"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Alyslary nazarlaýan tälimçi

Sport we ýaşlyk güýç-kuwwaty, egsilmez hyjuwy alamatlandyrýar. Bulary durmuş ýörelgesine öwren bagtyýar ýaşlarymyzyň biri hem Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň welosiped sporty boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň welotrek boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Nargeldi Igdirowdyr. Häzirki wagtda Nargeldi Igdirow Aşgabat şäherinde geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen paýtagtymyzda türgenleşik geçýär. Şol sebäpli hem, onuň bilen telefon arkaly söhbetdeş bolduk.

Zehin bilen yhlasyň sazlaşygynda taplanan türgen

Paýtagtymyzdaky 2-nji sport mekdebiniň kikboksing bölüminiň ezber tälimçisi Orazmuhammet Kömekowyň sport älemindäki zähmet ýoly, bu ugurda gazanan üstünlikleri, köp sanly türgenler bilen düşünişmek ukyby häzirki ýaş tälimçilerimiz üçin nusga alarlyk mekdepdir. Ine, biziň şu makalamyz hem, şol nusgalyk ýörelgäniň syrlaryny okyjylar köpçüligine sada dilde ýetirmäge bolan synanyşykdyr. Orazmuhammet 1993-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Kerim Gurbannepesow adyndaky 52-nji orta mekdebinde 1-nji synpa okuwa barýar. Mekdepden uzakda bolmadyk bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçirilýän türgenleşikler eýýäm şol wagtlardan başlap onuň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolýar. Kikboksing ussadynyň öz ýatlamagyna görä, ol her gün diýen ýaly mekdepdäki uly arakesmede ylgap, şol türgenleşikleri görmäge gider ekeni. Onuň yhlasyna görä, mekdepdäki uly arakesme karate boýunça geçirilýän türgenleşikleriň wagty bilen gabat gelipdir. Şeýlelikde, Orazmuhammediň çaga kalbynda karate bilen meşgullanmak höwesi möwç urýar. Ol bu islegini kakasyna aýan edýär we tiz wagtdan maşgalabaşy Dörtguly aga perzendini «Demirýolçy» bedenterbiýe-sagaldyş toplumyna alyp barýar. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Arif Buharakow karate türgenleşiklerini alyp barýardy. Orazmuhammet hem ýaş karateçileriň hataryna goşulýar. Edil şol wagtlar toplumda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snogowiskiý hem kikboksin

Sportuň ösen diýary

Eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mähriban halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşynyň ýokarlanmagy babatda hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen uly işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde adam saglygyna uly üns berilýär. Çünki adam saglygy elmydama üns merkezinde durýan esasy meseleleriň hatarynda durýar. Geçen ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby halkymyza gowuşdy. Milli Liderimiziň halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan syýasaty iş ýüzünde beýik taglymat hökmünde öz ornuny tapýar. Munuň özi döwletimizde adamyň ömrüniň, onuň saglygynyň, abadançylygynyň, mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesiniň döwlet üçin ýokary gymmatlyk bolup durýandygynyň kepillendirmesi hökmünde çykyş edýär. Halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym» ýa-da «Saglykdan gymmatly zat ýok» diýlen aýtgy hem bar. Beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy goşgusynda «Jany sagyň sözlär tili» diýip bellemek bilen, ynsan saglygyna ýokary ähmiýet berýär. Biziň ata-babalarymyzdan gelýän sagdyn durmuş ýörelgesi häzirki günde halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Sagdynlyga binýat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen her bir maşgalanyň, raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berilýän sport toplumlary ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegine uly ähmiýet berilýändigini subut edýär. Ösüp barýan ýaş nesillerimiziň mekdep döwründen başlap bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 22-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini aýdyň tassyklaýar. Milli Liderimiz şol mejlisde häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, beden hem-de ruhy taýdan kämil ýaş nesl

Sport ruhubelentlikdir

Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan örän möhüm ugurlarynyň biridir. Bu syýasat halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir» diýip bellemek bilen, ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek hem-de ösdürmek bilen birlikde, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şeýle hyzmatdaşlyklaryň netijesinde türkmen sportunyň dünýädäki şan-şöhraty barha belende galyp, Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmündäki orny pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bu gün türkmen sporty ösüp, şan-şöhraty belentliklere çykýar, ýurdumyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrülýär, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport-sagaldyş hereketleri giň gerim alýar. Munuň şeýle bolmagynda eziz Diýarymyzyň çäginde gurulýan sport maksatly desgalaryň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap enjamlaşdyrylan sport mekdepleri, toplumlary, meýdançalary we bu ugra degişli beýleki desgalar hereket edýär. Paýtagtymyzda köpugurly sport toplumlary, sportuň dürli görnüşlerine niýetlenen häzirki zaman desgalary, şeýle-de Olimpiýa şäherçesi bar. Bu zatlar türkmen sportunyň şan-şöhratyny has-da belende göterjek türgenleriň

Sagdyn ýaşaýşyň we sportuň täze belentliklerini nazarlap

Ozal habar berlişi ýaly, 22-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny», şeýle-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Bu resminamalar ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmegiň esasy ýörelgelerini özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň sportdur bedenterbiýäniň taryhda görlüp-eşidilmedik derejedäki ösüşlere eýe bolandygyna ählimiz şaýat. Ýetilen sepgitlerde işleriň oýlanyşykly, maksatnamalaýyn ýola goýulmagynyň aýratyn uly paýy bar. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan işlenip düzülen täze, bäşýyllyk Maksatnama we ondan gelip çykýan Meýilnama bu tutumlary mundan beýläk hem dowam etdirmegiň esasy çelgisi bolar.

Olimpiýa şäherçesi — halkara ýaryşlaryň merkezi

Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekmek döwlet syýasatynda möhüm ugurlar hasaplanylýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän resminamalar berk bedenli ýaşlary terbiýelemekde hukuk binýadyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary bilen sport ulgamynda ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mähriban Watanymyzda milli Liderimiziň göreldesine eýerýän ýaşlar sportuň birnäçe görnüşinden başarnyklaryny artdyrýarlar. Muňa halkara sport bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýan we baýrakly orunlary eýeleýän türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesine seredenimizde, has aýdyň göz ýetirýäris. Milli Liderimiziň: «Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge raýatlarymyzyň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe üns bereris» diýip belläp geçişi ýaly, döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek babatdaky tagallalaryň netijesinde, Türkmenistan köpçülikleýin sportuň ösýän we abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6 — 12-nji sentýabry aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda, Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry geçiriler. Şeýlelikd

Sport — sagdynlygyň açary

Saglyk ynsanyň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygydyr. Sagdyn jemgyýet bolsa, döwletiň mizemez binýady bolup durýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda watandaşlarymyzyň sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işleriň netijesinde gazanylýan ösüşler hem äşgär edýär. Ine, şeýle işleriň amala aşyrylmagy bilen ata Watanymyz bütin dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýar. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen amal edilýän ähli döwletli tutumlar häzirki wagtda giň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 13 — 17-nji oktýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek iri halkara sport ýaryşy bolan Welotrek boýunça dünýä çempionaty hem aýdyň şaýatlyk edýär.

«Akyl oýnunyň» 4 gezek çempiony (Siziň deň-duşuňyz)

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri buýsançly, taryhy wakalara beslenip, ýaş nesillerimize hem şatlykly duýgulary bagyş etdi. Ýurdumyzyň birnäçe zehinli çagalary Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldular. Şolaryň biri-de Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatyň 9-njy synp okuwçysy Selbinýaz Jumaýewadyr. Selbinýaz bu baýraga sportuň düzzüm görnüşi boýunça birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolandygy, Watanymyzyň sport abraýyny ösdürmekde goşan goşandy üçin ýetdi. Aslynda, Selbinýaza sportuň bu görnüşi bilen özüni bilip başlandan bäri tanyş diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Olaryň tutuş maşgalasy sportuň muşdaklary, sportuň ussatlary. Bu ýagdaý kiçijek Selbinýazjygy hem biparh goýman, onda sporta bolan uly höwesi döredýär. Ol eýýäm 5 ýaşynda mahaly türkmen milli oýny bolan düzzüm oýnuny ymykly ele alýar. Şeýdibem 4-nji synpda Türkmenabat şäherindäki 13-nji küşt we şaşka boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebine gatnap başlaýar we bu ugurda ýokary derejede tejribe toplaýar. «Sportuň bu görnüşi beýnimiziň işjeňligini, ýatkeşligimizi artdyrmaga örän peýdaly» diýýän Selbinýazyň halypasy hem-de atasy Kamyljan Babanyýazow bize şeýle gürrüň berdi:

Sport–saglyk, ruhubelentlik, dostluk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli rowaçlyklaryň, belent sepgitleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz şahsy göreldesi bilen watansöýüjiligiň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň belent nusgasyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň sowatly, watanperwer, kämil ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin amala aşyrýan giň göwrümli we aýdyň maksatly işleri, oňyn özgertmeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň» ýylynda öz ajaýyp netijelerini berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem wagyzçysy bolan hormatly Prezidentimiz adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirdi. Şonuň netijesinde bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak ýurdumyzyň raýatlarynyň, esasan-da, ýaş nesliň gündelik durmuş kadasyna öwrüldi. Çünki, ruhubelentlik, belent ahlaklylyk, kämil bilim we dury akyl saglykdan gözbaş alýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parahatçylygyň, abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem-de sport diplomatiýasynyň möhüm orny bardyr. Parahatçylygyň, dostlugyň kepili bolan sport ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklar barha giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzda bedenterbiýäni hem-de

Belent maksatly türgen

Durmuş kitabyny ýatdan bilýän dana pederlerimiz «Guş ganatsyz bolmaz, adam — arzuwsyz», «Ýykylan göreşden doýmaz» diýen ýaly nakyllary miras goýupdyrlar. Danalaryň parasatly pähimlerine eýerýän ildeşimiz Şatlyk Rahmanow diňe ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da gollary berdaşly, güýçli pälwan hökmünde tanalýar. Ol indi 15 ýyldan gowrak wagt bäri sportuň pauerlifting görnüşi bilen meşgullanyp, türkmen sportunyň abraýyny arşa galdyryp gelýär. Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetinde kätip bolup işleýän Şatlyk Rahmanowyň ady sportuň pauerlifting görnüşi boýunça ussat pälwan hökmünde sport janköýerlerine giňden mälimdir. Gollary berdaşly türgen ata-babalarymyzyň “Giden getirer...” diýişleri ýaly, ýurdumyzda we onuň çäklerinden alyslarda geçirilýän halkara, Aziýa we dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp, hemişe baýrakly orunlara mynasyp bolup, ata Watana ýeňiş bilen dolanyp gelýär. Ýeri gelende ýatlasak, Şatlyk sportuň pauerlifting görnüşi boýunça ýurdumyzyň 14 gezek çempiony boldy. Ol soňky sapar, geçen 2020-nji ýylda (7 — 11-nji iýul aralygynda) Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda Daşoguz şäherinde sportuň bu görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşdy. Şol çempionatda 120 kilogramdan ýokary agram derejede çykyş eden Şatlyk umumy hasapda 355 kilogram netijäni görkezip, nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Üstesine-de, milli re

Dünýä ýaryşlaryna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek hem-de kuwwatyny artdyrmak degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär. Mähriban Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde şu ýyl eziz Diýarymyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerdäki iň iri desga Olimpiýa stadiony bolup, onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär. Bu ajaýyp keşpde Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn durmuş ýörelg

Aşgabat — halkara ýaryşlaryň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýedigi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýändigi, ekologik howpsuzlygy bilen watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. 2018-nji ýyldan bäri Bitarap Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni özüniň derwaýyslygy, döwrebaplygy bilen umumadamzadyň ünsüni özüne çekdi. Hormatly Prezidentimiziň halklaryň eşretli we ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen teklipleri bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi. Bu halkara derejeli ykrarnama Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň welosiped medeniýetini ösdürmek baradaky tagallalary ähli ýaşdaky raýatlarymyzy je

Dünýä Kubogy ugrunda

FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogy boýunça futbol ýaryşlarynyň bijeleri çekildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilmeli ýaryşlar 4 — 11-nji fewral aralygynda Katarda guralar. Her yklymyň Çempionlar ligasynyň ýeňijilerini jemleýän ýaryşlara gatnaşýan 7 toparyň diňe biri häzirlikçe belli däl. 30-njy ýanwarda oýnaljak finaldan soň Libertadores kubogynyň ýeňijisi-de bu ýaryşlara goşular. Okeaniýa zolagynyň çempiony «Oklend Siti» topary bolsa, ýaryşlardan çekilýändigini mälim etdi. Çekilen bijä laýyklykda, 2-nji tapgyrda ýer eýesi Kataryň «Al-Duhail» topary bilen Afrikanyň çempiony «Al-Ahli» (Müsür) duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi çempionlygyň esasy dalaşgäri «Bawariýa» bilen ýarym finalda özara güýç synanyşar. 2-nji tapgyryň ýene bir oýnunda Demirgazyk Amerikanyň çempiony «Tigres UANL» (Meksika) bilen Aziýanyň çempiony «Ulsan Hyundai» (Koreýa Respublikasy) toparlary duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi-de Günorta Amerikanyň çempiony boljak topar bilen finala çykmak ugrunda özara güýç synanyşar. Duşuşyklar Kataryň Al-Raýýan şäherindäki 40 müň orunlyk – Ahmed bin Ali hem-de «Education City» stadionlarynda oýnalar. Oýunlara BAE-li Mohammed Abdulla Hassan Mohamed, senegally Maguette N’Diaýe, gwatemalaly Mario Eskobar, braziliýaly Edina Alwes Batista, urugwaýly Leodan Gonzales, taitili Abdelkader Zitoni hem-de gollandiýaly Danni Makkeli eminlik eder.

Ökdeler öňe saýlandy

Şweýsariýanyň St. Morris şäherinde bobsleý hem-de skeleton boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä birinjiligi geçirildi. Bobsleý boýunça ýaşlaryň arasynda iki adamly bäsleşikde germaniýaly Hans Peter Hanninghofer bilen Kristian Roder öňe saýlandy. Dört adamly bäsleşikde ýer eýeleriniň türgenleri münberiň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. Zenanlaryň arasyndaky iki adamly bäsleşikde Germaniýanyň türgenleri Laura Nolte bilen Deborah Lewi watandaşlary Lisa Bukwitz bilen Sintia Kwofiden tapawutlandy.

Onýyllygyň netijeleri jemlenildi

Halkara futbol taryhy we statistiki federasiýasy (IFFHS) soňky 10 ýyllygyň iň gowy milli ýygyndylarynyň tälimçileriniň sanawyny mälim etdi. Sanawda Germaniýanyň ýygyndysyna 2014-nji ýylda Dünýä Kubogyny gazandyran Ýoahim Löw birinji orny eýeleýär. Ikinji basgançaga Dünýä Kubogyny gazanan Fransiýanyň milli toparynyň tälimçisi Didie Deşam çykdy. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Tite sanawa 3-nji hatardan goşuldy. Urugwaýyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Oskar Tabares 4-nji, Portugaliýanyň ýygyndysyna Ýewropa çempionlygyny gazandyran Fernando Santoş 5-nji orny eýeleýär. Dünýä Kubogyny, Ýewropanyň çempionlygyny gazanan ispaniýaly Wisente Del Boske, Belgiýanyň ýygyndysynyň ispaniýaly tälimçisi Roberto Martines, argentinaly Hose Pekerman, belgiýaly Mark Wilmots hem-de Angliýanyň ýygyndysynyň häzirki tälimçisi Gari Sautgeýt ilkinji onlugy jemlän tälimçilerdir.

Ýewropa çempionaty geçirildi

Polşanyň Gdansk şäherinde Şort trek konkili ylgamak boýunça Ýewropanyň çempionaty geçirildi. Jemi 10 ugurdan geçirilen bäsleşiklerde sportuň bu görnüşiniň öňdebaryjysy hasaplanýan Niderlandlaryň türgenleri 5, Russiýanyň wekilleri 4 altyn medallary gazandy. Ýene-de bir altyn medaly fransiýaly türgenler eýelemegi başardy. Erkekleriň arasynda 500 metr aralyga bäsleşikde russiýaly Konstantin Iwliýew ýeňiji boldy. 1000 we 1500 metr aralyga ýaryşlarda Semýon Ýelistratow öňe saýlandy. Ol umumylykda-da iň köp utuk toplan türgen bolup, altyn medala mynasyp boldy. Italiýaly Pietro Sighel umumy sanawda 2-nji, gollandiýaly Itzhak de Last 3-nji ýeri eýeledi. Toparlaýyn 5000 metr aralyga estafeta bäsleşiginde Niderlandlaryň ýygyndysy altyn, italiýalylar kümüş, russiýaly lyžaçylar bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Tälimçiniň ilkinji ýeňşi

Günorta Amerikanyň Klublar boýunça 2-nji derejeli futbol bäsleşiginde Sudamerikana Kubogynyň finalynda iki argentin topary duşuşdy. Argentinanyň Kordoba şäherinde oýnalan finalda «Defensa Hustusia» topary bilen «Lanus» topary özara güýç synanyşdy. Çekeleşikli geçen oýunda «Defensa Hustusia» topary 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bir döwürleriň meşhur futbolçysy, belli hüjümçi Hernan Kresponyň tälim berýän toparyna ýeňiş hem-de çempionlyk getiren pökgüleri 34-nji minutda Frias, 62-nji minutda Romero, 90+2-nji minutda Kamaço derwezä geçirdi. Bu ýeňiş 19-njy gezek geçirilýän ýaryşda «Defensa Hustusia» toparynyň ilkinji çempionlygydyr. Argentin klublarynyň 9-njy çempionlygy hökmünde hasaba alyndy. 45 ýaşly Krespo tälimçiliginde ilkinji kubogyny asmana göterdi. 

Meşhur boksçular duşuşarlar

Boks boýunça agyr agramyň iki ägirdi, britaniýaly boksçular Entoni Joşua bilen Taýson Fýuriniň şu ýylyň dowamynda tutluşyk geçirmegine garaşylýar. Bu barada taraplaryň ylalaşyk gazanandyklary barada habar berildi. Duşuşygyň haçan geçiriljekdigi belli bolman, ýylyň ahyrlaryna geçiriler diýlip çaklanylýar. 31 ýaşly Joşua häzirki wagtda WBA, WBO, IBF hem-de IBO ugurlary boýunça çempionlyk guşaklaryny özünde saklaýar. 24 ýeňşiniň 22-sini nokaut bilen gazanan Joşuanyň 1 ýeňlişi bar. WBC-niň çempionlyk guşagynyň eýesi Fýuri 30 gezek ýeňiş gazandy. Ol bir duşuşygynda deňme-deň çykyş etdi. 

Nadalyň nobatdaky rekordy

«Uly tuwulga» kubogyny iň köp gazanan iki tennisçiniň biri bolan ispaniýaly Rafael Nadal täze rekord goýdy. Ol ATP-niň yglan edýän sanawynda yzly-yzyna 800 hepdeläp ilkinji onlukda galmagy başardy. Häzirki wagtda 2-nji basgançakda barýan Nadal muny başaran ilkinji tennisçi boldy. Bu ugurda ozalky rekord Jimmi Konnorsa degişli bolup, yzygiderlilikde 789 hepdeläp birinji onlukdan düşmändi. Nadal 2005-nji ýylda ilkinji gezek öňdäki onluga adyny ýazdyrypdy. 33 ýaşly tennisçi şondan bäri ýeke gezek hem ilkinji onlukda aşak düşmän gelýär. Umumylykda, Nadal ilkinji onlukda 800 hepdäni arka atan 3-nji tennisçidir. Ondan öňde yzygiderli bolmadyk ýagdaýda şweýsariýaly Rojer Federer 931 hepde bilen 1-nji, amerikaly Jimmi Konnors 816 hepde bilen 2-nji ýeri eýeleýär.