"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýüwrükler ýaryşda belli

22-nji aprelde Mary welaýat merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu toplum, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.

Taý tapylmadyk Täşli Taýly (oçerk)

Men ha­ly­pam, žur­na­list Möw­lam­ber­di Mäm­me­do­wyň öý­le­ri­ne ba­ra­nym­da ol te­le­wi­zo­ryň öňün­de otu­ryp, ýaý­lym­da ber­lip du­ran küşt ha­kyn­da­ky fil­me to­ma­şa edip otu­ran eke­ni. Sag­lyk-aman­lyk­ so­ra­şa­ny­myz­dan soň­ra: — Ha­ly­pa, ýa­da­man bir sa­gat­lyk fil­me to­ma­şa edäý­diň­mi?— di­ýip, ha­bar gat­dym.

Atçylyk sporty ösüş ýolunda

Türkmen milli oýunlarynyň iň naýbaşylarynyň hatarynda at münmek we at üstündäki oýunlar sungaty hem häzirki wagtda ýaşlarymyzyň iň gyzyklanýan sport oýunlarydyr. Bu günki gün behişdi bedewlerimiziň gözelligi hem ýyndamlygy, şeýle hem ata-babalarymyzdan miras galan at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen çapyksuwarlarynyň başarjaňlygy türkmen halkyny buýsandyrýar we milli oýunlarymyzyň dünýä çykmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz: «Atçylyk sporty, at münmek we at çapyşyklar adamda batyrlyk, ugurtapyjylyk, ezberlik hem-de öz-özüňe erk etmegi başarmak ýaly häsiýetleri terbiýeleýär» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň özleriniň mümkinçiliklerini dogry hem netijeli ulanmalydyklaryny nygtaýar.

Sport — rowaçlyklaryň badalgasy

Halkyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlanmagyna, bedenterbiýe hereketiniň we sportuň ösmegine uly üns berýär. Ata Watanymyzda sport bilen meşgullanýan raýatlaryň, esasan-da, ýaşlaryň sany barha artyp, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alynýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dürli derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Ata Watanymyzda gurlup, häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen sport desgalary ýaşlarymyza sport türgenleşiklerini yzygiderli geçmäge we olaryň barha taplanmagyna, kämilleşmegine ýardam edýär. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Aziýa yklymynyň bu iri ýaryşy dünýäniň ençeme ýurdundan türgenleriň, sport ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýüzlerçesini Aşgabada ýygnady. Ägirt uly bu halkara sport çäresi türkmen sportunyň taryhyna şöhratly sahypalar bolup girdi.

Gyzykly oýundan gyzykly çempionata

— Ine, se­rediň, şu aty­zy gör­ýäň­izmi? Şunuň da­şyn­dan kim bi­rin­ji aý­la­nyp gel­se, şo­lam ýe­ňi­ji bol­ýar. Düş­nük­li­mi? Ha­ny, on­da, ki­miň we­lo­si­pe­di­ne göw­ni ýet­ýän bol­sa, geç­sin ha­ta­ra! Özü­miz­den bir­ki ýaş uly, eka­byr­rak og­lan­la­ryň mu­ny diý­dik­le­ri bes, to­zan tur­zup ýa­ry­şa go­şu­lar­dyk. Oba ýer­le­rin­de ýö­re­mä­ge (di­ňe ýö­re­mek hem däl, ýa­ryş­ma­ga) wer­ziş eden we­lo­si­ped­ler-de, ga­raz, gör­ke­zi­len aty­zyň da­şyn­dan bir ge­zek öw­rüm edip gel­ýän­çäk, alyp çy­kar­dy. Ýe­ňi­ji bo­lup, begenenim ýa­dy­ma düş­me­se-de, şol ýa­ryş­la­ra kän-kän ge­zek gat­na­şa­nym ha­ky­dam­da. Şeý­le hö­wes­jeň ýa­ryş­lar hä­zi­rem bar­dyr-la! Bi­ziň oba­myz­da­ky ça­ga­lar-a ýa­ryş­ýar şeý­dip. Ýö­ne, bu ýa­ry­şyň spor­tuň bir gör­nü­şi­di­gi­ne ula­la­ny­myz­dan soň dü­şü­nip gal­dyk. Häk, şol wagt­lar çy­ny­my­zy eden bol­sak, her bi­ri­miz­den we­los­port bo­ýun­ça tür­gen çy­kyp bil­jek eken.

Ýeňiş ýaranyň bolsun!

Aşgabat şäherindäki 100-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gadam Köşiliýew geljekde halkara ýaryşlarynda ýokary netijeler gazanmagy maksat edinýän ýaşlaryň biri. Sportuň Welotrek görnüşi bilen gyzyklanýan bu ýetginjek öz arzuwlarynyň yzyna düşüp, 2018-nji ýylda paýtagtymyzyň Köpetdag stadionynda tälim berýän Myrat Rejebowyň ýolbaşçylygynda türgenleşmäge başlaýar. Türgenleşige ýaňy başlan ýetginjek 2018-nji ýylyň 26-njy awgustynda 40 kilometr aralygy geçmek boýunça geçirilen Aşgabadyň birinjiliginde üçünji orny eýelemegi başardy. Şol ýylyň 27-nji oktýabrynda Welosport boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginde 15 km aralygy ýekelikde geçmek boýunça ýetginjekleriň arasynda birinji orna mynasyp boldy.

Bedew — ýigidiň myrady

Görogly bege «Gardaş dilemedim, seni diledim» diýdiren, şuňkar guşa deňelen behişdi bedewlerimiz, olaryň ýelden ýüwrük ýyndamlygy bu gün dünýäni haýrana goýýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň naýbaşy görnüşi bolan konkur boýunça geçirilen bäsleşik muňa şaýatlyk edýär. Säher bilen bäsleşigiň geçirilýän ýerinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere atly sport janköýerleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz

Golaýda paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň konkur görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ýaryşlara atly sportuň köpsanly janköýerleri bolan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen konkur ýaryşlarynyň nobatdaky tapgyryna türgenleriň 14-si öz bedewleri bilen gatnaşdylar. Ir säher bilen bäsleşigiň geçirilýän meýdançasynda hakyky baýramçylyk joşguny emele geldi. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň birinji tapgyrynda bedewler 1,10 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 12-sinden böküp geçmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga olaryň 10-sy hukuk gazandy. Ikinji tapgyrda 1,20 metr beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşan bedewleriň üçüsi deň netije görkezdiler. 1,30 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 8-sinden böküp geçmek boýunça üçünji tapgyr hem diýseň çekeleşikli boldy. Bäsleşigiň jemleri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýew özüniň Altynhan atly bedewi bilen birinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Seýidymam Seýidow Akgala atly b

Ýaşlaryň erjelligi

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde giň göwrümli sport-sagaldyş çäresi geçirildi. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen çäre «Sagdyn durmuş ýörelgelerine uýup maşk edeliň, bedenimiz taplansyn!» diýlip atlandyryldy. Bilim işgärleriniň, türgenleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň işeňňir agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen sport-sagaldyş çäresi beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Oňa ildeşlerimiziň hyjuwly gatnaşmagy sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini alamatlandyrdy. Soňra çärä gatnaşyjylar türgenleşik zallarynda bolup, döwrebap enjamlaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalandylar, işjeň türgenleşik geçdiler.

Ýaryş güýçlüleri saýlady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Tejen şäheriniň sport mekdebinde ýaryş geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, ildeşlerimizi sporta çekmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alyp geçirilen ýaryşa şäheriň sport we medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ýaşlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Şäheriň sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atletikanyň görnüşleri boýunça guralan ýaryşda ýaşlar özaralarynda gyzykly bäsleşikleri alyp bardylar. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşda toparlaryň her biri ýeňiş gazanmak ugrunda ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezdi.

Dem alyş ulgamynyň kesellerinde peýdaly maşklar

Gan we limfa aýlanyşygyny işjeňleşdirýän bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy adamda kadaly dem alşy ýola goýup, dürli gaýra üzülmeleriň öňüni alýar, bedeni fiziki agram salmalara taýýarlaýar, nerw-psihiki hem-de umumy ýagdaýyny gowulandyrýar. Bu bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy: • kesellerden soňky dikeldiş döwründe, has-da dem alyş ulgamynyň kesellerinde;• öň işjeňligi peselen alweollaryň, öýkeniň, bronhlaryň dokumalarynyň gan we limfa aýlanyşygynyň gowulanmagyna;• dem alyş hereketine gatnaşýan myşsalar toparynyň işjeňleşmegine;• dem alyş ulgamy bilen bagly gaýra üzülmeleriň öňüni almakda has-da peýdalydyr.

Atçylyk sporty we saglyk

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde atly gezelençleri gurnamak üçin taryhy ýadygärlikler, özboluşly ajaýyp türkmen tebigaty, aýratyn-da, köpsanly gamyşgulak bedewlerimiz bardyr. Sportuň bir görnüşi hökmünde ykrar edilen at münmek boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Milli mirasymyzyň meşhur lukmany Abu Aly ibn Sina at münmegiň tutuş bedeni işjeňleşdirýändigi barada belläp geçipdir. Alym Selsiý bolsa, aşgazan-içege ýollarynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir. ХХI asyrda alymlar ýokary derejede duş gelýän emosional dartgynlyklary we stres ýagdaýlary at münmek bilen aýryp bolýandygyny subut etdiler. Atçylyk sportunyň saglyk üçin peýdaly taraplary:

Çekeleşikli ýaryşlar

Bäherden etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan etrabyň türgenleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli ýakynda etrabyň sport mekdebinde geçirilen ýaryşlar hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilen bilelikde guralan ýaryşa ýaş türgenlerden ybarat bolan toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýeňil atletika ýaryşyna «Berkarar», «Bagtyýarlyk», «Gala» toparlary has-da işjeň gatnaşdylar. Uly gyzyklanma döreden ýaryşyň netijesinde «Bagtyýarlyk» topary üstün çykdy. Toparyň üstünliginde Ýusup Sapardurdyýewiň, Nurgeldi Nurgeldiýewiň goşandy uly boldy.

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler, türgenlerimiziň iri halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär. Ynsan saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän milli Liderimiziň bimöçber aladasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän tutumly maksatlar berk bedenli nesilleriň kemala gelmegini, raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Milli Liderimiziň adam hakdaky aladalaryndan gözbaş alýan beýik başlangyçlary ýurdumyzda sport ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegine, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha giňden ornaşmagyna itergi berýär. «Döwlet adam üçindir!» diýýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almagyny, saglygyny berkitmegini ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde aýratyn üns berýär. Munuň özi Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden rowaçlanmagynyň esasy sebäbi bolup durýar.

Sport — rowaçlygyň sakasy

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyna hem-de türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende göterilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň berk binýatly ösen ulgamy döredilýär we dünýä derejesinde kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda her bir adamyň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döwrebap sport toplumlary we sport mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bu günki gün milli Liderimiziň nusgalyk göreldesine eýerýän watandaşlarymyz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga işjeň gatnaşýarlar. Sport ulgamynyň uly depginler bilen ösüşi, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda görkezýän netijeleri sportuň görnüşleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny tassyklaýar. Bu alnyp barylýan beýik işler bolsa eziz Watanymyzyň sport äleminde abraýyny barha belende galdyrýar.

Etrap birinjiligi

Ýakynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis hem-de ýeňil atletika görnüşleri boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen etrabyň sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ýaryşa ýaş türgenler gatnaşdy. Ýaş oglan-gyzlaryň sportda barha kämillige ýetmegi babatynda örän ähmiýetli bolan bu ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Ýaş türgenlere sportuň degişli görnüşleri boýunça ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezmäge giň mümkinçilikler üpjün edildi. Bu bolsa, ýaryşyň guramaçylykly geçmeginde ähmiýetli boldy.

Sagdyn durmuşyň ygtybarly ýörelgesi

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna barýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021—2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Kuwwatly döwletiň mizemez binýady

Durmuş hakykatyndan we uzak ýyllaryň tälim-tejribesinden göz ýetirişimiz ýaly, kuwwatly döwletiň mizemez binýady ilatyň sagdyn ýaşaýşyna daýanýar. Saglyga sport bilen, bagtyýar ýaşaýşa bolsa saglyk bilen ýetilýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu ajaýyp sazlaşyk Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň baş baýlygy bolan il saglygy, ýaş nesliň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakynda ýadawsyz alada edilip, häzirkizaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hut şonuň netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, parahatçylygy we dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde baý tejribe toplanyldy. Köptaraplaýyn we durnukly ösüşlerimiz eziz Watanymyzy halkara sport hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, şol sanda örän iri sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşmaga täze mümkinçilikleri açdy.

Geljegi umytly türgenler

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşip, sportda has-da taplanmagy, kämilleşmegi we ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýär. Gökdepe etrabynyň çäginde döwrebap sport mekdepleriniň birnäçesi hereket edýär. Şeýle mekdepleriň biri-de Gökdepe şäherindäki sport mekdebidir. Bu sport mekdebe ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaýar. Tälimçi-mugallymlaryň 16-sy 37 toparda ýaşlar bilen sportuň 8 görnüşi boýunça türgenleşik sapaklaryny geçýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän ýaşlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşine höwes edýänler hem az däl. Bu ýerde sportuň agzalan görnüşi boýunça türgenleşik sapaklarynyň ýola goýulmagy bilen ýaş türgenleriň uly topary oňa uly hyjuw we höweslenme bilen ýazyldylar.