"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bar nyg­mat­dan ýeg­dir sag­lyk ma­za­sy

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň da­na, akyl­dar şa­hy­ry, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne diý­seň uly sar­pa go­ýul­ýar. Bu gün­ki gün türk­men hal­ky Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan za­ma­na­syn­da ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň, eş­ret­li dur­mu­şyň gu­ja­gyn­da ýa­şa­ýar. Çün­ki Türk­me­nis­tan — ar­zuw­la­ryň wy­sal bol­ýan ýur­dy. Döw­le­ti­mi­ziň ösüş­le­ri­ni şeý­le sep­git­le­re ýe­ti­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de pe­der ýo­lu­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­timiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry hem-de ir­gin­siz zäh­me­ti jem­le­nen­dir. Her gü­ni toý­dur baý­ram­la­ra, şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýän 2024-nji ýylyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly di­ýip at­lan­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny gö­ge gö­ter­di. Bu bol­sa şa­hy­ra go­ýul­ýan sar­pa­nyň ýe­ne-de bir gü­wä­si­dir.

Tebigatyň özi melhem

Dünýä alymlary tarapyndan geçirilen barlaglara nazar aýlasaň, ynsana gerek ähli melhemleriň tebigatyň özünde bardygyna göz ýetirmek bolýar. Esasy zat — ol melhemleri saýgarmagy, saýlamagy, peýdalanmagy başarmaly. Hatda ýerini bilip ulansak, jöwzaly tomsuň yssysyndan-da bedenimiz üçin melhem alyp bileris. Alymlar yssy howany ýöne ýere «howply melhem» diýip häsiýetlendirmeýärler. Ynsan bedeniniň uly bölegini suw düzýär. Yssyda derlenilmegi sebäpli bedeniň suwy azalýar we adamyň ysgyny gaçýar. Ysgynsyzlyk bolsa bedeniň ejizländiginiň, immun goraglylygynyň pese gaçandygynyň alamatydyr. Şonuň üçinem yssyda Günden goranmak bilen birlikde suwy köp içmeli. Suw dere öwrülip çykmak bilen, bedeniň sowamagyny-da üpjün edýär.

Dogry iýmitlenmegiň peýdasy

Dürli süýt önümlerini gündelik iýmitiňde dogry peýdalanmagy başarmak ynsan saglygynyň girewidir. Şeýle peýdaly süýt önümleriniň biri-de mesge ýagydyr. Mesge ýagynyň düzüminde adam bedeniniň fiziologik aýratynlyklaryna görä gündelik kabul edilmeli witaminler, mineral maddalar, mal ýaglary, beloklar bar. Olar adam bedeniniň madda çalşygyny kadalaşdyryp, reproduktiw, nerw we ýürek-damar ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün edýär  hem-de esasy energiýa çeşmesi bolup  hyzmat edýär.

La­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­la­ry — ýo­ka­ry hi­liň ny­şa­ny

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­luk­la­ry­nyň bar­lag­ha­na­la­ry­na hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di. Ýa­kyn­da Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi hem şeý­le gü­wä­na­ma my­na­syp bo­lup­dy. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň de­giş­li dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Ber­len gü­wä­na­ma­lar de­giş­li dü­züm­ler­dä­ki iş­le­riň TDS ISO 9001 stan­dar­ty­nyň bel­le­nen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. ISO 9001 dün­ýä­de hi­li do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yk­rar edi­len stan­dart bo­lup, äh­li öl­çeg­ler­dä­ki eda­ra­la­ra, pu­dak­la­ra iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge, hil bo­ýun­ça yg­rar­ly­ly­gy­ny gör­kez­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Bu stan­dar­tyň işe or­naş­dy­ryl­ma­gy aras­sa­çy­lyk gul­luk­la­ryn­da iş­le­riň ne­ti­je­li al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, hü­när­men­le­riň öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny, hyz­mat­la­ryň gy­şar­nyk­syz ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Sepgit — saglygy berkit

• Pasla görä geýinmeli. • Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Sport we saglyk

Sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýar. Adam saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. Az hereketlilik çagalaryň ösmegine zyýanly täsirini ýetirýär. Çagalarda az hereketlilik, ulular bilen deňeşdireniňde diňe bir fiziki taýdan däl-de, akyl taýdan hem bozulmalara getirip bilýär. Sport bolsa az hereketlilik arkaly döreýän näsazlyklaryň öňüni alýar. Hereket işjeňliginiň orta we gartaşan ýaşly adamlarda peselmegi aterosklerozyň emele gelmegine, gan damarlarynyň çeýeliginiň üýtgemegine hem-de bedende gan aýlanyşynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Welosiped sürmek adam bedenine mahsus bolan hereketleriň uly göwrümini ýüze çykarýar. Bu bolsa biologik esaslary kemala getirmek bilen keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr.

Dertden özüňizi goraň!

Biz öz işimizi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, dürli keselleriň öňüni almak boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alyp guraýarys. Şunda ilat arasynda wagyznesihat, düşündiriş çärelerini ýola goýmaga uly ähmiýet berilýär. Esasanda, ýokanç keselleriň öňüni almakda watandaşlarymyza ýeterlik düşünje bermek maksada laýykdyr. Ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän keselleriň biride gijilewükdir. Bu kesel gijilewük sakyrtgasynyň döredýän ýokançly deri keselidir. Kesel, esasan hem, näsag bilen ýakyn galtaşykda bolnan ýagdaýynda ýokuşýar. Gijilewük sakyrtgalary deriniň astynda ýaşaýarlar we gije hereketlenýärler. Şol sebäpli, köplenç, keselçilik ýorgandüşekden, içki eşiklerden hem geçýär. Çagalara bu kesel beýleki maşgala agzalaryndan, çagalar baglarynda bolanlarynda oýnawaçlardan, tutawaçlardan, dürli ýazuw esbaplaryndan, sport enjamlaryndan ýokuşyp bilýär.

Kädiniň dermanlyk ähmiýeti

Kädini uzak wagtlap saklap bolýar. Ol birnäçe aýyň dowamynda özüniň tagamyny we peýdaly häsiýetini ýitirmeýär. Kädi az kaloriýaly önümdir. Onuň 100 gramynda 23 kkal bar. Düzümindäki witaminlerdir mineral duzlaryň käbir görnüşleriniň mukdary beýleki gök-bakja önümlerindäkiden köpdür. Karotiniň we demriň esasy çeşmesi bolan bu önümde kaliý, kalsiý, magniý, kobalt, mis elementleri we witaminleriň C, B2, B5, E, K, PP görnüşleri hem örän köp mukdarda saklanýar. Kädi görejiň kütelmeginiň, demir ýetmezçilikli ganazlygyň (anemiýa) ýüze çykmagynyň öňüni almaga ýardam edýär.

Gün şöhlesinden goranyň!

Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, howanyň aşa gyzan döwründe Günüň ýiti şöhlesinden goranmak her bir adam üçin möhümdir. Şeýle howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. Haçan-da Gün şöhlesi dogry ulanylanda, bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin ondan ýerlikli peýdalanmaly. Şonuň bilen bilelikde gönümel düşýän Günden baş gaplary geýmek, saýawanlary ulanmak arkaly goranmaly. Saglygymyzy goramak üçin bular bilen çäklenmän, paslyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. Çagalara ideg edýän terbiýeçiler we ene-atalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 9-dan 11-e çenli, öýlän 18–den soň pasla görä geýnip gezelenç etmeli.

Saglyk — baş baýlyk

♦Daşardan gelnende, nahardan öň we soň ýa-da islendik iş ýerine ýetirilenden soň, elleri sabyn bilen gowy edip ýuwmaly. ♦Iş otaglaryny ýygy-ýygydan ýelejiredip, howasyny çalyşmaly, çygly mata bilen süpürip, arassalap durmaly.

Öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti

Lukmanyň maslahaty Ýurdumyzda waksina bilen öňüni alyp bolýan ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Immuno-öňüni alyş sanjymlary ýokanç kesellerden goramaklygyň özeni bolup durýar. Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi netijesinde çagada berk immunitet döreýär. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, sanjym tertibine laýyklykda, ýokanç keselleriň jemi 14 sanysynyň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.

Melhemli kölüň boýunda

Güneşli Diýarymyzyň Balkan welaýaty ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň ägirt köp möçberdäki gorlaryna eýe bolmak bilen birlikde, dünýäniň dürli yklymlaryna uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we gara ýollaryň, uglewodorod çig malyny akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileriň hem amatly çatrygydyr. Welaýatyň kartasyna nazar aýlanyňda, asuda tolkunyp ýatan mawy deňze-de, ululy-kiçili çeşme-çaýlara-da, belent başly daglaryň aýagujundan ýaýylyp gidýän uç-gyraksyz, mes toprakly sähralyklardyr ýaýlalara-da gözüň düşüp, ruhuň ganatlanýar. Çar ýany beýik dag gerişleri bilen gurşalan Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleriniň okgeçmez jeňňellikleridir gyrymsy tokaýlyklary, çeşme-bulaklary, Hazaryň durnanyň gözi ýaly arassa suwly hem çägesöw kenary, uç-gyraksyz Garagum sährasynyň pasly baharlarda läle-reýhana gark bolýan giňişlikleri özüne jennetiň bir künjegidir diýdirýär. Bu ýerler ynsan saglygyny berkitmäge, dikeltmäge we sapaly dynç almaga giň mümkinçilikleri döredýän täsin künjeklere-de juda baý. Sebit ýerasty Ýasga köli, Uly we Kiçi Balkan daglary, Sünt-Hasar dagy, Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleri we beýleki täsinden-täsin görnüşleri bilen her bir adamy özüne maýyl edýär. Hut şonuň üçinem, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitde-de tebigatyň täsin gudratlaryny ynsan saglygynyň hyzmatynda goýmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, «Awaza» we «Mo

Sagdynlygyň gözbaşy

— Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrmak üçin witaminlere baý bolan önümler bilen iýmitlenmeli (kädi, kelem, käşir, şugundyr, gök otlar ýaly önümleri we süýt önümlerini gündeki iýmitleriňizde ulanmaly). — Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli.

Berjaý edilmeli talaplar

Oba hojalyk ekinleriniň endigan ösmegini we olaryň bol hasyly getirmegini gazanmakda ekinleri zyýankeşlerden, şeýle hem haşal otlardan goramak möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglanyşykly, oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende kesellere, zyýankeşlere garşy awuly himiki serişdeleriň dürli görnüşleri ulanylmaly bolýar. Awuly himikatlar ekin meýdanlaryna uçarlar, ýöriteleşdirilen traktorlar arkaly, ýyladyşhanalarda bolsa, degişli pürküji enjamlary bilen sepilýär. Awuly himikatlar bilen iş salşylanda onuň ulanyş, sepiliş düzgünleriniň berk berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar. Şol düzgünleriň bozulan ýagdaýynda atmosfera howasynyň, topragyň, gök-bakja ekinleriniň, suw çeşmeleriniň hapalanmagyna eltip biler. Şonuň üçin onuň öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulmalydyr. Awuly himiki serişdeler adamyň bedenine deriniň açyk ýerlerine, ýokary dem alyş ýollaryna, agyz boşlugynyň üsti bilen içki agzalara düşüp biler. Olar adam bedenine az mukdarda düşen ýagdaýynda hem bedeniň kadaly işlemegine ters täsir edip, hatda adamyň zäherlenmegine getirip hem biler.

Şypahana — gurbat jana

Biziň ýurdumyzyň çäklerinde dürli sökellikleri bejermekde ähmiýetli mineral suwly çeşmeleriň juda köpüsi bar. Olar üç görnüşe — «ýörite goşantsyz» mineral suwlara; ýodlaşdyrylan, bromly, ýod-bromly suwlara we içmek hem-de wanna üçin niýetlenen sulfid mineral suwlara bölünýärler. Ylmy maglumatlara görä, türkmen topragyndaky şeýle çeşmeleriň sany 300-den geçýär. Olaryň 120-den gowragynyň suwunyň düzümi bolsa hünärmenlerimiz tarapyndan doly öwrenildi diýip bileris. Galanlaryny hem düýpli öwrenmek, zerur hasap edilenlerinde döwrebap şypahanalary gurup, halkyň hyzmatyna bermek babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Mukaddes türkmen topragy ynsan saglygyny dikeltmekde hem-de gorap saklamakda ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýär. Dürli dermanlyk ösümliklerini, palçyklaryny, tebigy-howa aýratynlyklaryny aýtmanyňda-da, diňe melhemlik suwly çeşmelerimiziň özem biziň ýurdumyzy bütin dünýäde şypahana-bejeriş mümkinçiligi babatda öňdäki orunlara çykarar. Geljekde derde dowa suwy bilen eýýäm il içinde adygan Garaçagyl, Gaýnarbaba ýaly çeşmeleriň, şeýle-de Köpetdagyň, Köýtendagyň, Sünt-Hasar dagynyň bejerijilik häsiýetli täsin çeşmeleriniň, Garagum, Bathyz sähralarynyň mineral suwly ýerasty ýataklarynyň hem bejerijilik häsiýetleriniň ylmy esasda düýpli öwrenilip, halkyň sagdyn durmuşynyň hatyrasyna gönükdiriljekdigine, olaryň birnäçesinde zamanabap şypahanalaryň guruljakdygyna

Hormatly watandaşlar!

Tomsuň häzirki jöwzaly günlerinde sagdyn durmuşy üpjün etmek siziň özüňize baglydyr. Munuň üçin, Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy, pasla görä geýinmegi, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny kabul etmegi, gök önümlere, miwelere, süýt we süýt önümlerine has köp üns bermegi maslahat berýäris.

Sogap işleriň sakasy

Halkyň gündelik durmuş adatynda onuň ýaşaýyş filosofiýasy, ileri tutýan ruhy gymmatlyklary aýdyň şöhlelenýär. Bir adama alkyş aýtjak bolsalar, dokuzy düzüwlik dileýändirler. Könekiler muny adam üçin howa ýaly zerur bolan dokuz hajat bilen baglanyşdyryp, onuň ilkinjisini hem saglyk hasaplapdyrlar. Saglyk «salam» sözüniň hem özeninde durýar. Saglyk — Ýaradanyň adama eçilýän iň uly baýlygy, Zemin gymmatlyklarynyň seresi. Ony adamlar topragyň gursagyny ýaryp çykan melhemli çeşmelerden, goja daglaryň gözýaşy hasaplanýan mumyýadan, müň bir keseliň emi dermanlyk otlardan gözleýärler.

Ýurdumyzyň şypahanalar ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, zähmet rugsady wagtynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Saglyk — baş baýlyk

— Tomus paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp we gyzyp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. — Günüň dowamynda 5-6 sany gök önümleri we miweleri iýmeli. Gök we miwe önümlerini iýeniňizde arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmeli.