"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sport

Pauerliftingçileriň üstünligi Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň maksady ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen, halkyň saglygyny goramakdan, berkitmekden hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Aýratynam, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklarynyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy bu babatda uly üstünlige şaýatlyk edýär.

Welaýatyň birinjiligi geçirildi

Şu gün 14 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda sportuň 64 öýjükli şaşka görnüşi boýunça welaýatymyzyň birinjiligi tamamlandy. Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdepde geçirilen ýaryşa welaýat merkezinden, şeýle-de Köýtendag, Hojambaz, Dänew etraplaryndan, Darganata etrabynyň Gazojak şäherinden ýaş türgenleriň uly topary gatnaşdy. Ýiti bäsdeşlik ýagdaýynda geçen duşuşyklarda bu oýnuň inçe syrlaryny has gowy ele alan türgenler öňe saýlandylar. Has takygy, 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Köýtendag etrabyndan Tahyr Taştemirow ýeňiji boldy. Bu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda birinji orny hem şol etrapdan Aýbölek Narzullaýewa eýeledi. 18 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherinden Atamurat Jumaýewe taý gelen tapylmady. Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda welaýat merkezinden Gülnara Jumaýewa özüniň ýeňşini toýlady. Ýaryşda Gazojak şäherinden, Dänew etrabyndan gelen ýaş türgenleriň çykyşlaryny-da şowly hasaplamak bolar. Olara hem öňdäki orunlary eýelemek başartdy. Guramaçylykly geçen bäsleşik welaýatymyzda sportuň bu görnüşinde ussatlyga dalaş edýän ýaş türgenleriň az däldigini görkezdi. Ýaryşyň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Gyzykly geçen ýaryş

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 7-nji sport mekdebinde okuwçylaryň arasynda guralan kiçi futbol boýunça ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýda geçdi. «Ýaşlyk» toparynyň birinji orny eýelemegi bilen jemlenen bäsleşikde ikinji orna «Balkan» topary mynasyp boldy. Üçünji orny «Bagtyýarlyk» topary eýeledi. Ýaryşda öňdäki orunlary eýelän toparlara sport mekdebiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sport

Pälwanlaryň ýeňşi Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri ýurt Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr.

Arzuwym — çempion bolmak

Stoluň üstünde oýnalýan tennis hakynda men ilkibaşda eşitmedik hem bolsam, häzir bu meniň özüme hemişelik hemra edinen sportum. Adatça, futbol dünýäde meşhurlygy boýunça öňdäki orunda durýar. Şonuň üçinem men ilki futbola imrigipdim. Sebäbi kakamyň, uly oglanlaryň üýşüp, aýratyn gyzyklanma bilen şu oýna tomaşa edýändiklerini kän görüpdim. Halkara derejesinde geçirilýän futbol çempionatlaryndan, onuň netijelerinden hemmeler hem habarly bolýar. Meşhur futbolçylar bolsa kiçijek oglanlaryň söýgüli gahrymanlaryna öwrülýär. Meniň stol tennisi bilen meşgullanyp başlamagyma mekdebimizde geçirilen sport ýaryşlary sebäp boldy. Şeýdibem, bedenterbiýe mugallymymyň ýardam bermegi bilen etrabymyzdaky sport mekdebine gatnap başladym. Bu ýerde bize tejribeli tälimçiler ýolbaşçylyk edýär. Olar bize stol tennisiniň inçe syrlaryny öwredýärler, yzygiderli türgenleşik sapaklaryny geçýärler.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri dost­luk­ly Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Iwa­no­wo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len spor­tuň Fu­do­kan ka­ra­te gör­nü­şi bo­ýun­ça Dün­ýä­niň açyk Ku­bo­gy­na gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar.

Ýaş­lar hak­da ala­da

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Hal­ky­myz ru­hy we be­den taý­dan sag­dyn nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­me­giň aja­ýyp ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir. Bu nus­ga­lyk ýol-ýö­rel­ge Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ry­myz üçin aja­ýyp mek­dep bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hil we maz­mun taý­dan baý­laş­ýar.

Sport baý­ram­çy­ly­gy­na taý­ýar­lyk gö­rül­ýär

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Hä­zir­ki wagt­da berk sag­lyk de­re­je­si­ni sak­la­maz­dan, jem­gy­ýet­de üs­tün­lik ga­zan­mak müm­kin däl. Çün­ki sag­lyk üs­tün­lik ga­zan­ma­gyň il­kin­ji şer­ti­dir. Mu­nuň özi iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy aň­lad­ýar. Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy döw­le­ti­mi­ziň baş baý­ly­gy­dyr. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň mak­sa­dy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Hä­zir­ki wagt­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň, spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne, bu ug­ra ila­tyň, esa­san-da, ýaş­la­ryň iş­jeň çe­kil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­mak, spor­tuň at­çy­lyk we beý­le­ki gör­nüş­le­ri ýaş­lar­da şah­sy hä­si­ýe­tiň dö­re­me­gi­ni, tu­tan­ýer­li­li­gi, er­ki, zäh­met­sö­ýer­li­gi, bi­rek-bi­re­ge bo­lan oňyn gat­na­şyk­la­ry, dur­muş iş­jeň­li­gi­ni ös­dür­ýär. Bu bol­sa jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­niň baş şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär.

Küşt bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti Türk­me­nis­ta­nyň Küşt fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de guramagynda Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de küşt bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty­nyň Ýo­ka­ry li­ga­sy ge­çi­ril­di.

Sport — sag­dyn­ly­gyň, gö­zel­li­giň çeş­me­si

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Güýç-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň, sag­ly­gyň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýan ne­ti­je­li spor­tuň hem-de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da­ky, ber­kit­mek­dä­ki mö­hüm or­nu­ny hiç zat bi­len çal­şyp bol­maz. Mu­nuň özi tu­tuş dün­ýä­de yk­rar edi­len mi­ze­mez ha­ky­kat­dyr. Şun­dan ugur al­nyp, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň, aý­ra­tyn-da, ýaş ne­sil­le­riň spor­ta bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak­da, ola­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýer­me­gi­ni ga­zan­mak­da äh­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry ar­ka­ly in­di ber­ka­rar ýur­du­myz­da her ýyl­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly ýö­rel­gä öw­rü­len «Türk­me­nis­tan — sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy» at­ly spar­ta­kia­da hem şu­nuň ýa­ly wa­jyp äh­mi­ýet­li sport çä­re­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu spar­ta­kia­da­nyň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri onuň spor­ta hö­wes­li köp­san­ly ra­ýat­la­ry bir ýe­re jem­le­mä­ge, ola­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri ba­bat­da­ky ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ýü­ze çykar­ma­ga hem-de ös­dür­mä­ge şert­le­ri üp­jün ed­ýän­li­gi­dir. Şol bir wagt­da hem bu spar­ta­kia­da be­den­ter­bi­ýä­ni we olim­pi­ýa he­re­ket­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mek­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär.

«Gel­je­giň oýun­la­ry»: iç­ki fa­kul­te­ta­ra ýa­ryş­lar

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sport sy­ýa­sa­ty esa­syn­da ýur­du­myz­da spor­tuň iň hä­zir­ki za­man gör­nüş­le­ri üs­tün­lik­li ösdürilýär. Fi­ji­tal sport ýaş­la­ry­my­zyň dur­mu­şy­na bar­ha giň­den or­na­şyp bar­ýan şeý­le za­ma­na­bap sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir.

Türkiýeden bürünç medal bilen

Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleriniň üstüni erkin göreş boýunça 16 ýaşly pälwan Alp Arslan Begenjow ýetirdi. Ol ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen halkara ýaryşda bürünç medalyň eýesi boldy. «Çempionlaryň ýaryşy» diýlip atlandyrylan sport baýramçylygyna Ýer ýüzünden 350-den gowrak türgen gatnaşdy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ýaryş erkin göreşiň iň ezber wekillerini özünde jemledi.

Hal­ka­ra ýa­ryş­yň me­dal­y

Türk­men päl­wa­ny Alp Ars­lan Be­gen­jow Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şä­he­rin­de ta­mam­la­nan er­kin gö­reş bo­ýun­ça Çem­pi­on­la­ryň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da 74 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Bäs­le­şi­ge 350 tö­we­re­gi tür­gen gat­naş­dy. 16 ýaş­ly il­de­şi­mi­ziň çy­kyş eden ag­ram de­re­je­sin­de al­tyn me­da­ly eý­ran­ly päl­wan Ali Ab­bas Re­za Eýa­guz­ge­leh, kü­müş me­da­ly tür­ki­ýe­li Me­te­han Ýap­rak eýe­le­di.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda «AFC Women’s day 2024» futbol festiwaly geçirildi. Aşgabatda guralan futbol festiwalynyň esasy maksady ýurdumyzda zenan futbolyny ösdürmekden hem-de ýaşajyk gyzjagazlary futbol bilen meşgullanmaga höweslendirmekden ybarat boldy.

Ta­lyp bäs­le­şik­le­ri

Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp gyz­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da XIII Uni­wer­sia­da­nyň çäk­le­rin­de 3x3 bas­ket­bol bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­di. «Türk­me­nis­tan – ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» ady bi­len ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de ne­ti­je­li oýun gör­ke­zen Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň to­pa­ry 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp gyz­la­ry çy­ky­şyny 2-nji orun bi­len ta­mam­la­nan bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň to­pa­ry (Gül­şat Pi­ri­ýe­wa, Mäh­ri­ban Mu­ra­do­wa, Bag­ty­gül Ama­no­wa, Gül­şi­rin Nu­ry­ýe­wa) 3-nji or­ny eýe­le­di.

Ýaş­lar spor­ty saý­la­ýar

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­rin­de be­den­ter­bi­ýe sa­pak­la­ry­nyň gi­ri­zil­me­gi bi­len, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan okuw­çy­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler­de ta­pa­wut­lan­ýan okuw­çy­la­ry­myz­dan paý­tag­ty­my­zyň «Ga­ra­gum» fut­bol klu­bun­da kä­mil­lik ýo­lu­ny geç­ýän ýa­şa­jyk fut­bol­çy­la­ry gör­kez­mek bo­lar. Bu klub­da paý­tag­ty­myz­da­ky or­ta mek­dep­ler­den 2006-2007-nji ýyl­lar­da we 2009-2010-njy ýyl­lar­da dog­lan ýet­gin­jek­le­riň 60-a go­la­ýy tür­gen­le­şik geç­ýär. Ola­ra klu­buň tä­lim­çi­le­ri An­na­gur­ban Aman­na­za­row, Alek­sandr Kli­men­ko ýa­ly öz döw­rü­niň us­sat­la­ry tä­lim ber­ýär. Bu hü­när­men­le­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gurbanguly Gurbangulyýew, Mä­ti Ýaz­ja­now, Baý­gel­di Is­ma­ýyl­ba­ýew, Baý­gel­di Baý­ram­sä­he­dow ýa­ly ýet­gin­jek­ler bar­ha kä­mil­leş­ýär­ler. Olar «Ga­ra­gu­muň» dü­zü­min­de paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­ýär­ler.

Çem­pi­on­lar bel­li bol­dy

Türk­me­nis­ta­nyň küşt bo­ýun­ça çem­pio­na­ty­nyň ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň iki aý­law­da­ky du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. Di­ýa­ry­my­zyň iň güýç­li küşt­çü­le­ri aý­ra­tyn­lyk­da bäs­leş­di­ler. Er­kek­le­riň ara­syn­da Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň dü­zü­min­de ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän Al­la­ýar Şir­li­ýew müm­kin bo­lan 14 utuk­dan 11,5 utuk top­lap, ýe­ňiş ga­zan­dy. Paý­tagt­ly Aman­mu­ham­met Hom­ma­dow 2-nji, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by We­pa­ly Ha­ly­ny­ýa­zow 3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Gyz­la­ryň ara­syn­da 12 utuk top­la­ma­gy ba­şa­ran Mer­ýem Aga­ja­no­wa 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Dä­new et­ra­byn­dan mek­dep okuw­çy­sy La­la Şöh­ra­do­wa 11 utuk bi­len 2-nji or­ny eýe­le­di, onuň do­ga­ny Leý­la öň­dä­ki üç­lü­gi jem­le­di.

Sport mekdeplerinde

Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­ky eda­ra-kär­ha­na­lar­da iş­le­ýän aýal-gyz­la­ryň ara­syn­da wo­leý­bol bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş çe­ke­le­şik­li hem-de gy­zyk­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Ze­nan­la­ryň sport çä­re­le­ri­ne hem iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rü­len ýa­ry­şyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça et­rap bi­lim bö­lü­mi­niň 1-nji to­pa­ry 1-nji, 2-nji to­pa­ry 2-nji orun­la­ra my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy­lar. Et­rap be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň wo­leý­bol­çy­la­ry 3-nji or­ny eýe­le­di­ler. Ýa­ryş­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­län to­par­la­ra TMÝG-niň et­rap ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Gel­je­gi nu­ra­na ne­sil

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýaş­la­ra bil­dir­ýän be­lent yna­my, dö­red­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri ýaş nes­li nu­ra­na gel­je­giň bäh­bi­di­ne dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge, döw­re­bap bi­lim al­ma­ga, ylym, dö­re­di­ji­lik we sport bi­len meş­gul­la­nyp, uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. Türk­men ýaş­la­ry bu gün hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ryn­da, ylym-bi­lim bäs­le­şik­le­rin­de, fo­rum­lar­da ýur­du­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik edip, Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­ga go­şant goş­ýar­lar. Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi, äh­li­ta­rap­la­ýyn kä­mil­leş­me­gi üçin giň şert­ler dö­re­dil­ýär, ýaş nes­liň wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da jem­gy­ýe­tiň esa­sy da­ýan­jy bo­lan ýaş­la­ryň dür­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Ýa­kyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň So­çi şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip, 200-e go­laý döw­let­den ýaş­la­ryň müň­ler­çe­si­ni bir ýe­re jem­län Ýaş­la­ryň bü­tin­dün­ýä fes­ti­wa­ly hem türk­men ýaş­la­ry­na işe­wür­lik, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri, me­de­ni­ýet, ylym-bi­lim, sport, meý­le­tin­çi­lik ýa­ly ugur­lar­da da­şa­ry ýurt­ly deň-duş­la­ry bi­len tej­ri­be alyş­ma­ga aja­ýyp müm­kin­çi­lik bol­dy.

Sport — sagdynlygyň girewi

Sportuň görnüşleri bedene edýän täsiri bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, ýeňil atletikany, ýagny, ylgamagy alyp göreliň. Munuň bilen meşgullanylanda, bedeni haýal ylgaw bilen çalt ýöremegi gezekleşdirmek arkaly öwrenişdirmeli. Çünki birden gaty ylgamak daljykdyryp, dem alşy kadadan çykarýar. Her bir ylgawy 1 minut artdyrmak bilen, 10–15 minut ylgamaly. Gan aýlanyşygynyň kadalaşmagyna, nerw dartgynlylygynyň öňüniň alynmagyna, immunitetiň berkemegine, boýuň ösmegine ylgamagyň ýetirýän täsiri uludyr. Welosiped sürlende, beden süňkleriniň 206-sy, myşsalaryň 600-e golaýy işjeň herekete gelýär. Ol ýürek-damar, dem alyş ulgamyny we aýak myşsalaryny berkidýär. Welosipedi ilki bilen haýal tizlikde sürüp, soňra kem-kemden tizligi artdyrmaly. Ir säher we agşamara welosiped sürmek has-da peýdalydyr.