"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Ak altynly» atyzlarda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň «ak altyn» harmanyna gowaça hasylynyň 280 müň tonnasyny goşmagy maksat edinýän Ahal welaýatynyň pagtaçy daýhanlary şu günler tutanýerli zähmet çekýärler. Yhlas siňdirilip ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almakda welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň «ak altyn» ussatlarynyň alyp barýan işleri guwandyryjydyr. Etrabyň pagtaçylary şu ýylyň gowaça hasylynyň düýbüni mäkäm tutup, ýaz ekişini irki möhletde guramaçylykly geçirdiler, ähli agrotehniki çärelere, şol sanda ekiniň ideg işlerine jogapkärli çemeleşdiler. Meýdan we ideg işlerinde ozalky ýyllarda toplanan baý tejribeler we ylmyň gazananlary ýokary hasylyň kemala gelmegine oňyn şert döretdi.

Galkynýan pudak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürip, iň girdejili pudaklaryň birine öwürmekde, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda we azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde dünýäniň ösen tehnologiýalary, ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan baý iş tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylmagy has-da guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we bimöçber aladalary bilen, Oba hojalyk ministrliginiň Däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň hem-de Tohumçylyk merkeziniň açylmagy oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny döretmäge, tohumçylyk işini kämilleşdirmäge ajaýyp mümkinçilikleri açdy.

Tejribeli kärendeçi

Sarahs etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri gowaça ekilen meýdanlaryň 1400 gektaryndan 2800 tonna hasyl almagy meýilleşdirip, möwsümi gyzgalaňly alyp barýarlar. Daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri hakda gürrüň gozgalanda Nurýagdy Hümmedowyň ady ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Şu ýylda kärendeçi daýhan 4 gektar gowaça meýdanynda bol hasyly kemala getirip, ony ýygnap almaga taýýarlykly girişdi. Ol el güýji bilen ýygnalan 3500 kilogramdan gowrak hasyly harmana tabşyrdy. Tejribeli kärendeçiniň pagta meýdanynda entek hasyl köp. Ony ýitgisiz ýygnap almak bilen möwsümi üstünlige beslemegi kärendeçi maşgalanyň agzalary belent maksat edinýärler.

Daýhan aladasy ýerine düşýär

Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary ýere yhlas siňdirip, ýylyň-ýylyna ýokary iş netijelerini gazanýarlar. Şeýle janypkeş daýhanlar Sarahs etrabynda hem az däl. Ene toprak bilen bagry badaşan zähmet adamlarynyň hatarynda Baýramsoltan Çaryýewanyň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar. Etrabyň çäginde «Ummasyz hasyl» daýhan hojalygyny döreden Baýramsoltan Çaryýewa geçen ýylda ekerançylyk meýdanynyň 14 gektarynda gowaça ýetişdirip, şondan 54 tonna pagta, 20 gektarynda däne öndürip, 74 tonna bugdaý hasylyny aldy. Şeýlelikde, meýilnamalaýyn tabşyrygy artygy bilen berjaý edip, ýyly üstünlikli jemledi. Gazanylan üstünligi has-da berkitmek, ýerlerden alynýan hasylyň möçberini artdyrmak maksady bilen ol hojalygyň zähmetsöýer daýhanlary bilen şu ýyl hem topraga turuwbaşdan azap siňdirdi.

Toprak genji — ýagly künji

Gökdepe etrabynda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetișdirmegi bașarýan ussat kärendeçileriň ençemesi bar. Etrabyň «Ýaňgala» daýhan birleşiginde zähmet çekýän Arslan Ataýew hem şeýle kärendeçileriň biri. Her ýyl ak bugdaýyň, «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip gelýän zähmetsöýer kärendeçiniň şu ýyl 15 gektar meýdanda ekip, idegini ýetirip oturan künjüli atyzlaryny göreniňde göwnüň göterilýär. Onuň 10 gektar meýdanda ýetişdiren gowaça, 4 gektar ýerde ýetişdiren bakja ekinleri-de berekedini bolluk bilen eçilipdir. — Künji halkymyzyň eý görýän gadymy azyk önümleriniň biridir. Oňa ýurdumyzyň azyk senagatynda, şeýle-de ak bazarlarymyzda ilat arasynda isleg uly. Künji ýagyndan başga-da ondan taýýarlanýan halwa, gowurga, künjüli çörek, künjüli süýji, künjüli köke ýaly ajaýyp nygmatlar hem bereketli saçaklarymyzy bezeýär. Hem datly, hem ýokumly, melhemlik, dermanlyk ähmiýeti uly bolan künjüli önümler çagalaryň hem küýsegli tagamlarynyň biri. Juda ýokumly häsiýete eýe bolansoň, onuň künjarasy mallar üçin hem tenekar iým bolup durýar. Şonuň üçin hem bu ekinden ýokary hasyl almakda yhlasly zähmet çekýäris — diýip, kärendeçi Arslan Ataýew guwanç bilen gürrüň berdi.

Kadaly ekiş — göwnejaý gögeriş

Babadaýhan etrabynyň Ý.Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginiň 14-nji toparynyň gallaçy kärendeçileri şu ýylda 165 gektar meýdanda ýokary hilli güýzlük bugdaý ekişini geçirmegi meýilleşdirdiler. Häzirki günlerde toparyň ekerançylyk meýdanlarynda däne ekişini geçirmegiň depgini barha artýar. Tejribeli mehanizatorlaryň tagallalary bilen ekiji tehnikalar gije-gündiziň dowamynda saz we bökdençsiz işledilýär. Bu bolsa, kärendeçileriň galla ekişini bellenilen möhletde tamamlamagyna mümkinçilik berýär. — Gallaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde ekiş möwsümi bilen baglanyşykly işlerde oňyn görkezijilere eýe bolunýar. Galla ekişiniň geçirilen ýerlerinde gögeriş suwlary tutulýar. Ekerançylygyň talaplaryndan ugur alyp, gögeriş suwunyň tutulyşynyň siňňitli bolmagyny ýola goýýan gallaçylaryň ekin meýdanlarynda kadaly gögeriş gazanylýar. Häzirki wagtda gögeriş gazanylan meýdanlaryň möçberi 50 göterime golaýlaýar. Işine tutanýerli çemeleşýän kärendeçileriň arasynda Artykmyrat Ataýew, Akmyrat Aýdogdyýew, Enegyz Muhammetmyradowa ýaly kärendeçileriň bardygyny aýratyn bellemek bolar—diýip, 14-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Guwançmyrat Saryýew aýdýar.

Joşgunly zähmet

Eziz Diýarymyzda daýhanlaryň yhlasly zähmet çekip, bol önüm öndürmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça alyp barýan işleri hem-de onuň oňyn netijeleri aýdyň görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekmegi halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki möwsüminde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň, etrap häkimliginiň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, mehanizatorlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, ekin meýdanlarynda aýdym-sazly dynç alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri ýakynda «Zähmet joşýar pellerde» ady bilen etrapdaky Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ekin meýdanlarynda geçirildi. Bu çärede etrap medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalary aýdym-sazly çykyşlary bilen daýhanlaryň «armasyny» ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda etrapda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamaga işjeň gatnaşýan kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, mehanizatorlaryň birnäçesine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň hem-de beýleki je

Agroinnowasiýalar: geljegiň mümkinçilikleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň çuňňur bilim almagy ugrunda, şeýle hem dünýä döwletleri bilen bu babatda netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin beýik işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň oktýabr aýynyň 16-17-sine Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ylmy-taslamalar bäsleşigi hem munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Halkara derejesinde geçirilen bu bäsleşige daşary ýurt döwletleriniň 9-syndan 27 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 51 sany, biziň ýurdumyzyň 16 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 100 sany ylmy-taslama işleri hödürlenildi. 16-njy oktýabrda institutyň uly mejlisler zalynda bu halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy. Onda Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň rektory, professor H.Ýunusow çykyş etdi. Şeýle hem dabarada bäsleşigiň eminler toparynyň başlygy – Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Agrar özgertmeler, oba hojalyk ylmy we bilimi müdirliginiň baş hünärmeni, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty G.Ýusupow çykyş etdi we bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine üstünlik arzuw etdi.Bäsleşige gatnaşyjylar ilki bilen ýur

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Pagta ýygymy welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda has-da guramaçylykly alnyp barylýar. Bu etrabyň pagtaçy kärendeçileri Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy ýylynda 30 müň gektar ýerde ösdürilip ýetişdirilen gowaçadan 57 müň 600 tonna «ak altyn» hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýarlar. Etrabyň daýhanlarynyň ýygym möwsümine ählitaraplaýyn ykjam taýýarlykly gelmegi, pagta ýygymynyň ýokary depginlerde gitmegine uly mümkinçilik berýär. «8-nji mart» daýhan birleşiginden Zöhre Aşyrowa, Ogulnabat Bozowa, «Ýalkym» daýhan birleşiginden Gurbansoltan Aşyrowa, Ogulmaýa Myradowa ýaly kärendeçiler özleriniň meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu kärendeçileriň göreldesine eýerýän etrabyň beýleki pagtaçy kärendeçileri hem öz öňlerinde goýan meýilnamalaryny berjaý etmek, atyzlardaky «ak altyn» hasylyny gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda iş depginlerini barha batlandyrýarlar. Bu işde kärendeçilere ýüwrük elli ýygymçy gelin-gyzlarymyz ýakyn ýardamçy bolýarlar. Ýygym möwsüminde ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy «ak altyn» harmanlarymyzyň gün-günden beýgelmegine uly mümkinçilik berýär.

«Ak altyn» harmanyny döredijiler

Şu ýyl Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda 2 müň 650 gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 3 müň 250 tonna hasyl almak maksat edinildi. Häzirki wagtda pagtaçy daýhanlar yhlas siňdirilip, ösdürilip ýetişdirilen gowaçanyň bitginli hasylyny öz wagtynda, isripsiz ýygnap almagyň depginini günsaýyn ýokarlandyrýarlar. Bu möhüm işe etrabymyzyň pagtaçy daýhanlary, kombaýnçylary we hasyl daşaýjylary bilen birlikde, oba hojalyk toplumynyň ähli düzümleriniň hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar. Jogapkärli möwsümde pagta ýygymyna gatnaşyjylara yhlasly zähmet çekmek üçin meýdan işlerinde zerur bolan şertler döredilip, olaryň «armasy» ýetirilip durulýar. Ylaýta-da, etrabyň medeniýet öýüniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary, gülküli sahnalary pagtaçylara ruhy lezzet paýlap, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Ertirki hasylyň şu günki aladalary

Şu ýyl Lebap welaýatynyň ussat gallaçylary hem öňde goýan belent maksatlaryna ýetmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýerde ekişiň möhletiniň dogry saýlanyp alnandygyny aýdasymyz gelýär. Çünki ir, endigan gögeriş almak üçin bu möhlet örän amatly hasap edilýär. Gyzgalaňly dowam edýän günlerde welaýatymyzyň kärendeçileri hemmelere görelde görkezýärler. Olaryň arasynda Kerki etrabynyň Osman Ödäýew adyndaky daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Gurbannazar Allaberdiýew hem bar. Ol özüne degişli bolan 3 gektar kärende ýerinden ýylyň-ýylyna bugdaýyň bol hasylyny alyp, meýilnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý edýän daýhanlaryň biri. Janypkeş daýhan geçen ýyl her gektardan 40 sentner hasyl alyp, Watan harmanyna öz goşandyny goşdy. Ol şu ýylky ekilýän bugdaýyň her gektaryndan 50 sentner hasyl almagy maksat edinýär.

«Gyzylýabyň» baglary

Akdepe etraby hasyl ussatlarynyň ýetişdirýän datly miweleri bilen ýurdumyzda giňden tanalýar. Ak bazarlarda «Akdepäniň almasy», «Akdepäniň kişdesi», «Akdepäniň igdesi» diýlip, mazamlanýan miwelere häli-şindi duşmak bolýar. Obanyň içinden ýöräp ugranyňda, melleginde miweli agaç ekip, bag ýetişdirmeýän öý ýokmuka diýýärsiň. Uly ýoldan sowlup, oba giräýen ýeriňde, ilki bilen, Orazgeldi Amanowyň mellegine gözüň düşýär. Orazgeldi mugallym aýaly Gurbansoltan Aýtmedowa bilen melleginiň ep-esli ýerini miweli baga öwrüpdir. Mellekde injirdir nardan başlap, adyny tutan miwäňi tapmak bolýar.

Ekin ýerleriniň käbir gadymy atlary

Ak şor ýer — daýhanlaryň sözleýiş medeniýetinde, adatça, şory topragyň ýüzüne çykyp, agaryp duran ýeri aňlatmak üçin giňden ulanylýan ýer ady. Professor M.Penjiýew öz ylmy işlerinde ak şorluk ýerleriň emele gelmeginiň sebäbiniň ýerasty suwuň tiz bugarmagy netijesinde onuň üstünde peýda bolýan ak duzuň, köplenç 1 santimetre çenli galyňlykda topragyň ýüzüni gaplap alýandygy bilen baglydygyny ýazýar. Alymyň ýazmagyna görä, şeýle ýerlerde natriý hlor duzy köpräk bolýar. Ýüzi ak duz bilen gaýmaklap duran şor ýerden ýörelende ýaňlanýan sesiň adyna «hoturdy» diýilýär. Agyr gumsala toprakly ýer — topragynyň düzüminde mehaniki elementleriň owuntyklary bolan ýeriň ady. Şeýle ýerde ekinler bol hasyl getirýär. Bu ýer düzüminde ösümlikleriň bol hasyl getirmegi üçin zerur bolan mineral duzlaryň ýeterlikdigi sebäpli tebigy döküne baý bolýar.

Gyzyl hyýar

Gyzyl hyýar Thladiantha dubia, kädiler maşgalasyna degişli bolan ösümlikdir. Ol Ýer ýüzünde onçakly giň ýaýramadyk hem bolsa, ösdürilip ýetişdirilýän sebitlerinde gymmatly ekindir. Bu ösümlik köplenç bezeg ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär. Gyzyl hyýaryň gelip çykan ýeri Hytaýyň Demirgazyk-gündogar sebitleri we Uzak Gündogaryň günortasy hasaplanylýar. Gyzyl hyýaryň baldaklary ýumşak tüýjagazlar bilen örtülip, ol 5 metre çenli ösmäge ukyply. Direg bolan ýerlerde ol aňsatlyk bilen murtjagazlarynyň kömegi arkaly ýokary dyrmaşýar we giň meýdany eýeläp bilýär. Onuň ýapraklary ýürek şekilli bolup, açyk ýaşyl reňklidir. Bu ösümlik güýze çenli gülleýär. Gyzyl hyýar iki öýjükli ösümlik. Miweleri görnüşi, ölçegi boýunça kiçijik hyýary ýada salýar. Bişip ýetişýän döwründe ýaşyl reňkden mämişi-gyzyl reňke geçýär. Miweleriniň üstünde oňat bildirip duran zolaklar bolýar. Miwäniň içindäki etlek bölegi gyzylymtyl reňklidir we onuň süýjümtik tagamy bar.

Pagtaçylar bilen duşuşyk geçirildi

Çärjew etrap häkimligi we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komiteti tarapyndan etrabyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň arasynda günortan arakesmesinde aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda pagtany ýangyn howpundan goramagyň düzgünleri bilen bagly mowzuklaýyn çykyş hem guraldy. Şeýle hem ýygymda tapawutlanýan mehanizatorlaryň birnäçesine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň ýörite taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Şaly hasyly ýygnalýar

Daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen berekede beslenýän tylla güýzüň zerbap öwüşginli günlerinde Daşoguz welaýatynda guramaçylykly başlanan şaly oragy gyzgalaňly dowam edýär. Bu azyklyk önüm welaýat boýunça, esasan, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen iki daýhan birleşiginde öndürilýär. Bu hojalyklaryň ussat kärendeçileriniň, işi ýöretmegiň täze usullarynda işleýän ýer eýeleriniň yhlasy, halal zähmeti bilen şu ýyl hem şalynyň bol hasyly ýetişdirildi. Şaly meýdanlary ir ertirden joşgunly işlere gurşalýar. Degişli düzümleriň sazlaşykly hereket etmegi, kuwwatly kombaýnlaryň bökdençsiz işledilmegi netijesinde, şaly oragynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20 müň 500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 3350 gektar ýerden 14 müň 500 tonna şaly öndürmek göz öňünde tutulýar. Şu ýyl S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 400-e golaý, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde hem 300-e golaý kärendeçi bilen şaly ýetişdirmek barada şertnama baglaşyldy. Bereket-bolçulyga beslenýän ýylymyzda welaýat boýunça şaly ekilen 8100 gektar meýdandan jemi 35 müň tonna hasyl almak maksat edinilýär. Häzirki wagtda şaly meýdanlarynda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 60-dan gowragy bökdençsiz işledilýär.

Yhlasly zähmetiň miwesi

Mary welaýatynyň hasyl ussatlary hormatly Prezidentimiziň daýhanlara, telekeçilerdir ýer eýelerine oba hojalyk önümleriniň bereketli hasylyny öndürmekde berýän hemaýat-goldawlaryna öndürijilikli zähmetleri bilen jogap berýärler. Janypkeş zähmetkeşler özlerine berkidilen meýdanlarda bugdaýyň, gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Pudaga telekeçilik usuly giňden ornaşdyrylýar. Şeýle usulda zähmet çekýän ýer eýeleri Mary welaýatynda hem barmak büküp sanardan kän. Bu hakda gürrüň edilende, Ýolöten etrabynyň telekeçileri barada aýtmak has-da guwandyryjy. Şu ýyl etrap boýunça 12 müňden gowrak meýdana gowaça ekildi. Hasyl ussatlarynyň 2 müň 715-si şonça meýdanda bereketli hasyl ýetişdirdiler. Etrabyň Momotaý geňeşliginiň ýaşaýjysy, telekeçi Nurgözel Aganazarowa 40 gektar ýeri uzak möhletleýin peýdalanmak üçin hususyýetçilige aldy. Işewür zenan onuň 20 gektaryna bugdaý, galanyna gowaça ekýär. Ol şu ýylyň geçen orak möwsüminde bugdaý eken ýerinden 120 tonna ýokary hilli hasyl aldy. Häzirki wagtda bugdaý ekişini tamamlap, topraga indiki hyzmatlar bilen gümra. Ýene-de 20 gektar ýerde «ak altyn» ýetişdiren zenan pagta ýygymyna-da ilkinjileriň hatarynda girişdi. Onuň möwsümiň başyndan bäri döwlet harmanyna tabşyran pagtasynyň mukdary 46 tonnadan gowrak bolupdyr. Bu görkeziji her gektaryň hasyllylygynyň häzire çenli 23 sentnere golaýlandygyny aňladýar. Nurgözeliň ekin meýdanl

Ellerde hereket — pellerde bereket

Şol berekedi ýygnap almak ugrundaky tutanýerli işler her gün ir säherden başlanýar. Netijede, hanalardan jemlenip, yzly-yzyna dolýan gaplar barha köpelýär. Olary terezide çekip, soňra atyzyň gyrasynda duran traktoryň tirkegine gapgarýan topar ýolbaşçysy hem-ä ýygymçylaryň armasyny ýetirýär, hem-de depderçesine bellik edýär. Ýer eýeleri — kärendeçiler bolsa boşan gaplary ýene-de ýygymçylara gowşurýarlar. Güýz gününiň her bir pursadyndan netijeli peýdalanmagy başarýan ýüwrük elli ýygymçylar ýene-de ýygyma girişýärler. Soňra olar bilen deň gadam urýan kärendeçiler-de atyzyň bir gyrasyndan girip, ýygyma başlaýarlar. Bu görnüşi synlap durşuňa, türkmen topragynyň sahawaty baradaky ýakymly oý-pikirlere berilýärsiň. Milli baýlygymyz bolan ak pagtanyň şeýle bol hasylyny eçilen toprak, hakykatdan-da, keramatly. Ýogsam, eliň aýasyna ýerleşýän ak hanalardan daglar bilen bäsleşýän «ak altynyň» harmanlaryny döretmezdi. Eli gabarçakly, ýüzi Güne gaýzygan daýhan ondan güýç-kuwwat alýar. Tylla toprak daýhanyň özüne siňdirýän azabyna, zähmetine görä-de hasyl eçilýär.

Oba hojalyk pudagy netijeli ösdürilýär

Ýurdumyzyň obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy köp derejede bu pudagyň netijeli, döwrebap ösdürilmegine, onda gazanylýan üstünliklere baglydyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda oba hojalyk toplumy ýokary depginler bilen ösdürilýär, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri we ylmyň soňky gazananlary önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar. Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz çuňňur manyly çykyşynda şeýle belläp geçdi: «Biz oba hojalyk toplumynyň ösüşini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyrýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda oba hojalygyna aýratyn üns berilýär.

Bugdaý ekişi we ideg işleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwy bilen joşgunly zähmet çekýän Kerki etrabynyň gallaçylary şu günler bugdaý ekişi bilen birlikde, eýýäm gögerip başlan ýaşajyk maýsaly meýdanlara ideg etmek işlerini hem utgaşykly alyp barýarlar. Şu ýyl Watan harmanyna 22 müň tonna golaý guşgursak bugdaý goşan bu etrabyň zähmetsöýer gallaçylary sahy topraga hyzmat edip, bol hasyl almagyň nusgasyny görkezmek bilen, Lebap welaýatynda öňdebaryjylara öwrüldiler. Her gektardan 60 — 65 sentner hasyl alýan kärendeçileriň sany bu ýerde müňden geçýär. Häzir bolsa «Hatap», «Mürzebeggala», «Gyzylaýak», «Azatlyk» daýhan birleşiklerinde bugdaý ekişi tamamlanyp barýar. Irki ekişiň irki bol hasyla eltýändigine gowy düşünýän daýhanlar öňden gelýän asylly ýörelgelere eýerýärler: häzirki dowam edýän mizan döwründen soň gelýän akraba çenli bugdaý ekişini doly tamamlamak olaryň baş maksady. Pederlerimiz «Mizanda ekseň ekini, ýere urar köküni...» diýipdirler.