Mawy asmanyň bezegi

22 Noýabr 2022
1898

Mawy asmanyň ýüzünde ganatlaryny ýaýyp uçýan bürgüt türkmen sährasynyň bezegidir. Ol pessaýlap uçdugyça, sähranyň janly-jandary gozgalaň tapýar. Çünki «asmanyň hökmürowany» adyny alan bu algyr guş öz awuny entek 3-4 kilometr beýiklikde mahaly görüp, ony awlamak üçin juda çalt tizlikde dik aşak inmäge ukyplydyr.

Gadymy grekleriň mifologiýasynda asmanyň we ýyldyrymyň hökmürowany Zews wagtal-wagtal bürgüde öwrülip, dünýä ser salýan eken. Daşyndan seredeniňde eýmendiriji, hökümli bürgüdiň akylly, çalasyn, edermen, gujur-gaýratly, wepaly guş bolmagy Zewsiň hut bürgüdi saýlap almagynyň esasy sebäbidir. Bürgüt islendik beýiklikde bolsa-da, ýiti nazary bilen daş-töwerekdäki gymyldy-hereketi saýgaryp bilýär. Ol reňkleri tapawutlandyryp bilýär. Bu ýagdaý haýwanat dünýäsinde örän seýrek duşýar.

Tawus MEDEDOWA,
Bäherden etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.