Ýurdumyzyň lukmançylyk diplomatiýasy
Biziň Watanymyzda il saglygy — ýurt baýlygy saýylýar. Adamyň ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygy Konstitusiýamyzda hem berkidilendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryny dowamata öwürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarynyň ýurdumyzda taglymat derejesine göterilmegi-de adama goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanydyr. Şu ýörelgelerden ugur alyp, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, jemgyýetimiziň aň-bilim binýadyny pugtalandyrmak, ylymly-bilimli sagdyn nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş kadalaryny işjeňleşdirmek babatynda ummasyz işler amala aşyrylýar. Ata Watanymyz dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmek bilen, sport äleminde uly abraýa eýe bolan ýurt hökmünde hem giňden tanalýar. Gysga döwürde giň gerimli sport özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylyp, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda döwrebap sport desgalary, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlary, sport mekdepleri, atçylyk-sport toplumlary, sport meýdançalary guruldy we gurulýar. Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda döwlet syýasaty tarapyndan ileri sürlen esasy ugurlaryň biri ynsan saglygyna g