"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Syrdam syratyň syry

Uzyn boýly, syrdam syratly adam hemişe-de daş-töweregindäkileriň höwesli nazaryny özüne çekýär. Her bir ata-ene öz çagasynyň boýuna-syratyna guwanmagyň arzuwynda ýaşaýar. Dana Magtymguly atamyz hem özüniň «Boýlaryňa» atly goşgusynda: Ýörseň, ýarym, guwanar men, Serwi kamat boýlaryňa. Gülden puşeş ýaraşypdyr, Ajap rahat boýlaryňa

Içgeçme

Howanyň üýtgemegi bilen köplenç, duş gelýän keselleriň biri-de içgeçmedir. Bu kesel, esasan, çagalarda ýygy duş gelýär. Içgeçmäniň kiçi ýaşly çagalarda duş gelmegi has howpludyr. Içgeçmede içegäniň hereketiniň çaltlaşmagy, suwuň ýogyn içegede sorulma hadysasynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar döreýär. Netijede, içegelerde gaýnaglama suwuklygynyň köp mukdarda emele gelmegi sebäpli suwuk täretiň ýygy-ýygydan çykmak hadysasy ýüze çykýar.

Çilim näme üçin zyýanly?

Ylmy barlaglaryň netijesine görä, çilimiň tüssesinde zäherleýji maddalaryň 4000-e golaýy saklanýar. Eýsem, olar adamyň saglygyna nähili täsir edýär? Adam bedeninde çilimiň zyýanly täsirine duçar edilmeýän ulgam ýokdur.

«Awaza» şypahanasyna, hoş geldiňiz!

Dag-düzi, deňiz-derýasy, çöli-sährasy ajaýyp ýurdumyzyň gözel tebigaty bar. Gojaman Hazar deňziniň howasy şypaly kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi hem Watanymyzyň gözelligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Awaza» häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkezleri, myhmanhanalary, sport desgalary, medeni-dynç alyş seýilgähleri bilen uly meşhurlyga eýedir. Hazar deňziniň bu ajaýyp kenary jennetiň bir bölegini ýadyňa salýar. Hatar-hatar ekilen daragtlar ösüp-ýetişip gür baglyga öwrüldi. Deňziň üstünden öwsüp gelýän tämiz howa seriňi göge göterýär, göwnüňi galkyndyrýar. Ynsan saglygy üçin şeýle ajaýyp ýerde ýerleşýän «Awaza» şypahanasy hem elmydama köp adamly. Şypahana bir gelen, ýene gelýär. Ýyl-ýyldan şypahana gelýänleriň sany artýar. Hazar deňziniň gözel kenarynda ýerleşýän «Awaza» şypahanasyna ýylyň ähli pasyllarynda gelýänleriň yzy üzülmeýär. Ýagny bu ýeriniň elmydama özüne mahsus tebigy gözelligi hem-de saglyga ýaramly howasy bar. Şeýle-de şypahanada raýatlara hödürlenýän hyzmatlaryň ählisiniň bir binanyň çäginde amala aşyrylýandygy oňaýly ýeňillik döredýär. Döwrebap binanyň şypahana hyzmatlary ýerine ýetirilýän otaglardyr enjamlar bilen ýokary üpjünçilige eýedigi üçin raýatlaryň dikeldiş-bejeriş bejergilerini almagynda hiç-hili bökdençlik ýüze çykmaýar. Ildeşlerimiziň hem-de syýahatçylaryň, ýurdumyzdaky

Tomsuň çogly günlerinde...

Gün — ýagtylygyň we ýaşaýşyň çeşmesi. Ol ähli janly-jandarlara: adama, ösümliklerdir haýwanlara zerur gerekdir. Habarçymyz Gün şöhlesiniň bedene peýdasy, zyýany barada gürrüň bermegi Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti Orazbagt Nurullaýewadan haýyş etdi. Gün şöhlesiniň peýdasy-da, zyýany-da bardyr. Her bir adam onuň peýdaly täsirini duýup, zyýanly täsirinden goranyp bilýändir. Günüň peýdaly täsiri üçin her gün belli bir wagtda we dowamlylykda goraýjy serişdeleri (äýnek, krem, saýawan) ulanmazdan açyk Günüň aşagynda (8-den 10-a çenli, öylän sagat 17-den 19-a çenli) bolmaly. «Tebigy goraýjylyk derejesi» diýlip atlandyrylýan goraglylygy üpjün etmek üçin gerek bolan wagt her bir adamyň derisiniň reňkine baglylykda 5-40 minuta barabardyr. Şol wagtyň dowamynda deriniň pigment öýjükleri Gün şöhlesiniň täsiri bilen goraýjy serişdeleri — derä reňk berýän melanini güýçli depginde işläp çykaryp başlaýar. Melaniniň öýjükleri ýylylyk şöhlelerini kabul edip, ultramelewşe şöhlesiniň täsirini zyýansyzlandyrýar. Deriniň çuň gatlaklaryndaky melanin üstki gatlaklara çykyp, deriniň üstüne endigan ýaýraýar. Beden Güne çalaja garalyp, owadan öwüşgine, şol bir wagtda Gün ýanygyndan we Gün urmadan goraglylyga eýe bolýar.

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýakynda açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem döwletimizde geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdynlygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Zenanlara lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen bina çaga dogrulýan, göwrelileriň patologiýasy, ginekologiýa ýaly bölümlerini öz içine alýar. Çagalar binasynda bäbekleriň patologiýasy, kiçi ýaşly çagalar, nefrologiýa, newrologiýa, mekdep ýaşly çagalar, rewmokardiologiýa ýaly bölümleri halka hyzmat edýär. Her binada kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa-reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Olardaky Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Italiýa, Fransiýa, Türkiýe, Russiýa Federasiýasy ýaly döwletlerde öndürilen häzirki zamanyň iň kämil lukmançylyk enjamlary ýokary derejeli bejergi we barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär. Öňdebaryjy innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp durky täzelenen lukmançylyk merkeziniň açylmagy durmuş maksatly döwlet syýas

Saglyk babatda sowatlylygyň keselleriň öňüni almakdaky ähmiýeti

Nurmuhammet AMANNEPESOW, Muhammet ERGEŞOW, Ogulmähri GELDIÝEWA Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Saglygy goraýşyň habarlar merkezi Saglyk babatda sowatlylyk (SBS) jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň esasy guraly bolup, adam gymmatlygyna gönükdirilen çäreleriň uly toplumyny nazara alýar. SBS – kesgitläp we baha berip bolýan düşünjedir, ony kesgitlemegiň dürli gurallary işlenip düzülen we köp dillere terjime edilendir [3, 6, 7].

Arterial gipertenziýaly näsaglaryň antigipertenziw dermanlary ulanyşynyň farmakoepidemiologiki barlaglary

Orazgylyç ORAZGYLYJOWM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasy Arterial gipertenziýa (AG) ilat arasynda giň ýaýran kesel bolup, howply ýürek-damar gaýra üzülmelerine getirmek mümkinçiliginiň ýokarylygy sebäpli, saglyk öýi şertlerinde dowamly gözegçiligi we köplenç ýagdaýlarda üznüksiz bejergini talap edýär [1, 2, 6]. Şol sebäpli, AG-ly näsaglaryň saglyk öýlerinde maşgala lukmanlary tarapyndan sagaldyş gözegçiliginde saklanylyşy we olaryň öý şertlerinde antigipertenziw derman serişdelerini (AGS) netijeli ulanyşy barada düýpli barlag işlerini geçirmek ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin örän wajyp ähmiýete eýedir.

Bagryň bakterial abssessiniň iriňlän ehinokokk kistadan tapawutlandyrylyşy

Nazar GARRYÝEW, Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW, Serdar MÄMMETÝAZOWS.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy Bagryň bakterial abssessleri bilen iriňlän ehinokokk kistalaryň tapawutlandyrylyşynda döreýän kliniki kynçylyklar we ýalňyşlyklaryň ýygylygy bu keselleriň anyklanyş usullarynyň yzygider kämilleşdirilmegini talap edýär [3, 5]. Bagryň ojakly döremelerine degişli bolan bu kesellere mahsus tapawutly kliniki alamatlar bolmaýar diýen ýaly. Keselleri kesgitlemekde giňden ulanylýan ehografiýa we kompýuter tomografiýa (KT) barlaglarda bu patologiki hadysalaryň şekillerinde meňzeşlikler agdyklyk edýänligi sebäpli, näsaglarda gutarnykly kesel kesgitlemesini goýmakda we onuň bilen baglanyşykly bejergisinde ýalňyşlyklaryň goýberilmegi ýygy duş gelýär [4, 6, 8].

Aortokoronar şuntirlemeden soňky ilkinji ýüze çykýan alyn ýürek tirpildemäniň ýygylygynyň çaklamalary

Rejepmyrat ALYÝEW Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana Alyn ýürek tirpildeme (AÝT) aortokoronar şuntirleme (AKŞ) operasiýasyndan soň ýüze çykýan iň köp ýaýran aritmiýa bolup, takmynan, 27-33% ýagdaýda duş gelýär. [1-3]. AÝT iň köp ýaýran ýürek aritmiýasy hasaplanýar we çep garynjygyň zyňyş fraksiýasynyň peselmegine, operasiýadan soňky ýüze çykýan gaýra üzülmelere sebäp bolýar. AÝT-nyň umumy ilat arasynda ýaýramagy 1-2% diýip hasaplanýar [12]. AKŞ bolan näsaglaryň arasynda AÝT keseli has ýokary ýygylykda, takmynan, 25-40% bolýar we AKŞ-dan soňky ölümiň esasy sebäbiniň bolýandygy habar berilýär [11, 13]. Garrylyk, süýjüli diabet, gipertoniýa, öýkeniň dowamly obstruktiw keseli, çep garynjygyň ýetmezçiligi ýaly birnäçe utgaşykly töwekgelçilik sebäpleri bolan näsaglarda emeli gan aýlanyş şertlerinde AKŞ geçirileninden soň, AÝT-nyň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydygy anyklandy [2]. Näsaglar operasiýadan soňky ilkinji 4-5 günüň dowamynda, esasanam, operasiýadan soňky ilkinji 72 sagadyň dowamynda AÝT-nyň döremegine has ýakyndyr [4]. Mundan başga-da, AKŞ-dan soňky ýüze çykýan AÝT tromboemboliýa, böwrek ýetmezçiligi, ýürek ýetmezçiligi, ölüm we hassahanada dowamly bejergi almak ýaly has çylşyrymly ýagdaýlar bilen bilelikde geçýär, näsaglaryň durmuşynyň hiliniň peselmegine we bejerişe çykdajylarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar [5, 6]. AKŞ-dan soň AÝT-ly näsaglarda diri

Ýumşak dokumanyň sarkomasynyň anyklanyş usullarynyň mümkinçilikleri

Annamyrat ANNAMUHAMMEDOW, Ýaňyl GÜJÜKBAÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasy, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi Ýumşak dokumanyň sarkomasy (ÝDS) howply täze döremeleriň (HTD) içinde 0,2-2,6% seýrek duş gelýän kesel hasap edilýär. ÝDS ösüşi, kliniki akymy we netijesi boýunça beýleki HTD-lere garanyňda has agyr geçýär we onkologiýanyň az öwrenilen bölegi bolup durýar [2, 3, 6].

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň gözýaş çykaryjylyk funksiýasynyň pasyllara laýyklykda aýratynlygy

Gülnara GURBANOWAHalkara okuw-ylmy merkezi Ýer ýüzünde «Siwilizasiýanyň keseli» diýlip atlandyrylýan gözüň gury sindromynyň artýanlygy sebäpli, ony anyklamagy, bejermegi, gözýaş mäziniň işjeňliginiň dünýäde öwreniliş derejeleri baradaky maglumatlar oftalmologlarda uly gyzyklanma döredýär. 2007-nji ýyla çenli bütin dünýäde dürli ýurtlaryň ilatynyň arasynda gözüň gury sindromynyň ýaýraýyş derejesi 5%-den 30%-e çenli ýetendigini edebiýat çeşmelerinde belläp geçýärler [5].

Dikeldiş bejergisinde ippoterapiýanyň orny

Nurmyrat KAKABAÝEWGaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi Maýyp näsaglaryň saglygyny hemmetaraplaýyn dikeltmekde we olaryň sosial integrasiýasynda fiziki reabilitasiýanyň ähmiýeti uludyr, serebral ysmazly çagalar bolsa bu meselede aýratyn orna eýedir [2, 4, 7]. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, maýyplaryň sany ýokarlanmaklyga ýykgyn edýär. Bu meseläniň täsirli çözgüdi şeýle näsaglaryň saglygynyň dikeldilmegidir we dikeldiş çäreleri üçin lukmançylykda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagydyr.

Ulgamlaýyn gyzylgurt keseliniň patogenezine we geçişine jyns gormonlaryň täsiri

Tylla TAŇRYBERDIÝEWA, Wladimir GURBANOW, Şemşat AMANDURDYÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasy Ulgamlaýyn gyzylgurt (UGG) – esasan, aýallarda ýüze çykýan we böwrekleriň, deriniň, öýkenleriň, kelle beýniniň we ýüregiň zeperlenmegi bilen häsiýetlenýän dowamly autoimmun keseldir [1, 18].

Gan merkeziniň işiniň kämilleşmegi

Gülnara AHMEDOWAÝokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkezi Berkarar dowletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetildi we uly üstünlikler gazanyldy.

Saglygymyzy goralyň!

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Durmuşda bagtly bolmagyň esasy şerti beden saglygy bilen baglydyr. Sagdyn durmuş aýdyň geljekdir. Halal zähmet çekip, halallyga uýýan halkymyz zyýanly endikleri mydama ýazgaryp gelipdir, adamzada tebigatyň eçilen saglygyny goramagy ündäpdir. Çilimkeşlik zyýanly endikleriň howplusydyr. Çilim adamlarda öýken keselleriniň, bronhitiň, ýürek keselleriniň döremegine sebäp bolýar. Çilim adam bedeniniň güýjüni peseldýär. Temmäki tüssesindäki himiki maddalaryň bedene iň güýçli täsir edýäni nikotin turşusydyr.

Görer gözüň gymmaty

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Bellidir» atly goşgusyndaky: «Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir» diýen setirleriniň gymmaty sanly eýýamyň mümkinçilikleriniň ösýän we adamlary aşa özüne çekýän zamanasynda has artýar. Sebäbi telewizoryň, kompýuteriň, telefonyň başynda güýmenip, hereketsiz oturmak ynsan synalarynyň beýleki agzalary bilen birlikde, gözüň görüjiliginiň peselmegine täsirini ýetirýär. Ylmy barlaglaryň tassyklamagyna görä, adamlar maglumatlaryň 80—90%-ni gözüň üsti bilen kabul edýärler. Lukmanlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, kompýuterleri ulanmakda wagt dowamlylygyny berjaý etmek wajypdyr. Çagalara 3 ýaşa çenli telefon, planşet berilmese gowy. Kompýuteriň başynda köp wagtyny sarp edýän uly adamlar bolsa her 20 minutdan göze dynç bermeli. 5 minudyň dowamynda gözüňi ýummaly, göz maşklaryny ýerine ýetirmeli we gözi nemlendirýän damjalary damdyrmaly. Kompýuteriň başynda köp oturýan adamlar ulanyş kadalary dogry berjaý etmese, onda olarda ýüze çykýan gözüň gyzarmagy, ýaşarmagy, içine gum sepilen ýaly, gözüň öňi tutulan ýaly alamatlar gözüň «gury sindromynyň» döremegine getirýär. Bu alamatlar kompýuteriň zyýanly täsiri bolman, eýsem, onuň ulanyş kadalarynyň dogry berjaý edilmezliginden ýüze çykýan ýagdaýdyr.

Suwuň bedene täsiri

Adamzat ýaşaýşyny suwsuz göz öňüne getirip bolmaýar. Suw teşneligi gandyrmak bilen bir hatarda, arassaçylygyň hem sagdynlygyň girewidir. Adam suwa çümeninde oňa suwuň mehaniki basyşy täsir edýär. Bu basyş suwuň gatlagy näçe uly bolsa, ýagny adam näçe aşak düşdügiçe uly bolýar. Mälim bolşy ýaly, her bir 10 metr çuňlukda suwuň basyşy 1 atmosfera ýokarlanýar. Suwa çümülende äýnekler dakylanda, ýarymmaskalar we gidrokostýumlar geýlende iki tarapdan basyşlar deňeşdirilmese, olar dokumalary gysýar. Şonuň üçin äýnekler suwa çümülende dakylman, diňe suwda ýüzülende dakylýar. Suwuň aşagynda adam dik duranynda, onuň ýokarky we aşaky bölegine basyş deň täsir etmeýär.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak

Ganazlyk, gipertoniýa, ýüregiň işemiýa keseli, infarkt, süýjüli diabet, öýkeniň dowamly obstruktiw keselleri, howply täze döremeler we beýleki ýokanç däl keseller adamyň saglygyna we ömrüne uly howp salýar. Zyýanly endikler, nädogry iýmitleniş, az hereketlilik, stres döredýän ýagdaýlar arterial gan basyşynyň hem-de gandaky glýukozanyň we holesteriniň derejesiniň ýokarlanmagyna, maddalaryň alyş-çalşynyň, ýüregiň işiniň bozulmagyna, gormonal bozulmalaryň ýüze çykmagyna itergi berip, bu keselleriň döremegine getirýär. Şoňa görä, ähli dünýä ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem giňden ýaýbaňlandyrylýan ýokanç däl kesellere garşy göreşiň netijeli bolmagynda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk ornaşdyrylmagyny gazanmak uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin raýatlaryň arasynda tapgyrlaýyn keseliň öňüni alyş barlaglary geçirilip durulýar. Edara-kärhanalarda, mekdep okuwçylarynyň, harby gullukçylaryň we saglyk öýlerine ýüz tutan sagdyn raýatlaryň arasynda keseliň öňüni alyş barlagynyň geçirilmegi keselleri ilkinji döwürlerinde ýüze çykaryp, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge we ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Gülaby suwunyň peýdasy

Gülaby suwy ýa-da «gidrolat» diýlip atlandyrylýan serişde kosmetiki önümleriň täze görnüşi. Bu önüm soňky döwürlerde kosmetologiýa dünýäsinde ýokary islegden peýdalanýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüzlerçe ýyl bäri saglyga peýdasy üçin ulanylýan gülaby suwunyň antibakterial, antiseptik we rahatlandyryjy ýaly, bejerijilik häsiýetleri anyklanyldy. Gülaby suwy ösümlikleriň gülleridir ýapraklarynyň buga tutulmagy bilen ýasalýar. Bu suw kosmetologiýada we iýmit önümlerinde ulanylýan meşhur maddadyr. Bilermenler tarapyndan geçirilen ylmy-barlaglarda gülüň ýapragyndan bug bilen alnan ekstraktyň düzümindäki polifenollaryň we flawonoidleriň deridäki ýaralaryň iriňlemeginiň öňüni almakda hem peýdalydygy mälim edildi. Gülaby suwy deriniň ähli görnüşleri üçin amatly bolup, hususan-da, gury, duýgur ýa-da wagtyndan öň garraýan deriler üçin ajaýyp serişdedir. Bu serişdäni islendik ösümlikden diýen ýaly, taýýarlap bolýar. Emma kosmetiki serişdäniň dermanlyk we bejerijilik ähmiýeti bolany üçin, adatça, bejeriş häsiýetli ösümlikler ulanylýar. Gülaby suwunyň kosmetiki we bejerijilik häsiýetli ulanylýan ýerleri: