"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Altyn arzuwlar

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Yn­san, on­da-da ha­ky­ky dur­mu­şa in­di ga­dam bas­ma­ly ýaş yn­san gel­jek üçin ýü­re­gin­de asyl­ly ar­zuw­la­ry bes­le­giç bol­ýar. Şol ar­zuw­lar, gün­ler-aý­lar geç­di­gi­çe, kö­ňül­de-beý­ni­de bi­şip, gaý­nap, al­tyn ar­zuw­la­ra öw­rül­ýär.

«1000 söz» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutanlygynda ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da dur­nuk­ly ga­za­nyl­ýan ösüş­ler bag­ty­ýar­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň me­ka­ny hök­mün­de eziz Wa­ta­ny­my­zy şan-şöh­ra­ta bes­le­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap Ge­ňe­şiniň bi­le­lik­de gu­ran «1000 söz» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­le­nil­di.

Ýaşajyk futbolçylaryň üstünligi

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Ýa­şa­jyk türk­men fut­bol­çy­la­ry Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «AFL Kids Cup — 2024» at­ly hal­ka­ra ýa­ryş­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, iki al­tyn, bir bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar.

Ta­lyp­lar spor­tu­nyň hal­ka­ra gü­ni

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň, Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy we hal­ka­ra sport gat­na­şyk­la­ry giň­den ös­dü­ril­ýär. Hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň il­çi­si bo­lan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da iri hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport gu­ra­ma­la­ry, fe­de­ra­si­ýa­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­ýar. Ýa­ňy-ýa­kyn­da ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi ba­ra­da­ky hoş ha­bar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­na esas­lan­ýan Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň we sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky gü­wä­si­ne öw­rül­di.

Hakyky olimpiýa ruhy

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 XXXIII to­mus­ky Olim­piýa oýun­la­ryn­y syn­lan pur­sat­la­rym me­ni ça­ga­ly­gym­da to­ma­şa eden, he­mi­şe­lik ýa­dym­da ga­lan bir mul­tip­li­ka­si­on fil­mi­ aňym­da jan­lan­dyr­dy. 1980-nji ýyl­da Mosk­wa­da ge­çi­ril­me­li to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na ba­gyş­la­nyp, 1979-njy ýyl­dan baş­lap ek­ran­la­ra goý­be­ri­len ol gys­ga­jyk film «Kim baý­rak al­sa» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar­dy. On­da di­ňe ýa­ryş­da öz bäh­bi­di­ni öňe sür­män, yl­gaw­da şi­kes alan, ýy­ky­lan ýol­daş­la­ry­na kö­me­ge ýe­tiş­ýän, ýol­da hö­würt­ge­den ga­çan guş jüý­je­ji­gi­ni hö­würt­ge­si­ne gal­dy­ryp ber­ýän, özi bi­len deň ýa­ry­şyp bar­ýan kir­pi­ji­ge suw­ly päs­gel­çi­lik­den ýü­züp geç­mä­ge kö­mek ed­ýän aýy­jyk baý­rak eýe­si bo­lup, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul edil­ýär­di.

Milli oýunlaryň baýramy

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 In­di 10 ýy­la ba­sa­lyk­ly dö­wür­de üs­tün­lik­li ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny ba­ra­da oý­la­na­nyň­da, umu­ma­dam­zat ta­ry­hy ta­pyn­dy­sy bo­lan çar­wa­dar­lyk dur­mu­şy ba­ra­da pi­kir­le­riň de­ňin­de pur­sat­lar­ça eg­le­ne­ni­ňi duý­man gal­ýar­syň.

Türk­men ta­ly­by çem­pi­on bol­dy

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Ga­za­gys­ta­nyň As­ta­na şä­he­rin­de geçirilen Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler şow­ly çy­kyş etdi­ler. 10-njy sent­ýabr­da türk­men tür­gen­le­ri 3 me­dal ga­za­nan bol­sa­lar, 11-nji sent­ýabr­da il­deş­le­ri­mi­ziň ýe­ne 2-si hor­mat mün­be­ri­ne çyk­dy. Ola­ryň bi­ri Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny bol­dy.

Halkara we milli sport baýramçylyklary

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Biz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa fut­bol as­so­sia­si­ýa­sy­nyň tek­lip et­me­gi bo­ýun­ça her ýy­lyň 25-nji ma­ýy­ny Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni di­ýip yg­lan et­me­gi my­na­sy­bet­li dün­ýä­de hal­ka­ra de­re­je­sin­de bel­le­nil­ýän sport baý­ram­çy­lyk­la­ry, şol san­da aý­ry-aý­ry ýurt­lar­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýän mil­li sport baý­ram­çy­lyk­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy­my­zy do­wam ed­ýä­ris.

Üstünlik her ýaşda gelip biler

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Adamyň üstünlige ýetmegi üçin ilki bilen bir maksat tutunmagy we şol maksadyna ýetmegi üçin ynamly hem-de okgunly hereketde bolmagy zerurdyr. Durmuşyny sport bilen baglanyşdyran adamlarda bu üstünlik ýoly has hereketli geçýär. Olar dowamly türgenleşikler bilen dürli ýaryşlara gatnaşyp belent maksada ýetmek üçin ädimme-ädim öňe ilerlemeli bolýarlar. Her bir türgeniň baş maksady we iň uly ýeňşi sport ýaryşlarynyň iň iri hem iň abraýlysy bolan Olimpiýa oýunlaryň çempiony bolmak bolsa gerek.

Sport — sag­dyn­lyk we gö­zel­lik

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we sport ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler bol­sa sport jan­kö­ýer­le­ri­niň, ýaş­la­ry­my­zyň spor­ta bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy­ny art­dy­ryp, us­sat tä­lim­çi­le­ri­mi­zi we tür­gen­le­ri­mi­zi tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş nes­liň wagt­la­ry­ny ne­ti­je­li ge­çir­me­gi­ne, ola­ryň er­jel­lik, mak­sa­da ok­gun­ly­lyk we yn­san­per­wer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de ýaş nes­liň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len ne­ti­je­li we yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy­na, sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi­ne, göw­ne­jaý dynç al­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz­da mil­li sport­da buý­san­dy­ry­jy üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Di­ňe bir ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, ýe­ti­len sep­git­ler bi­len çäk­le­nil­män, öň­de bol­jak iri sport ýa­ryş­la­ry­na, çem­pio­nat­la­ra, ku­bok ýa­ryş­la­ry­na, Olim­pi­ýa we Azi­ýa oýun­la­ry­na şu gün­ler­den ýo­ka­ry dep­gin­li taý­ýar­lyk­lar gö­rül­ýär.

Sport — sagdynlygyň çeşmesi

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Wa­ta­ny­myz­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ga­za­nyl­ýan ýo­ka­ry ösüş­ler ada­myň aba­dan ýa­şaý­şy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Bin­ýa­dy berk­den gu­rul­ýan Ber­ka­rar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yn­san sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak we ber­kit­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üns be­ril­ýän esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport instituty

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

Sport we bedenterbiýe

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Bä­her­den et­ra­byn­da äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän 350 orun­lyk sport mek­de­bi gur­lup ulan­ma­ga ber­len gü­nün­den bä­ri, on­da en­çe­me sport ýa­ryş­la­ry, sport­da ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler ba­ra­da wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Şa­ny Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňüsyrasynda Bä­her­den et­rap sport mek­de­bin­de et­ra­byň jem­gyýet­çi­lik gu­ra­mala­ry et­ra­byň TDP-nyň iş­gär­le­ri­niň, et­rap KA-nyň hü­när­men­le­ri­niň, et­rap MAÝG-nyň iş­jeň ag­za­la­ry­nyň we sport mek­de­bi­niň ha­ly­pa tä­lim­çi­le­ri­dir tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da «Ga­raş­syz­lyk bi­len gal­ky­nan türk­men spor­ty» at­ly şy­gar as­tyn­da wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga gat­na­şan­lar öz çy­kyş­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan tu­tum­ly iş­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­ny dü­şün­dir­di­ler hem-de Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da ýur­du­my­zyň sport­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di­ler.

Türk­men küşt­çü­le­ri ýe­ňiş­li ýol­lar­da

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Weng­ri­ýa­nyň Bu­da­peşt şä­he­rin­de 45-nji Bü­tün­dün­ýä küşt olim­pia­da­sy ge­çi­ril­di. Her iki ýyl­dan ge­çi­ril­ýän bu oýun­la­ra dün­ýä ýurt­la­ryn­dan mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ryň 381-si gat­naş­dy. Ola­ryň 197-si er­kek­ler, 184-si ze­nan­lar to­pa­ry­dyr.

Holand «Man­çes­ter Si­ti»-niň düzüminde 105 oýun­da 100 gol ge­çi­rip, Ro­nal­du­nyň re­kor­dy­ny gaý­ta­la­dy

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 «Man­çes­ter Si­ti­niň» 24 ýaş­ly nor­we­gi­ýa­ly hü­jüm­çi­si Er­ling Ho­land klu­by oý­nan üçin 105-nji du­şu­şy­gyn­da 100-nji go­lu­ny ge­çir­di. Ho­land ýu­bi­leý go­lu­ny Prem­ýer-li­ga­nyň 5-nji tap­gyr du­şu­şy­gyn­da, Man­çes­ter şä­he­rin­de «Eti­had» sta­dio­nyn­da «Ar­se­na­la» gar­şy du­şu­şyk­da ge­çir­di. Du­şu­şyk 2:2 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy.

Fut­bol dün­ýä­si: mü­di­mi re­kord­lar

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Fut­bol — tä­sin bir dün­ýä. Ol tür­gen üçi­nem, tä­lim­çi­dir emin üçi­nem gy­zyk­ly­dyr. Ýö­ne onuň to­ma­şa­çy, jan­kö­ýer üçin gy­zy­gy­ny aýt­saň... Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň 3,5 mil­li­ar­da go­laý ila­ty bu sport gör­nü­şi­niň jan­kö­ýe­ri­dir.

Olim­piýa oýunlarynda Nowak Jo­ko­wiç altyn medal gazandy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Pa­riž­de Olim­pi­ýa oýun­la­rynyň çäk­le­rin­de ten­nis bo­ýun­ça ýa­ry­şyň ikin­ji aý­la­wyn­da ser­bi­ýa­ly ten­nis­çi No­wak Jo­ko­wiç is­pa­ni­ýa­ly tür­gen Ra­fa­el Na­dal­dan üs­tün çyk­dy.

Skandinaw ýörişi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Dün­ýä spor­tu­nyň dö­re­ýiş we ösüş ta­ry­hy­na na­zar aý­la­ny­myz­da, biz dür­li halk­la­ryň ara­syn­da ýü­ze çy­kyp, özü­niň kä­mil­li­gi, be­den­ter­bi­ýä­niň, sag­ly­gyň we gö­zel­li­giň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­li­gi bi­len nus­ga­lyk de­re­jä ýe­ten sport gör­nüş­le­ri­niň kän­di­gi­ne göz ýe­tir­ýä­ris. Ola­ryň il­kin­ji ýü­ze çy­ka­nyn­dan kän wagt geç­män­kä dün­ýä­de yk­rar edi­len sport gör­nüş­le­ri­niň ha­ta­ry­na gi­ren­le­ri hem az däl.

Tennis topy barada

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Asyr­lar­bo­ýy köp­çü­li­giň gy­zyk­la­nyp gel­ýän meş­hur güý­men­je­si bo­lan ten­nis naý­ba­şy sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýa­şyl we gyz­gylt meý­dan­ça­da (kort) oý­nal­ýan bu sport gör­nü­şi, esa­san hem, ýaş­la­ryň ara­syn­da has ýör­gün­li­dir. Sport gör­nüş­le­ri­niň kö­pü­si­niň özü­ne mah­sus düz­gün­le­ri we oýun üçin ni­ýet­le­nen es­bap­la­ry bar. My­sal üçin, fut­bol ýa­şyl meý­dan­ça­da, bäş­burç­luk­lar­dan dü­zü­len ala­be­der top bi­len oý­nal­ýan bol­sa, wo­leý­bol üçin ýe­ňil­jek sarymtyl gök top we set­ka­ly ki­çi­räk meý­dan­ça ge­rek. Çu­kur­jyk­ly meý­dan­ça­da ge­çi­ril­ýän golf üçin ki­çi­jik ak top­lar we ujy eg­ri ta­ýa­jyk ze­rur bol­sa, reg­bi üçin tut­ma­ga amat­ly ýu­murt­ga şe­ki­lin­dä­ki top ge­rek. Ten­ni­siň hem öz­bo­luş­ly şert­le­ri bo­lup, oýun üçin ra­ket­ka, tor çe­ki­len meý­dan­ça we ki­çi­jik sa­rym­tyl ­ýa­şyl top ge­rek. Eý­sem, ten­nis­de nä­me üçin ak, gy­zyl ýa­da gök däl­de, sa­rym­tyl-ýa­şyl top­lar saý­lan­dy­ka?! Ge­liň, ten­nis to­pu­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň!