"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly bank ulgamy kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzda netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, maliýe bazaryny düýpli ösdürmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlara çekmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek babatynda anyk wezipeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ulgama sanly bank önümleri giňden ornaşdyrylýar, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär. Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly amallaryň ýerine ýetirilmegi, internetiň giň mümkinçilikleriniň hödürlenilmegi halkyň artýan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Sanly bilim ulgamy — ösüşiň möhüm şerti

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleriň çäklerinde halk hojalygynyň pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesilleriň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de okadylýan dersleriň dünýä derejesine çykarylmagy üçin döwlet tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ulgama sanly tehnologiýalaryň we innowasion tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy babatda göz öňünde tutulan maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol maksatdan ugur alnyp, 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi we bu konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Konsepsiýada ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenildi. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim

Sanly dünýä syýahat

Sanlylaşdyrma: innowasion ösüşiň ýoly we täze mümkinçilikler XX asyryň ahyrynda sanly ykdysadyýet düşünjesi ýüze çykdy we bütin dünýäde durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak barada pikirler öňe sürlüp başlandy. Şondan soňky geçen çärýek asyra golaý döwrüň dowamynda kämil tehnologiýalaryň täze-täze görnüşleri döredilip, durmuşymyza giňden ornaşdyryldy. Bu gün akylly telefonlar, telewizorlar, sowadyjylar we beýleki öý hojalyk tehnikalary, şol sanda tutuşlygyna sanly ulgam arkaly dolandyrylýan öýler adaty zatlara öwrülip barýar. Hatda dünýäniň dürli ýerlerinde «akylly şäherleriň» onlarçasy döredildi. Halkara guramalarynyň berýän statistika maglumatlaryna laýyklykda, häzir bütin dünýäde akylly enjamlaryň 26 milliarddan gowragy peýdalanylýar.

Sanly ulgam — döwrüň derwaýyslygy

Häzirki döwürde jemgyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgam gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň artmagyna, ilata edilýän hyzmatyň hiliniň gowulandyrylmagyna, wagtyň tygşytlanmagyna giň mümkinçilik döredýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde sanly tehnologiýalaryň möhüm orny eýeleýändigini bellemelidiris. Munda uzak aralykdan bilim bermegiň usullaryndan peýdalanmaga şertleriň bolmagy, özara tejribe alyşmaga mümkinçiligiň bardygy ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysadyýetinde hem sanly ulgama esaslanýan ykdysadyýet döreýär. Häzirki döwürde islendik pudagy sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek kyn.

Şanly döwürde — sanly ulgam

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler göz öňünde tutulandyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem işleriň aglaba bölegi sanly elektron ulgam arkaly alnyp barylýar. Resminamalaryň dolanyşygy kämil kompýuter programmalary we tehnologiýalar arkaly tiz wagtda, ýokary hilli maglumat goraglylygyny üpjün etmek bilen ýerine ýetirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Gullugymyzyň «Migration gov.tm» resmi internet saýtynyň «Online hyzmatlar» sahypasynda Türkmenistanyň raýatlaryna biometriki maglumatly pasportlary almak boýunça internet ulgamy arkaly elektron görnüşindäki ýüztutmalary tabşyrmak üçin onlaýn ulgamy işe girizildi. Türkmenistanyň raýatlaryna biometriki maglumatly pasportlary resmileşdirilende we migrasiýa gözegçilik nokatlarynda raýatlaryň ýurduň çägine girişleri we çykyşlary hasaba alnanda döwrebap tehniki enjamlaryň kömeginden giňden peýdalanyp, işler sanly u

Sanly ulgamda täze mümkinçilikler

Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler bellärliklidir. Sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerinde döwletiň wezipesi esasy üç ugra gönükdirilýär. Olaryň ilkinjisi kämil kanunçylyk ulgamyny döretmek, ikinjisi innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, üçünjisi häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryndan, innowasiýalaryndan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar.

Ýaşlar we maglumatlar jemgyýeti

Ozal habar berlişi ýaly, 13 — 15-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşik geçirildi. «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Şonda olaryň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça taýýarlan taslamalarynyň 150-ä golaýy hödürlendi. Olaryň arasynda iň gowulary hasaplanan taslamalara emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.

Pikirden üstünlige çenli

Geçilen menzillere «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň mysalynda göz ýetirmek mümkin «Ähli zat pikirden başlanýar».

Sanly ulgam — ýokary hilli hyzmat

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýä tejribesini nazara alyp, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, işler sanly ulgam arkaly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem işler sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Döwrebap enjamlardan netijeli peýdalanmagy başarýan harby gullukçylar hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli parasatly syýasatyndan ugur alyp, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmekde öz işlerini ýokary derejede alyp barýar. Gullukda harby gullukçylarynyň bilim we hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegi üçin elektron kitaphana ulgamynyň her bir harby gullukça elýeterli bolmagy, olaryň dürli

«Sanly innowasiýalar» bilen maglumatlar jemgyýetine ädilýän şowly ädimler ýaş alymlarymyzyň ylmy taslamalarynda aýdyň şöhlelenýär

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, häzirki wagtda ýokary tehnologiýaly we bäsleşige ukyply programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanmagy möhüm bolup durýar. Bu döwrebap tehnologiýalar bilen işlemäge ukyply, özbaşdak pikirlenip, ony durmuşa geçirip bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak zerurlygyny ýüze çykarýar. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşik geçirilýär. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilýän bäsleşik öňňin öz işine başlady. Tematiki ugurlaryň 5-si — «Innowasion şäher», «Sanly bilim», «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar», «Ýörite ugur», «Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk» boýunça geçirilýän bäsleşige 130-dan gowrak iş hödürlenipdir. Ylmy taslamalary ýerine ýetirenleriň arasynda talyp ýaşlar bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň hem bardygy bellenmelidir.

«Akylly» tehnologiýalar ýyladyşhanalarda bol önüm öndürmäge giň mümkinçilikleri açýar

Hormatly Prezidentimiz «akylly» tehnologiýalary hem-de ekologiki taýdan arassa bolan enjamlary durmuşa ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns berýär. Hususan-da Gün batareýalaryny we ýel generatorlaryny ulanmak bilen baglanyşykly meselelerde ylmy çözgütleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Netijede, «akylly» tehnologiýalary diňe bir şäher gurluşygynda däl, eýsem, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda hem ornaşdyrmak babatda döwlet tarapyndan uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça ýokary tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar we sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikleri halk köpçüligine wagyz etmek barada hem uly işler alnyp barylýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzdan goldawly türkmen telekeçileriniň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmekleri guwandyryjy ýagdaýdyr.

Sanly ulgam — çäksiz mümkinçilikler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimiz köpugurly ösdürilýär we sanlylaşdyrylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we durmuş ulgamyna sanly ulgam doly ornaşdyrylýar. Munuň özi güýçli senagat ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagynda uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda sanly ulgam ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde doly ykrar edilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ýurduň ykdysady güýjüniň artmagyna mümkinçilik berýär. Olar döwletiň önümçilik, gaýtadan işleýän senagat, hyzmatlar we eksport kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa halk hojalygynyň döwrebap innowasiýalar bilen üpjün edilmegini we milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny zerurlyga öwürýär.

«Germew»: täze elektron gollanma

Mobil telefonlarymyzdyr smartfonlarymyzda kitaplary, gyzykly maglumatlary, hyzmatlar ulgamynyň ençeme görnüşlerini özünde jemleýän gollanmalaryň, mobil goşundylaryň onlarçasy bar. Olar arkaly wagt ýitirmezden, dürli amallary ýerine ýetirip, bilimiňi artdyryp, gerekli maglumatlary tapyp bolýar. Şeýle gollanmalaryň biri talyp ýigit Isa Annamyradow tarapyndan esaslandyrylyp, ýakynda köpçülige ýaýradyldy. Iňlis dili iň iri halkara aragatnaşyk dili hasaplanýar. Bütin dünýäde ony öwrenmäge isleg bildirýänleriň sany millionlarça. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, biziň ýurdumyzda hem ýaş nesillere daşary ýurt dillerini, şol sanda iňlis dilini öwretmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şu jähetden, talyp ýigit Isanyň esaslandyran, häzirki wagtda «Play Market» gollanmalar dükanyna ýerleşdirilen «Germew» elektron gollanmasy örän ähmiýetlidir.

«Bir penjire»: täze gözýetimler

Häzirki zaman ykdysadyýetiniň innowasion ýol bilen ösüşini şertlendirýän sanly ulgam ýurdumyzyň ähli ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ulgam köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna aýratyn täsirini ýetirýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edaralaryna-da sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýany durmuşa geçirmek işleri tapgyrlaýyn ýerine ýetirilip, onda köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkeziniň döredilmegi göz öňünde tutuldy. Gulluk tarapyndan milli maglumat merkeziniň ýerine ýetirmeli wezipelerini kämilleşdirmek, gözegçilik etmek, utgaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda gol çeken Buýrugy esasynda baglaşylan «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly 2021 — 2023-nji ýyllara niýetlenen Taslama resminamasynda özara iş gatnaşyklaryny ýeňilleşdi

«Sanly çözgüt — IT meýdança»: geljegi uly innowasion taslamalar

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabat şäherinde we welaýatlarda IP merkezlerini gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu işi goldamak üçin 10 million amerikan dollary möçberinde serişde berýändigini aýtdy. Dünýä tejribesi göz öňünde tutulyp berlen bu kömek-goldawyň, ýurdumyzyň innowasion ösüşine güýçli itergi berjekdigi gürrüňsiz. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alym Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ygtybarly ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolan sanly tehnologiýalary döwrebap ösdürmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan we toplumlaýyn mazmuna eýe çözgütleri öňe sürýär. Bu innowasion ugry ösdürmekde bilimiň, ylmyň, önümçiligiň arabaglanyşygyny pugtalandyryp, täze maglumat tehnologiýalaryny döretmek üçin innowasion gurşawy emele getirmek mydama üns merkezinde saklanýar. Sanly ykdysadyýete geçmek meselesinde ygtyýarly edara hasaplanýan «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda IT meýdançasyny döretmek boýunça tabşyryk berilmegi-de aýdylany tassyklaýar.

Taryhy taslamalaryň tarypy

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan «akylly» şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ulgamyň netijeliligini ýüze çykaryp, ähli düzümlerde, şol sanda gurluşyk pudagynda hem sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygyny görkezýär. Muny bolsa häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň çäklerinde ulanylýan tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň mysalynda hem görmek bolar. Çünki bu işlerde milli Liderimiziň döwrebaplaşdyrmak we şäher gurşawynda häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly innowasion taslamalary durmuşa geçirmek syýasatyna esaslanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan şeýle giň gerimli özgertmeleri dünýäniň iň ösen ýaşaýyş-durmuş şertleriniň milli ruhda özleşdirilmegine şert döredýär. Gadymy Oguz ýaýlasynda gurulýan täze edara ediş merkeziniň gadymy binagärlik nusgasyny we döwrebap ösen şäheriň keşbini özünde jemlemegi Türkmenistanyň geçmişi, şu güni hem-de geljegi özara sazlaşykly birleşdirýän döwlet hökmündäki abraýyny artdyrar.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme geçirmek hem-de degişli üýtgetmeleri girizmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça her ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň içki meýilnamasyny taýýarlamak we tassyklamak ilkinji wezipeleriň hatarynda görkezilendir. Häzirki wagtda hereket edýän «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzy ýeke-täk sanly ulgama birikdirmäge gönükdirilip, olar ýurdumyzyň döwrebap ösüşini gazanmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň hukuk esaslaryny emele getirýär. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, hukuk görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar we guramalar, şeýle-de ýuridik şahsy döretme

Tejribeler toplanýar we taslamalar taýýarlanýar

Hormatly Prezidentimiz 16-njy martda paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, maglumat merkezleriniň işini kämilleşdirmekde, «akylly» şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryndan we beren degişli tabşyryklaryndan ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary welaýatyň edara ediş merkeziniň toplumlaýyn gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde okuw-tejribelik, synag-önümçilik işlerini geçýärler. Bu ýerde ýaş alymlaryň toparlary «akylly» şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň ýöriteleşdirilen ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin işläp düzen täze taslamalaryny, innowasion we inženerçilik çözgütleriniň täze nusgalaryny ýola goýmak ugrunda ylmy-tehniki synaglary hem-de amaly barlaglary amala aşyrýarlar. Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýan durmuş hyzmatlary we medeni maksatlary öz içine alan taslamalary ornaşdyrmak bu ýerde tejribelikde bolýan toparyň esasy maksatlarynyň biridir. Ýaş oýlap tapyjylaryň işläp-düzýän taslamalarynda arassa ekologiýa gurşawyny üpjün etmegi

Innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýet

Döwür ösýär, özgerýär. Adamyň durmuşy kämillige, köneden täzä, has anyk aýdylanda, ýönekeýlikden döwrebaplyga tarap barha öňe ümzük atýar. Şonuň bilen birlikde, şeýle döwürde ýaşamak üçin onuň adamyň öňünde goýýan talaplary hem artýar. Adam gündelik iş-aladalary, şahsy zerurlyklary, maşgala garamaty ýaly köp sanly hysyrdylarynyň her biri üçin aýratyn wagt tapyp, olaryň hemmesine-de ýetişmeli. Munuň üçin ol özüniň iň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan wagtyny tygşytly we rejeli, netijeli peýdalanyp bilmegi başarmaly. Wagt häzirki zaman dünýäsiniň barha ösýän bazar ykdysadyýeti, maglumatlardyr bähbitleriň sansyz köpdürlüligi şertlerinde öz gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar. Durmuş tejribesi bilen muňa kemsiz düşünýän adam welin, hemişe ondan ýerlikli peýdalanmagyň, täzeçilligiň, ösüşleriň gözleginde. Döreden «akyl önümleri» bolan sanly tehnologiýalar häzirki zaman dünýäsinde agzalan hysyrdylaryň ählisine-de ýetişmegi üçin adamyň iň dessin hem ygtybarly kömekçilerine öwrülýär. Eýsem-de, sanly tehnologiýalaryň bir adamyň durmuşyndaky orny, zerurlygy şeýle köptaraply bolsa, olaryň tutuş halkyň, jemgyýetiň, döwletiň durmuşyndaky ähmiýetiniň näderejede uludygy öz-özünden düşnüklidir. Adamzat indi maglumatlar jemgyýetinde, innowasiýalar eýýamynda ýaşaýar. Dessinlik, tizlik, habarlylyk, bökdençsiz, ýokary derejeli sanly aragatnaşyk ýaly görkezijiler şu eýýamyň, şu döwrüň aýratynly

Jümle-jahan habarlary

Mikroskoply smartfon «Xiaomi» kompaniýasy smartfonlar üçin niýetlenilen täze görnüşli telefon kameralaryny öndürmäge girişdi. Öňkülerden tapawutlylykda bu kameralar özüne mikroskoply enjamy hem birleşdirýär. «Find X3 Pro» atly bu mikroskoply kameralar smartfonlaryň soňky görnüşleri üçin niýetlenilip, olar şekili 60 esse ululykda görmäge mümkinçilik berýär. «Xiaomi» tarapyndan şeýle kameralarda düşürilen suratlar gyzyklanma bildirýän müşderilere ýaýradylyp hem başlandy. Kompaniýanyň menejeriniň habar bermegine görä, bu kameralary «Redmi» smartfonlarynda ornaşdyrmak meýilleşdirilýär, emma täze telefonlaryň geljekde nähili atlandyryljakdygy we nähili görnüşde boljakdygy welin heniz belli däl. Lamantinalar ýa-da deňiz sygyrlary Süýdemdirijileriň bu görnüşlerine, esasan, Demirgazyk, Merkezi we Günorta Amerikanyň ýalpak suwly ýerlerinde, şeýle hem Karib deňzinde, Afrikanyň kenar ýakalarynda duş gelmek mümkin. Olaryň agramy 400 ― 550 kilograma we uzynlygy ortaça 2,8—3 metre barabardyr. Täze doglan lamantinalaryň agramy bolsa 30 kilograma ýetýär. Olar süýji we şor suwly ýerlerde gezýärler we suwda ösýän dürli ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Bu jandarlaryň kürek şekilli guýruklary we täzelenip durýan dişleri bolýar. Alymlar geçmişde olaryň 20-ä golaý görnüşiniň bolandygyny çak edýärler, emma häzirki wagtda olaryň bary-ýogy 3 görnüşine duş gelinýär.