Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Ürgenç, Abywerd, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherleri ilkinji ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem-de sungatlaryň gülläp ösen merkezleri hökmünde dünýä meşhur bolupdyr. Täze taryhy döwürde milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak biziň esasy maksadymyzdyr» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzy täze belentliklere ýetirmegiň esasy sütünleriniň biri ylym ulgamyny has-da kämilleşdirmek bolup durýar.
Taryhyň ähli döwürlerinde Türkmenistanda ylym gülläp ösüpdir. Türkmen ylmynyň taryhy türkmen halkynyň emele geliş ýagdaýy bilen sepleşip, ol özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Adamlar gadymy döwürlerde yssy, gurak howa şertlerinde, esasan, derýalaryň kenar ýakalarynda ýaşapdyrlar we derýalaryň joşmagynyň, sil gelmeginiň sebäplerini öwrenip, tebigy hadysalara yzygiderli gözegçilik edipdirler. Bu ýagdaý olaryň aý-ýyl senenamasyny işläp düzmegine ýardam edipdir. Dürli köşkleri, ýollary gurmak, ekerançylyk ýerlerini ölçemek ýaly hojalyk aladalary matematikanyň, fizikanyň, gidrotehnikanyň meselelerini beýan edýän ylmy bilimleriň ýüze çykmagyna şert döredipdir.