"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gaýratly zenan ― hemmelere görelde

Saýat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň üçünji kärendeçiler toparynyň agzasy Ogulbaýram Allaberdiýewa diňe bir hojalykda däl, eýsem, tutuş etrapda öňdebaryjy kärendeçileriň biri hökmünde tanalýar. Daýhan zenan Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda özüne berkidilen üç gektar meýdanda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirip, ondan 15 tonna 440 kilogram guşgursak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdy. Bu bolsa onuň şertnamalaýyn borçnamasynda görkezileninden 6 tonna 140 kilogram köpdür. Häzir ol 2,3 gektar kärende ýerinde şalynyň bol hasylyny ýetişdirýär. Suwarymy ýetik atyzlarda gök öwsüp oturan meýdan ekiniň garaşygynyň ýetendiginden habar berýär. Iş tejribesi tas ýarym asyra golaýlaýan başarjaň zenan daýhan birleşigi bilen şalynyň her gektaryndan 46 sentnerden geçirip, hasyl tabşyrmak barada şertnama baglaşypdyr. Onuň şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etjekdigine bolan ynamy uly.

Baglar we miweler hakynda

Häzirki ajaýyp döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem depginli ösüşler gazanylýar. Oba hojalyk pudagy ylmyň gazananlary, halkara giňişliginde gazanylýan üstünlikler hem-de milli tejribelerimiz bilen sazlaşykly ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar. Ine, şol taryhy tapyndylar Änewiň şol döwürlerde ýokary derejede ösen ýaşaýyş merkezleriniň biridigini tassyklady» diýip, uly buýsanç bilen belleýär.

Öňdebaryjy pagtaçylar höweslendirilýär

Şu günler Gökdepe etrabynda hem pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Bu möhüm işde etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileriniň, mehanizatorlarynyň arasynda guralýan zähmet bäsleşikleri, höweslendiriş çäreleri olary zähmet üstünligine ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan möwsümiň öňdebaryjylary ýüze çykarylyp, olar iş üstünde sylaglanylýar. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri daýhan birleşikleriniň birnäçesinde bolup, ýokary görkezijileri gazanýan pagtaçylar bilen iş üstünde duşuşyp, olara ýörite sowgatlaryny gowşurdylar. Sylaglananlaryň arasynda “Köpetdag” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annagül Öwlýagulyýewa, “Ýandaklyagyz” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annasoltan Jumamyradowa hem bar.

Öňdebaryjy pagtaçylara sowgat gowşuryldy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi tarapyndan pagta ýygymy möwsüminiň öňdebaryjylaryny ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen yglan edilen ongünlük bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ilkinji ongünlük zähmet bäsleşiginde öňdebaryjy kärendeçiler, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşaýan awtoulag sürüjileri ýüze çykaryldy. Şeýlelikde, Kaka pagta arassalaýjy kärhanasynyň sürüjileri Döwletgeldi Hommadow, Şamerdan Amansähedow awtoulag sürüjileriniň arasyndan öňe saýlandylar. Etrabyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçileri Arslan Weisow hem-de Uzukjemal Rejepowa pagtaçy kärendeçileriň arasynda ýeňiji boldular. Zähmet bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary iş üstünde gowşuryldy.

Halkara ylmy hyzmatdaşlyk uly ösüşlere badalga

Şu ýylyň 19 – 20-nji sentýabrynda merjen paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Ak şäherimiz Aşgabadyň binagärligine aýratyn öwüşgin çaýýan Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda eziz Diýarymyzyň oba hojalygynda gazanan ösüşlerini görkezýän sergi hem guraldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň bellenýän günlerine utgaşdyrylyp geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk we olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.  Iwan KUZMIN,GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary,Türkmenistanyň Gahrymany:

Ekin ýerleriniň käbir gadymy atlary

Ak ýer — arpa-bugdaý ekmek üçin suwarmaga taýýarlanylan ýer diýmegi aňladýar. Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan dörän «Döwlet guşy» atly romanynda bu gadymy söze örän jaýdar düşündiriş beripdir. Şeýle adyň adatça birnäçe wagt ekin ekilmän ýa-da tomus sürlüp, güne köýen kesekli ýeri aňlatmak üçin ulanylýandygyny ýazypdyr. Ylmy edebiýatlarda bu adyň ýurdumyzyň demirgazyk etraplarynda ýaşaýan ilatyň şiwe gepleşik dilinde hem-de garagalpagystanly türkmenlerde has işjeň ulanylýandygy tassyklanylýar. Mary welaýatynyň Murgap etrabynda Gowşutbentde daş-töweregini ekin meýdany gurşaýan oba «Ak ýer» diýlip atlandyrylýar.

Pagta ýygymy guramaçylykly barýar

Şu günler welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly Akdepe etrabynda hem pagta ýygymy ýokary depginlerde barýar. Etrabyň pagtaçy daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalary turuwbaşdan giň ýaýbaňlandyryp, guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar. Etrabyň Magtymguly Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň häzirki döwürde ir ertirden giç agşama çenli atyz-meýdanlarynda öndürijilikli zähmet çekip gazanýan öňegidişlikleri-de, muňa mysal bolup biler. Ýeri gelende aýtsak, olar şu möwsümde 1430 gektar meýdandan 2817 tonna «ak altyn» ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.

Bugdaý ekişi ýokary depginde

Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlete bugdaý tabşyrmakda gazanan üstünlikleri bilen ruhlanyp, häzirki günlerde täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Etrap boýunça şu möwsümde 17,5 müň gektar meýdana bugdaý tohumynyň sepilmegi göz öňünde tutulyp, bu işiň bada-bat ýokary depgine eýe bolmagy guwandyryjy netijeleri berýär. Şeýlelikde, her günde 280-300 gektar meýdanda ekiş oňat hilli amala aşyrylýar. Ekişde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň sürüm, bejergi traktorlarynyň 50-den gowragynyň, bugdaý ekijileriniň 30-a golaýynyň, şonuň ýaly-da daýhan birleşiklerine degişli tehnikalaryň güýjünden öndürijilikli peýdalanylmagy şeýle öňegidişlikleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Bugdaý ekişinde etrabyň «Akgala», «Hakykat», «Akderýa», «Galkynyş» daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri has öňe saýlanýarlar. Etrabyň çäklerinde irki möhletlerde ekiş geçirilen meýdanlar hatasyz gögeriş berýär.

419 million tonna soýa hasyly alnar

Bilermenler şu oba hojalyk ýylynda dünýäde rekord mukdarda soýa hasylynyň ýygnaljakdygyny çaklaýarlar. Has takygy, 2024-2025-nji ýyllaryň oba hojalyk möwsüminde dünýädäki umumy soýa hasylynyň 419,5 million tonna deň bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa tamamlanan oba hojalyk ýylyndaka garanyňda, 7 göterim ýokarydyr. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, şu oba hojalyk ýylynda dünýäniň soýa hasylynyň 162 million tonnasy Braziliýa, 124,9 million tonnasy ABŞ hem-de 51,5 million tonnasy Argentina tarapyndan öndüriler.

1 million 358,8 müň tonna gök we miwe önümlerini eksport etdi

Özbegistan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda umumy bahasy 922,8 million amerikan dollaryna barabar 1 million 358,8 müň tonna gök we miwe önümlerini eksport etdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, pul babatda 20,8, mukdar babatda 9 göterim ýokarydyr. Ýurduň Statistika edarasynyň berýän maglumatlaryna görä, hasabat döwründe Özbegistan soganyň 303,2 müň tonnasyny (59,1 million amerikan dollarlyk), kelemiň 162 müň tonnasyny (42,7 million amerikan dollarlyk), erigiň 64,8 müň tonnasyny (62,3 million amerikan dollarlyk) hem-de üzümiň 52,6 müň tonnasyny (50,5 million amerikan dollarlyk) daşarky bazarlara iberipdir.

Oba hojalygy ylmy esasda ösdürilýär

Türkmenistanda oba hojalygynyň ylmy esasda toplumlaýyn ösdürilmegine, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 16-njy sentýabrda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, 19-20-nji sentýabrda bolsa «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisiniň guralmagy aýratyn ähmiýetlidir. GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisine Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Bir etrapdan iki habar

Meýdanlarda zähmet joşýar Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň kärendeçileri pagta ýygymyny gün-günden ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Şu ýyl birleşigiň 415 kärendeçisi 1460 gektar ýerde gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Häzirki wagtda kärendeçileriň  ählisi özleriniň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde ýetişen hasyly gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda ir ertirden giç agşama çenli gaýratly zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde, olaryň «ak altyn» harmanlary barha beýgelýär. Döwlete pagta tabşyrmakda birleşigiň Güýçmyrat Taňryberdiýew, Bezirgen Arazsähedow, Ogultäç Pökgiýewa ýaly kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Her günde 15-16 tonna hasyl kabul ediş bölümine tabşyrylýar. Taýýar hasyly daşamakda etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň mehanizatorlary Bazarbaý Öräýew, Rozumbaý Jumanow dagy yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň Geldimyrat Töräýew, Allaberdi Ballakow dagynyň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparlarynda pagta ýygymy has-da guramaçylykly barýar.

Tohumçylyk meselelerine garaldy

16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdy. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oba hojalygy ösdürmegiň hukuk esaslary

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda obasenagat toplumy yzygiderli ösdürilýär. Tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak bilen, oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen işleriň netijeliligine aýratyn üns berilýär. Pudagyň gurluşynyň köpugurly giňeldilmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, agrar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi ugrunda örän ähmiýetli maksatnamalar we anyk çözgütler kabul edilýär. Oba hojalygynyň ählitaraplaýyn özgerdilmegine, ýer eýeleriniň zähmet, durmuş-ykdysady taýdan goldanylmagyna we höweslendirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýer eýelerini kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün etmek, zähmet şertleriniň hem-de durmuş hal-ýagdaýlarynyň has-da gowulandyrylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji sentýabrynda geçiren iş maslahatynda pagta ýygymy möwsüminde ýetişdirilen hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Maslahatda ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, kombaýnlary, hasyly daşamakda ulanylýan awtoulaglary netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýändigi bellenilip geçildi.

Jogapkärli pagta ýygymy möwsüminde

Güneşli Diýarymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Pagtaçylarymyz yhlas-azabyny siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli işleýärler. Şeýle jogapkärli we gyzgalaňly günlerde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hünärmenleri gowaça meýdanlarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda we hasyly kabul edýän harmanhanalarda bolup, zähmetkeşler bilen iş üstünde duşuşýarlar hem-de olara tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek boýunça degerli maslahatlaryny berýärler. Şeýle çäreler zähmetkeşleriň işe has-da jogapkärli çemeleşmegine özboluşly itergi berýär. Pagta ýygyjy kombaýnlaryň köpçülikleýin gowaçaly atyzlara girjek günleri hem uzakda däl. Şoňa görä-de, “polat atlara” erk etjek mehanizatorlaryň arasynda-da düşündiriş işlerini alyp barýarys. Ýeri gelende, pagta ýygymynyň öňüsyrasynda etraplaryň “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynda kombaýnçylaryň arasynda tehniki howpsuzlyk düzgünleri boýunça okuw maslahatlarynyň hem geçirilendigini bellemek gerek.

«Ak altyn — 2024»

Guramaçylykly dowam etdirilýär “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda welaýatymyzyň beýleki etraplary bilen birlikde Mary etrabynyň pagtaçy kärendeçileri hem gyzgalaňly döwri başdan geçirýärler. Etrabyň daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda kärendeçiler ir ertirden giç agşama çenli pagtaly meýdanlarda bolmak bilen ýetişdirilen hasyly wagtynda, ýitgisiz ýygnamaga çalyşýarlar. Ýeňişli sepgidi eýelemegi maksat edinýän ýer eýeleriniň ümzügi öňe.

Depgin ýokarlanýar

Güýz paslynyň ýetip gelmegi bilen ekin meýdanlarynda pagtaçy kärendeçileriň zähmeti netijesinde “ak altynyň” bereketli hasyly kemala geldi. Şu günler welaýatymyzyň babadaýhanlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilýän şanly wakalary zähmet sowgatlary bilen garşy almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Garagum etrabymyzyň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli tabşyrmaklygy maksat edinip, ýetişdirilen hasyly isripsiz ýygnaýarlar. Uly joşgun bilen pagta ýygýan “ak altyn” ussatlary ir ertirden giç agşama çenli yhlasly zähmet çekýärler. Etrabyň pagtaçy kärendeçileri Watan harmanyna goşýan hasylynyň mukdaryny gün-günden artdyryp, döwlet öňündäki borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýärler. Häzirki jogapkärli döwürde pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary pagtaçy kärendeçilerimiziň arasynda bolup, olaryň “Armasyny” ýetirip, kärendeçileriň, ýygymçylaryň arasynda ýaryş gurap, ýeňijileri ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglap durýarlar.

Bugdaý — rysgal-berekediň gözbaşy

Ýurdumyzda ak bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» sortlary döredildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýerden bol hasyl öndürmek üçin döredip beren mümkinçiliklerinden, kömekdir goldawlaryndan netijeli peýdalanyp, edermen gallaçy daýhanlarymyz şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ussat gallaçylaryň bu gazanan zähmet ýeňşi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek ugrunda edýän aladalarynyň öz miwesini berýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Netijeli işler, belent sepgit

16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk önümleriniň sergisi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalygynda gazanylýan ylmy esasly ösüşleriň, obasenagat toplumynda, şol sanda tohumçylyk işinde halkara hyzmatdaşlygyň netijeli alnyp barylýandygynyň nyşany boldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri bilen bir hatarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Onuň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ak pagtam, dünýä nuruň saç!

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan: — Biziň şu günki döwletliligimiziň düýp binýady hem ýurt edinip oturan mukaddes topragymyzdyr, bu toprakdan önýän baýlyklarymyzdyr, bereketli hasyllarymyzdyr, galla, pagta, ýüpek ýaly gymmatlyklarymyzdyr, dürli gök we bakja önümlerimizdir, miwelerimizdir.