"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Serhetçi zenanyň zähmet ýoly

Eneler hakynda gürrüň gozgalsa, şahyryň «Dünýäniň bar görki enedir ene» diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Çünki dünýäniň görkem, gözelligem, owadanlygam, umuman, gowulyklar diýlende ýada düşýän ähli ajaýyplyklar beýik mukaddeslikde — enede jemlenýär. Şonuň üçin ata Watanyň mukaddes topragy hem enä deňelýär. Watan mukaddesligine deňelýän mähribanlar edermen ýigitlerimiz bilen bir hatarda ene topragymyzyň goragyny üpjün etmekde hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň alyp barýan işleri ýatlanmaga mynasyp. Ömrüniň 25 ýylyny Watan goragyna bagyşlan, mähribanlygy, mähirliligi, adamkärçiligi bilen özüni tanadan Oguljan Pirgulyýewa hem 1965-nji ýylyň 10-njy fewralynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Seýdi geňeşliginde dünýä inýär. Ol 1972 — 1982-nji ýyllarda şol geňeşlikde ýerleşýän öňki Seýitnazar Seýdi adyndaky 3-nji orta mekdepde bilim alýar. Erjelligi, başarjaňlygy, höwesjeňligi bilen mugallymlaryna özüni aldyrmagy başaran Oguljan 1984-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gapysyndan ätleýär. Çagalykdan mugallymçylyk kärini arzuw edýän Oguljan iňlis dili we edebiýaty hünäri boýunça bilim alýar. 1989-njy ýylda ýokary okuw mekdebi üstünlikli tamamlap, göbek ganynyň daman ene topragynda zähmet ýoluna başlaýar. 1998-nji ýylda Oguljan gelneje ýanýoldaşynyň harby gullugy üçin etraplaryň birine gaýtmaly bolýar. Şol ýyl hem ol ka

Ata-ene perzent üçin görelde

Türkmen halky ýaş nesliň kemally, edepli, zähmetsöýer şahsyýet bolup ýetişmegi üçin olaryň terbiýe meselesine mydama çynlakaý çemeleşipdir. Perzent terbiýesi maşgaladan gözbaş alyp, ata-ene munda görelde mekdebidir. Olar öz perzentleriniň şahsy häsiýetlerini, güýmenjelerini, boş wagtlaryny nämä sarp edýändigini göz astynda saklamalydyr. Ata öz terbiýesinde mertlige, paýhasa ýugrulan dözümlilige ýykgyn edýär, jogapkärçilik, dogruçyllyk, lebzihalallyk ýaly häsiýetleri kemala getirýär. Ene ýüregi näzik hem syzgyr bolany üçin, çaga terbiýesinde edep-ekrama, maşgala agzalarynyň agzybirligine, öý-hojalyk işlerindäki borçlaryny öwretmeklige, özara sylag-hormatyň wajyplygyna ähmiýet berýär, perzendini zehinini açyp görkezmegine ugrukdyrýar. Perzendiň halal, adamkärçilikli, akylly, ylymly-bilimli, watansöýüji, sagdyn, il-halkyna wepaly adam bolup ýetişmegi üçin maşgalada ähli tagallalar edilmelidir. Munuň üçin ata-enäniň öz perzentlerine diňe asylly göreldesi bilen gowulykda nusga bolmagy zerurdyr. Haçan-da, perzendiň bilmezlikden bir ýakymsyzlyk edende, oňa ýalňyşyny düşündirmek, temmi hökmünde goşmaça ýumuş buýurmak ýa-da höwes bilen oýnaýan oýunlaryndan bellibir wagtlyk çetleşdirmek nädogrudyr. Munuň üçin çagaň bilen dost bolup, öwüt berseň, bu meselede kynçylyk bolmaz.

Lawaşly ertirlik

Gerekli önümler: • Ýumurtga;

Maşgala terbiýesinde milli ýörelgeler

Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak dӧwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwrüň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar. Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan sarpa, hormat uludyr. Bagtyýar maşgalalarda terbiýelenýän we kemala gelýän ýaş nesilde pederlerimiziň watansö

Orny ýüreklerde keşde

Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabyndaky: «Ejemiz — Ýerdäki örkümiz, Arşdaky umydymyz. Asmanda hem eneleriň alkyşy ganat ýaýyp durandaky ýaly, nuranalygyň bardygyny duýanyňda, şeýle pikir edýärsiň» diýen parasatly setirlerini tolgunman okamak mümkin däl. Ogulabat ejäniň ýüreklerimize siňen, gözlerimiziň öňünde duran nurana keşbinde türkmen gelin-gyzlarynyň asyllylygy, salyhatlylygy, mähremligi, agraslygy, sadalygy, maşgala ojagyna wepalylygy jemlenýär. Ene, sözüň doly manysynda, mukaddeslikdir. Ene özüniň çäksiz mähribanlygy bilen ýüreklerimiziň töründe hemişelik orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň köňül aýdymy bolup ýaňlanýan sözleri bilen aýdanymyzda: «Mähribanlyk bilen ynsana dünýäni söýmek duýgusy ornaýar. Ol duýgy eneden gaýdýar. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr. Bular bitewülikdir. «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr».

Maşgala — mukaddeslik

Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatyndaky taryhy çykyşynda: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen sözleri halkymyzyň göwünlerini galkyndyrdy. Halkymyz hemişe-de çagalary durmuşyň bezegi hasaplaýar. Olaryň bilim-terbiýesine, beden saglygyna aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigini ata-babalarymyzdan miras galan «Çaga — durmuşyň güli», «Çagaly öý — bazar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly onlarça nakyllardyr atalar sözleri hem tassyklaýar.

Maşgala mukaddesligine bagyşlandy

 Etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Maşgala mukaddesligini gorap saklalyň!” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdik.  Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, olarda halallyk, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen geçirilen çärede ajaýyp döwrümizde ata-babalarymyzdan miras gelýän asylly ýörelgelere, maşgala mukaddesliklerine  ygrarly ýaşlaryň kemala gelýändigi, olaryň ýurdumyzyň beýik ösüşlerine halal, arassa zähmetleri bilen mynasyp goşantlaryny goşýandyklary buýsanç bilen bellenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýdyldy.

Zenan mertebesini sarpalap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşymyza giňden ornaşmagy we nesilleriň berk bedenli, bilimli, päk ahlakly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler giň gerime eýe bolýar. «Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz ilatymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala gelmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe, sporty ösdürmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap şertlerde bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bolup ýetişmegini üpjün etmek, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda zenanlara belent sarpa goýulýar. Milli ýörelgämizde zenan mertebesi, hormaty hemişe ýokarydyr. Bu çuň manyly jümläniň özeninde türkmen zenanynyň edebi, mertebesi bardyr.

Ene — dünýäniň ebediligi

Men, köplenç, mährem käbämiň durmuş ýoly hakynda pikir edýärin. Käbämiň dürli döwürde düşen suratlaryny deňeşdirip görýärin. Olardaky tapawutlary ýyllar bilen däl-de, maşgala ojagyna siňdirilen yhlas bilen ölçemäge çalyşýaryn. ***

Edep mekdebi (durmuş pursatlary)

Ömri ýagşylyga ýaran bolup ýaşamak, terbiýeli bolup, özüňden soňky nesle görüm-görelde görkezmek enelerimiziň edep mekdebi bolup ykbalymyzda orun alýar. Eneler perzentlerine durmuşyň manysyny, ýagşy bilen ýamany tapawutlandyrmagy, mukaddesliklere sarpa goýmagy, ata-babalaryň döwletli ýörelgelerini dowam etdirmegi, maşgala gymmatlyklaryny, ahlak-edep düzgünlerini öwredýärler. Mährem enäniň öwüt-nesihatlary bilen kemala gelen adam öz durmuş ýolunda her bir täze işe ýapyşanynda, «ejem näme maslahat bererdikä, özi bolsa, nähili çözgüt tapardyka» diýip, oýa batanyny duýman galýandyr. * * *

Zeminiň zynaty ene

Biziň jemgyýetimizde eneleriň orny aýry. Olara goýulýan hormat-sylag gadymy milli ýörelgelerimizden gözbaş alyp, dowamata eýe bolýar. Eneler — hemişelik mekdep. Olar misli edep-ekram kitaby ýalydyr. Şonuň üçin olardan hemişe öwrenip ýörmeli. Biziň aşakdaky söhbedimiz hem mukaddes eneler hakynda.

Işjeň diňleýji boluň!

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryňdyr ylmy işleriň awtory, psiholog Ýuliýa Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Ça­ga ter­bi­ýe­sinde möhüm ugurlar

Her bir ata-ene ça­ga­la­ry­nyň ja­ny­nyň sag, akyl­ly, ter­bi­ýe­li, zäh­met­sö­ýer, Wa­ta­na we­pa­ly bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni is­le­ýär. Mu­nuň üçin ata-ene­le­riň öz­le­ri­niň hem ada­lat­ly, dog­ru­çyl, tu­tan­ýer­li, ja­nyp­keş, ta­lap­kär, ru­hy dün­ýä­le­ri­niň baý bol­ma­gy ze­rur­dyr, se­bä­bi ça­ga ata-ene­den gö­rel­de al­ýar. Ça­ga ter­bi­ýe­le­mek örän jo­gap­kär­li iş. Onuň üçin ýe­ter­lik tej­ri­be, te­bi­gy ukyp ge­rek­dir. Bu me­se­le­de sä­hel gow­şak­lyk, ge­leň­siz­lik edil­se, uly ýal­ňyş­lyk bo­lup bi­ler. Şo­nuň üçin ata-ene­ler ça­ga­ny kiçi ýaş­dan ter­bi­ýe­le­me­li­dir, oňat gö­rel­de gör­kez­me­li­dir.

Jemgyýetiň baş sütüni

Adamzat jemgyýetinde maşgalanyň orny örän wajyp hasaplanylýar. Çünki maşgala — jemgyýetiň ilkinji öýjügi, baş sütüni. Maşgala gurmak, nesil ýetişdirmek meselesine berilýän aýratyn ähmiýet hem halkymyzyň maşgala gymmatlygyna goýýan aýratyn sarpasyny açyp görkezýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýip, juda parasatly belleýär. Maşgala agzybirligi maşgala agzalarynyň birek-birege hormat-sarpasy, söýgüsi bilen berkeýär. Çagalaryň ata-enä hormaty agzybirlik merdiwanynyň ilkinji hem-de esasy basgançaklary hasaplanylýar. Türkmeniň ulyny sylamak, kiçini söýmek däbiniň çuňňur köklerini ölçerip otursaň, agzybirlige, maşgala gymmatlygyna baryp direýär. Şeýle bolansoň, ata-enäniň hormaty ýaş nesillere hemişe ündelip gelinýär.

Maşgala bagtynyň syry

«Maşgala» diýen düşünje gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň iň gymmatly mukaddeslikleriniň biri hasap edilip, oňa jemgyýetiň «sütüni», baýlygy, her bir ynsanyň howandary, sarsmaz, berk galasy hökmünde seredilip gelnipdir. Bu düşünjäni aňladýan sözüň gelip çykyşynyň «baş gala» diýen jümle bilen baglanyşykly bolmagy hem tötänden däldir. Jemgyýet aýry-aýry maşgalalardan durýar. Jemgyýetiň sagdynlygy maşgala, maşgalanyň sagdynlygy bolsa ony emele getirýän adamlara bagly. Jemgyýetiň ösüşine mynasyp goşant goşýan, ahlak, ruhy, beden taýdan sagdyn şahsyýetleriň kemala gelmeginde maşgala gatnaşyklary uly ähmiýete eýe bolup durýar. Geljekki maşgala gatnaşyklarynyň nähili boljakdygy, esasan, maşgala gurmagy niýet edinýän ýaşlaryň özlerine bagly bolup durýar. Galyberse-de, maşgala gurmagyň näme üçin zerurlygyna düşünmeli.

DEGMÄŇ GYZYŇ GÖWNÜNE

Saýrasa taý guşlara, Ynjany-da aýandyr.

...Adam söýülsin

Beýik söz ussady Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynda barlyga aşyklyk bilen birlikde adamy söýmek ündelýär. Ynsan mertebesiniň mukaddesligi, ömrüniň gymmatlygy, ýaşaýyş pelsepesi we bakylyk baradaky düşünjeler şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Adamyň pikirlenmek bilen adatylykdan kämillik derejesine göterilmäge ukyplydygyny düşündirýär. Şonuň üçin belent mertebeli adam ömrüni — beýik ýaşaýşy halas etmegiň zerurlygyny öwran-öwran gaýtalaýar. Şahyryň baş maksady dünýäniň derdini ýeňletmek, pelsepeçiniň pikir-garaýyşlarynyň özenini adam we onuň durmuşy dogrusyndaky düşünjeler düzýär. Külli ynsanyň we tutuş barlygyň biri-biri bilen baglanyşygy, bitewüligi barada çeper aňlatmalar arkaly çuňňur pikir ýöredilýär. Goşgulardaky indiwidual meňzetmeler we metaforalar şahyryň ussatlygyny görkezýär. Ene tebigat ýazyna ýaşyl öwsen baglary, gyşyna ala garly daglary bilen tämizdir. Saryja tomsy, zerbap donly güýzi bilen kämildir. Dünýä dört pasylda diýseň gözel görünýär. Pikir kylsaň, bu gözelligiň bary adam üçin. Ýaşaýyş gözel, durmuş ajaýyp, emma bu owadan barlyga ýöne guwanmak ýeterlik däldir. Işiň iň haýyrlysy, kyn hem bolsa, adamy söýmekdir. Bu babatda pelsepeçi şahyr şeýle pikir ýöredýär:

Öý-ojak milletiň jebislik mekdebi

Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty halkymyzyň maşgala däplerini nesilleriň mynasyp dowam etdirmeklerine gönükdirilendir. Türkmen maşgalasynyň öz aýratynlyklary bar. Türkmen maşgalasy barada gürrüň edilende, türkmen zenanyny, gyz-gelinlerini wasp etmezlik mümkin däl. Sebäbi türkmen ojagynyň agzybirliginiň, maşgala mukaddesliginiň esasy goragçylary bolan türkmen zenanlaryna aýratyn uly hormat degişlidir. Zenan — edep hazynasy. Zenan mukaddesliginiň iň ýokary derejesi ene mukaddesligidir. Maşgalanyň çaga terbiýesinde enäniň orny uly. Olar öýüň hojalyk işleri bilen bir hatarda, ýaş gyzlara milli hünärleri öwredip, nesilden-nesle geçirip, biziň şu günlerimize ýetiripdirler. Bu gün biziň milletimiziň kalby, buýsanjy hasaplanýan halylarymyz, hiç bir döwürde-de ýitmejek beýik sungat hökmünde dünýä ýüzüne äşgärdir. Her bir gölünde milletimiziň taryhy ussatlyk bilen beýan edilýän türkmen halysy — uly sungat.

Ejesiniň kömekçi gyzy

Göwherjik her gün mekdepden gelip, okuwda berlen ýumuşlaryny dynandan soň, otaglaryň içini syryp-süpürip, gül pürkülen ýaly edýärdi. Gyzjagaz muny endigine öwürdi. Eline sübse alyp, otaglary ýeke-ýeke syryp geçmese, misli onuň kanagaty ýetmeýän ýalydy. Işden aryp gelen ejesi bolsa munuň üçin işeňňir gyzynyň her gün tarypyny ýetirerdi. Käbesini begendirip bilýänine Göwherjik guş bolup uçaýsam diýýärdi. Ýöne... günleriň bir güni... Hawa, şol gün Göwherjigiň kakasy eline äpet gutyny alyp geldi. Otagyň içine girenden maşgalanyň agzalarynyň ählisi Göwherjigiň kakasynyň daşyna üýşdüler. Gutynyň içinde näme baryny bilmek islegi hemmeleri gyzyklandyrýardy. Haçanda gutynyň owadan gaby açylanda, Göwherjigiň keýpi gaçdy. Sebäbi kakasy tozan sorujy satyn alan eken.

Asylly terbiýäniň ähmiýeti

Ýaş ne­sil­le­riň mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gi aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Şun­da ýaş­lar wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ene di­li­mi­ze, nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­za be­lent sar­pa ru­hun­da ter­bi­ýe­len­ýär. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler gö­rel­de bi­len, öwüt-ün­dew bi­len ne­sil­le­riň aňy­na gu­ýul­ýar. Esa­san hem, ga­dym­dan gel­ýän na­kyl­la­ryň üs­ti bi­len ne­sil ter­bi­ýe­le­mek örän tä­sir­li­dir. Ýaş­la­ra na­kyl­la­ry aý­dyp ber­mek bi­len, olar­da pä­him­li söz­le­re, ene di­li­mi­ze be­lent sar­pa­ny hem ter­bi­ýe­le­mek müm­kin. Ata-ba­ba­la­ry­myz «Edep ba­şy — dil» di­ýen pä­hi­miň üs­ti bi­len pä­him­li söz­le­riň äh­mi­ýe­ti­niň has-da tä­sir­li­di­gi­ni bel­läp­dir­ler. Edep-ter­bi­ýe­de me­de­ni­ýet­li söz­le­ýiş aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şo­nuň üçin hem ýaş ne­sil­le­re nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zyň eser­le­ri­ni, na­kyl­la­ry, halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri­ni okat­mak, öw­ret­mek ze­rur äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýa­ly ze­hin­li şa­hy­ry ter­bi­ýe­län Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň «Wag­zy-Azat» ese­ri­ni aý­ra­tyn bel­lä­si­miz gel­ýär. Bu aja­ýyp eser­de ýaş ne­sil­ler üçin gym­mat­ly ter­bi­ýe mek­de­bi bar. Bu ki­tap tu­tuş­ly­gy­na il-gü­nüň ar­zuw hy­ýal­la­ry esa­syn­da, halk dö­re­di­ji­li­gin­den, dur­muş wa­ka­la­ryn­dan ýer­lik­li peý­da­la­nyp dö­re­di­len eser­dir. Bu eser­de esa­sy mak­sat hal­kyň ru­hu­ny gal­kyn­dyr­ma