Çagalar sagaldyş merkezleri gujagyny giňden açýar
«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Tomus paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsümine çykdylar. Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň okuw ýylyny tamamlap, tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly, şadyýan we peýdaly geçirmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Şu ýyl hem iýun aýynyň başlanmagy bilen, belent daglaryň jülgesinde ýerleşýän Gökderede, dünýä meşhur «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem sebitlerimizdäki döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde ýatdan çykmajak pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Gökderede, welaýatlarda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň birinji tapgyry baýramçylyk nygmatlary we şowhunly çäreler bilen mähirli garşylanyldy. Türkmen halk ertekileriniň, rowaýatlaryň gahrymanlarynyň lybaslaryny geýnen mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly dabaraly ýörişi ähli sagaldyş merkezlerini gurşap aldy.