Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy we baý milli mirasy bar. Parasatly ata-babalarymyzdan galan bu gymmatly miras biziň milli buýsanjymyzdyr. Halkymyzyň beýik ogullarynyň, merdana, gaýduwsyz gerçekleriniň harby mirasyny öwrenmek we wagyz etmek biziň jana-jan borjumyzdyr. Şu jähetden, dünýäniň harby sungatynda öçmejek yz galdyran Parfiýa döwletiniň mirasy hem düýpli öwrenilmegine garaşýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň I kitabynda: «Parfiýa döwleti parlar, dahlar, massagetler, türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýleki kowumlarynyň konfederasiýasy tarapyndan döredilendir. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň tabynlygyny eline almagy maksat edinen Gadymy Rimiň kuwwatly bäsdeşine öwrülýär» diýip, anyk taryhy maglumaty beýan edýär.