"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Wagyz-ündew maslahaty

Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-ündew maslahaty geçirildi. «Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak, ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistan döwletimizde her bir raýatyň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaşlar sport äleminde uly üstünlik gazanyp, ýaşyl Tugumyzy dünýä ýüzüne tanadýarlar» diýip, maslahatda çykyş edenler bellediler. Ýaşlary sporta höweslendirmekde dünýä nusgalyk beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ynsan baradaky alada Döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan adam hakynda alada döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň, giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň esasyny düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa adamlara öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ýardam edýär.

Saglygyň sargydy

Köp çarşenbäni başyndan geçiren paýhasly akyldarlar ylym-bilime uly ähmiýet beripdirler. Çünki ylym-bilimiň çägi ýok, näçe öwrenseň, öwrenilmedik zatlar ondan-da has köpdügine göz ýetirýärsiň. Bilimsiz-ylymsyz öňegidişlik hem bolmaýar. Onsoňam, adam diňe tebigat we onda bolýan üýtgeşmeler bilen ysnyşykly ýaşamaly. Tebigy hadysalara düşünmek üçin hem ylym gerek, onda-da her ugurdan gerek. Ol ýagdaý lukmançylyk ylmyna we amalyna hem degişlidir. Tebigat bilen adam saglygynyň biri-birine gatnaşygyny öwrenmek hem-ä çylşyrymly, hem-de kyn mesele. Geçmişde hem ylym bilen içgin gyzyklanan adamlar Günüň, Aýyň aýlanyşynyň adam saglygyna ýetirýän täsiriniň barlygyny bilipdirler. Öz döwründe Abu Aly ibn Sina bu barada adamyň sagdynlygynyň daşky gurşaw bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyny belläp geçipdir. Şeýle seretseň, janly zadyň durmuşda özüne degişli ýaşaýşy, ösüşi we özboluşlylygy bar. Tebigata ünsli seretseň, bolýan hadysalar düşnükli ýaly, ýagny ösümliklerem, haýwanlaram biri dagda, beýlekisi çölde, ýene birisi suwda ýaşaýar. Biriniň bedeni sowuga, beýlekileri yssa çydamly, üçünji topar aram howada ýaşap bilýär, diýmek, olaryň bedenleri ýerli ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşandyr. Tebigat üýtgese, olaram üýtgeýärler, ýa-da degişli ýere göçmeli bolýarlar. Emma, adam tebigatda nähili ýaşamaly, nähili özüne seretmeli? Adam öz bedenine näderejede düşünmeli, näsaglyk ýüze çyksa nämäni özi bejer

Böwürsleniň peýdasy

Türkmen tebigaty adam saglygy üçin peýdaly ösümliklere örän baý. Häzirki wagtda howanyň sowamagy, şeýle-de howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly döreýän möwsümleýin ýiti respirator keselleriň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän ösümlikler örän netijeli serişdeleriň biridir. Şolaryň hatarynda böwürslen ösümligi adam bedeni üçin peýdaly witaminlere baýdyr. Häzirki wagtda böwürsleniň miwesinden telekeçilerimiz tarapyndan taýýarlanan ýörite gaplamalar ýurdumyzyň dükanlarynda halkymyza hödürlenýär. — Böwürsleniň iýmişinde 10 göterime çenli şeker (glýukoza, fruktoza), organiki turşulyklar, B, C, E toparynyň witaminleri, kaliniň we misiň duzlary saklanýar.

Kadaly iýmitlenmek

Talabalaýyk iýmitlenmegiň ynsan saglygyna oňyn täsirini ýetirişi ýaly, gyşyň häzirki aýazly günlerinde pasla görä geýinmek hem kesellerden goranmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şoňa görä, öýden çykanyňyzda ýyly geýinseňiz, agyz-burun örtüklerini dakynsaňyz, ähli ýerde 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklasaňyz janyňyz elmydama sagat bolar. Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmekdedir. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki we ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş we täzeleniş, ýagny madda çalşygynyň düzgünleri bozulýar. Onuň netijesinde bolsa, bedeniň sazlaşykly işjeňligi bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar, sebäbi dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalary — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär.

Dertlere derman kädi

Türkmeniň bereketli topragy dermanlyk häsiýetli ösümliklere juda baý. Şolaryň biri-de kädidir. Halkymyz kädiniň dermanlyk häsiýetine ir döwürlerden bäri düşünip gelipdirler. Kädi iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Awgust-sentýabr aýlarynda bolsa hasyl berýär. Kädini güýz we gyş aýlarynda iýmek has-da peýdalydyr. Ylmy barlaglar kädiniň düzüminiň adam süňňi üçin zerur bolan peýdaly maddalara juda baýdygyny tassyklaýar. Onuň etlek böleginde peýdaly maddalar, ýagny karotin, folasin, B toparyň witaminlerine girýän B1, B2, B6 witaminleri, mineral maddalar bolan kremniý, kaliý, magniý, natriý, demir we beýleki mineral maddalaryň mukdary örän köpdür.

Çagalaryň saglygyny goramak

Ynsan saglygyny goramak, sagdyn nesilleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelemek baş maksadymyzdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, arassaçylygyň kadalaryny berjaý edýän ýaşlar möwsümleýin kesellerden goranyp bilýärler. Möwsümleýin kesellere ýiti respirator keseli degişlidir. Bu kesel dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryna zeper ýetmegi, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, umumy ysgynsyzlyk, şeýle-de ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işiniň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar. Ýiti respirator keseli güýz-gyş aýlarynda has köp ýaýraýar. Esasan hem çagalar bu kesele aňsat ýolugýarlar, sebäbi olaryň keselden goraýjylyk ulgamy ýeterlik bekemedikdir. Çagalar keseli agyr geçirýärler we gaýra üzülmelere sezewar bolýarlar. Kesel çagalara köpçülikleýin ýerlerde näsag adam asgyranda, üsgürende, şeýle-de oýnawaçlarynyň, gap-gaçlaryň, gapynyň tutawajynyň, ulanýan okuw esbaplarynyň üsti bilen geçip bilýär. Çagalarda ýüzüni, agzyny, burnuny ellemek endigi bolýar, netijede kesel çalt ýokuşýar.

Saglyk ulgamy ösüş ýolunda

Ýurdumyzda ylmyň täze gazanan döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilen saglyk ulgamynyň binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, öňki bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, şeýle-de ulgamyň işgärleriniň zähmet, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy, bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy adam saglygy baradaky aladanyň halkara derejä çykmagyna mümkinçilik berdi. Saglyk ulgamynda döredilýän şeýle şertler raýatlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşaýşyny, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň nukdaýnazaryndan saglyk hukuk ulgamynyň döwrebap ösüşiniň ähmiýeti has-da aýdyň görünýär. Munuň şeýledigini «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Şypahana işi hakynda», «Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilip, bu ugra aýratyn üns berilýändigi-de aýdyň görkezýär.

Sazlaşykly tagallalar

Gahryman Arkadagymyz bagtyýar halkymyzyň, şol sanda ýaş nesliň saglygyny goramagy ilkinji derejeli möhüm wezipe hökmünde üns merkezinde saklaýar. Milli Liderimiz şol maksat bilen, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde uly tagalla edýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ata Watanymyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini ilata düşündirmekde sazlaşykly işleri yzygiderli häsiýetde alyp barýarys. Häzirki günlerde Tejen etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda howanyň sowamagy bilen baglylykda döräp biläýjek keselleriň öňüni almak, arassaçylygyň düzgünlerini berjaý etmek, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk ulanmak boýunça wagyz-nesihat işlerine aýratyn ähmiýet berýäris. Şeýle işler etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlaryň, bilim alýan okuwçylaryň arasynda hem guralýar.

Saglygymyz — begligimiz

Ýiti respirator keselleriniň öňüni almak bilen, hem özümiziň, hem-de daş-töweregimizdäkileriň saglygyny gorap biljekdigimizi ýatdan çykarmaly däl. Munuň üçin nämelere üns bermeli? Agyz-burun örtükleri. Ýokuşyp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmakda agyz-burun örtükleri örän ähmiýetlidir. Şol sebäpli agyz-burun örtüklerini howpsuz dakynmagyň düzgünlerini berjaý etmeli. Örtük agzy, burny, eňegi doly ýapmalydyr, bir gezeklik örtükleri iki sagatdan artyk ulanmaly däl, mata örtükleri bolsa ulanyp bolanyňyzdan soň, sabyn ýa-da ýuwujy serişde bilen gowy edip ýuwmaly we guradyp ütüklemeli.

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Ähli zadyň sakasynyň saglykdan başlanýandygyna oňat göz ýetiren pederlerimiziň «Hemme zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk — beglik», «Sag başym — soltan başym» diýen nakyllary döretmekleri saglygyň gymmatlydygyndan, başymyzyň göwher täjidiginden habar berýär.   Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklaýan milli Liderimiziň halkymyzyň saglygyny goramaga, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ähmiýet berýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde adamyň saglygyny goramak boýunça özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny hem-de ýurdumyzda saglyk maksatly binalaryň hatarynyň artýandygyny, tebigy bejerijilik häsiýetine eýe bolan şypahanalaryň döwrüň talaplaryna, dünýä hil ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylýandygyny belläp geçmek has-da ýakymlydyr. 

Welosiped sportunyň peýdasy

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan welosiped, ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin oňaýly serişde bolup durýar. Geliň, onda welosiped sportunyň nähili peýdasynyň bardygyna üns bereliň! Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň bedeniň ruhy taýdan sagdyn bolmagyna, fiziki işjeňligiň, çydamlylygyň ýokarlanmagyna peýdaly bolup durýandygyny, beýniniň öndürijilik ukybyny ýokarlandyryp, her bir adamda ruhubelentlik döredýändigini dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglar subut edýär. Yzygiderli welosiped sürýän adam özünde ýeňilligi, el-aýagynyň işjeňligini, şähdaçyklygy duýýar. Mundan başga-da, ýürek-damar ulgamynyň işjeňligi gowulanýar.  

Görk agyzdan...

Gök we bakja önümleri, ir-iýmişdir miweler, et we süýt, galla we kösükli ösümlikleriň önümleri saglygymyza peýdalydyr. Düzüminde witaminleri, mineral duzlary, uglewodlary, ýaglary, beloklary saklaýan bu önümler bedeniň işjeňligini üpjün edýär. C witaminine baý sitrus miweleri (apelsin, mandarin, limon), şeýle-de sogan, sarymsak, gyzyl bolgar burçy, pomidor immuniteti pugtalandyrýan, kesel dörediji bakteriýalara garşy täsiri bolan önümler hasaplanylýar. Bu önümleri möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň ýaýramak howpy ýokarlanýan döwürde köp iýmeli. Lukmanlaryň berýän maslahatlaryna görä, günüň dowamynda 4-5 gezek az-azdan iýmeli. Ýagsyz göläniň, towşanyň, towugyň etini gaýnadylan, buglanan görnüşde, şeýle hem balygy, ýagsyz süýt-gatyk önümlerini kabul etmek zerurdyr. Iýmitde gowrulyp bişirilen, tüssä kakadylan, ýagly, ýiti we ajy tagamly, şor, süýji önümleri, gazly we reňkli suwlary, et we balyk konserwlerini çäklendirmek maslahat berilýär. Şokolad, süýji, köke ýaly iýmitleri iýmegi azaldyp, kişde, kişmiş ýaly kakadylan miweleri iýmek peýdalydyr.

Bereketli topragymyzyň dermanlyk ösümlikleri

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň iň gymmatly baýlygy bolan baş saglygyny hemmetaraplaýyn goramagy döwlet syýasatynda naýbaşy orunda goýýar. Bu ugurda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent sepgitlere ýetildi. Saglygy goraýyş hyzmatynyň hil derejesi düýpli ýokarlandy. Häzirki wagtda bu döwletli tutumlar giň gerimlerde dowam etdirilýär. Saglygymyzy goramakda we berkitmekde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde şeýle ösümlikleriň biri bolan buýan ösümliginiň ynsan saglygyna peýdasyna, onuň keselleriň öňüni almakdaky, bejermekdäki aýratynlyklaryna ünsi çekdi.

Hurmanyň peýdasy

Giçki güýz we gyş paslynyň arzyly önümleriniň biri bolan hurma diňe özüniň süýji tagamy bilen däl, eýsem, ynsan saglygyna peýdalylygy bilen hem bellidir. Ösümligiň dünýäde 500 töweregi görnüşi bolup, onuň iň giňden ýaýrany «korolýokdyr». Häzirki zaman lukmançylygynda hurmanyň ähli görnüşleriniň hem deň derejede peýdalydygy ykrar edilýär. — Hurma beta-karotine, A witamine, ýoda, şeýle-de ýürek kesellerini bejermekde peýdaly bolan magniý we kaliý elementlerine örän baýdyr.

Lukmanyň maslahaty

Muny bilmek gyzykly

Ženşen ösümligi Ženşen ösümliginiň ady hytaý dilinden terjime edilende adam şekilli kök diýen manyny aňladýar. Ženşen adam aýagy sekmedik gür tokaýlyklarda bitýär. Ýiti güneşli ýeri halamaýar. Çygly, kölegeleç, imisalalyk ýerleri gowy görýär. Ony ýörite gözleýän adamlar bolup, olaryň arasynda bütin ömrüni ýekeje ženşen tapyp bilmän geçirýänleri-de barmyşyn. Eger tapaýsalar welin, ol ýeri goraglap, ženşen kämillik ýaşyna ýetýänçä, ondan habar alyp durýarlar.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukman maslahat berýär

Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary köpräk içiň. Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň.

Iýmitlenmegiň kadalary

C witamini aýratyn ähmiýete eýedir. Bu witamin, esasan, sitrus miweleri bolan limonda we pyrtykalda, kiwide, gök almada, ýertudanada, ysmanakda, kelemde, gara smorodinada, böwürslende, turpda, şawelde, süýji we ajy burçlarda köp duş gelýär. Şeýle hem, immun ulgamyň işjeňligi üçin mikroelementleriň gündelik bedene ýeterlik mukdarda düşmekligi hökmandyr. Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny berkitmek, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.