"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglygymyz öz elimizde!

Saglyga gönükdirilen asylly başlangyçlar

Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle işleriň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde has-da kämilleşýär. Munuň şeýledigini golaýda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi hem tassyklaýar. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin

Sagdyn durmuşyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar, halkara gatnaşyklarynda möhüm ädimler ädilýär. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň ähli babatda iri halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolýandygyny äşgär edýär. Has takygy, 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri eziz Diýarymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçilýär. Ylaýta-da, bu günde ýurdumyzyň ähli künjeginde welosipedli ýörişler geçirilýär. Watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda guralýan welosipedli ýörişleriň ynsan saglygyna örän täsirlidigini, welosipedli gezelenç etmegiň ynsanyň şähdini açýandygyny, ruhuny göterýändigini aýratyn nygtamak gerek. Ýakynda, şeýle dabaraly senäniň şowhuny al-asmana göterilip, dürli ýerlerde welosipedli ýörişler, aýdym-sazly çäreler guralar. Biz hem bu senäniň ýokary guramaçylykly geçmeginde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

31-nji maý — Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni

Saglyk — başymyzyň täji Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adam hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ynsan saglygyny goramak we dikeltmek hakynda yzygiderli alada edilýär. Bu aladalar bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryndan gözbaş alýar.

Saglygy goramakda peýdaly maslahatlar

♦Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ♦Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar

31-nji maý Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş günüdir Çilim çekmek adam saglygy üçin zyýanly endikleriň biridir. Alymlaryň tassyklamagyna görä, temmäkiniň tüssesiniň düzüminde dört müňe golaý himiki madda bolup, olar adam bedeni üçin örän zyýanlydyr. Yzygider çilim çekýän adamyň dem alşy ýygylaşýar, gan basyşy ýokarlanýar, gan damarlary gysylyp, içki agzalara we beýnä barýan ganyň mukdary azalýar, gan damarlary gatap, ateroskleroz emele gelýär, infarktyň, insultyň döremegine sebäp bolýar. Köp çilim çekýän adamlarda gaharjaňlyk, ukusyzlyk döreýär, ünsi we ýatkeşligi kütelýär, dişleri saralýar, süňkleri gowşaýar, osteoporoz ýüze çykýar. Çilim çekende, adam diňe bir özüni däl, eýsem, töweregindäkileri hem zäherleýär.

Sagdyn nesiller — sagdyn jemgyýetiň daýanjy

Ýaş nesiller islendik ýurduň geljegi hasaplanýar. Sagdyn, zehinli, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösen çagalary kemala getirmek meselesi sagdyn jemgyýeti gurmak bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz eneligi we çagalygy goramak wezipesini durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Täze taryhy döwürde bu ugurdaky işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, has-da rowaçlyklara beslenýär. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa bolsa bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär. Ilatyň, şol sanda enelerdir çagalaryň kesellemek derejesiniň ep-esli peselmegi, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagy saglygy goraýyş ulgamynda täzeçe çemeleşmeleriň döremegine we onuň düýpli özgerdilmegine mümkinçilik beren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Maksatnamanyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzda bejeriş-anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berildi. Bu bolsa ilatyň saglygyny goramak boýunça işleri has ýokary derejä çykarmaga giň mümkinçilikleri açdy. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak babatda Gahryman Arkadagymyzyň başl

Sagdyn jemgyýetiň esasy

Öz nesillerini nurana geljege deňän pähimli pederlerimiz her bir maşgalada kemala gelýän çagalaryň uly aladalar bilen gurşalmagy, olaryň sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilmeginiň tarapdarlary bolupdyrlar. Munuň şeýledigine biziň şu günlerimizde hem çagalar bilen baglanyşykly dowam etdirilýän milli däp-dessurlar, ýörelgeler, durmuşa geçirilýän beýik işler aýdyň güwä geçýär. Çünki çaga — durmuşyň bezegi, adamzadyň dowamaty. Şoňa görä-de, «Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet» diýen gyzyldan gymmatly ýörelge her bir maşgalada giň mana eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden durmuşa ornaşdyrylýan eýýamydyr. Geljegimiz bolan çagalaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp kemala gelmekleri sagdyn jemgyýetiň esasydyr. Şundan ugur alyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralary, sport desgalary guruldy we bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Sagdynlyk — gözellik

Nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup kemala gelmegine aýratyn ähmiýet beren ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek giň gerime eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş gününi görkezmek bolar. Bu sene her ýylyň 31-nji maýynda dünýä ýüzünde giňden bellenilip geçilýär we şol gün Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan temmäkä garşy göreşmek boýunça birnäçe çäreler guralýar.

Zyýanly endiklerden daşda duruň!

Hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň ählisi öz halkynyň bolelin, eşretli, asuda durmuşda ýaşamagyna, ýaşlaryň ylymly, bilimli, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmegine gönükdirilendir.Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, zyýanly endiklere garşy göreşmekde giň gerimli wagyz-nesihat işleri amala aşyrylýar. Her ýylyň maý aýynda ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça giň möçberli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Temmäki we temmäki önümlerini ulanmak dünýäde giňden ýaýran zyýanly endikleriň biridir. Bu zyýanly endik howply kesellere eltýär. Nikotin aňsatlyk bilen gana geçýän, dürli agzalarda ýygnanyp, dowamly keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýan güýçli zäherdir. Ol gan basyşynyň ýokarlanmagyna, ýüregiň çalt urmagyna getirýär. Netijede, ýürekde kislorod ýetmezçiligi ýüze çykýar. Nikotin adamyň iýmit siňdiriş ulgamyna hem uly zyýan ýetirýär.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si jem­gy­ýet­de

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri ýur­du­myz­da sag­dyn jem­gy­ýe­ti bin­ýat et­me­giň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne uýup, ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş­da dur­ma­gyň her bir maş­ga­la­da, her bir öý­de ile­ri tu­tul­ýan mu­kad­des­lik­le­re öw­rül­me­gi­niň eý­ýa­my bo­lup dur­mu­şy­my­za or­naş­ýar. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan il-ýurt, döw­let bäh­bit­li iş­ler aja­ýyp ne­ti­je­le­ri­ni be­rip, ila­tyň dür­li ýaş­da­ky, dür­li hü­när­dä­ki gat­lak­la­ry­nyň spor­ty, be­den­ter­bi­ýä­ni özü­ne gün­de­lik hem­ra edin­me­gi aý­dyň gör­ke­zi­ji­ler bi­len dün­ýä aýan bol­ýar.

Sagdyn nesil — ýurdumyzyň baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Çagalar mähriban Watanymyzyň buýsanjy we guwanjydyr. Güneşli Diýarymyzda tomus paslynyň ilkinji gününde Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. 1-nji iýun çagalar üçin diňe bir şatlykly baýramçylyklaryň biri bolman, eýsem, olaryň hemişe goraglylygyny, mähir bilen gurşalmagyny we ulularyň olar barada jogapkärçilik duýmalydygyny ýatladýan seneleriň biridir. Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda, şäherdir obalarda gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zamanyň ähli talaplaryna laýyk gelýän çagalar baglary, orta bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepler, sport desgalary ýaş neslimiziň hyzmatynda.

Sagdyn nesil — sagdyn geljek

22-nji maýda paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň bu meşhur kompaniýasynyň şeýle görnüşdäki täze enjamlary şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda döredilen bu gazna ugurdaş edaralara hemmetaraplaýyn kömek bermek bilen, ýaş nesliň saglygyny goramak üçin uly işleri alyp barýar.

Sagdyn nesil — röwşen geljegiň kepili

22-nji maýda paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň bu meşhur kompaniýasynyň şeýle görnüşdäki täze enjamlary şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda döredilen bu gazna ugurdaş edaralara hemmetaraplaýyn kömek bermek bilen, ýaş nesliň saglygyny goramak üçin uly işleri alyp barýar. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary sowgat berildi. Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat hökmünde gowşuryldy. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan, edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň hem-de welaýatl

Temmäkiniň zyýanly täsirleri

Çilim çekýän adam temmäkiniň tüssesi bilen birlikde, nikotini, sinol kislotasyny, kömürturşy gazyny, myşýagy we şuňa meňzeş birnäçe saglyk üçin zyýanly maddalary öz bedenine dartýar. Olaryň ýanan, çilim süzgüjinde saklananyndan galan birnäçe göterimi öýkeniň üsti bilen adamyň bedenine düşýär we zäherleýär. Çilim çekýänleriň aglabasy dowamly bronhide hem-de öýkeniň howply çiş kesellerine ýolugýarlar. Ýürek-damar ulgamynyň keselleri bilen keselleýänleriň sany, çilim çekmeýänlere garanyňda, çilim çekýänlerde has köpdür.

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdunda

Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek, raýatlaryň işjeň durmuşyny üpjün etmek we daşky gurşawa aýawly garamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak we raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrundaky başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleriniň, pyýada, welosipedli ýörişleriň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi halkyň saglygyny we bagtyýarlygyny goramaga, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Biziň etrabymyzda hem golaýlap gelýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek çärelere giňden taýýarlyk görülýär. Çünki bedenterbiýe we sport ynsan saglygyny goramagyň, mümkinçiliklerini doly açmagyň wajyp şertidir. Ýurdumyzda ähli ýaşdaky we dürli hünärdäki ildeşlerimizi birleşdirýän şeýle köpçülikleýin çäreleriň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetde ruhubelentlik, sagdynlyk, işjeňlik hereketlerini berkarar edýär. Welosipedli ýörişleriň ýygy-ýygydan geçirilmegi bolsa häzirkizaman dünýäsinde ekologiýa bilen bagly meseleleriň möhüm we oňyn çözgüdini tapmakda uly ähmiýete eýedir.

Saglygyň gadryny bilgil...

Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde belli bir az wagtlyk meşgullanyň.Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň.Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň.Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan saklanyň, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň.Lukman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içiň.Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Sagdyn we bagtyýar çagalar — Watanymyzyň beýik geljeginiň kepili

Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesli sazlaşykly terbiýeläp ýetişdirmek türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa” bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär. Köp sanly milli maksatnamalardyr taslamalar ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak bilen bagly meseleleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Olar ilata hil taýdan täze, ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam etmelidir.

Sagdyn we bagtyýar çagalar — Watanymyzyň beýik geljeginiň kepili

Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesli sazlaşykly terbiýeläp ýetişdirmek türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa” bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär. Köp sanly milli maksatnamalardyr taslamalar ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak bilen bagly meseleleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Olar ilata hil taýdan täze, ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam etmelidir.

Sahawat serpaýy

Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri giň gerimde alnyp barylýar. Onuň netijesinde, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolan wagtynda etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etdi we olar häzirki wagtda halkymyza hyzmat edýär. Gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen, täze dik uçarlary we Mary welaýat çagalar hassahanasyna emeli dem beriş we fiziologiýa gözegçilik monitorynyň sowgat berilmegi bu işleriň üstüni ýetirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Pemberton usuly boýunça ortopedik operasiýalary ýerine ýetirmek üçin zerur enjamlar toplumynyň sowgat berilmegi bu usul arkaly hirurgik bejeriş operasiýalaryny ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň lukmançylyk amalyna ornaşdyrmaga ýardam etdi. Sebäbi zerur bolan enjamlar toplumynyň kömegi bilen ortopediýa ugry boýunça dürli çylşyrymly amallary ýerine ýetirmek üçin oňaýly şertler döredildi.