"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Narpyz

Saglygy we gözelligi goramak üçin tebigat adamlara köp tebigy çeşmeleri — derman ösümliklerini bagyşlandyr. Olar ter ýa-da guradylan görnüşde keselleriň alamatlaryny ýeňilleşdirýär, bedeni kuwwatlandyrmaga täsir edýär. Ylmy we tehnologiki ösüşleriň netijesinde, dermanlyk ösümlikleriň ulanylmagy halk tebipçiliginden has giň gurşawa ýaýrady. Bu ugurda özboluşly ösümlikleriň biri hem narpyzdyr. Narpyz hoşboý ysly köpýyllyk ösümlik bolup, bakterisid, köşeşdiriji, rahatlandyryjy häsiýetleri bilen bellidir. Himiki düzümi peýdaly maddalara baý, şonuň üçin ösümligiň ýapraklary halk tebipçiliginde we adaty lukmançylykda, dermanlaryň, arassaçylyk we kosmetiki serişdeleriň düzümlerinde giňden ulanylýar. Narpyzda birbada birnäçe ugurda bejeriş-öňüni alyş täsiri bar.

Gyş: kadalary berk berjaý edeliň!

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Sagdyn durmuş – bagtyýar ýaşaýyş

Häzirki ajaýyp döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, sport hereketleriniň ösdürilmegi, halkara derejesinde geçirilýän sport çäreleriniň rowaçlanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän kadalary ornaşdyrmak, şol sanda sport bilen meşgullanmak we beýleki ugurlar bilen sazlaşykly utgaşdyrmak ýaly işler ileri tutulýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen ugurlaryň biri hem ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport hereketlerini ösdürmekdir. Şunda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny, sagdynlyk boýunça baş maksatnamanyň sazlaşykly utgaşýandygy bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça başyny başlan beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde bu pudagyň ösüşi üpjün edilýär. Dünýäde döwrebaplygy bilen tapawutlanýan saglygy goraýyş desgalary, saglyk maksatly iň täze enjamlar ynsanlaryň saglygyny goramaga giň mümkinçilik döredýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň esasynda keselleriň öňüni almak, halkyň saglygyny berkitmek, şeýle hem ýurdumyzda durnukly we amatly arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler am

Saglyk ulgamynyň beýik sepgitleri

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky döwlet syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär.

Sag­dyn dur­muş

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Ga­dymy dö­wür­ler­de beý­le­ki ylym­lar bi­len bir ha­tar­da luk­man­çy­lyk — te­bip­çi­lik yl­my hem gülläp ösüp­dir. 10 asyr mun­dan öň ýa­şap ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, Abu Aly Ibn Si­na­nyň ady «Luk­man He­kim» la­ka­my bi­len hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de hem giň­den meş­hur­dyr.

Saglyk söhbeti

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Söz sun­ga­ty­nyň zer­gä­ri hem us­sa­dy ha­sap­la­nyl­ýan da­na akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry­ny oka­nyň­da, päk ah­lak­ly­lyk, ru­hu­be­lent­lik, gel­je­ge ýag­şy umyt-ni­ýet, adam­kär­çi­lik du­ýul­ýar. Dür­dä­ne pi­kir-paý­has­la­ry il-gü­ne ba­gyş­lan şa­hyr şy­gyr bos­sa­ny­nyň bil­bi­li sa­ýy­lyp­dyr. Şa­hyr özü­niň şy­gyr­la­ryn­da ag­zy­bir­lik, asu­da­lyk, ada­lat­ly­lyk, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, mert­lik we ba­tyr­lyk ýa­ly yn­sa­ny be­ze­ýän oňat gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri ün­dew ed­ýän pa­ra­sat­ly pi­kir­le­ri öňe sü­rüp­dir. Şa­hy­ryň be­lent adam­kär­çi­li­gi, ha­lal­ly­gy, päk­li­gi öwüt-ün­dew ed­ýän ter­bi­ýe­leý­ji şa­hy­ra­na se­tir­le­ri Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de tä­ze öwüş­gi­ne eýe bo­lup, hä­zir­ki za­man türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ru­hy sag­dyn­ly­gy­na hem-de kä­mil­li­gi­ne öz se­si­ni goş­ýar.

Müň derdiň dermany

Ýiti respirator keseller asgyrylanda we üsgürilende beýlekilere geçip bilýär. Göze görünmeýän damjajyklardaky wiruslar howa arkaly sag adamyň agzalaryna düşüp, ýiti respirator keseli ýokuşýar. Şonuň üçin üsgüreniňizde we asgyranyňyzda agzyňyzy, burnuňyzy elýaglyk bilen ýapmaly. Şeýle etseňiz, töweregiňizdäki adamlary keseliň ýokuşmagyndan gorap bilersiňiz. Şeýle-de keselli bilen umumy gapdan, ýorgan-düşekden, el süpürgiçden peýdalanmaly däl. Şolardan kesel döredijiler aňsatlyk bilen geçýär. Şeýle ýagdaýda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 1-nji jildinde beýan edilýän üzärlikden peýdalanmaly. Üzärligi otagda tüsseledip, howadaky mikroblary gyryp bolýar. Ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklerden dynmakda-da üzärligiň peýdasy uludyr. Düýe üzärligi ysganda, gözi durlanyp, gadamyny batlandyryberýär. Lukman bilen maslahatlaşyp, guradylan üzärligi gaýnadyp, hasadan süzüp, ýyly suwda syrkawy ýuwundyrsaň, guragyra peýdasy bardyr. Üzärligiň gaýnatmasy bedendäki zyýanly mikroblary gyrýar. Üzärlikden alynýan garmin serişdesi beýnä täsir edip, adamyň gan basyşyny peseldýär, dem almasyny güýçlendirýär, içegäniň, ýüregiň myşsalaryny kadalaşdyrýar we gan damaryny giňeldýär.

Saglygymyz öz elimizde

Ösüşiň berk binýady

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ça­ga­la­ry, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, bagt­ly ne­sil­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­sin­de ösüp gel­ýän ne­sil­le­ri, ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ry dur­muş taý­dan gol­da­mak, ola­ryň sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge ýar­dam ber­mek, bag­ty­ýar ýa­şa­mak­la­ry üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da eden ta­ry­hy çy­ky­şy biz­de uly tä­sir gal­dyr­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň de­gi­şli dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da hem ýur­du­myz­da ylym-bi­li­mi hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek we ýaş­la­ryň şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za, mil­li mi­ra­sy­my­za bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­lä aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Şun­dan ugur al­nyp, gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da saglygy goraýyş, bi­lim ul­ga­mlary­na de­giş­li tä­ze­lik­ler bar­ha art­ýar, hä­zir­ki­za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bilim we terbiýeçilik edaralary, sa­glygy goraýyş mer­kez­le­ri giň ge­rim­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Bu bol­sa ýaş­la­ra dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim al­ma­ga, bedenlerini berkitmäge, saglygyny dikeltmäge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Biz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti

Döwrebap binalar — paýtagtymyzyň bezegi

Eşretli zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amal edilýän beýik işler bu gün ähli halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar. Maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýan, häzirki zamanyň kämil lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilýän döwrebap hassahanalar, şypahanalar, sport we sagaldyş toplumlary halkymyzyň hyzmatynda. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň birnäçesiniň şanly ýylymyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde dabaraly ýagdaýda açylandygyny ýatlamak aýratyn ýakymlydyr. Bilşimiz ýaly, şol gün paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi halkymyzyň hyzmatyna berildi. Şeýle hem, bu hünär baýramçylygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň 16-njy jiltiniň çapdan çykmagy, Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen, germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakylan şaýoluň açylyş d

Saglygymyz öz elimizde

Ýiti respirator wirusly keseller adam bedeniniň ýokarky dem alyş agzalarynyň, agyz-burun boşluklarynyň, bokurdagyň ýiti sowuklamasy bilen häsiýetlendirilýär. Ýiti respirator wirusly ýokançlar islendik adama howa-damja ýoly arkaly näsag adamdan geçip bilýär. Ol sagdyn adam ýokançlar bilen hapalanan howadan dem alanda ýokarky dem alyş ýollaryna düşýär we nemli bardanyň daşky gatlagynyň öýjüklerinde ornaşýar hem-de ony zeperlendirýär. Ýiti respirator wirusly keselleri döredýän dürli wiruslar adamlarda bedeniň gyzgynynyň ýokary galmagy, üşetme, kellagyry, ysgynsyzlyk, işdäsizlik, asgyrma, üsgürme, endamyň agyrmagy ýaly alamatlary döredýär. Keselleriň kliniki alamatlary burnuň dykylmagy, akmagy, bokurdagyň, damagyň agyryp gyzarmagy (faringit), tonzillit, laringotraheit, bronhit, öýkeniň, badam şekilli mäziň, gözüň (konýuktiwit), iýmit siňdiriş agzalarynyň sowuklamasy görnüşlerinde ýüze çykyp bilýär. Wagtynda bejerilmedik ýagdaýynda ýiti respirator wirusly keseller bedeniň goranyş ulgamynyň gowşamagyna, dem alyş agzalarynda bakterial keselleriň döremegine we onuň beterleşmegine sebäp bolýar.

Ýatkeşligi nähili berkitmeli?

Ýadyňyzy berkitmek üçin haýsy düzgüni berk berjaý etmeli?! — Hoz biziň üçin tapylgysyz nygmatdyr. Onuň düzümi ýaglara baýdyr. Irden 2-3 däne hozuň maňzyny iýseňiz, ýadyňyzyň berkemegine kömek eder. Şeýle-de çagalaryňyza hem günde hozuň maňzyny bermegi ünsden düşürmäň. Hozuň maňzyny owradyp, ary balyna garyp goýup, gündelik ajöze bir çaý çemçe iýseňiz, üşükliligiňize we saglygyňyza ýardam eder. Onuň düzüminde gan damarlaryny berkidýän E witamininiň we immuniteti berkidýän C witamininiň köp mukdary bardyr. Adam näçe köp hoz iýse, şonça hem sowuklama biomarkerleri pes bolýar. Hoz ýatkeşligi berkidýär, ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, ýüregi we bagry goraýar. Grek hozy beýniniň işini kadalaşdyrmakda we adam bedeniniň kesellere garşy goraýjylyk ukybyny güýçlendirmekde peýdalydyr. Onuň düzüminde B witaminler toplumy, A, C, E, K, PP witaminleri bar. Ondaky askorbin kislotasynyň mukdary limonyňka garanyňda 50 esse köpdür. Şeýle-de bu iýmitiň düzüminde minerallardan sink, kaliý, kalsiý, magniý, ýod, fosfor, demir, kobalt bar. Grek hozy immuniteti güýçlendirmekde, ýatkeşligi ösdürmekde, ganaýlanyşygyny we gan basyşyny kadalaşdyrmakda, ganazlykda, galkan şekilli mäziň, içegeleriň, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde, sowuklamada, süýji keselinde netijeli ulanylýar. Bu iýmiti iýmek, aýratyn hem, hamyla we çaga emdirýän zenanlara, ýaşuly adamlara, şeýle-de

Kyrk çile däbi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda birnäçe maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň tabynlygyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hereket edýän «Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün biz ähmiýetini ýitirmeýän adatlary bolan kyrk çile däbi barada gürrüň ederis. Ene-mamalarymyzyň öz tejribelerine esaslanyp, paýhaslary bilen döreden ajaýyp ýörelgeleriniň biri hem täze dünýä inen çaganyň kyrk çile däbidir. Çaga doglup, tä kyrk gün geçýänçä, ol çileli hasaplanýar. Çile sözüniň özi pars sözünden gelip çykan «Kyrk» diýen manyny berýär. Kyrk günlük çile dessury diňe türkmenlerde däl, eýsem, beýleki türki dilli halklaryň hem birnäçesinde ýöredilýär.

Irdenki Gün şöhlesi

Irdenki Gün şöhlesiniň adam saglygy üçin peýdasynyň uludygyny alymlar öz ylmy işleriniň netijesi arkaly subut etdiler. Irdenki Gün şöhlesi adam bedenine düşende, ol D witaminini köp öndürýär, süňkleriň nädogry ösmeginiň öňüni alýar hem-de kalsiý bilen üpjün edýär. Onuň üçin her gün 15 minut Gün şöhlesine çoýunmak ýeterlikdir. Lukmanlar D3 witamininiň adamyň immunitetini, kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrmakda zerurdygyny belleýärler. Şonuň üçin Gün şöhlesiniň yzygiderli düşýän ýerinde çoýunmagy maslahat berýärler. Bu operasiýa geçiren adamlar üçin hem möhümdir.

Zenjebil (imbir)

Zenjebil ajyja tagamy we ýakymly ysy bilen tanalýan tebigy ösümlik bolup, dermanlyk hökmünde ulanylýar. Ol Ýaponiýada, Hindistanda, Indoneziýada hem-de Hytaýda tropiki we ýarym tropiki howa şertlerinde ösýär. Onuň esasy ulanylýan bölegi köki bolup, daşky gabygy goňur, içi bolsa sary reňklidir. Zenjebiliň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, witaminler, suw we mikroelementler bar. Ol saglygy goraýyş pudagyndan başga-da, köplenç, gazly we gazsyz içgi önümleriniň, ys berijileriň we kosmetiki şerişdeleriniň düzüminde ulanylýar. Zenjebil nämelere peýdaly?

Düzgünleri doly we berk berjaý edeliň!

♦Pasla görä geýinmeli.♦Gyş paslynda adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň başy ýyly ýaglyk ýa-da başgap bilen örtülen bolmaly. Olaryň aýakgaplary özüne laýyk, rahat, ýyly hem-de mümkin boldugyça, olaryň aşagy tekiz bolmalydyr.♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý etmeli. Elleriňizi arassa saklamaly. Burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ösümlikler gurplandyryjy çeşmedir Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde nygtalyşy ýaly, ösümlikler tebigy dermanhanadyr. Şol nukdaýnazardan, ösümlikleriň mikroelement düzüminiň, olardaky ýakymly ysly maddalaryň bedene edýän täsirini bilmek zerurdyr.

Saglygyň gadryny bilgil...

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar Gyş paslynda howanyň üýtgäp durmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasyla görä geýinmeli.

Baş baýlygyň goragynda

Gyş paslynyň sowuk günlerinde saglygymyza has-da jogapkärli çemeleşmegimiz gerek. Şu babatda, ilkinji nobatdaky sagdynlyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmekligi ýatladýarys. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý ediň;

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Pasyl çalşyp, howanyň sowamagy bilen, adama ýokuşyp biljek keselleriň biri-de, ýiti respirator ýokanç keselidir. Ondan goranmak üçin bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaly. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmeli, sport bilen meşgullanmaly. Iň esasy-da, ruhy sagdynlygyň ähmiýeti uludyr. Şähdaçyklyk, durmuşa höwes, zerur şertleriň biridir. Galyberse-de, sagdyn iýmitlenmeli, ýurdumyzyň sahawatly topragynyň witaminlere baý önümlerini iýmeli. Özüňiziň we çagalaryňyzyň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik ediniň, howa laýyk geýniň! C witamine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli. Işleýän ýeriňizde we öýüňizde otaglary ýelejiredip, howasyny tämizläp durmaly.