Didar HAJYÝEW, «Arkadag» futbol toparynyň tälimçisi.
Tejribeli türgenleriň topary Biziň futbol toparymyz döredilen gününden başlap, üstünlikli çykyş edip gelýär. Geçen ýylyň özünde ýurdumyzyň Ýokary ligasyny we Kubogyny gazandyk. Iki kubok üçin geçen ýolumyzda bir gezegem utulmadyk. Häzirki wagtda-da milli çempionatymyzda ýeňişli ýollarymyzy dowam edýäris. Maksadymyz Türkmenistanyň sport abraýyny mundan-da belende götermek. Şondan ötri öňümizdäki halkara ýaryşlarda çykyş etmek üçin hem ykjam taýýarlanýarys. Oýunlarda ýeňiş gazanmak ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Nesip bolsa, ýeňişlerem gazanarys. Sebäbi munuň üçin biziň uly mümkinçiliklerimiz bar. Çünki sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda türkmen futbolyny ýokary halkara derejä çykarmak ugrunda hemmetaraplaýyn işleriň alnyp barylýandygy türkmen futbolçylarynyň ruhuny belende göterýär. 26-njy aprelde Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gelip, türgenleşik pursatlarymyzy synlamagy, hal-ahwalymyzy soramagy hem toparymyzyň oýunçylary üçin unudylmajak taryhy gün boldy. Toparymyzyň Arkadag şäherinde döwrebap sport toplumynda türgenleşikleri geçmegi, ýaşamaga ähli amatlyklary bolan öýlerden paýly bolmaklary hem biz barada edilýän aladalaryň biri. Munuň üçin