Häzirki wagtda yklymyň esasy ýollarynyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary, ýurdumyzda halkara derejedäki gatnaşyklary giňeltmek boýunça bar bolan mümkinçilikleri, Hazaryň çäklerinde deňiz syýahatçylygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli çözmek wajyp wezipe bolup durýar. Şunda Awazanyň çägini giňeltmäge, syýahatçylygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmaga, bu ýerde ýurdumyzyň raýatlarynyň ýokary derejeli dynç alşyny üpjün etmäge aýratyn orun degişlidir. 24-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde geçiren iş maslahatynda-da, ine, hut şu meselelere üns çekildi.
Iş maslahatyna Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.