"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Esgeriň ýoly» ýa-da depderdäki ýatlamalar

Daşynda «Esgeriň ýoly» ýazgyly dört sany depderi mähriban käbämiň okaýan kitaplarynyň arasynda aýratyn aýawly saklanmagy olaryň ýokary gymmatynyň bardygyny mälim edýär. Ejem bu depderleri tekjäniň iň görnükli ýerinde goýup, olar barada gyzyklanan adamlara: «Bu depderlerde kakam Annadurdy Annaýewiň uruş ýyllary baradaky ýatlamalarynyň ýazgysy bar» diýip, uly buýsanç bilen gürrüň berýär. Näçe aýawly saklansa-da, depderleriň könelişendigini, olaryň ir wagtlara degişlidigini bilip bolýar. Depderleriň mazmunynda şeýle ýatlamalar bar: «1939-njy ýyl. Men şol döwür mekdepde mugallym bolup işläp, obamyzdaky çagalara bilim we terbiýe berýärdim. Günde işden gelenimden soň, gazet-žurnallardaky täzeliklere göz aýlap, jaýymyzyň penjiresinden köçede gaýgy-gamsyz oýnap ýören çagalary, agaçlaryň şahalarynda jürküldeşýän guşlary, şahalaryny aşak egip, miwelerini güjeňleýän baglary synlap, durmuşyň gözelligine guwanýardym. Ine, birden urşuň başlanandygy baradaky habar halkymyzyň rahatlygyny sogrup alan ýaly etdi. Erkek adamlar her gün diýen ýaly fronta ugradylýardy. Tejribeli mugallymlaryň käbiri fronta ugradylman, 7 — 10-njy synpda okaýan gyzlara başlangyç synpda okaýan okuwçylary okatmagy öwretmek tabşyrylypdy. Şeýle-de oba hojalygynda, zawod-fabriklerde erkekleriň ornunda işlär ýaly gyz-gelinler taýýarlanylýardy. Şol ýyllar ýaňy bir 18 ýaşymyň bardygyna garamazdan, meni Bäherden raýonyn

Muhammet al-Horezmi — gündogaryň danasy

Asyrlaryň jümmüşine ser salyp, Ýewropa bilen Aziýanyň, Günbatar bilen Gündogaryň söwda gatnaşyklarynyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen amala aşyrylandygyna Gündogar halklarynyň akyldarlarynyň ylmy açyşlary, pikir-garaýyşlary şaýatlyk edýär. Ähli döwürlerde hem halky yzyna düşürmegi, ynandyrmagy, dogry ýola gönükdirmegi başaran şahsyýetler bolupdyr. Gadym döwürlerde-de beýleki ylymlar bilen bir hatarda, matematika ylmy hem ösüpdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Muhammet Horezminiň, Abu Nasr Farabynyň, Abu Reýhan Biruniniň, Ibn Sinanyň, Mahmyt Kaşgarlynyň ynsan nesliniň beýik geçmişinden söhbet açýan taryhy, ylmy kitaplary dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Olaryň saldamly işleri türkmen ylmyny belent derejelere göterdi» diýip belleýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Gündogar ylmynyň taryhda öçmejek yz goýan, döredip ýaşan şahsyýetleriniň giňişleýin öwrenilmegi aýratyn buýsandyryjydyr.

Geçmişiň ýaňy — geljege şamçyrag

Taryhy çeşmelere ýüzlenip, geçmişiň syrly sahypalaryny agdarýarkaň, özbaşdak döwletli, berkarar ýurtly bolup, asuda, parahat durmuşda ýaşamagymyza bu mukaddes toprakda ýaşap geçen beýik şahsyýetleriň, alymlaryň, akyldarlaryň, şalaryň, soltanlaryň, milli gahrymanlaryň näderejede goşandynyň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Onsoň halkymyzyň: «Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz» diýen dana pähiminiň çuň many-mazmuny hem bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar duruberýär. TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşi tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gadymy Oguz ýaýlasynda badalga alan toý dabaralary, şol günlerde hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby bizi geçmişiň syrly dünýäsine dolady. Ekerançylygyň gülläp ösen, adamzat medeniýetiniň kemala gelen ýeri bolan Änewden başlanan döredijilik saparymyz gadymy Sarahs topragynda dowam etdi. Ýolugruna bu aralykda ýerleşýän köp sanly keramatly ýerlere — Seýit Jemaleddin metjidine, Abiwerd galasyna, Mäne babanyň aramgähine eden zyýaratlarymyz mukaddes topraga saparymyzyň has täsirli bolmagyna getirdi. Sarahs etrabynda-da Abul-Fazl (Sarahs baba), Ahmet al-Hady (Ýartygümmez) kümmetleri, Pulhatyn köprüsi, Gowşuthan gala, Injirli gala, Topaz gala, Guýrukly depe, Oýukly depe ýaly taryhy ýerler, gadymy galalar

Halypa geolog

Ömrüni ylma bagyşlan, ýurdumyzda tanymal geologlaryň biri, geomorfolog, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Hommat Durdyýew şu ýyl 90 ýaşyny toýlaýar. Ol 1934-nji ýylyň 5-nji maýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde eneden dogulýar. 1947-nji ýylda Aşgabat şäheriniň 1-nji Pedagogiki uçilişesine okuwa girýär. 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesi netijesinde ol beýleki talyplar bilen birlikde Türkmenbaşy şäheriniň 6-njy Pedagogiki uçilişesine geçirilýär we bu uçilişäni 1951-nji ýylda tamamlaýar. 1953-nji ýyla çenli Gökdepe şäherçesiniň 1-nji orta mekdebinde mugallym bolup işleýär. Bilim almaklyga bolan höwesi 1953-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň geologiýa-geografiýa fakultetine okuwa girmegine sebäp bolýar. 1958-nji ýylda uniwersiteti tamamlap, ýaş hünärmen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynda öz ylmy ýoluna başlaýar. Ylym ýolunda görkezen başarnyklary ony 1961—1964-nji ýyllarda aspiranturada okamagyna iterýär. 1970-nji ýylda halypa geolog ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa goraýar.

Çagry beg

Seljuklar Horasanyň halkyny bir ýyllap salgytlardan boşadypdyrlar (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 25 s.). Çagry we Togrul begiň ady bilen yslam dünýäsinde Seljuk döwri başlandy (S.Koca. Sir Derya (Ceyhun) boylarından Anadolu’ya: Oğuzlar (Türkmenler) // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 79 s.). Gurultaýda Çagry begiň goşuny bilen Balh we Toharystan etraplaryny hem-de elden giderilen beýleki etraplary eýelemelidigi karar alnypdyr. Seljuklaryň gurultaýda alan kararlary olaryň indi gaznalylardan çekinmeýändiklerini, syýasy güýç hökmünde dessine täze ýerleri eýelemäge girişendiklerini aňladýar (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay., – İstanbul. 2014. – 89-90 s.). Daňdanakan söweşinden, takmynan, bir aý geçensoň (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 1, 25 s.) seljuk begleri Merwde uly gurultaýa ýygnanypdyrlar. Taryhçy Faruk Sümeriň nygtaýşy ýaly: «Seljuklaryň geçiren gurultaýlarynda edilen gürrüňler öz akylly pikirleri, batyrgaýlygy, güýç-kuwwaty bilen seljuklary kimiň ugrukdyrandygyny, jahana häkim bolmak maksadynyň döremeginde kimiň baş roly oýnajakdygyny aýdyň görkezýär. Bu beýik ynsan Dawut Çagry begdir. Seljuk neberesiniň diregi we döwlet gurluşygynyň iň möh

Amul galasy ylmy jemgyýetçiligiň nazarynda

Müňýyllyklaryň syrlaryny saklaýan taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolan türkmen topragy bütindünýä ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. 26-njy aprelde «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen açyldy. Forumda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy taýdan öwrenmek ony asyl durkunda we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem giňişleýin söhbet etdiler.

Watansöýüjilige ýugrulan eser

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndaky «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýen sözleri okyjylaryň kalbyna täsir edýär. Munuň şeýledigine ýaşlarymyz bu ajaýyp kitap mynasybetli guran söhbetdeşligimizde has-da anyk göz ýetirdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar kitabyň mazmuny barada örän täsirli gürrüň etdiler. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe bir taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Änewli ägirtler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsinden täsirlenip, çuň manyly şygyrlary döreden birnäçe arkaçly şahyrlar meşhurdyr. Durdy bagşy, Zahydy, Ysmaýyl ýaly şahyrlaryň şygyrlary il içinde dilden-dile geçipdir. XIX asyryň başlarynda Änewde dünýä inen Dostmämmet şahyryň goşgulary halk içinde aýdym edilip aýdylypdyr. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, XIX asyrdaky Änew halkynyň ýaşaýyş-durmuşy, edil XVIII asyr ýaly, çylşyrymly, galagoply we gapma-garşylykly döwür bolupdyr.

«Güneşde» işler sazlaşykly barýar

«Güneş» daýhan birleşigi Halaç etrabynda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýar. Hojalygyň babadaýhanlary ekinden-toprakdan bol hasyl ýygnamagy başarýarlar. Olar ýurdumyzyň dänä bolan islegini üpjün etmäge her ýyl saldamly goşant goşýarlar. Şu ýyl hem daýhanlar bugdaýdan bol hasyl ýygnajakdyklaryny ynam bilen aýdýarlar. — Hormatly Prezidentimiziň azyk bolçulygyny üpjün etmeklige gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli berjaý etmek ugrunda babadaýhanlarymyz yhlas bilen zähmet çekýärler. Döwlet Baştutanymyzyň bugdaý, pagta hasylynyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakyndaky we oba hojalyk pudagyny özgertmäge degişli kabul eden Kararlary daýhanlary has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy — diýip, daýhan birleşiginde hasabat işleri bilen meşgullanýan Ýolbars Jumanazarow aýdýar. Ýolbars ozal birnäçe ýylyň dowamynda şu daýhan birleşigine ýolbaşçylyk edipdir. Şol ýyllarda ol hojalygyň gazanýan ýokary netijeleri bilen baglanyşykly welaýat häkimliginiň sylaglaryna hem mynasyp bolupdyr. Ol bu hojalygyň işlerine belet. Ýaşlaryň birnäçesine öz iş tejribelerini hem öwredipdir. Häzirki wagtda hem olara işe dahylly gymmatly maslahatlaryny berip durýar.

Gadymy şähere täze ömür bagyşlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz, şol sanda biziň welaýatymyz halkara derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň, dabaralaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ynha, geçen hepdede Türkmenabat şäherinde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem dünýä ähmiýetli çäreleriň biri boldy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, welaýat häkimliginiň bilelikde guran maslahatyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Merkezi Aziýa döwletlerinden alym-arheologlar, mirasy öwrenijiler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda Lebap topragynda geçirilen maslahata halkara derejesinde şeýle uly ähmiýet berilmegi ýöne ýere däl. Çünki häzirki wagtda tutuş dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan maddy we ruhy mirasy çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga uly üns berilýär. Gadymy Amul şäheri hem geçmişde diňe sebitiň däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň pajarlap ösmegine saldamly goşant goşan mekandyr.

Albert BURHANOW, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Dünýä medeniýeti institutynyň professory:

— Türkmenistan ýüregimde ýaşaýar Bu taryhy şöhratly, şu güni şanly toprakda ýene bir ýola myhman bolmak meniň üçin belent mertebe. Men Türkmenistana her gezek uly höwes bilen gelýärin. Çünki ykbalym, ylym ýolum bu toprak we onuň şanly taryhy bilen aýrylmaz bagly. Şonuň üçin hem gadymy Amul galasy bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çakylyk alan günümden bäri begenjim gursagyma syganok.

Halkara maslahatyna gatnaşyjylara söz berýäris

25-26-njy aprelde Türkmenabat şäherinde geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata türkmenistanly we daşary ýurtly alym-arheologlar, mirasy öwrenijiler, bilermenler gatnaşdylar. Olar şu taryhy forumyň özlerinde galdyran täsirleri, geljekde meýilleşdirýän işleri barada şeýle gürrüň berýärler. Jumanazar HOJABERDIÝEW,

Geçmişi şöhratly, şu güni şuglaly

Türkmenabat şäherinde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň öňe süren başlangyjynyň miwesi. Biz maslahatyň çäklerinde bu toparyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligimiz bu taryhy ýadygärligiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, bu ýerde alnyp barlan we geljekde göz öňünde tutulýan işler, şeýle hem halkara maslahatyň ähmiýeti barada boldy. — Çynar Täjiýewna, siziň durmuş we zähmet ýoluňyzyň bir bölegi Türkmenabat şäheri we onuň çägindäki taryhy ýadygärlikler, şol sanda, Amul galasy bilen hem bagly. Gadymy galanyň bu günki gün ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşulmagyny ýaşlyk arzuwlaryňyzyň wysaly hasaplap bilerismi?

Amul — taryhyň syrly sahypasy

Geçen hepdede Türkmenabat şäherinde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat şäheriň taryhynyň öwrenilişinde täze basgançak boldy. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen şöhratly taryhymyzyň düýpli öwrenilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, gadymy Amul Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen möhüm medeni merkez bolupdyr. Amul şäheriniň 2 müň ýyldan gowrak taryhy bar. Dogrudan-da, biziň eýýamymyzdan öň 145—86-njy ýyllarda ýaşan, «hytaýly Gerodot» adyna eýe bolan Syma Sýanyň köp jiltli «Şi szi» (Taryhy ýazgylar) kitabynda Amul şäheri ilkinji gezek ýatlanylýar. Özbek alymy Ş.S.Kamaliddinowyň tassyklaýşyna görä, gadymy Hytaý çeşmelerindäki Mu şäheri Amul bolmaly.

Be­ýik geç­mi­şi­mi­ziň wasp­na­ma­sy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­sy­na öw­rü­len çuň ma­ny­ly pi­kir­le­re hem-de gym­mat­ly yl­my tag­ly­mat­la­ra ýug­ru­lan, dö­wür­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny şöh­le­len­dir­ýän «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň türk­men, iň­lis, rus dil­le­rin­de ne­şir edil­me­gi­niň uly ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi­ne ba­gyş­la­nan hem-de her bir oky­jy­nyň kal­by­nyň tö­rün­de mü­di­mi­lik orun al­jak bu aja­ýyp sow­gat buý­san­jy­my­zy has-da be­len­de gö­ter­di.

ÇAGRY BEG

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: — Mälim bolşy ýaly, Çagry begiň we Togrul begiň döreden Beýik Seljuk döwleti gysga döwrüň içinde Günbatara, Kiçi Aziýa tarap ummasyz giňişliklere ýaýrapdyr. Bu döwlet dargandan soň hem özbaşdak türkmen döwletleri döräpdir. Beýik Seljuk döwletinden başlap, bularyň her biriniň türkmeniň şöhratyny dünýä ýaýmakda, yslam dinine arka durmakda bitiren işleriniň gymmaty hakynda pikir edip görüň!

Sirk sun­ga­ty­nyň ta­ry­hy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 «Sirk» sö­zi la­tyn di­lin­de «te­ge­lek» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Bu adyň sirk meý­dan­ça­sy­nyň — ma­ne­ži­niň we to­ma­şa­çy­lar üçin göz öňün­de tu­tu­lan bö­le­giň hem te­ge­lek gör­nüş­de­di­gi bi­len bag­ly bol­ma­gy müm­kin­dir.

Bedewleriň çyn muşdagy

Babaraplylaryň meleguşlary owadanlykda özlerini dünýä tanadan ajaýyp atlardy. Meleguşlaryň ilkinjisi, 1956-njy ýylda iňlis şa zenanyna sowgat berlipdi. Ikinjisi bolsa 1959-njy ýylyň 11-nji dekabryndan 1960-njy ýylyň 29-njy fewraly aralygynda Hindistanyň Deli şäherinde geçirilen halkara sergi-ýarmarka gatnaşyp, ýerli halkyň haýyşy boýunça dost-doganlygyň nyşany hökmünde olara sowgat berlipdi. Dünýäni haýrana goýýan meşhur ahalteke tohumyndan bolan şeýle ajaýyp atlary ösdürip ýetişdirmekde ata-babalarymyz seýisçiligiň nusgalyk mekdebini döredipdirler. Şeýle mekdebi döredenler Gökdepäniň gadymy Babarap obasynda hem az bolmandyr. Bu obada Kirpi Gadam, Ata Gurt... ýaly atşynaslar ýaşap geçipdirler. Şolaryň biri hem Myrat Rüstem eken. Myrat aga owadan, ýyndam ahalteke atlarynyň ençemesini ýetişdirmekde zähmetini gaýgyrmadyk atşynaslaryň biri bolupdyr. Biz onuň ömür ýoly bilen gyzyklanýandygymyzy ýaňzydanymyzda, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmeni, bu ugurda indi kyrk ýyl bäri zähmet çekip gelýän halypa atşynas Kerimguly Bäşimow: «Meleguşlaryň Meleguş bolmagynda Myrat Rüstemiň hem mynasyp paýy bar. Onuň nesilleri häzir Babarap obasynda ýaşaýarlar. Myrat aganyň körpe ogluna obada Çarow aga diýýärler. Ondan özüňizi gyzyklandyrýan maglumatlary tapyp bilersiňiz» diýdi.

Hormatly Prezidentimiziň «ÄNEW — MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» atly kitabyndan:

Adamzadyň ajaýyp geljegini bilelikde gurmak üçin täze-täze pikir-taglymatlary öňe sürmek — biziň döwletimize, Gahryman Arkadagymyza mahsus ýörelge. Ol ata-baba asylly ýolumyzyň döwrebap dowamaty. Çünki ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň, täzeçe pikirleriň muşdagy. Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir. Täze pikirler, täzeçe pikirlenmeler täze gözýetimleri açýar, täze mümkinçilikleri döredýär. Bu babatda döwletimizde uzak geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlardyr pikir-garaýyşlara has uly ähmiýet berilýär. Şonuň üçinem bu toprakda bolýan her bir waka dünýäniň ykbalyna täsirini ýetirip bilýär. Hut şonuň üçinem, Eziz Diýarymyz dünýäniň üns merkezinde — dünýäniň merkezinde! Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri-biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar. Ýaşaýşyň bir täsin hakykaty bar: Gowy zatlaryň gürrüňini etmek hemmelerde gowy täsirleri galdyrýar. Gözel pikirler gözel düşünjeleri oýarýar. Ajaýyp söhbetleri köp diňledigiňçe, diňe ajaýyplyklar bilen gurşalýarsyň. Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň.

Gadymy Amul — taryhyň şöhratly sahypasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärlikleri çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli 25-26-njy aprelde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi munuň nobatdaky ykrarnamasydyr. Bu halkara forum hormatly Prezidentimiziň goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara hyzmatdaşlygyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň beýany bolup, ol ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki tagallalary esasynda guraldy.