"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dünýäniň iň täsin buzlugy

«Dünýäniň iň owadan buzlugy» ady bilen meşhurlyga eýe bolan Argentinanyň Santa-Krus welaýatynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Los-Glasýares milli seýilgähiniň çägindäki Perito-Moreno buzlugy ajaýyp tebigy ýerleriň biridir. Deňi-taýy bolmadyk bu owadan sebit El-Kalafat şäherinden 78 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Meýdany 250 inedördül kilometr bolan Perito-Moreno buzlugy tutuş dünýäde süýji suwuň ätiýaçlyk gorunyň saklanyş göwrümi boýunça Antarktidadan we Grenlandiýadan soň, 3-nji orunda durýar. Bu buzluk Argentina we Çili döwletleriniň araçäginde, Argentina kölüne ýanaşyk ýerde ýerleşýär. Buzlugyň ady argentinaly tebigaty öwreniji alym Fransisko Paskasio Morenonyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Bu alym ilkinji bolup, XIX asyrda bu sebiti öwrenipdir. Perito-Moreno buzlugynyň ininiň iň giň bölegi 5 kilometr. Buzluk suwuň tekizlik derejesiniň üstünden 50 — 60 metr beýiklikde ýerleşýär. Onuň ortaça çuňlugy 170 metr hasaplanyp, iň çuň ýeri 700 metre aralaşýar. Buzluk soňky 90 ýylyň dowamynda öz agramyny üýtgetmezden saklap gelýär. Ylmy çeşmelerde berilýän maglumatlara görä, Perito-Moreno buzlugynyň ýaşy 30 müň ýyl. Buzluk tutuşlygyna alnanda syrçalanan mawy reňklidir, onuň käbir ýerlerinde bolsa garamtyl çal ýa-da ak öwüsýän tegmiller bar. Buzlukdan hemişe şyggyldy sesleri eşidilip durýar. Bu buzluk öz meýdanynda hemişe hereketdedir.

Ilon Mask daýhanlara kömek eder

«DairyNews» habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, Ilon Maska degişli «SpaceX» we Larri Ellisonyň ýolbaşçylyk edýän «Oracle» kompaniýalary oba hojalygynyň önümçiligini meýilleşdirmek we zerur maglumatlary çaklamak üçin peýdaly boljak emeli intellekt guralyny döretmek üçin birleşmegi maksat edindiler. Döredilmegi maksat edinilýän emeli intellekt bilen işleýän gural oba hojalyk kartalaryny çyzar we şol kartanyň üsti bilen ýurduň niresinde näme ekilýändigine jikme-jik gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Oba hojalygy: möwsümleýin iş – möhüm iş

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow,  Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew,  Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Kärendeçi toparlaryň üstünligi

Şibit

Güýz möwsüminde hasyl ýygnalyp, boşap galan ekin meýdanlary ulanmak daýhanlara bähbitlidir. Bu ýagdaý, ilki bilen, ekin meýdanynda ekin dolanyşygyny geçirmegi üpjün edýär. Şeýle-de meýdanda haşal otlaryň azalmagyna, ýeriň, topragyň hiliniň gowulanmagyna getirýär. Ýylyň dowamynda ýerden iki hasyl alynmagyň özi, ak bazarlarymyzyň ter önümler bilen üpjün bolup, ilatyň miwedir bakja önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Islendik ekini ekmezden ozal, topragy ekiş üçin taýýarlamalydyr. Topragy ýumşadyp, haşal otlardan arassalamaly, mineral dökünler bilen iýmitlendirmeli. Ekin ekilip, suwarylanda suw akyp şol bir ýere üýşmez ýaly, ekin meýdanynyň tekiz, endigan bolmagyny gazanmaly. Güýz möwsüminde ekin ekilende howa şertleriniň durumyna-da ünsli çemeleşmeli. Çünki tohum şinelänsoň, ony sowuk urmagyna ýol bermeli däldir.

Azyk bolçulygy üpjün edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleri täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler bu gün öz oňyn netijelerini berýär. Oba hojalyk özgertmelerini tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler, ykdysady, salgyt we hukuk gurallarynyň netijeli ulanylmagy diňe bir hil taýdan däl, eýsem, mukdar taýdan hem oňyn görkezijileriň gazanylmagyna ähli şertleri döredýär. Soňky ýyllarda bu pudak durnukly ösmegini dowam etdirýär. Oba hojalyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna häzirki zaman usulynda çemeleşilýändigini «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem tassyklaýar. Pudagy ösdürmekde Oba milli maksatnamasyna-da aýratyn orun degişlidir. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda azyk, guşçulyk, et we süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Niderlandlarda alyjylara kelemiň täze görnüşi hödürlenilýär

«Bejo» tohumçylyk kompaniýasy «AS de Boer» we «The Greenery» önümçilik kompaniýalary bilen bilelikde şu güýz möwsüminde Niderlandlar Patyşalygynyň «Jumbo» supermarketler zynjyryny hoşboý ysly kelem bilen üpjün eder. Kelemiň täze görnüşi ýaşlaryň arasynda bu önümiň hyrydarlarynyň artmagy netijesinde ösýän islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen döredilendigi hakda «AgroTimes» ýazýar. Kelemiň täze görnüşiniň önümçiligi bilen meşgullanýan «AS de Boer» kompaniýasynyň wekili Ýoris de Buruň aýtmagyna görä, täze sort göze gelüwli daşky görnüşi we süýji tagamy bilen alyjylary özüne çekýär.

Özbegistan 62,3 million amerikan dollarlyk erik eksport etdi

Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 64,8 müň tonna erigi daşary ýurtlaryň bazarlaryna iberdi. Ýurduň erik eksportynyň umumy bahasy 62,3 million amerikan dollaryna barabar boldy. Hasabat döwründe Özbegistanyň daşary ýurtlara satan eriginiň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15 müň tonna, umumy bahasy bolsa 21,6 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Şu ýylyň sekiz aýynda jemi 14 sany ýurt özbek erigini import edipdir. Şolaryň arasynda ilkinji üçlükde Russiýanyň (51,5 müň tonna), Gazagystanyň (8,1 müň tonna) we Gyrgyz Respublikasynyň (2,7 müň tonna) atlary bar.

«Zespri» Belgiýada gyzyl kiwini satuwa çykardy

Täze Zelandiýanyň «Zespri» kompaniýasy Italiýada öz önümçiligini ýola goýanyndan soňra, Ýewropa bazarynda birnäçe synaglary geçirmäge başlady. Hususan-da, kompaniýa Belgiýanyň dükanlarynda Italiýada öndürilen gyzyl kiwileriň çäkli mukdardaky deslapky satuwyny ýola goýdy. «RubyRed» diýlip atlandyrylýan bu täze görnüş indi 3-nji ýyl bäri satylyp gelinýär» diýip, «EastFruit» ýazýar. «Zespri» kompaniýasynyň hünärmenlerinň aýtmagyna görä, kiwiniň bu görnüşi ilkinji möwsümde Täze Zelandiýada ýetişdirilip, daşarky bazarlara iberileninde, oňa müşderiler tarapyndan adatdan daşary uly isleg bildirilipdir.

Zähmet — bagtyň gözbaşy

Döwletjan ÖWEZMYRADOW,  Baýramaly etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginiň kärendeçisi.   Sözümi maňa şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşmak bagtynyň miýesser edendiginden başlajak. Baýramda ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen, ömürlerini halal zähmete bagyşlap, abraý-mertebä ýetip, nesillere nusgalyk mekdebi döreden ýaşulular bilen didarlaşdyk, pikir alyşdyk, baýramçylyk çärelerine, guralan gezelençlere gatnaşdyk. Şonda gürrüňiň soňy hökman halal zähmetiň bagta ýetirýändigi, abraýa-şöhrata eltýändigi hakdaky degerli mysallar, anyk deliller bilen jemlendi.

Meýdan düşelgesinde dabara geçirildi

Ak bugdaý etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki meýdan düşelgesinde pagtaçylar üçin medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi. Ýaş pagtaçy kärendeçilerdir ýygymçylaryň, kombaýnçylaryň hem-de ýygnalan hasyly daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirdiler hem-de olaryň alyp barýan şu günki işleriniň ähmiýeti, yhlas bilen ýetişdirilen «ak altyny» soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamagyň möhümdigi barada aýtdylar we zähmet üstünligini arzuw etdiler.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

«Ak altyn» — 2024 Pellerde zähmet joşýar

Pagtaçylaryň armasy ýetirildi

Zähmetiň joşýan ýerinde Welaýatymyzyň pagta meýdanlarynda zähmet joşýar. Pagta kabul ediş bölümlerinde günbe-günden beýgelýän «ak altyn» harmanlary welaýatymyzyň pagtaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda belent sepgitleri eýelejekdiklerine güwä geçýär.

Päk zähmetden bagt tapýar

Pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde topraga hyzmat edip, ondan bereket tapýan ussat daýhanlar barada gürrüň etmek ýakymly. Şeýle daýhanlaryň biri-de Gyzylarbat etrabynyň Garabogaz obasynyň ýaşaýjysy Mirmuhammet Babaýewdir. Zähmetsöýer daýhanyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ekin meýdanyndan alan hasyly şertnamalaýyn borçnamada bellenendäkiden iki esse ýokary boldy. — Bäş ýyl mundan ozal Garagum derýasynyň boýunda 150 gektar ýeri 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga aldym. Şu ýyl onuň 40 gektarynda  pagtanyň bol hasylyny kemala getirip, häzire çenli 80 tonnadan gowrak «ak altyn» aldyk. Ekin meýdanymyzda hasyl köp. Pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almaklygy maksat edinýäris.

Welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Hanalardan harman döreýär «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinen welaýatymyzyň pagtaçylary atyzlardaky hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrundaky aladalaryň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda «ak altynyň» öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, olaryň üstünlikli berjaý edilmegine mynasyp goşant goşmaklyga döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bilen, gündelik ýokary netijeleri gazanýarlar.

Şaly hasyly ýygnalýar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda şalynyň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu gymmatly ekiniň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyna goşmagy maksat edinen welaýatymyzyň şalyçy daýhanlary, kombaýnçylary häzirki günlerde bu ugurda öndürijilikli iş alyp barýarlar. Olaryň ýadawsyz zähmeti bilen kabul ediş bölümlerine gündelik tabşyrylýan şalynyň mukdary barha artýar. Belli bolşy ýaly, şu ýyl hem bu iş welaýatymyzda şalynyň esasy ýetişdirilýän ýeri bolan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylarynyň paýyna düşdi. Şeýlelikde, bu ýerde göz öňünde tutulan 8100 gektar şaly meýdanynda degişli işler göwnejaý alnyp baryldy. Şonda etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4450, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde 3150, «Ykbal açary» daýhan hojalygynda hem 500 gektar meýdana şaly ekilip, kadaly gögerişiň gazanylmagy bilen, ideg çärelerine uly üns berildi. Munuň özi şol ýerlerde saldamly hasylyň ýetişdirilmegine hem-de ony ýitgisiz ýygnap almaklyga gönükdirilen işlere öz wagtynda girişilmegine şert döretdi.

Ata kesbine eýeren bagban

Gadymy Nalajyň gyryny etekläp oturan oba Harmanjyk obasy diýýärler. Ol Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky şäherçesiniň çäginde ýerleşýär. Bu obanyň gözel görnüşi bar. Obanyň gündogar tarapyndan geçýän ýoldan barýarkaň seretseň, gyryň depesi bilen başyny deňläp oturan boý dereklerdir dürli miweli baglarda gözüň eglenýär. Melleklerdäki bag-bakjalar oba adamlarynyň janypkeşliginden habar berýär. Oba gelýän ýoluň sag tarapyndaky 2 gektara golaý meýdany tutup oturan baga Çopan aganyň bagy diýýärler. Zandy daýhan bolup, ýerden bereketli hasyl almagyň nusgasyny görkezen Çopan Mädeminow mundan 20 ýyl töweregi ozal bu baglaryň düýbüni tutýar. Şeýlelikde, ol irginsiz zähmeti, erjelligi bilen, bagbançylykda hem özüni tanadýar. Çopan aga bu baglaryň datly miwesini her ýyl özüniň obadaşlaryna dadyrýar. Bu sahawatly kişiniň bu edähedini häzirki wagtda uludan-kiçä hemme ýatlaýar. Häzirki günlerde Çopan aganyň bu däbini onuň körpe ogly Söýünmämmet Mädeminow ýöredýär. «Ata kesbi ogla halal» diýen ýörelgä eýeren Söýünmämmet bagbançylygyň abyny-tabyny kemsiz ele alypdyr. — Baglara yzygiderli ideg etmeli bolýar. Onuň işi ýylyň dört pasly üçin hem ýeterlik. Bagdan gözüňi sowdugyň, ol görkünem, hasyl bermesinem kemeldýär. «Daýhany ýer ekleýär» diýlişi ýaly, bagbany hem bagy ekleýär. Bir tarapdan, baglar tebigatymyza, daş-töweregimize aýratyn görk berýän bolsa, ikinji tarapdan,

Düzgünler berjaý edilmelidir

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny ýangyn howpundan goramak möhümdir. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wekilleri pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki jogapkärli günlerinde möwsüme gatnaşyjylara berjaý edilmeli düzgünleri ýatladyp, öz degerli maslahatlaryny berýär. Pagta ýygnalanda, daşalanda, saklananda, gaýtadan işlenende degişli enjamlaryň, elektrik ulgamlarynyň näsazlyklary, olaryň nädogry ulanylmagy, ulag serişdeleriniň tüsseçykarlarynda näsaz uçgun öçürijileriň goýulmagy, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gödek bozulmagy netijesinde dürli hadysalaryň döremegine getirip bilýär. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek hojalyklaryň harmanlaryndan başlanmaly. Pagta arassalaýan kärhanalarda, taýýarlaýyş nokatlarynda pagta saklanýan ýerleriň golaýynda ot ýakmak, kebşirleýiş işlerini geçirmek talabalaýyk däl.

Pagtaçylaryň arasynda

Pagta ýygymynyň barha gyzyşýan günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan pagtaçylaryň arasynda birnäçe höweslendiriş çäreleri guralýar. Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde «Ak altyndan dag döredýän pagtaçylar!» ady bilen geçirilen dabaraly duşuşyk hem täsirli çäreleriň biri boldy. Günortanky arakesme wagtynda guralan bu duşuşygyň esasy maksady pagtaçylaryň armasyny ýetirmekden, olary ajaýyp zähmet üstünligine ruhlandyrmakdan, şeýle-de möwsümde tapawutlanyp işleýän zähmetkeşleri höweslendirmekden ybarat boldy. Oňa pagtaçy kärendeçiler, ýygymçylar, mehanizatorlar, ýygnalan hasyly harmanhanalara daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri gatnaşdy.

«Ak altynym» — ak bagtym

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Akdepe etrabynyň «Üç kepderi» geňeşliginiň çäklerinde ýerleşýän ekin meýdanlarynda janypkeşlikli zähmet çekýän gallaçy, pagtaçy kärendeçiler we mülkdarlar az däl. Olaryň arasynda has tapawutlanyp zähmet çekýän mülkdaryň biri-de, Yhlas Şermetowdyr. Ol 2020-nji ýylda 116 gektar ýeri 99 ýyllyk möhlet bilen özüne mülk edip aldy. Janypkeş daýhan eýelik edýän ýerini agrotehnikanyň talaplary esasynda öz wagtynda sürüp, suwaryp talabalaýyk bejergi edip, ýylyň-ýylyna oňat netije gazanmagyň hötdesinden gelýär. Şu ýyl Yhlas mülk ýeriniň 90 gektaryna gowaçanyň «Jeýhun», 20 gektaryna bugdaýyň «Sähraýy» sortlaryny ekdi. Mülkdar öz kömekçileri Jennet Halbaýewanyň, Ilmyrat Şermetowyň, Toýlybaý Baýryýewiň, Merdan Annaýewiň, Şatlyk Berdimyradowyň agzybirlikde zähmet çekmekleri bilen her ýyl bol hasyl almagyň hötdesinden gelmegi başardy. — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli edýän tagallalaryndan ruhlanyp, eýelik edýän 116 gektar mülk ýerimde yhlasymy gaýgyrman zähmet çekýärin. Häzirki güne çenli 55 tonna «ak altyny» ýygyp, Watan harmanyna tabşyrdym. Möwsümiň ahyryna çenli 150 tonna pagta tabşyrmaga borçlanýaryn — diýip, Yhlas Şermetow ynamly aýtdy.