"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Robot balyk

Deňizde ýa­şa­ýan jan­dar­la­ry öw­ren­mek hä­zir­ki döw­rüň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na ga­ra­maz­dan, he­ni­zem kyn iş. Bu me­se­lä­ni ýe­ňil­leş­dir­mek is­le­ýän hünärmen­ler tä­ze tas­la­ma­la­ry iş­läp düz­ýär­ler. Mas­sa­çu­sets Teh­no­lo­gi­ýa Ins­ti­tu­ty­nyň (MIT) In­for­ma­ti­ka we eme­li in­tel­lekt la­bo­ra­to­ri­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri de­ňiz gur­şa­wy­ny has ýa­kyn­dan öw­ren­mek üçin si­li­kon kau­çuk­dan we uza­lyp gid­ýän plast­mas­sa­dan ýa­sa­lan ro­bot ba­ly­gy dö­ret­di. «So­Fi» at­ly ro­bot-ba­lyk Fi­ji ada­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky mer­jen ga­ýa­lyk­la­ryn­da ge­çi­ri­len sy­nag­da 40 mi­nut­lap 15 metr­den gow­rak çuň­luk­da aý­la­nyp, ýer­leş­di­ri­len ka­me­ra­sy bi­len ýo­ka­ry hil­li su­rat­la­ry we wi­deo­la­ry ýaz­ga ge­çir­di. Guý­ruk­ly ro­bot öňe ýü­züp, şeý­le hem aň­sat­lyk bi­len su­wa çü­müp we ýo­ka­ry çy­kyp bil­ýär. To­par suw ge­çir­me­ýän uzak­dan do­lan­dy­ryş­ly en­ja­my ula­nyp, onuň tiz­li­gi­ni we he­re­ke­ti­ni do­lan­dyr­ma­gy ba­şar­ýar. Dün­ýä­niň il­kin­ji ro­bot-ba­ly­gy mo­tor, ka­me­ra we li­tiý po­li­mer ba­ta­re­ýa­sy ýa­ly bö­lek­ler­den yba­rat bo­lup, ag­za­lan en­jam­la­ryň äh­li­si hä­zir­ki smart­fon­lar­da ula­nyl­ýar. Guý­ru­gyn­da­ky gid­raw­lik (suw bi­len iş­le­ýän) na­sos ro­bo­tyň dür­li ta­ra­pa he­re­ket et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ba­ly­gyň elekt­ron me­ha­nizm ýer­leş­di­ri­len kel­le­si üç öl­

Uzakdan dolandyryjy enjamyň ösüşi

Häzirki wagt­da dündelik durmuşy te­le­wi­zor­syz göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Bel­ki-de, iň köp ula­nyl­ýan öý ho­ja­lyk en­ja­my te­le­wi­zor bol­sa ge­rek. Dür­li te­ma­lar­da mag­lu­mat ber­ýän te­le­ýaý­lym­la­ryň köp bol­ma­gy to­ma­şa­çy­la­ra ýy­gy-ýy­gy­dan baş­ga te­le­ýaý­ly­ma ge­çir­megine mümkinçilik dö­red­ýär. Mun­dan bir­nä­çe ýyl ozal adat­ça, öý­dä­ki iň ki­çi ça­ga buý­rul­ýan beý­le­ki te­le­ýaý­ly­ma ge­çir­mek işi­ni, in­di uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan ýö­ne­keý­je en­jam ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Köp adam bu en­ja­myň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy­nyň dö­red­ýän ra­hat­ly­gy­ny na­zar­da tu­tup, onuň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy­nyň te­le­wi­zo­ryň oý­la­nyp ta­py­ly­şy ýa­ly äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aýd­ýar. As­lyn­da, uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan il­kin­ji te­le­wi­zor­la­ryň ta­ry­hy ga­ty bir uzak hem däl. Mu­ňa ga­ra­maz­dan bu en­jam­lar, tak­my­nan, 60 ýy­lyň do­wa­myn­da en­çe­me öz­ge­riş­le­ri baş­dan ge­çir­di. Şeý­le-de bol­sa, haý­sy­dyr bir elekt­ron en­ja­my uzak­dan do­lan­dyr­ma­ga de­giş­li açyş­lar has ir edil­di. En­ja­my ka­bel­siz uzak­dan iş­let­me­giň il­kin­ji my­sa­ly­ny 1894-nji ýyl­da iň­lis fi­zi­gi Oli­wer Loj oý­lap tap­ýar. Ol elekt­ro­mag­nit tol­kun­la­ry­ny ula­nyp, elekt­rik to­gu­ny öl­çe­ýän gal­wa­no­met­ri dö­red­ýär. So­ňa­ba­ka adam­lar­da beý­le­ki en­jam­la­ry hem uzak­dan do­lan­dyr­mak is­le­gi dö­re­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem uza

5G ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny ar­tar

Eme­li aň hem-de ro­bot en­jam­la­ry 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len has-da güýç­le­ner. Hä­zir­ki wagt­da inf­rast­ruk­tu­ra iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýan 5G ul­ga­my di­ňe kä­bir se­bit­ler­de iş­jeň ula­nyl­ýar. Ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýän bu teh­no­lo­gi­ýa gel­jek ýyl­lar­da öz or­nu­ny 6G ul­ga­my­na be­rer. Hä­zir­ki wagt­da 5G teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ösü­şi we onuň ber­jek ar­tyk­maç­lyk­la­ry teh­no­lo­gi­ýa dün­ýä­si­niň gün ter­ti­bin­de dur­ýar. In­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň 5-nji nes­li mag­lu­mat­la­ry örän gys­ga wagt­da ýük­läp al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 4-nji ne­sil teh­no­lo­gi­ýa­syn­da ýük­läp al­mak tiz­li­gi ýo­kary hem bol­sa, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­da bu has-da artar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar luk­man­çy­lyk pu­da­gy­nyň ös­me­gi­ne go­şant go­şar. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, 2024-nji ýy­la çen­li dün­ýä­de, tak­my­nan 1,9 mil­liard 5G ula­ny­jy bo­lar.

Ösüşleriň nusgalyk ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda dowamat dowam bolýan asudalyk, abadanlyk, bagtyýarlyk durmuş hakykatynda şöhlelenýär. Garaşsyz Türkmenistanyň şanly 30 ýyly içinde ösüş ýolundaky ýetilen sepgitlere göz aýlap, ähli ugurlarda uly ýeňişleriň gazanylandygyna buýsanýarsyň. Halkymyz öz milli mirasyna, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine sarpa goýmak bilen, eziz Watanymyzy agzybirlikde çekilen zähmet bilen özgertmegi, gül-gülzarlyga beslemegi başarýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy has-da kuwwatlandyrmaga, mundan beýläk hem il-günümiziň bagtyýar durmuşyny kepillendirmek, raýat jemgyýetini kämilleşdirmek boýunça anyk maksatlary kesgitlemegi jemgyýete hereketiň, öňe gidişligiň, döredijilikli zähmetiň täze joşgunyny getirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy mähriban Watanymyzda raýatlaryň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň anyk netijeleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça görülýän çäreler, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasynda döredilen häzirki zaman kanunçylyk binýady, syýasy we makroykdysady durnuklylyk, amatly daşary-ykdysady ýagdaý, daşary ýurt maýa goýumlarynyň gelmegini üpjün edýän netijeli maýa goýum syýasa

«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy iOS 15 tä­ze­len­me­si­ni çy­kar­dy

Geçen hepde «Apple» kompaniýasy her ýylky uly iOS 15 täzelenme programma üpjünçiligini işe goýberdi. Oňa windows, android ulanyjylaryna FaceTime arkaly jaň etmek mümkinçiligi, suratlardaky zatlary has gowy kesgitläp bilýän «emeli akyl» hem-de «fox» tehnologiýalary ýaly, birnäçe täze aýratynlyklar girizilipdir. Täzelenmäni amala aşyrmak üçin, ulanyjylar iPhone, iPad we Apple Watch enjamlarynyň gurnamak bölümine girip, degişli bölümçäni saýlamaly. Maglumat üçin, häzirki wagta çenli hereket edýän iOS 14 täzelenmesi 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda işe goýberilipdi.

«SpaceX» il­kin­ji ge­zek sy­ýa­hat­çy­la­ry Äle­me çy­kar­dy

Amerikaly işewür Ilon Maskyň «SpaceX» kompaniýasy taryhda ilkinji gezek diňe syýahatçylardan ybarat ekipažy «Crew Dragon» Älem gämisi arkaly Äleme çykardy. «Falcon 9» raketa-göterijisi Älem gämisi bilen Kanaweral burnunda ýerleşen kosmodromdan uçuryldy we 575 kilometr beýiklige çykaryldy. Gäminiň ekipažy dört adamdan — ýolbaşçysy we hemaýatkäri, milliarder Jared Isaakmandan, barlag geçiriji Sian Proktordan, lukman Heýli Arsenoksdan, şeýle-de uçarman Kristofer Sembroskiden ybarat. Uçuş wagtynda uçarmanlar agyrlyk güýjüniň ýok ýerlerinde ylmy-barlag işlerini geçirdiler.

«Hon­da Mo­tor» 2030-njy ýy­la çen­li 500 müň elekt­ro­kar sat­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär

«Honda Motor» korporasiýasy 2024-nji ýylda bazara çykarylmaly «Prologue» elektrokarynyň 70 müňüsini satmagy meýilleşdirýär. «Honda Motor» korporasiýasynyň degişli hünärmenleri mundan öňki çykyşlarynda «General Motors» kompaniýasynyň zawodlarynda ýygnalýan elektromobilleriniň her ýylda 40 — 150 müň aralygynda satmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy. «Honda Motor» korporasiýasy 2030-njy ýyla çenli ABŞ-da elektrokarlarynyň satuwyny 500 müňe ýetirmekçi bolýar. Bu görkezijä 2024-nji ýylda bazara çykarylmaly «General Motors» kompaniýasynyň zawodlarynda öndüriljek ýokary mümkinçilikli «Acura SUV» modeli hem degişlidir.

«Alp­ha­bet» Man­het­ten şä­he­rin­de ofis sa­tyn al­ýar

«Alphabet» kompaniýasy Nýu-Ýork ştatynyň Manhetten şäherinden bahasy ABŞ-nyň 2,1 milliard dollaryna barabar ofis binasyny satyn almak üçin meýilnama düzendikleri barada mälim etdi. «Alphabet» kompaniýasy Manhetten şäherinde ýerleşýän «St.Jon Terminal» ofis binasynda abatlaýyş işlerini geçirip, 2023-nji ýylyň ortalaryna täzeden açmagy meýilleşdirýär. «Google» korporasiýasynyň hem-de «Alphabet» kompaniýasynyň maliýe direktory Rut Poratyň sözlerine görä, kompaniýa binanyň satyn almak hakyndaky şertnamasyny 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde tamamlar.

«Micro­soft» go­şa ek­ran­ly ep­len­ýän smart­fo­ny gör­kez­di

Programma üpjünçiligini öndürýän «Microsoft» kompaniýasy goşa ekranly «Surface Duo 2» smartfonyny görkezilişe çykardy. «90 Gs» ýygylykly iki displeýiň diagonaly 8,3 dýuýma barabardyr. Täze smartfon 5G goldawly «Snapdragon 888» prosessory, eplenen görnüşde duýduryş paneli, üç kamera we ekranlaryň arasyndaky boşlugy azaldýan täze birleşdiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. «Microsoft» kompaniýasynyň täze önümi 5-nji oktýabrda satlyga çykarylar hem-de başlangyç bahasy ABŞ-nyň 1499 dollaryna barabar bolar. 

Sanly ykdysadyýet oba hojalyk pudagynda

Hormatly Prezidentimiz: «Oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmek möhüm bolup durýar. Bu maksatlar üçin obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmekde täze, netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak zerurdyr» diýip belleýär. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndürýän kämil oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Sanly telematik ulgam boýunça işleýän oba hojalyk tehnikalaryna uly ähmiýet berilýär. Golaýda hem dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň kämil tehnikalary, tirkeg gurallary ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna, bu ugurdaky önümçilikler bilen meşgullanýan telekeçilere gelip gowuşdy. Bu pudaga kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ekiş döwründe «akylly» (smart) traktorlaryň GPS ulgamynyň üsti bilen bu işleri gije-gündiz diýmän ýerine ýetirmek mümkinçiligini döredýär. Ekiş döwründen soň, suw tutmak döwri başlanýar. Topragyň aşagynda ýerleşdirilýän «akylly» sensorlar gerek bolan suwy kesgitleýär we bu işi awtomatik görnüşde ýerine ýetirýär. Soňra zyýanly mör-möjeklerden ekinleri goramak üçin ornaşdyrylan sanly ulgam, ýagny topraga ýerleşdirilen «akylly» sens

Ýurdumyzyň rowaç gadamlary

Dünýäde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi we Internet torunyň mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy netijesinde durmuşyň ähli gurşawlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek möhüm wezipä öwrüldi. Sanly ykdysadyýetiň häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüşiň baş şertine öwrülendigini soňky ýyllarda Ýer ýüzünde saglyk bilen baglanyşykly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar hem doly tassyklady. Pandemiýanyň dünýä derejesinde halk hojalyk gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir etmegi bilen, innowasiýalara esaslanýan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy ykdysady ösüşi gazanmagyň hereketlendiriji güýjüne öwürdi. Dünýäniň ösüşleri bilen deň gadam urýan Garaşsyz Türkmenistanda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça işler giň gerim bilen ýaýbaňlandyryldy. Sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak we onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin, ilkinji nobatda, olardan baş çykarýan hünärmenler zerur. Hut şonuň üçin-de, Türkmenistanda sanlylaşdyrma ilki bilen bilim ulgamynda başlandy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Netijede, orta we ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portallary hem-de web saýtlar işe girizildi. Sapaklary onlaýn usulda geçirmek boýunça mümkinçilikler ýola

«Xiaomi» akylly äýnegini tanyşdyrdy

Hytaýyň elektronika öndürýän «Xiaomi» kompaniýasy häzirki zaman smartfonlarynyň käbir aýratynlyklary bilen enjamlaşdyrylan akylly äýnegini görkezdi. Çagyryşlar, habarnamalar, nawigasiýa, kamera — bularyň ählisi bir äýnekde jemlenendir. Ondan başga-da, täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan äýnek terjime etmek aýratynlygy hem bardyr. Şeýle-de äýnegiň göwrümi boýunça tüwi dänejiginden hem kiçi bolan «MicroLED» displeýi bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň diagonaly bary-ýogy 0,13 dýuýma (takmynan, 3,3 mm.) barabardyr. Şol birwagtyň özünde ornaşdyrylan ýokary tehnologiýaly linzalaryň kömegi bilen, göz üçin has giň mümkinçilik açylýar. 

Bitkoin ABŞ-nyň 500 müň dollaryna barabar bolar

«Ark Invest» maýa goýum kompaniýasynyň baş direktory Katy Wuduň sözlerine görä, bitkoin bäş ýylyň dowamynda on esse gymmatlap, ABŞ-nyň 500 müň dollaryna barabar bolar. Şeýle-de Katy Wud ýakyn geljekde kompaniýalar kriptowalýuta has köp maýa goýup başlarlar we iri maýadarlar serişdeleriniň 5%-ini bitkoina sarp ederler diýip aýtdy. Şol nukdaýnazardan alanyňda, kriptowalýutanyň beýleki görnüşi — ethereum geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 350% gymmatlady. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Salwador döwleti bitkoini özüniň milli walýutasy diýip yglan etdi.

Täze interaktiw platformany ýola goýar

«Zoom Video Communications» kompaniýasy «Facebook» bilen bilelikde «akylly» tagtalar üçin täze özara işjeňlik platformasyny ýola goýýar. Bu barada kompaniýanyň resmi web-sahypasynda: «Wirtual duşuşygyň öňüsyrasynda, onuň barşynda we ondan soň hem wizual hyzmatdaşlygy üpjün edýän täze hemişelik interaktiw tagtany döredýändigimizi mälim etmekden hoşal» diýlip habar berildi. «Zoom» bilelikde durmuşa geçiriljek «akylly» tagtanyň wirtual, şeýle-de asinhron hyzmatdaşlyk merkezine öwrüljekdigini tassyklaýar.

Sowadyjylaryň taryhyndan

Häzirki ösen tehnologiýalar zamanynda elektrik togy bilen işleýän enjamlar hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, sowadyjynyň ady tutulsa gerek. Çünki şu günki gün sowadyjylaryň hyzmatyndan peýdalanmaýan maşgala ýokdur. Eýsem-de, biziň öý şertlerimizdäki azyk önümlerimizi ter, oňat hilli saklaýan sowadyjylar haçan döredikä? 1850-nji ýylyň iýunynda amerikan lukmany Jon Gori ilkinji gezek ýörite enjam arkaly emeli buz ýasamagyň usulyny tapýar. Ol bu ugurda kompressor tehnologiýasyny ulanyp, häzirki zaman sowadyjylarynyň ilkinji görnüşini döredipdir.

Ho­wa­ny aras­sa­la­ýan des­ga

Ho­wa­nyň maý­la­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Dür­li ugur­lar­da ener­gi­ýa­nyň we çig ma­lyň tyg­şyt­lan­ma­gy, za­ýa­çy­ly­gyň öňü­niň alyn­ma­gy, ula­nyş­dan ga­lan zat­la­ryň gaý­ta­dan çig mal hök­mün­de peý­da­la­nyl­ma­gy, ýa­şyl zo­lak­la­ryň art­dy­ryl­ma­gy ýa­ly çä­re­ler glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň öňü­ni al­mak­da­ky esa­sy çä­re­ler ha­sap­lan­ýar. Şeý­le çä­re­le­riň çäk­le­rin­de ho­wa­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy­ny ýyg­nap, ýe­riň aşa­gyn­da sak­la­ýan des­ga­lar hem bar. Bu des­ga­la­ryň iň ulu­sy Is­lan­di­ýa­da işe gi­ri­zil­di. Des­ga her ýyl­da 4 müň ton­na kö­mür­tur­şy ga­zy­ny aras­sa­lar. Bu gör­ke­zi­ji 790 aw­tou­la­gyň çy­kar­ýan zy­ýan­ly ga­zy­na ba­ra­bar. Hal­ka­ra Ener­gi­ýa Agent­li­gi­niň (IEA) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ge­çen ýyl 31,5 mil­liard ton­na kö­mür­tur­şy ga­zy eme­le ge­lip­dir. Ho­wa­da­ky zy­ýan­ly ga­zy eme­li usul­lar ar­ka­ly ýyg­na­mak alym­lar ta­ra­pyn­dan tek­lip edil­ýän usul­la­ryň bi­ri­dir. «Orca» at­ly bu des­ga aý­lan­ýan per­le­riň we süz­güç­le­riň kö­me­gi bi­len ho­wa­da­ky ha­pa gaz­la­ry ýyg­na­ýar. Soň­ra bol­sa su­wa ga­ryp, ýe­riň aşa­gy­na ibe­r­ýär. Wag­tyň geç­me­gi bi­len hem ga­ryn­dy ga­ta­ýar.

Kos­mos kom­pa­ni­ýa­sy­ny dö­red­ýär

«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­la­ryn­dan Stiw Wozn­ýak özü­niň kos­mos kom­pa­ni­ýa­sy­ny dö­red­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. «Privateer Space» at­ly bu kom­pa­ni­ýa kos­mos gi­ňiş­li­gi­ni öz­leş­dir­mä­ge we öw­ren­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­ri alyp ba­rar. Bu kom­pa­ni­ýa «Ripcord» ro­bot teh­ni­ka­la­ry ba­bat­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Alesk Fil­ding bi­len bi­le­lik­de dö­re­dil­di. Stiw Wozn­ýak hem-de Aleks Fil­ding bi­le­lik­de kos­mos uçuş­la­ry­nyň adam­zat üçin howp­suz bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin iş alyp ba­rar­lar.

Tä­ze uçar sar­gyt­la­ry­ny al­dy

ABŞ-nyň «Boeing Co.» kom­pa­ni­ýa­sy aw­gust aýyn­da 53 uçar sar­gyt al­dy. Bu gör­ke­zi­ji iýul aýy bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 1,7 es­se köp­dür. Kom­pa­ni­ýa maý aýyn­da 73 uçar sar­gyt alyp­dy. Şeý­le­lik­de, ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri je­mi 683 «Boeing» uça­ry sar­gyt edi­lip­dir. Ha­sa­bat döw­rün­de kom­pa­ni­ýa sar­gyt edi­len 28 uça­ryň 22-si­ni müş­de­ri­le­ri­ne ýe­tir­di. Ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri «Boeing» kom­pa­ni­ýa­sy 206 uça­ry eýe­le­ri­ne gow­şur­dy.

Sü­rü­ji­siz ula­ga ma­ýa go­ýar

Hy­ta­ýyň elekt­ron söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan «Ali­ba­ba» kom­pa­ni­ýa­sy şä­her için­de sür­mä­ge ni­ýet­le­nen öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ulag­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýan «De­ep­Rou­te.AI» at­ly kom­pa­ni­ýa bi­len hyz­mat­daş­lyk yla­la­şy­gy­na gol çek­di. 300 mil­li­on dol­lar­lyk yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de ro­bo­tak­si diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan, aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­da he­re­ket ed­ýän ulag­la­ra de­giş­li teh­no­lo­gi­ýa iş­le­nip dü­zü­ler. Şu ýy­lyň iýun aýyn­da «Ali­ba­ba» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ra jo­gap­kär ýol­baş­çy­sy Çeng Li sü­rü­ji­siz ulag­la­ry ön­dür­mä­ge ma­ýa goý­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Bu ulag­lar ýo­lag­çy däl-de, ýük da­şa­ma­ga ni­ýet­le­nen ulag­lar bo­lar.

Halkara ähmiýetli elektrotaslama

Dünýä bazarynda energiýanyň arzan, ygtybarly we döwrebap çeşmelerine elýeterlilik ähli döwletleriň ösmeginde, olaryň halklarynyň abadançylygynda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibi» bu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan, şol ýylyň oktýabr aýynda «Sumitomo» korporasiýasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň arasynda degişli ylalaşyga gol çekilen taslama doly durmuşa geçirildi. Şonuň netijesinde, 3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygy ýene-de 432 megawat artar. Öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň bolar. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.