olaryň adyna ýörite hasaplary açmak bilen, karz pul serişdelerini goýberip başlady. Ýörite baglaşylan şertnama esasynda döwletden alynýan karzlaryň hasabyna daýhanlar dökünleri, oba hojalyk enjamlaryny, tehnikalaryny satyn alyp başladylar. Şeýlelikde, ýer bilen bagry badaşan daýhanlar eýýäm şu ýylyň aýagyna çenli ýerden alýan girdejileriniň hasabyna döwlet bilen doly üzlüşmegi maksat edinýärler.

Köpugurly süýüm

Ýurdumyzyň gözel künjeklerini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, ilat tarapyndan ulanylyp we zir-zibil bolup galýan plastik gaplar gaýtadan işlenilip, täze bir önümiň tehnologiýasy düzüldi. Bu tehnologiýanyň maksady zyňyndy plastik gaplary çig mal hökmünde ulanyp, ilata ýaramly harydy, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän egin-eşik dokma senagatyna ýa-da degişli kärhanalara gerekli çig mal bolan emeli süýümi (sintepon) hödürleýär. Izolýasiýa (daşyny örtme) üçin ulanylýan iň meşhur serişdeleriň biri hem emeli süýümdir. Onuň egin-eşik öndürmekde we gündelik durmuşda ulanylýandygyny köpler bilýär. Inçe poliester köplenç pagta ýa-da ýüň goşulan ýüplükleriň birnäçe gatlagynda durýar. Her aýratyn gatlakda süýümler bir tarapa gönükdirilendir we bir-birine baglydyr. Haçan-da termiki taýdan baglanyşdyrylanda, süýümler ýokary temperaturanyň täsiri astynda birleşip, sowukdan gowy goraýan we ýuwlanda deformasiýa etmeýän, ýagny, görnüşi üýtgemeýän dykyz matany emele getirýär. Bu süýüm adaty süýümlere garanda, ýeňil agramly hem-de ýuwlandan soňra çalt dikelýändigi bilen tapawutlanýar. Çyglylygy siňdirmeýär we saklamaýar. Taýýarlanylan süýüm käbir ýüňlerden tapawutlylykda, allergiýa täsirini döretmeýär. Doly işlenilip alynmagy göz öňünde tutulýan süýümiň ählitaraplaýyn amatly bolmagyna garaşylýar.

Turpça

Gök önümleriň arasynda turpça (rediska) ýaz möwsüminiň irki döwründe ýetişýän birýyllyk ösümlikdir. Onuň ady latyn dilinden terjime edilende «kök» diýen manyny berýär. Turpçanyň gabygy ýuka, goýy gülgüne, gyrmyzy, sortuna görä käte açyk gülgüne öwüşginli bolýar. Ol ýazyň ilkinji aýlarynda we güýzde hasyl alar ýaly tomusda — iýun aýynda köpçülikleýin ekilýän medenileşdirilen ösümlikdir. Ekilen döwründen 12-14 gün geçensoň turpça hasyla durýar, bir aýdan soň hasyly ýetişýär. Turpça witaminlere baý ösümlikdir. Onuň düzüminde A, C, B1, B2, B6, PP witaminleri, kaliý, natriý, ftor, fosfor, sink ýaly mineral duzlar we adam bedenine peýdaly beýleki serişdeler bar. Onuň 100 — 120 gramynda günüň dowamynda adama gerek bolan C witamininiň möçberi bardyr. Bu ösümlik berhiz saklaýanlar, süýji diabeti bolan adamlar üçin hem peýdalydyr.

Arzyly pellehana

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda owlakguzy almak möwsümini hemmetaraplaýyn taýýarlykly garşylan Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlary jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylyk bilen geçirdiler. Şu möwsümde bar bolan 380 müň 526 baş ene goýundan 350 müň 533 sany guzy almagy öz öňlerinde baş maksat edip goýan maldarlaryň gazanan netijeleri köpleri guwandyrýar. Çünki häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklaryň birnäçesinde sagdyn guzularyň müňlerçesi alnyp, möwsüm ahyrlady.

«Ýagmyr ýagdyr, Soltanym!»

Pähimdar pederlerimiz müňýyllyklardan aşyp gelýän milli ýörelgelere we däp-dessurlara, yrymlara berk ynanypdyrlar. Zerurlyk ýüze çykanda, olary ulanmagy hem başarypdyrlar. Şeýle däp-dessurlaryň, yrymlaryň biri-de, ygalyň az düşýän ýerlerinde ýagyn ýagmagy dileg edilip, Burkut babanyň ýoluna sadaka berilmegidir. 1965-nji ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynyň başlarydy. Şol ýyl biziň sebitimize ygal az düşdi. Tomusda ýagan ýagyşlar siňňitli we dowamly bolmansoň, guýularyň suwy hem çekilip barýardy. Suw ýetmezçiligi düýeler, dowarlar suwa ýakylanda has-da ýiti duýulýardy. Gün ýaşyp örüden gelýän dowar sürülerini suwa ýakmak hyllallady. Käte guýularyň içine ýetginjek oglanlaryň birini sallap, jürdek bilen gowany doldurmaly bolýardy. Ir säherden Gün ýaşýança guýularyň başynda suwsan goýunlaryň mäleşýän, düýeleriň bozlaşýan sesleri çopanlaryň dowarlary suwdan gandyrmak üçin «gurryýt-gurryýt» diýip, telim gezek gaýtalanýan sesleri bilen gabatlaşyp, özboluşly ýaň berýärdi.

Bugdaýyň sortlaryny döreden alym

Bugdaýyň agrotehnikasy, ondan ýokary hasyl almak barada gürrüň edilende, ilkinjileriň hatarynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Sapargeldi Annaýewiň adyny agzaýarlar. Hakykatdan hem, Sapargeldi aganyň uly tagallalary netijesinde bu merkeziň Ýolöten şäheriniň golaýynda ýerleşen Ylmy-önümçilik hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda üýtgewsiz ekilip gelinýän 123 gektar meýdandan ýylyň-ýylyna 50-55 sentner tohumlyk däne hasylyny almak adat bolup galdy. Emma Sapargeldi Annaýew bugdaý ekişine taýýarlyk işleri başlanandan özüniň bugdaýyň seleksiýasy we tohumçylygy boýunça ylmy işgär bolup işleýändigine garamazdan, meýdandan gaýtmaýar. Sürümiň, tekizlenişiň, mineral dökünler bilen dökünlemegiň, ekişiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegini gazanýar. Ol tohumyň topraga endigan, bellenilen çuňluga düşmegine uly üns berýär. Şonuň üçin ekişi meýdanyň uzynlygyna, soňra keseligine geçirmek usulyna Sapargeldi aga kanun hökmünde garaýar. Çünki tohum bir hatar ugruna ekilende, ösümlik gögerenden bir-birini gysyp başlaýar, ýagny, iýmit meýdany darlyk edýär, şaha sany kem bolýar, ösümlik almaly boýuny alyp bilmeýär, şoňa görä-de, bugdaý başy kiçi, dänesi hem az bolýar. Tohumyň ýarysy dikligine, beýleki ýarysy keseligine ekilende, iýmit meýdany artyp, bugdaý ösümlikleriniň kadaly ösmegi üçin oňaýly şert döreýär.

Iň uly mango

Biz mango ösümliginiň miwesini iň agyr bolanda 1-2 kilogramdan aňry geçmez diýip pikir edýäris. Ýöne kolumbiýaly fermerleriň ýetişdiren mangosy 4,25 kilograma ýetdi. Bu mango Kolumbiýanyň oba hojalyk toplumlarynyň birinde – Guaýata şäheriniň German Orlando we Reýna Mariya degişli San-Martin fermasynda ýetişdirildi. Täsin miwe Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy.

Ary ýokanjy kesgitlär

Wageningen uniwersitetiniň Entomologiýa barlaghanasynyň we «lnsectSense» startapynyň alymlary Tuluzadaky (Fransiýa) Pol Sabatier uniwersitetinde işleýän kärdeşleriniň goldawy bilen, arylara koronowirus ýokanjyny ys arkaly saýgarmagy öwretdiler. Bu barada «agroxxi.ru» habar berýär. Tejribe işleri Pawlow usuly boýunça geçirildi. Onuň dowamynda her gezek ýokanjyň ysyny saýgaranda, arylar şeker bilen sylaglanyldy.

Hem bezeg, hem saglyk çeşmesi

Otag ösümlikleriniň öýüň howasyna oňyn täsir edýändigi ozaldan hem mälim. Ýöne otag ösümlikleriniň kömürturşy gazyny özüne siňdirip, öýüň kislorod çeşmesi bolmakdan başga-da haýry kän eken. Biologiýa ylymlarynyň doktory, Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Botanika bagynyň müdiri Wladimir Çub «Sputnik» radiosyna beren interwýusynda otag gülleriniň öýüň ýyladyş ulgamyna hem uly täsiriniň bardygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde mirt we bibariýa ýaly otag gülleri hoşboý ysy hem-de fitonsid täsiri bilen öýdäki bakteriýalary ýok edip bilýär.

Dronlar ýagyş ýagdyrmakda ulanylar

Iňlis alymlary ekinleri ýagyş suwy bilen suwarmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Olar uçarmansyz uçýan enjamlaryň (dronlaryň) kömegi bilen ýagyş ýagdyryp boljakdygy baradaky pikiri öňe sürýärler. Olaryň oýlap tapan täze tehnologiýasy ygal ýetmezçiligi meselesini çözüp biler diýlip çaklanylýar. Bu oýlap tapyş, esasan, howa şertleri gurak bolan ýurtlar üçin peýdalydyr. Çünki Ýer ýüzünde birnäçe aýlap nem dammaýan ýurtlar diýseň kän.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Döwletimiziň oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynda himiýa serişdeleri, mineral dökünleri ýylsaýyn köp mukdarda ulanylýar. Olar öndürilende, daşalanda we saklanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmalaryna ýol berilse, ýangynlaryň ýüze çykmagyna getirip biljek howply ýagdaýlary döredýär. Şoňa görä-de, döwletimiziň çäginde ýerleşýän himiýa önümlerini we mineral dökünlerini ulanýan hem-de obasenagat toplumy üçin mineral dökünleridir himiýa serişdeleri saklanýan edara-kärhanalarda ýangyn howpsuzlygy boýunça talap edilýän düzgünleriň berjaý edilmegi zerurdyr. Täze işe kabul edilýän işçi-gullukçylar, inžener-tehniki işgärler üçin ammar jaýlaryndaky saklanýan himiýa önümleriniň, mineral dökünleriniň häsiýetlerini düşündirýän maglumat beriji, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öwrediji gözükdiriş işleri geçirilmeli. Iş güni gutarandan soň, himiýa önümleri, mineral dökünleri saklanýan ammar jaýlary ýapylmazdan öň, hemme ýerlerini ünsli gözden geçirip, ýangyn howpsuzlyk düzgün bozmalary bar bolan halatynda, olaryň doly düzedilmegini gazanmaly. Ammar jaýlarynyň müdirleri saklanýan himiýa önümleriniň, mineral dökünleriniň esasy fiziki-himiki häsiýetlerini, ýangyn dörän halatynda oňa garşy göreşmegiň çärelerini, Ýangyn howpsuzlygy gullugyny öz wagtynda çagyrmagy, meýletin ýangyn söndüriji topar agzalary bilen bilelikde ýangyna garşy göreşmegiň düzgünlerini bilmäge borç

500 tonna pile ugrunda

TEJRIBELI ÝÜPEKÇILERIŇ ALADALARYHäzirki dowam edýän ýüpekçilik möwsüminde ýokary hilli pile öndürmegi maksat edinip, yhlasly zähmet çekýän ýüpekçi kärendeçiler Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginde hem az däl. Has takygy, bu ýerde jemi 203 ýüpekçi bolup, olar  «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşmagy özleriniň esasy wezipesi hasaplaýar. Hudaýberdi Reýimberdiýew hem birleşigiň başarjaň pileçileriniň biri hökmünde tanalýar. Çünki ol ençeme ýyllardan bäri ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen, bu işiň ýol-ýodalaryna belet bolup, her ýyl Watan harmanyna ak piläniň saldamly hasylyny goşup gelýär. Şu möwsümiň başynda ýene-de olaryň bir gutusyny idetmäge alypdyr. Häzirki wagtda ol öz maşgala agzalary bilen ýüpek gurçuklaryny idetmegi talabalaýyk alyp barýar.

Ýokary netijeler gazanylýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Serdar etrabyndaky degirmen toplumynda döwrebap işler bitirilýär. Guşgursak dänäni ygtybarly saklamaga we talaba laýyk üwemäge ähli mümkinçiligi bolan bu toplumda her gije-gündizde taýýarlanylýan ýokary hilli un täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen hasabat döwründe bu ýerde 9 müň 591 tonna derek 10 müň tonnadan gowrak bugdaý üwelip, 2 müň 501 tonna ýokary we 5 müň tonna barabar birinji sortly un taýýarlanyldy. Dört aýda öndürilen kepegiň möçberi 2,3 tonna golaýlady. Bu görkezijiler bellenilen meýilnamalaryň abraý bilen berjaý edilendigini görkezýär.