Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

5 Fewral 2023
1083

Onunjy, on birinji, on ikinji günler. 8-nji düşelge. Bereket etraby

5:30-da gözümi açalak-ýumalak edip turdum. El-ýüzümi ýuwup, goşlarymy jemledim. Ýaňy bir käse çaý guýup, owurtlaýyn diýenimde, daşarda maşyn sesi eşidildi. Iýer ýaly zat taýýarlap, ýanyma salan Aýdakbibi ejeke hem onuň adamsy bilen gadyrly hoşlaşyp, «Toyota Sienna» kysymly ulaga mündüm. Sürüji menden soň ýene bäş adam aldy. Käşgä, meni iň soňunda alsady, bibimiň tagamly çaýyny içip ýetişerdim. Bähbit bolsun!

Aýjemal GURBANOWA,
syýahatçy.