"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bagtyýar maşgalalaryň jaý toýlary

Hormatly Prezidentimiz 5-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak bilen baglanyşykly Permana gol çekip, käbir köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlaryny bermek barada karara gelendigini aýtdy hem-de welaýatlarda hormatly ada mynasyp bolan enelere ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmagy welaýat häkimlerine tabşyrdy. Şonuň bilen baglanyşykly, bagtyýar maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak mynasybetli welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslenen dabaralar geçirildi. DÜÝN Änew şäheriniň ajaýyp künjeginde täze döredilen ýaşaýyş jaý toplumynda — 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň öňündäki meýdançada geçirilen dabara bagtyýar maşgalalardan başga-da, welaýatyň we Ak bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Ýaz bakyşly Mähribanlarymyza tagzym!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylşa dahylly beýik düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr.

Zenan — öýüň diregi, ene — ojagyň söýesi

Halkymyzda zenanlara goýulýan sarpa belentdir. Ene diýlende, ozaly bilen, maşgalada ogul-gyz perzentlerini ile-güne haýyrly, Watana wepaly edip terbiýeläp ýetişdirýän mukaddeslik mekdebi göz öňünde janlanýar. Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde «Elbetde, adamyň kemala gelmegi üçin jemgyýetiň hem iňňän uly ähmiýeti bardyr. Ýöne jemgyýetiň ösüşlerine goşandyny goşýan şahsyýetiň, ilhalar ynsanyň kemala gelmegi ata-enäniň göreldesiniň, tälim-terbiýesiniň netijesidir, olaryň perzendi hakyndaky iň süýji arzuwynyň amala aşmasydyr» diýip belleýär. Şu parasatly jümlelerden hem görnüşi ýaly, ene hem-de ata terbiýesi perzendiň gowy adam bolup kemala gelmeginde jemgyýetiň terbiýesinden hem ilkinji zerurlyk bolup durýar.

Edep beren ýeňňem

Ol wagtlary ulugyz bolmagy juda arzuw edýän, ýöne çagalyk dünýäsi bilen hoşlaşmagyň kynçylyklaryny başdan geçirýän günlerimdi. Altynjy synpy gutaryp, ýedinjä geçen ýylym tomusky rugsada çykanymyzda, ejem bilen kakam saglyklaryny berkitmek üçin «Mollagara» şypahanasyna gidipdiler. Üç sany özümden kiçi jigilerime seretmek, öýüň arassaçylykdyr nahar-şory meniň boýnumady. Obada önüp-ösenler üçin bu işler uly bir zat däldi. Käbir joralarymdyr synpdaşlarymyzyň birnäçe sygyrlary bardy. Olary sagmak, ot-suw bermek öý işleriniň daşyndan edilmeli işlerdi. Bizde sygyr ýokdy. Olar kel dälem bolsa, enem aýtmyşlaýyn dört sany «kel toklymyz» bilen towuklarymyz bardy. Olara seretmek sygyrlary örä alyp gidip bakanyňdan, ir ertir giç agşam süsäýmeginden ätiýaç edip saganyňdan aňsatdy. Öýde nanymyzy bişirmek agyr maşgalaly, köp çagaly diýilýän enemiň boýnunady. Indi men hem gündelik, käte-de günaşa bir tegelek nan alyp gaýdýardym. Gelnejelerim gezekleşip hamyr edýärdiler. Enem welin gündelik tamdyra nan ýapmalydy. Şol gün irden jigilerime ertirlik berdim-de, saçakdaky galan nany meniň mal-garamyzy sananymda ýadymdan çykaran Aždarymyza bermäge howlukdym. Goýunlara ot berip, suw guýulýan gaplarynyň suwuny täzeledim. Towuklara iým sepdim. Öýdäki jigilerime etmeli işlerini bölüp berenimden soň, günortanlyk naharyň ugruna çykdym. Birdenem saçakda nanymyzyň azalandygy ýadyma düşdi. Atamlar bilen araly

Aý, gün dursun dünýäde, ejem dursun dünýäde...

Biziň ählimiziň mekdep döwrümizde bu goşgy setirlerini ýat tutup, aýtmadygymyz ýok bolsa gerek?! Eneler barada näçe söhbet açsaňam az. Olar barada köp zat aýdylan ýaly hem bolsa, ondan-da köp zat aýdylmagyna garaşýar. Çaganyň çagalar bagyna ýa-da mekdebe gatnap başlan günlerinden, ejesine bolan garaýşy düýpleýin üýtgäp ugraýar. Hemişe ýanynda gezip, ejesiniň mährinden isledigiçe ganyp ýören çagajyk birden başga dünýä düşen ýaly ýagdaýa düşýär. Tizräk ejesiniň didaryny görmäge howlugyp ugraýar. Agşam çagalar bagyndan gaýdyp gelen ýa-da mekdepden dolanan okuwçynyň öýleriniň gapysyny açan badyna ilki aýdýan sözi, berýän sowaly, ýüzlenmesi «Eje!». Bu endik has ullakan adam bolanymyzdan soň hem dowam edýär. Gyz maşgala has-da ejä höwrügen bolýar. Gyz maşgala «kişi maşgalasy» diýilýär. Şol ada mynasyp bolup dogduk öýüňi gaýyn öýüne, gyzlyk dünýäňi gelinlik dünýäsine çalşan günüňden ataň öýüňe myhmansyň. Arzyly myhman bolup ataň öýüne myhmançylyga barsaň, öz ýanyňda ikiden-üçden çaga bolsa-da, birdenkä öňüňden kakaň çykyp: «Tüweleme, geliň bakaly, gyzym, sag-gurgun gezip ýörmüsiňiz, öý-içeriler saglykmydyr?!» — diýip, gara-gadyr bolup, beren sowallarynyň ählisine bir agyz: «Hudaýa şükür, saglyk, kaka, hany ejem?”–diýip, şol pursat eglenmän sorag berersiň. Ejeň öýde bolsa «düşegiň ýumşar», niçikmi, ejeň ýogam bolsa, turmak bilen boluberersiň. Kakaňam bu ýagdaýa beletdir. Soňabaka öňüňd

Arzuwlaryň gujagynda

Adamzat ýaşaýşynda maşgala gurmak, öý-ojak bolmak, öz yzyňda galdyran nesliň salamatlygyny görmek uly bagt hasaplanýar. Maşgala agzalarynyň agzybir, öý-ojagyň abadan bolmagy üçin, ilkinji nobatda, ene söýgüsiniň, yhlasynyň hem-de göreldesiniň orny örän uludyr. Türkmençilikde enä maşgala abatlygynyň binýady hökmünde garalýar. Her bir maşgala ojagynda mähriban enelerimiziň Watana, il-güne wepaly nesli kemala getirmekdäki edep-terbiýe mekdebi tapylgysyz mirasdyr. Enäniň ýyly mähri gözel duýgulary oýarsa, mylaýym hüwdüsi adamzat neslini gözel ýaşaýşa höweslendirýän jadyly mukamdyr. Dünýäde meşhurlyk gazanan aýdymdyr saz kän. Ýöne, ene kalbynyň arzuwly owazy bolup ýaňlanýan hüwdiler adamzat ähliniň iň söýgüli aýdymydyr. Mährem ene hüwdüsini pessaý sesi bilen şirin mukama besleýär-de, asuda ýatan perzendine älem gowulyklaryny arzuwlaýar. Şol arzuwlar biz — perzentlere şu durmuşda öz bagtymyzy tapmaga ak ýoly salgy berip, şamçyrag deýin nuruny eçilýär.

Eziz eneler siz!

Zeminiň gül-görki, zerden lälesi,Merdi-merdana hem mährem ene siz!Dana perzentleriň dilde senasy,Gülden görkana siz, mährem eneler! Ile-güne söýgiňizi berip siz,Watanmyzy jandan eziz görüp siz,Ýaşlara ýörelge — nusga bolup siz,Ýaşaň erkana siz, mährem eneler!

Terbiýäniň gözbaşy

Her bir halkyň öz milli häsiýetine gabat gelýän edep-ekram kadalary bar. Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde türkmen halkynyň ahlaklylygynyň milli nusgalaryna, baý mirasyna göz ýetirýäris. Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli ruhy gymmatlyklarymyzyň arasynda türkmen halkyny dünýä tanadan onuň özboluşly milli edepliligidir. XIX asyryň 60-njy ýyllarynda Türkmenistana gelen wenger alymy A.Wamberiniň ýazgylarynda: «Olaryň her bir hereketini gadymdan höküm sürüp gelýän, göze görünmeýän, emma özüniň bardygyny ykrar etdirýän «edep» diýen düşünje ugrukdyrýar» diýlip bellenilmegi hem muny aýdyň tassyklaýar. Kämilleşip, sungat derejesine ýetirilen bu milli edep häzirki döwür üçin hem, geljek üçin hem ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmen edebini ata ogla, ene gyza öwredip, asyrdan asyra geçirip, şu günlere alyp gelipdir.

Ene hakynda dürdäneler

Adamzat durmuşynda maşgala iň gymmatly baýlyk bolup, ol ynsana tükeniksiz güýç hem-de joşgun berýär. ***

Maşgala gymmatlygyny goramak – esasy wezipe

Ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny goramak, aýamak, ony mertebelemek ýaly asylly ýörelgeler öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. «Maşgalam — baş galam» diýilýär. Diýmek, sagdyn we berk maşgala her bir türkmeniň gymmatly hazynasy bolup durýar. Maşgalada edep-terbiýe, görüm-görelde bolan wagty şol ýerde beden hem ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer çagalar kemala gelýär. Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bir tymsal getirýär. Onda türkmenleriň artykmaçlygyny suratlandyrýan on sebäbi tapmak barada arap halyfynyň beren buýrugyna küt-küt kitaplaryň içinden toplanan maglumatlaryň diňe ýekejesini, ýagny ýeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk diýen ajaýyp jümläni mysal getirmek ýeterlik bolupdyr.

Jadyly mukam (Hekaýa)

Nabat ejeleriň öýleri hem edil beýleki oba jaýlary ýaly giň otaglydy. Ýöne Maksadyň göwnüne bolmasa şu öýde üýtgeşik bir mähir, iliňkä meňzemeýän nur bar ýalydy. Her gezek dosty Merdan ony çaýa çagyranda, ol ikirjiňlenmän razy bolýardy. Bu gezek hem şeýle boldy. Maksat nädip gapynyň öňünde säginenini duýman galdy. Içerden eşidilen zenan maşgalanyň mylaýym owazy onuň kalbyny heýjana saldy: Allan, allan ak guşlar,Guşlar gaýada gyşlar.Ak guşlar öz mukamyn,Meň balama bagyşlar.

Uýalarym

Uýa sözi janyňa melhem ýaly bolup eşidilýär. Çünki ol ýürekdeşiň, kalbyňa iň golaý ynsanlaryň biri. Şahyrda: «Ah, uýajyklarym, uýajyklarym, meni ömürboýy aýajaklarym» diýen setirler uýalaryň mähribanlygynyň, jana-janlygynyň nyşany bolup ýaňlanýar. Şol pursat olaryň baryndan bazar eýläp, daşyňda hozanak bolşy hoşuňa geler. Hakydaň bolsa dessine ejeli günleriň ýatlamalaryna berlersiň. Ejem bizi gözüniň röwşeni, ykbalynyň merjeni saýardy. «Gyzlarym—göwher genjim» diýip söýgülärdi. Öý-hojalyk işlerinde biz ejeme mydama kömek bererdik. Ýanlyk ýaýanda onuň her bir hereketini gözigidijilik bilen synlardyk. Ejemiň keşbini, häsiýetlerini özünde jemleýän uýalaryma köňül hemdemim, arzyly ezizlerim diýýän. Olar bilen didarlaşmagyň özi hem ullakan bagt. Balalarynyň daşynda perwana bolup ýören uýalarymyň her biriniň hereketi ejem janyň bizi ulaltjak, kemala getirjek, il hataryna goşjak bolup yhlas edişini ýatladýar. Elbetde uýalarym meniň üçin mähriban käbämiň keşbi siňen ezizlerimdir. Olaryň owadan didary käbämiň ýürek ýylysy ýaly maňa juda ýakyn. Herdem-herdem oba gidip, çaý başynda guraýan uýa söhbetlerimiz meni birneme rahatlandyrýar, güýç-kuwwat berýär:

Bagtyň, bagtyýarlygyň gönezligi

Ir döwürlerde bütin ömrüni kitap okap, kitaphanada geçiren bir dana: «Eý, parasatly goja, siz ömrüňizi kitap okap, ylym-bilim öwrenmäge bagyş eden adam. Hatda, siziň her bir sözüňiz, hereketiňiz biziň üçin ullakan mekdep, giden bir durmuş akademiýasy. Şol okan kitaplaryňyzyň haýsysy siziň hemişelik hakydaňyzda galyp, tutuş ömrüňize täsir edip, köp zatlary öwrenmegiňize we şolardan ruhlanyp, ýene-de okamagyňyza getirdi?» diýlip, berlen sowala, ol bir sözde: «Ejem» diýip, jogap berýär. Çünki bütin ömrüne perzentleri, maşgala ojagy, ýar wepasy üçin ýaşaýan enelerimiziň ýüregi söýgüden we mähirden pürepür bolup, olaryň sözi-de, hereketi-de çagalarynyň ýagty ertiriniň gönezligidir. Ene, gör, nähili belent mukaddeslik, ol maşgalanyň söýesi, ojaklaryň ýylysy, agzybirligiň gaýasy, oba-kentlerimiziň ýaraşygy, märekeleriň gelşigi. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, çuňňur pähim-parasadyndan kemal tapan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserini okanyňda we onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän gelin-gyz edebi, zenan mertebesi, ene mukaddesligi bilen baglanyşykly durmuş filosofiýasyna aralaşanyňda magat göz ýetirýärsiň. Çünki hormatly Prezidentimiziň ata-enesine goýýan hormaty nusgalyk ýol bolup görünýär. Kitabyň «Sözden başlanýan ägirtlik» atly ilkinji bölüminde: «Elbetde, adamyň kemala gelmegi üçin jemgyýetiň täsiriniň hem iňňän uly ähmiýeti bardyr.

Ömrüň manysy (oçerk)

Kalbyň arassalygy, päk zähmet, ynsanlara bolan mähremligiň seni durmuş ýodalaryndan ýöredip, alyslara, ýagny umman ýaly uzalyp ýatan, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uzak ýollara saglyk hem-de bagtyýarlyk bilen alyp barýar. Durmuş ýollarynyň kötellikleri az däl. Ýöne aljyraman, howlukman, sabyrlylyga ten berip, ähli zady bolmalysy ýaly kabul edip, asuda, parahat ädimler bilen ýöräbermeli. Şeýle duýgulara gol bereniňde diňe özüň däl, eýsem, töwerek-daşyň hem durmuşdan ruhlanyp, lezzet alar, gözel dünýäni has-da görklendirer. Şeýle gözellikleri hemra edinseň, ömür daragtyň binýady berk bolup, gollaryny her ýana ýaýar. Ömrüň manysy hem, megerem, şularda jemlenýändir. Ömür hakdaky duýgularyň girdabyna düşüp barýarkam, ykbalyny ene topraga, tükenmez mährini çagalaryna bagyşlan Enejan ejäniň sadalyk bilen ýylgyryp oturan keşbi göz öňüme geldi. Ol ýanýoldaşy, «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy» Kadyr Seýidow hem-de dowamat-dowamy bagtyýar çagalary, agtykdyr çowluklary bilen altmyş ýyla basalyk Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň Ýasydepe obasynyň Daýhan köçesinde ýaşaýar. Garagum sährasynyň jümmüşinde seleňläp görünýän obanyň bu köçesiniň ene topragy başlaryna sežde edýän Seýidowlaryň hatyrasyna «Daýhan» diýlip atlandyrylmagynyň öz sebäbi bar. Enejan eje bilen Kadyr aganyň kemala getiren dört gyzy, alty ogly ykballaryny rysgal-bereket eçilýän ene toprak b

Görüm-göreldäniň gözbaşy

Ata-enä hormat goýmak, olary sylamak, berýän maslahatlaryna gulak asmak, her bir etjek işiňi olar bilen maslahatlaşmak perzent üçin ilkinji borçlaryň biri bolup durýar. Ata-ene hiç wagt çagasyna ters ýoly salgy bermeýär. «Ata-eneňe sarpa goý, gojalygy ýaňsylama. Çünki seniňem ümzügiň şol tarapadyr. Özüňden ulyny syla. Şeýtseň, soň saňa-da hormat ederler» diýip, ata-babalarymyzyň gulagymyza guýan pentleri bizi diňe ýagşylyk ýollaryna rowana edýär. Nesil dowamatynyň şeýle sypaýy häsiýetleri özünde jemlemegi bolsa, ilkinji nobatda, ata-enäniň öz käbesine, kyblasyna edýän sarpasyndan başlanýar. Ata-ene her bir babatda biziň üçin görelde, biz mana düşmez çagalygymyzdan şolaryň edýän hereketlerini gaýtalaýarys. Olaryň sözleýşi, biri-birine hormat goýşy, myhman garşylaýşy, çagalaryna ýumuş tabşyryşy, ýakynlaryna bolan mähri biziň nazarymyzdan sypanok. Şeýlekin mähirli gatnaşyklar şol ojagyň binýadynyň berk bolmagyna, maşgala agzybirligine getirýär. Maşgalada zähmet terbiýesi bilen edep terbiýesi utgaşdyrylanda, ähli gowy gylyk-häsiýetler süňňüňe ornap, öz-özünden guýmagursaklyga öwrülýändigini bilýäris. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilýär. Şeýle hem çaga terbiýesi, esasan, enäniň üstüne düşýär, sebäbi ene terbiýeleýji, ata ekleýji bolup durýar, beýle diýmek bilen terbiýeçilik jähtde atany hem bir çetde goýasymyz gelenok, onuň öz ýeri bar. Ýöne çaga ene süýdi, mähriban ene hüwdüsi

Durmuş sapaklary

Durmuş bize köp zatlary öwredýär. Esasan-da, çaga terbiýesinde ene-mamalarymyzdan, gaýynenemizden öwrenenlerimiz bize durmuş sapagy, ýol-ýörelge bolup galýar. Bir gezek ýaňy dil bitenje oglumy gujagyma alyp: «Meniň saýrak bilbilim, dilleriňden aýlanaýyn!» diýip, söýgüläp oturanymy gaýynenem eşitdi. Şonda ol: «Gelin, çagaňy gowy görmelidir, olar seniň janyň-jigeriňdir. Ýöne ulular öýde wagty türkmeniň öňden gelýän edebi saklanmalydyr. Gaýynatanyň, gaýynenäniň ýanynda çagaňy ezizlemek gelşiksiz görülýändir. Özümiz-ä, elli ýaşdan geçýänçäk çagalarymyzyň adyny tutup, ýüzlendik. «Balam, oglum, gyzym» diýsek, daş-töweregimizdäkiler bir zat diýäýjek ýaly, öz-özümizden utanardyk. Öýüň ýaşululary bar wagty olaryň öňüne düşmezlik üçinmi ýa-da olara bolan sylagyň, hormatyň nyşany hökmündemi, şeýleräk hereket edilerdi» diýip, maşgalanyň inçelik bilen seljerilýän sapaklaryny sypaýylyk bilen düşündirdi. Şoldur-da-şoldur, ýaşulularyň ýok ýerinde-de çagalarymy söýgülemäge çekinerdim. Görlüp oturylsa, ol çekinjeňligem däl ýaly, her bir ýaş maşgalanyň biläýmeli zady—türkmen maşgalasyna mahsus edim-gylymlar, girim-çykymy. Indi özümiziň şol hereketlerimizi ýaş gelinlerde görenimizde-de, utanyp ýere bakanymyzy duýman galýarys. Dogry, her ýaşa görä hereket etmegiň hem öz gelşigi bar. Ýaşuly enelerimiziň agtykdyr çowluklaryny söýgüleýişleri, olary apalap, hüwdüleriň, goşgudyr gazallaryň üsti bilen ta

Içýaga dolanan bagyr kebaby

Gerekli önümler: 800 g sygryň bagry, 300 g içýag, bir bogdak gök arpabadyýan, sirke, duz, gara burç.

Limon şireli itburunly içgi

Gerekli önümler: 100 g itburun miwesi, 2 sany limon, 5 litr suw, 200—250 g şeker.

Goşa ganatym

Heniz uly gyz döwürlerim ejem jany her näçe söýýän hem bolsam enelik söýgüsiniň beýle keramatdygyny göz öňüme getirip bilmezdim. Ene bolmagyň nämedigini bilmek üçin hut özüň ene bolmaly eken. Eli galam tutýanlaryň ählisi ene hakynda ýazýandyr. Emma ene bolup, şol duýgyny başyndan geçirýän adam welin öz ýüregindäkini galam bilen aýan edip bilmez. Sebäbi, ene bolmak öz-özüňi tutuşlygyňa perzende bagyş etmek ahyryn. Hawa, bu söýgi diýseň üýtgeşik. Erkiňi elden, hökmürowanlygy gursakdan alýan bu ylahy duýgy çagalarym üçin näçe güýç sarp edýändigime garamazdan gün saýyn meni kuwwatlandyrýar. Uzynly günki zähmetden soň ojagyma dolanyp gelenimde aňyrdan ylgap gelip: «Ejem geldi» diýip, boýnumdan iki elini hem orap, mäkäm gujaklaýan ogullarymyň maňa bolan söýgüsi meni ukudan oýanan ýaly edýär. Şol pursat öz enedigime bolan guwanjymdan ýaňa kalbym ganat bekleýär. Ene bolmagyň iň uly bagtdygyna, şundan uly bagtyň ýokdugyna göz ýetirmek meniň ömrüme ömür goşýar.

Uýalar, dogan üçin siz-de seždegähsiňiz!

Uýa-aýal dogan hakynda az ýazylmady. Men hem az ýazmadym, şonuň üçin hem biz — döredijilik adamlary öz-özümizi gaýtalamakdan çekinip, göwnüme bolmasa, olary selçeň ýatlaýarys. Uýalar bolsa, ene bilen bir hatarda goýulýan mähribanlar. Uýa — aýal dogan hakynda gussaly gürrüň etmäge (durmuş bi, çagalykdan bile önüp-ösen, bir döwüm çöregi deň paýlaşan mähribanlary ýatlasaň, gussa batyrýan pursatlar hem bolýar) meýil ýok sende, derrew ýagşy ýatlamalary sere getiresim gelýär. Eger özüňden uly gyz doganyň bar bolsa, ýaşkiçi oglan hem bolsaň, öýde-de, mekdepde-de, hatda özbaşdak maşgalaly bolsaň hem özüňi bütin ömre hossarly diýip biläý.