Türkmenistan — Sagdynlygyň ýurdy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ösüşiň täze, röwşen ýoluna gadam goýdy. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak, saglygyny goramak, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak amala aşyrylýan işleriň düýp özenini düzýär. Şeýle belent maksatlara ýetmek üçin bolsa ýurdumyzda ýokary netijeli sport we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi giňden ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyz sport bilen meşgullanmakda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde nusgalyk görelde görkezýär. Ýurdumyzda ömürlere ömür goşup, ýaşaýşy gözellige besleýän sagdynlyk hereketine eýerýänleriň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy, sport bilen meşgullanýanlaryň arasynda ýaşlaryň agdyklyk etmegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Sport — saglyk, sport — ruhubelentlik, sport — abadan ýaşaýyş. Ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak üçin milli Liderimiziň baştutanlygynda uly möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda sport mekdepleriniňdir desgalarynyň köpsanlysy guruldy. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Oba milli maksatnamasynyň çägind