"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaponiýada Werstappen ýeňiş gazandy

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 4-nji bäs­le­şi­gi Ýa­po­ni­ýa­nyň Su­zu­ka şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen il­kin­ji ha­tar­dan baş­lap, 53 aý­law­lyk ýa­ryş­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 1 sa­gat 54 mi­nut 23,566 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­lip, möw­süm­dä­ki 3-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 57-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. 1-nji aý­law ta­mam­lan­man­ka, ki­çeň­räk çak­ny­şyk se­bäp­li Da­ni­el Rik­ki­ar­do bi­len Alek­san­der Al­bo­nyň ýa­ryş­dan çy­kan bäs­le­şi­gin­de 2-nji ýe­ri «Red Bul­luň» mek­si­ka­ly pi­lo­ty Ser­hio Pe­res eýe­le­di. Ol to­par­da­şyn­dan 12,5 se­kunt yza gal­dy. Şun­luk­da, möw­sü­miň il­kin­ji 4 ýa­ry­şy­nyň 3-sin­de «Red Bull» to­pa­ry go­şa üs­tün­lik ga­zan­dy. Ýe­ňi­ji­den 20,866 se­kunt soň ýa­ry­şy ta­mam­lan «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Kar­los Saýns Ju­ni­or 3-nji, onuň mo­na­ko­ly to­par­da­şy Şarl Lek­ler 4-nji or­ny eýe­le­di. «McLa­ren» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri — bri­ta­ni­ýa­ly Lan­do Nor­ris 5-nji, awstra­li­ýa­ly Os­kar Piast­ri 8-nji, «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan pi­lot­la­ry — Jorj Ras­sell 7-nji, Lýu­wis Ha­mil­ton 9-njy or­na, «As­ton Mar­tin» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Fer­nan­do Alon­so 6-njy hem-de «Hon­da» to­pa­ry­nyň ýa­pon sü­rü­ji­si Ýu­ki Tsu­no­da 10-njy or­na my­na­syp bol­dy.

6-njy tapgyrda ýer eýeleri öňe saýlandy

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li çem­pio­na­tyn­da 6-njy tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Ge­çi­ri­len 4 du­şu­şy­gyň 3-sin­de ýer eýe­le­ri, 1-in­de bol­sa myh­man­çy­lyk­da­ky to­par ýe­ňiş ga­zan­dy. 4 oýun­da 10 gol der­we­zä gi­ri­zi­lip, utu­lan to­par­la­ryň ýe­ke­je­si­ne hem gol ge­çir­mek ba­şart­ma­dy. Sa­na­wyň ýeň­liş­siz li­de­ri «Ar­ka­dag» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Kö­pet­dag» to­pa­ry­ny ka­bul edip, 5–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da gol­la­ryň 3-si­ni Di­dar Dur­dy­ýew der­we­zä gi­ri­zip, het-trik et­di. Ol 1-nji ýa­ry­my gol­suz ta­mam­la­nan oý­nuň 59-njy mi­nu­tyn­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan, şol san­da 72-nji hem-de 90+3-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­lan­ma­gy ba­şar­dy. Du­şu­şyk­da­ky beý­le­ki gol­la­ry 63-nji mi­nut­da Mir­za Bek­na­za­row hem-de 65-nji mi­nut­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Ars­lan­my­rat Ama­now ge­çir­di.

Bir sözlemde

Ten­nis bo­ýun­ça ABŞ-nyň Çar­les­ton şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky «Açyk» çem­pio­nat­da ame­ri­ka­ly Da­ni­el­le Kol­lins ýe­ňiş ga­za­nyp, ol fi­nal­da rus­si­ýa­ly Da­ri­ýa Ka­sat­ki­na­ny 6:2, 6:1 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di we möw­süm­dä­ki bas­syr 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 4-nji çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da Ko­lum­bi­ýa­nyň paý­tag­ty Bo­go­ta­da ge­çi­ri­len «Copa Col­sa­ni­tas» ten­nis ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da ýer­li ten­nis­çi Ka­mi­la Oso­rio bi­len çe­hi­ýa­ly Ma­ri­ýa Bo­uz­ko­wa du­şu­şyp, ola­ryň bi­rin­ji­si 6:3, 7:6 ha­sap­lar esa­syn­da üs­tün çyk­dy we kar­ýe­ra­syn­da­ky 2-nji WTA Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy.

Aşgabat halkara hokkeý ýaryşyna taýýar!

Mundan 10 ýyl ozal merjen paýtagtymyzda sportuň hokkeý görnüşi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrunda halkara ýaryş geçirilipdi. Bu ýaryşyň nähili gyzykly we çekeleşikli duşuşyklara baý bolandygy janköýerleriň ýadyndadyr. Ine, sanlyja günlerden Aşgabatda täze bir hokkeý baýramçylygy badalga alar. 15-nji aprelde başlanjak halkara derejeli hokkeý ýaryşy 20-nji aprele çenli dowam eder. Bu günlerde sport janköýerleri türkmen we dünýä hokkeýiniň meşhur toparlarynyň özara duşuşyklaryna tomaşa etmek bagtyna eýe bolarlar. «Galkan», «Orhis-Kazan», «Akmola» we beýlekiler

Hokkeý sportundaky üstünlikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, Diýarymyzda sport ulgamy has-da kämilleşýär. Sportuň ýurdumyz üçin täze bolan: buzda figuralaýyn typmak, tans sporty, hokkeý ýaly görnüşleri rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda Gyşky sport toplumy, Milli olimpiýa sport toplumy ýaly gyşky oýunlar üçin niýetlenilen desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Munuň özi buzly meýdançalarda oýnalýan oýunlar bilen bir hatarda, hokkeý sportunyň hem döremegine möhüm maddy-enjamlaýyn binýat bolup hyzmat etdi. Sportuň bu görnüşi bilen 7 — 13 ýaşly oýunçylar kiçi toparlara, 14 — 16 ýaşa çenli oýunçylar ýetginjekler toparyna, şondan ýokary ýaşdaky oýunçylar ulular toparyna degişli edilýär.

Maşklar — sagdynlygyň girewi

Maşklaryň esasy maksady günüň dowamynda adamyň özüni işjeň ýagdaýda saklamak üçin kesgitlenilen hereketleri ýerine ýetirip, bedenini dürli kesellerden goramagyny gazanmakdan, nerw ulgamyny berkitmekden ybaratdyr. Gündelik fiziki maşklar saglygy pugtalandyrýar, myşsalaryň ösmegine ýardam edýär. Şoňa görä-de, her bir ukyply adama, ýaşyna, jynsyna, çekýän zähmetine garamazdan, sagaldyş maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Sagaldyş maşklaryna, ilkinji nobatda, irden ýerine ýetirilýän maşklar degişlidir. Ir säher bilen ýerine ýetirilen maşklaryň hasabyna beden uky ýagdaýyndan oýa ýagdaýyna çalt geçýär. Maşklar ýerine ýetirilende, nerw impulslary bogunlaryň we myşsalaryň hereketi netijesinde merkezi nerw ulgamyna geçip, tutuş bedeni işjeň ýagdaýa getirýär. Bedenterbiýe maşklary gan aýlanyşygyny güýçlendirýär, dem alşy çuňlaşdyrýar we madda çalşygyny ýokarlandyrýar, netijede, adam günüň dowamynda özüni şähdaçyk alyp barýar.

Sagdynlygyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň jemleýji tapgyryny agzamak bolar. Ýaryşyň jeminde medallaryň sany boýunça Ahal welaýatynyň türgenleri birinji orna, Lebap welaýatynyň türgenleri ikinji orna, Aşgabat şäheriniň türgenleri bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Spartakiadada Tejen etrabymyzyň türgenleri sportuň türkmen milli göreşi boýunça çykyş edip, Allaberdi Gulaýew 62 kilogram agram derejesinde I orna, Annamyrat Öwezow 57 kilogram agram derejesinde I orna, Döwletnyýaz Durdygulyýew 68 kilogram agram derejesinde II orna, Gurbanmyrat Gulow 82 kilogram agram derejesinde II orna, Atamyrat Amandurdyýew 100 kilogram agram derejesinde II orna mynasyp boldular.

Şadyýan estafeta

Tejen etrabyndaky 32-nji orta mekdepde şadyýan estafeta boýunça etrap derejesinde ýaryş geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň we welaýat Baş bilim müdirliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň 8-9 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylaryndan düzülen toparlary gatnaşdy. Ýaşajyk türgenleriň sporta bolan höwesi, erjelligi we başarnygy ýaryşyň gyzykly geçmegine şert döretdi. Ruhubelent çagalar şadyýan estafetanyň görnüşleriniň bäşisi boýunça bäsleşdiler. Uly gyzyklanma döreden ýaryşyň netijesinde 32-nji orta mekdebiň topary birinji, 40-njy orta mekdebiň topary ikinji, 37-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi.

Sport — sagdynlygyň çeşmesi

Tejen etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 5-nji orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmeklerini, boş wagtlaryny peýdaly geçirip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler bedenterbiýäniň we sportuň ynsan saglygy üçin uly ähmiýete eýedigi, sport bilen meşgullanmagyň adam bedeniniň berkemeginde ornunyň uludygy, sportuň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygy, çeýeligi ösdürýärýänligi hem-de ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegine ýardam edýänligi barada gürrüň berdiler.

Ýaşajyk türgenler

Kaka etrabynyň 10-njy çagalar bagynda etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda “Ýaşajyk türgenler” atly sport bäsleşigi geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guralan ýaryşyň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleriň sagdyn ruhly, berk bedenli, giň gözýetimli we erjel bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy. Ýaryşyň şertlerine laýyklykda körpeje türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bu ýaryşlar körpeleriň ruhubelentligini aýdyň ýüze çykardy. Gyzykly geçen ýaryşda etrabyň 8-nji çagalar bagynyň körpejelerinden düzülen topar I orna mynasyp boldy.

Sport

Erjeller öňe saýlandylar Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ilaty bedenterbiýä köpçülikleýin çekmekde, sporty ösdürmekde degerli işler bitirilýär. Şol işleriň netijesinde ilatyň saglygyny berkitmekde, ýurdumyzyň sport abraýyny täze belentliklere çykarmakda gowy netijelere eýe bolunýar.

Ussat tennisçiler kemala gelýärler

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip ykrar edilen döwletimizde ýaşlary sporta höweslendirmek, olary goldamak bilen bir hatarda tennis sportuny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem uly ähmiýet berilýär. Golaýda hormatly Prezidentimize Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasynyň gowşurylmagy-da Türkmenistanda tennisi ösdürmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sanynyň, ussatlyklarynyň artmagynda welaýatymyzyň tälimçileriniňdir türgenleriniň hem mynasyp paýy bardyr.

Işine ussat tälimçi

Çärjew etrabyndaky 4-nji sport mekdebiniň basketbol boýunça 1-nji derejeli tälimçisi Jumakuly Durdyýew indi 10 ýyldan bäri ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde ak ýürekden zähmet çekýär. Ol bu döwrebap sport mekdebinde toparlaryň 3-sinde türgenleriň 40-a golaýyna basketbol oýnunyň düzgün-tärlerini öwredýär. Tälimçiniň işine içgin we jogapkärçilikli çemeleşýändigini türgenleriň yzygiderli gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem görmek bolýar. Geçen ýyl erkekleriň arasynda welaýatyň kubogyny we birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşlarda Jumakulynyň ýolbaşçylygyndaky topar ýeňiji boldy. Şeýle hem bu topar basketboluň kiçi görnüşi boýunça geçirilen ýurdumyzyň birinjiliginde üçünji, 3X3 görnüşi boýunça bolsa birinji orunlary eýeledi. Ussat tälimçiniň şägirtleri bu ýeňişlerini üstümizdäki ýylda hem dowam edýärler. Olar şu ýylyň fewral aýynda basketboluň 3X3 görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak boýunça guralan ýaryşda we ýetginjeklerden düzülen toparlaryň arasynda geçirilen çempionatda ikinji orna mynasyp boldular.

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda rowaçlandyrmak, sporty giň gerimde ösdürmek hemişe ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygy bolsa halkara jemgyýetçiligiň belent ykrarnamasyna eýe bolan hakykatdyr. Muňa geçen ýekşenbe gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabaralar bilen bellenilip geçilen Bütindünýä saglyk gününiň, bu sene mynasybetli tutuş hepdäniň dowamynda ýaýbaňlandyrylan medeni-sport çäreleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Her bir il bähbitli, ýurt ähmiýetli işde hemmelere nusgalyk görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşmagy halkara baýramyň esasy wakasy bolup dabaralanyp, döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýeren dürli ýaşdaky, dürli kärdäki ildeşlerimiziň welosipedli ýörişlere agzybirlik, ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşmaklary ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty köpçülikleýin häsiýete eýe etmek babatda alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanýandygynyň güwäsine öwrüldi. Şol gün welaýatymyzda hem ir säherden başlanan medeni-sport çäreleri — welosipedli ýörişler, ýaryşlar, aýdym-sazlar, tanslar

Bagtly geljegiň binýady

Sagdynlyk — bagtly geljegiň binýady. Şol esasdan ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyzda halkymyzyň agzybir, abadan, sagdyn, eşretli durmuşda ýaşmagy üçin giň möçberli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, olaryň sagdyn hem ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky işlere aýratyn üns berilýändigi bellärliklidir. Üstünlikli durmuş geçirilýän şeýle işleriň netijesinde hem ata Watanymyz sagdynlygyň, sportuň mekanyna öwrüldi. Ajaýyp zamanamyz sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň şan-şöhratynyň barha artýan döwri bolup taryha girer. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Halkara ýaryşlaryň merkezi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýokary derejeli sporty ösdürmekde möhüm ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýä ülňülerine gabat gelýän sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmeginiň köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimize ornaşdyrmakda uly itergi berýän güýç bolup durýandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri häzirki wagtda halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply merkezleriň birine öwrüldi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda 2018-nji ýylda geçirilen «Amul — Hazar 2018» awtorallisini, 2019-njy ýylda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny, ýagny iri halkara sport ýaryşlaryny buýsanç bilen bellemek bolar. Halkara sport ýaryşlarynyň mekanyna öwrülen berkarar Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem milli ýygyndy toparlarymyz yzygiderli halkara derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Gyzykly hem netijeli oýunlar

Futbol Futbol boýunça milli çempionatymyz gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. 5-nji tapgyr ähli oýunlarda myhmanlaryň ýeňiş gazanmaklary bilen ýatda galyp, şol tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçi» topary dynç aldy. Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bolsa Aşgabatda «Köpetdag» bilen duşuşyp, janköýerleriniň «berekellasyna» mynasyp bolmagy başardy. Oýnuň 10-njy minutynda hasaby myhmanlardan Röwşen Baýlyýew açdy. 13-nji minutda Şiri Annaýew jogap pökgüsini geçirse-de, şondan soňra diňe myhmanlaryň hüjümleri netijeli tamamlandy, ýagny 29-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Mekan Aşyrowyň, 45-nji minutda Arslan Ýollyýewiň, 54-nji minutda Hydyrgeldi Atjanowyň geçiren gollary «Şagadamyň» uly hasaply ýeňşini üpjün etdi.

Paýtagtymyzda sport baýramy

Türkmenistanda hokkeý boýunça ýaryş, ýylyň agramly bölegi güneşli Watanymyzda sportuň buzda oýnalýan görnüşi boýunça halkara ýaryşy geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň sport pudagynda nähili öňegidişlikleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Taryh üçin juda ujypsyz bolan 10 ýyl töweregi wagtda hokkeý ýaly demirgazyk döwletlere mahsus sport görnüşine bolan ukyby zandynda gaýnaýan türkmen türgenleri eýýäm halkara ýaryşlarynyň birnäçesinde ýeňiji bolup, ýylyň-ýylyna dünýä çempionatlaryna gatnaşar derejede kämilleşdiler. 15-nji aprelde paýtagtymyzda badalga aljak halkara ýaryşda bolsa olar ýer eýeleri hökmünde çykyş ederler.

Türkmenistanyň halkara sport abraýy barha pugtalanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda belent sepgitleri nazarlaýar. Geljek hepdede, has takygy, 15 — 20-nji aprel aralygynda mermer şäherimiz Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, guramaçylyk topary döredilip, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan degişli Düzgünnamasy tassyklanylan bu halkara ýaryş dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek maksady bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijileri

Boksçularyň bäsleşigi Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Boks federasiýasy tarapyndan sportuň boks görnüşi boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa 13 agram derejesi boýunça 100-e golaý ýaş türgen gatnaşdy. Ýaryşyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda edýän tagallalaryna üstünlik gazanmak bilen jogap bermekden, ýurdumyzyň ýygyndy toparyna türgenleri saýlap-seçip almakdan, boksy ösdürmekden ybarat bolup durýar.