"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

­Sagdynlygyň gözbaşy

Saglyk ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyklaryň biridir. Şonuň üçin hem saglygymyzy goramaga, möwsümleýin keselleriň öňüni almaga üns bermelidir. Ýiti respirator ýokançlary, adatça, möwsümleýin, şonuň ýaly-da, adamlaryň üýşýän ýerlerinde has ýygy ýüze çykýar. Möwsümleýin keseller, esasan, çagalarda, gartaşan adamlarda, immun ýetmezçiliginiň dürli görnüşleri sebäpli, şeýle-de bronhlar — öýken, böwrek, süýji, ýürek-damar keselleri bilen kesellän adamlarda ýokary derejede bolýar.

Saglyk üçin peýdaly maslahatlar

— Gyş paslynda ýüze çykýan ýiti respirator wirusly kesellerden habardar boluň. — Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň.

“Il saglygy – ýurt baýlygy”

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak diýmekdir, sagdyn nesliň dünýä inmegini üpjün etmek diýmekdir, umuman sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, beden we ruhy, sosial we durmuş, ruhy we medeni taýdan bagtyýar, döwletli, atly-abraýly ýaşamak diýmek bolup durýar.

Zyýanly endiklerden gaça duralyň!

Saglyk adamyň bahasyna ýetip bolmaýan baş baýlygydyr. Ony gorap saklamak her bir adamyň özüne baglydyr. Sagdyn adamdan sagdyn nesiller, olardan hem sagdyn jemgyýet döreýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi kadaly iýmitlenmekden, zyýanly endiklerden gaça durmakdan, sport bilen meşgullanmakdan, wagtyňy peýdaly zatlara sarp etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da berk ornaşdyrmak, sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler halkymyzyň saglygyny goramak hem-de berkitmek babatda taýsyz tagallalaryň edilýändigini görkezýär.

Dabaraly maslahat geçirildi

«Farap» şypahanasynda şanly ýylymyzyň şygaryna bagyşlanylyp dabaraly maslahat geçirildi. «Akyldaryň edebi mirasy — ruhy dünýämiziň baýlygy» diýen at bilen guralan maslahata il sylagly ýaşulular, ilkinji partiýa guramamyzyň agzalary, lukmanlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda dana şahyrymyzyň şygyrlarynda öňe sürülýän sagdynlyk, arassa ahlaklylyk, dostluk dogrusyndaky pikirlere aýratyn ýüzlenildi. Türkmen edebiýaty, ruhy gymmatlyklarymyz, milliligimiziň dowam etdirilişi dogrusynda edilen täsirli söhbetler etrabymyzyň medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar şypahananyň lukmanlarynyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri boýunça taýýarlan sergisini synladylar.

Gyş pas­lyn­da möw­süm­le­ýin ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak üçin peý­da­ly mas­la­hat­lar

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024 — Gyş pas­lyn­da möw­süm­le­ýin ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak üçin şah­sy aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­me­li.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin...

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli; Pasla görä geýinmeli;

Kadaly iýmitlenmek — sagdynlygyň gözbaşy

Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmek bilen baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagdynlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş we täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär. Uglewodlar adamyň bedeninde madda çalşygyny kadalaşdyrýar, güýç-gaýrat, ýylylyk çeşmesi bolup durýar. Ýag beloga, uglewoda garanyňda, ýylylygy iki esseden hem gowrak bölüp çykarýar. Adamyň bedeninde suw, duz, witaminler, mikroelementler ösüşi, madda hem suw-duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almaly. Günüň dowamynda dört-bäş gezek dürli naharlardan az-azdan naharlanmaly we gapdalyndan gök önümler, miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse has-da haýyrlydyr. Naharlanylanda howlukman, oňat çeýnelip ýuwdylsa, has gowy. Aşgazan mäzleriniň çykarýan şiresiniň zerur jisimleri işläp taýýarlaýşy bozulmaz ýaly, nahar wagty iş-aladalary unutmaly. Çaýy nahardan ýarym sagat geçenden soň içmeli. Nahardan soň bir sagada golaý açyk howada, aýratyn hem agşamlyk gezim edilse, naharyň siňmegine ýardam edýär. Nädogry naharlanmak, ýagny köp iýmek ýa-da doýmazlyk, lukmana sala salman horlanmak, aç gezmek, gyzgyn ýa-da gaty, sowuk zatlary iýip-içmek bedende madda çalşygynyň bozulmagyna, umumy ý

Çişik kökli söwdek

Häsiýeti. Dagetek derman ösümligi. Çişik kökli söwdek — söwdekler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15–25 sm köpýyllyk otjumak wekili. Ösümlik kök çykyntgysyz. Köki inçe, dik, kluben şekilli kütüleşen. Gülbaly ýarym aý şekilli, käte kekeçli, gysga 3–5 şahjagazly. Gozajygy togalak çaňňalakly.

Soraň, jogap berýäris

Degişli hünärmenler bilen maslahatlaşmaly «Men 44 ýaşymda. Boýun we döş oňurgam, aýak üstünde köp duranymda bolsa bil oňurgam hem güýçli agyrýar. Kellämde güýçli agyry bar, gan basyşym, pulsum pes. Gijelerine rahat uklap bilemok, köp basyrganýaryn, dişlerimi çalýaryn, işe ukybym, hereket etmäge islegim ýok. Üstesine, iýenim siňenok, içim ýellenýär, gataýar. Barlaglar mende B gepatitiniň, osteohondrozyň, protruziýanyň, inginiň, gaýmoritiň bardygyny, ýürekde we kelle beýnisinde ganaýlanyşyň peselendigini görkezdi. Bu keselleri bejertmek üçin maňa maslahat beriň».

Öýken sowuklamasy

Pnewmoniýa — öýken sowuklamasy, bu ýokançlar (köplenç bakteriýalar) sebäpli döreýän, öýkeniň dokumasynyň ojaklaýyn ýiti alawlamasydyr. Soňky ýyllarda pnewmoniýanyň dürli kesel dörediji ýokanç mikroorganizmleriň dem alyş ýollaryna aralaşmagynda ýüze çykýandygy anyklanylýar. Esasan-da, keseliň döremegine dowamly üşemeklik, çilimkeşlik, gipoksiýa ýagdaýlary, gan azlyk, yzygider aşa ýadamaklyk, bronhlaryň ýiti we dowamly sowuklamasy we başga ýagdaýlar itergi berýär. Kesel dörediji ýokançlar öýken dokumasyna bedende bar bolan ýokanç ojaklaryndan ganaýlanyşygynyň üsti bilen, howa damja ýoly bilen, şeýle-de döş kapasasynyň şikeslenmegi netijesinde aralaşyp bilýär.

Zob nähili kesel?

Galkan şekilli mäziň ulalmagy, uly ölçegde boýnuň öň tarapynda açyk-aýdyň bildirip durmagy «zob» diýlip atlandyrylýar. Agzanyň ölçeginiň ulalmagynyň sebäbine düşünmek üçin ilki bilen onuň bedende nähili funksiýany ýerine ýetirýändigini ýatlap geçmek zerurdyr. Galkan şekilli mäz ähli beden agzalarynyň we ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegine itergi berýän tiroksin, triýodtironin gormonlaryny, kalsiý mikroelementiniň alyş-çalşynyň kadaly bolup geçmegine ýardam edýän kalsitonin gormonyny öndürýär. Galkan şekilli mäz bu gormonlarynyň üsti bilen agzalaryň, dokumalaryň kemala gelmegini, ösmegini, kadaly ýagdaýda işlemegini üpjün etmäge gatnaşýar, bedende bolup geçýän alyş-çalyş hadysalaryny sazlaşdyrýar, myşsalaryň, ýüregiň, kelle beýnisiniň işini goldaýar. Beýleki içki sekresiýa mäzleri, daşky gurşawyň temperaturasy, emosional we fiziki gyjyndyryjylar gormonlaryň öndürilişine uly täsir edýär. Ýöne tiroksin we triýodtironin gormonlarynyň kadaly ýagdaýda emele gelmegi üçin ilkinji nobatda tirozin turşusy, aýratyn hem ýod zerur gerekdir. Bedende ýod talap edilýän mukdarda saklanmaýan ýagdaýlarda tiroksin we triýodtironin gormonlarynyň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Muňa jogap hökmünde galkan şekilli mäziň öwezini dolujy (kompensirleýji) ulalmasy başlanýar. Bu ýagdaý galkan şekilli mäziň işjeňliginiň dürli bozulmalary bilen utgaşyp gelip bilýär.

Ýassygy tirsekläp çaý içmek ýakymly, ýöne...

Naharyny edinen dessine ýassygy tirsekläp, çäýnegi öňüne çekmek erkek adamlarda mahsus endik. Ýöne gyşaryp çaý içmek olaryň hemmesi üçin ýakymly bolup duranok. Döş töweregi ýanyp barýan ýaly duýgynyň döremegi, gyzýan agyrynyň sepirjek töweregine ýaýrap, boýna bermegi çaýyň lezzetini gaçyrýar. Halk köpçüliginiň arasynda «sary gaýnama» diýlip atlandyrylýan bu ýagdaý iýip-içenden soň gyşarýan, ýatýan adamlaryň hem käbirine tanyşdyr. Sary gaýnama gastroezofageal reflýuks keseliniň (GERK) köp duş gelýän alamaty bolup durýar.

Ýürek-damar keselleri barada 9 pikir

Ýygy duş gelýän ýürek-damar keselleri barada bilýärsiňizmi? Ýürek keseliniň diňe ýaşuly nesilde ýa-da ýagly, gowrulan iýmit gowy görýän adamlarda döräp biljekdigine ynanýansyňyz, şeýlemi? Gynansak-da, hakykat şeýledir: ýürek keseli islendik ýaşdaky we islendik jynsdaky adamlarda döräp biler.

Deri näme üçin reňksizlenýär?

Žurnalist Narjan Kasymowa Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň deri we weneriki keseller kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Kemal Gudratullaýew bilen dünýäde giňden ýaýran kesel — witiligo barada söhbetdeş boldy. — Deriniň reňksizlenmegi nähili bolup geçýär?

Ýeralma

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eserinde bellenişi ýaly, ýeralmany beýleki gök önümlerden tapawutlandyrýan käbir aýratynlyklary bardyr. Dünýä bilermenleriniň pikirine görä: birinjiden, ýeralmanyň düzüminde esasy iýmitlendiriji maddalar: beloklar, ýaglar, uglewodlar beden üçin amatly, oňaýly, peýdaly, talap edilýän gatnaşykda saklanýar. Ikinjiden, peýdaly maddalaryň käbir görnüşlerine onçakly baý bolmasa-da, ýeralmanyň düzümi ýokary biologiki gymmatlykly elementlerden ybaratdyr. Meselem, onuň beloklarynyň düzüminde saglyk üçin zerur gerek bolan we seýrek duş gelýän aminoturşular bardyr. Ýeralmada kletçatkalar hem saklanýar. Şeýle-de bolsa, onuň krahmaly (aşgazanda doly özleşmeýändigine seretmezden) içegeler üçin örän peýdalydyr. Peýdaly bakteriýalar olary böleklere bölüp dargadýarlar we ýangyç hökmünde peýdalanýarlar. Munuň özi içegäniň mikroflorasynyň sagdynlygyny saklamaga ýardam edýär. Ýeralmanyň krahmalyndaky aminoturşular bagry «erbet» holesterinden arassalaýar.

Döreme howply görnüşe geçmänkä...

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa howply däl täze döremeleriň bir görnüşi bolan polip barada Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň umumy onkologiýa bölüminiň uly ylmy işgäri Salimberdi Ermetow bilen söhbetdeş boldy. — Ilki bilen polip barada umumy düşünje berýän maglumatlar bilen tanyşdyrsaňyz...

Ysgynsyzlyk nämäniň alamaty?

Şeýle ýagdaý uly ýaşly adamlaryň arasynda tanyşdyr: el-aýaklaryň güýji birdenkä ýa-da kem-kemden gowşaýar. Aýaklar «gurşun guýlan» ýaly agralýar. Eller hatda käsäni tutmaga-da ysgynsyz bolýar. Bu ýagdaý myşsalaryň gowşandygyny duýdurýar. Ilki bilen myşsa gowşaklygynyň islendik bir adamda duş gelip bilýändigini aýtmaly. Sagdyn adamda bu alamatyň ýüze çykmagyna kaliý mikroelementiniň ýetmezçiligi sebäp bolup bilýär. Bu ýagdaýda myşsa gowşaklygy arterial gan basyşynyň peselmegi, ýürek ritminiň bozulmagy bilen utgaşýar. Myşsalaryň gowşaklygy içegäniň tolkun görnüşli ýygrylmasy (peristaltika) bökdelmegine getirýär. Munuň netijesinde ýürek bulanma, iç gatama ýüze çykýar. Peşewhaltanyň diwarjyklarynyň tonusynyň peselmegi mümkin.

Baýramaly şypahanasynyň tebigy aýratynlygy

Hormatly Prezidentimiziň «Adam we onuň saglygy döwletiň iň gymmatly baýlygydyr» diýen baş ýörelgesine eýerilip, häzirki döwürde ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almakda şypahana bejergisi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanylýar. Şu günki gün ýurdumyzda birnäçe şypahanalar hereket edýär. Olar ýylyň dört paslynda-da köp adamly. Adamlaryň saglygy barada döwlet derejesinde edilýän aladalaryň esasynda Baýramaly, Awaza, Arçman, Farap, Mollagara, Berzeňňi, Daşoguz, Bagabat, Ýyly suw şypahanalary dünýä ülňülerine gabat gelýän anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Şypahanalarda tebigy melhemler bilen häzirki zaman lukmançylygynyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak arkaly raýatlara berilýän şypalar öz öňyn netijesini berýär. Melhemler mekany bolan ýurdumyzyň ajaýyp şypahanalarynyň amatly howa şertleri, Gün şöhlesi, mineral suwlary, gözel tebigaty hem-de bejeriş usullary saglygyňy berkitmekde örän täsirlidir.

Maşklaryň saglyga täsiri

Adamyň saglygyny berkitmekde, fiziki ösüşinde, keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. XX asyryň birinji ýarymyna çenli adamlaryň ýaşaýşynda fiziki iş uly orun tutýardy. Soňky döwürde tehnikanyň güýçli depgin bilen ösmegi we önümçiligiň mehanizasiýalaşdyrylmagy fiziki işjeňlige öz täsirini ýetirýär. Az hereket edilmegi (gipodinaniýa) netijesinde adam bedeninde dürli üýtgemeler bolup geçýär: ganaýlanyş peselýär, myşsa dartgynlylygynyň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Ulular bilen deňeşdireniňde çagalarda we ýetginjeklerde gipodinamiýa aňyň hem-de bedeniň ösüşinde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.