"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gyş aýlary ýüze nähili ideg etmeli?

Hünärmenler we lukmanlar gyşyň sowuk we şemally howalarynda ýüzümiziň derisine idegiň artdyrylmalydygyny belleýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, gyş aýlary ýüzüň derisiniň gurap, ýag ýetmezçiligi duýulýar, şeýle-de antioksidantlar we käbir derini iýmitlendirijiler kemelýär. Bu bolsa deriniň gyzaryp, ýarylyp, hatda onuň wagtyndan öň garramagyna hem sebäp bolup bilýär. Şol sebäpden bu aýlarda derini iýmitlendiriji E, C, A ýokumlara baý bolan önümler bilen iýmitlenmegimiz we ýörite ýüz üçin ýapgylary ulanmagymyz gerekdir. Geliň, bu barada hünärmenleriň berýän maslahatlaryny belläp geçeliň! 2 nahar çemçe gaýmaga 1 ýumurtganyň sarysyny goşup, gowy garmaly. Onuň üstüne 1 çaý çemçe käşir suwuny goşmaly. Taýýar garyndyny ýüze çalyp, 20 minut saklamaly. Soňra ýüzi mylaýym suw bilen ýuwmaly. Bu ýapgy ýüzi iýmitlendirýär we ýalpyldadýar.

Baş maksadymyz — sagdynlyk

Ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine giň gerim bermek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Ýaş sporty söýüjileriň sanyny artdyryp, olary sagdyn durmuş endiklerine ugrukdyrmak döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu işleri netijeli guramakda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň işgärleri-de yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olaryň Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda alyp baran işleri we Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda öňlerinde durýan wezipeleri barada bu guramanyň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Çopanow şeýle gürrüň berýär: — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hünärmenlerimiz orta we ýörite hünär okuw mekdeplerinde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilim alýan ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etdiler. Sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlary jemläp, ýaryşlary, sportuň milli görnüşleri we halk oýunlary boýunça bedenterbiýe-sport çärelerini, «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly milli Spartakiadanyň çäklerinde dürli sport çärelerini geçirdiler. Olara çagalaryň, ýetginjekleriň ýüzlerçesi gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdi. Hünärmenlerimiziň hem-de bilim bölümleriniň işgärleriniň guramaklarynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň, Seýitnazar Seýdi adyn

Möwsümleýin kesellerden goranmagyň düzgünleri

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi islendik möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik nahardan we arassalanmadyk suwdan geçýär. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeklik saglygy berkitmek üçin hökmany şertdir. Bu möhüm düzgünler, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanmalydyr. Şonuň üçin hem her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir. Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy, geplemegi netijesinde köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmekligi durmuşymyza ornaşdyrmaly. Şeýle-de şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly.

Halkyň saglygy baradaky aladanyň aýdyň beýany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriň pugta binýady döredildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen gepleşikler geçirilýär.

Arassaçylyk düzgünleri

Keseli bejereniňden öňüni almak aňsatdyr. Munuň üçin her bir adamyň saglygyna aýawly garamagy we ony goramagy zerurdyr. Lukmançylykda arassaçylyk düzgünleri dogry berjaý edilende dürli ýokanç keselleriň öňüni alyp bolýandygy ylmy taýdan we durmuş tejribesinde subut edilendir. Şu nukdaýnazardan, biziň her birimiz arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmegi öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Köp keselleriň iýmitiň, suwuň üsti bilen geçip, agyz boşlugyna düşýändigi üçin arassaçylyga juda üns bermelidiris. Tämiz howa immun ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrýar we kesele garşy göreşijilik ukybyňy güýçlendirýär. Öýde çygly arassalaýyş işlerini wagtly-wagtynda geçirip, tozan bolmazlygyny gazanmaly. Ol adamyň gözüne görünmeýän ýokançlary ýok edýär, dynç alynýan wagtynda ýokary dem alyş agzalaryň işjeňligini gowulandyrýar. Öýde dürli görnüşdäki galyndy böleklerini üýşürmeli däl.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, şu günler edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň, obadyr şäherçe geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat işleri netijeli häsiýetde dowam edýär. Şonuň bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşyklarynyň biri-de Ahal welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginde geçirildi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen duşuşyga agzalan önümçilik birleşiginiň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. Welaýatymyzyň saglygy goraýyş işgärlerinden hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat wagyz-nesihat toparynyň agzalary duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän giň göwrümli işleriň ähmiýeti barada gürrüň berdiler hem-de her bir adamyň öz saglygy hakynda alada etmelidigini, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermelidigini aýtdylar. Çykyş edenler bedeniň dürli kesellere garşy goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrmakda, şeýle-de howanyň sowuk günlerinde döräp biläýjek keselleriň öňüni almakda, ilkinji nobatda, berjaý etmeli kadalar barada gymmatly maslahatlaryny berdiler. Olaryň belleýşi ýaly, her bir adam hökmany ýagdaýda arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmelidir, pasla görä geýinmelidir, zäh

Arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň!

• Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! • Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Balaryçylyk — düşewüntli pudak

Balarylary adamzat durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Olaryň öndürýän önümleri — bal, mum, ýelim, gül tozanjyklary, balary zäheri (apitoksin) durmuşda giňden ulanylýar we ynsan üçin iň zerur önüm bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, balarylaryň oba hojalyk ösümliklerini garşylyklaýyn tozanlandyrmakda we olardan ýokary hasyl almakda ähmiýeti uludyr. Balarylaryň kömegi bilen, miwe we bakja ekinleriniň hem-de ot-iýmlik ösümlikleriň hasyllylygyny 4 — 7 esse artdyryp bolýar. Balarylar bir gektar gülleýän gowaça meýdanyndan 100 — 300 kilograma çenli bal toplamaga ukyply. Olar pagtany garşylyklaýyn tozanlandyrmak netijesinde onuň hasyllylygyny 40 — 60 göterime çenli ýokarlandyrýarlar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Baş alada — adamlar Häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle hem howanyň sowamagy bilen baglanyşykly ýokanç keselleriň garşysyna öňüni alyş çäreleri ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar.

Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary hasaba almak işini dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriň pugta binýady döredildi. Üpjün edilýän mümkinçiliklere laýyklykda, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli kämilleşdirilýär we onuň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Munuň özi ylmyň ýokary gazananlaryna esaslanýar.

Kakadylan miweleriň peýdasy

Sahawatly türkmen topragy ýylyň-ýylyna tagamy datly miwedir ir-iýmişleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşlerini boldan eçilýär. Adam saglygy üçin iňňän peýdaly, düzümi ömrüňe ömür goşýan witaminlere baý önümleri uzak wagtlap saklamagyň dürli usullary bar. Ter miweleri taýýarlamagyň iň amatly hem netijeli usuly olary guratmakdyr. Bildirilýän talaplaryň ählisi berjaý edilip taýýarlanan kakadylan miweler hatda uzak wagtlap saklanan ýagdaýynda hem A, B1, B2, С, D witaminleri düýbünden ýitirenok. Gaýtam, miweler guradylanda saglyk üçin ter görnüşindäkiden hem has peýdaly bolýar.

Saglyk — ömrümiziň bezegi

Möwsümleýin ýokuşyp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmak, iki metr howpsuz aralygy saklamak bilen özüňiziň we daş-töweregiňizdäkileriň saglygyny gorap bilersiňiz. Şonuň ýaly-da, şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý edeliň! Diňe gaýnadylyp sowadylan suwy içmeli, aşa sowuk suwy içmeli däl.

Sagdyn durmuş wagyz edildi

Ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýurdumyzda netijeli çäreler, wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilip durulýar. Şeýle duşuşyklaryň biri hem Serdar etrabyndaky 14-nji orta mekdepde geçirilip, oňa saglyk ulgamynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, bilim işgärleri, okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak, olardan goranmagyň usullary barada durup geçdiler. Häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy adamyň saglygy, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Şonuň üçin agyz-burun örtüklerini dakynmalydygy nygtaldy. Şeýle hem ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmek maslahat berildi.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin maslahatlar

Ellerimiz arassa — janymyz sag

■ Agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly. ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukman maslahat berýär

Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. Kesellemegiň öňüni almak üçin arassa agyz suwy we iýmit önümlerini ulanmaly.

Durmuş ýörelgesi işjeňleşýär

Eziz Diýarymyzda her bir raýatyň saglygy döwlet tarapyndan goralýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we şahsy göreldesi arkaly ony wagyz ediji bolmak bilen, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine örän uly üns berýär. Bu ugurda giň gerimli anyk çäreler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda amala aşyrýan derwaýys işleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda giňişleýin beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirýän düýpli özgertmelerine mähriban Diýarymyzyň ähli künjeginde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynyň häzirkizaman desgalarynyň mysalynda göz ýetirip gelýäris. Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenabat şäherinde gurduryp beren welaýat köpugurly hassahanasy hem munuň aýdyň beýanydyr. Hassahanada Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň we beýleki ösen döwletleriň belli kompaniýalarynyň iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyna oňyn täsir edýär. Bu bolsa örän guwandyryjydyr. Biz talyplarymyza şular dogrusynda giňişleýin gürrüň bermek bilen, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy maslahat berýäris.

Lukmanyň maslahaty

Dürli ýokançlardan we zyýanly tozan bölejikleriniň ýetirýän täsirinden goranmak üçin: — agyz-burun örtüklerini dakynmak;

Saglygymyz — baýlygymyz

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Beden maşklarynyň peýdasy

Hereketiň sagdynlygyň gözbaşydygy baradaky hakykat ir döwürlerden bäri bellidir. Soňky ýyllarda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşyň kadasyna öwürýän, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň sany barha artýar. Sport adamyň bedenini-de, ruhuny-da taplaýar, saglygyny pugtalandyrýar, dem alyş, ýürek-damar, hereket ediş ulgamlarynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Yzygiderli ýerine ýetirilýän beden maşklary ganyň düzümindäki holesteriniň möçberini azaldýar, damarlary giňeldýär hem-de arterial gan basyşyny pese düşürýär. Geçirilen barlaglar hem beden maşklarynyň peýdasynyň uludygyny tassyklaýar. Işjeňligiň artmagy gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar.