Dostlukly döwletiň paýtagty Duşenbe

23 Noýabr 2022
1432

Ferdöwsi adyndaky Milli kitaphana

Täjik halkynyň nusgawy şahyry Abulkasym Ferdöwsiniň adyny göterýän Milli kitaphana ýurduň medeni mirasynyň aýratyn gymmatlygy hasap edilýär. Kitaphana döwlet medeniýet merkezi, ylmy we medeni mirasyň milli ammary, döwürleýin metbugat arhiwi hem-de ýurduň iň esasy kitap gorudyr. Kitaphana diňe bir çap edilen materiallaryň ähli görnüşlerini däl, eýsem, ses we wideo ýazgylary, gadymy golýazmalary hem öz içine alýar. Ol 1933-nji ýylda esaslandyrylyp, bir ýyldan soňra Abulkasym Ferdöwsiniň müň ýyllyk ýubileýi mynasybetli oňa şahyryň ady dakyldy. 2012-nji ýylda bolsa kitaphananyň täze binasy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi. Täze bina döwrebaplygyň we milliligiň sazlaşygy esasynda guruldy. Kitap şekilli bu ajaýyp binanyň öň tarapynda Täjigistanyň taryhy şahsyýetleri, milli gahrymanlary, beýik alymlary we ýazyjylary şekillendirilendir. Ferdöwsi adyndaky Milli kitaphana Merkezi Aziýanyň iň uly kitaphanalarynyň biridir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Akmuhammet ANNABERDIÝEW,
«Aşgabat».