Iň beýik hiňňildik
Dünýäde iň beýik hiňňildik ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň «Six Flags» seýilgähinde ýerleşýär. Bu seýilgäh 2015-nji ýylda açylypdyr. Iň beýik hiňňildik rekordyny goýan bu desganyň beýikligi 139 metre barabardyr. «Kingda Ka» diýlip atlandyrylýan hiňňildik bary-ýogy 3,5 sekuntda bat alyp, onuň tizligi sagatda 206 kilometre ýetýär. Onuň iň beýik nokady 139 metre, geçilýän aralyk bolsa 950 metre deňdir. Täsin hem-de tizligi ýokary bolan bu hiňňildikde uçmak isleýän adamlar diýseň köpdür. Bir sagadyň dowamynda bu hiňňildikde müňden gowrak adam uçýar.