Ýeňil atletikanyň ussatlary
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde ýeňil atletika boýunça ýaryşyň etrap tapgyry geçirildi. Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de güýçlüleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Ýaryş mekdep okuwçylarynda sporta höwesiň ýokarydygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde okuwçy oglanlaryň arasynda etrapdaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 16-njy orta mekdebiň topary ikinji, 4-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Okuwçy gyzlaryň arasynda hem 1-nji, 16-njy, 4-nji orta mekdepleriň toparlary baýrakly birinji, ikinji, üçünji ýerleri eýeledi.