Baglar — Zeminiň bezegi

16 Noýabr 2022
1563

Türkmen topragynda bag nahallaryny oturtmak işi we ony ösüp gelýän ýaş nesillerimize miras galdyrmak ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgämizdir. Aslynda bag nahallary güýz we ýaz aýlary ekilýär. Her ýylyň güýz we ýaz aýlarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işleriniň üstünlikli alnyp barylmagy biz talyp ýaşlary has-da buýsandyrýar.

Biz talyp ýaşlar hem agzybirlikde ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işine höwes bilen gatnaşýarys. Bu diýseň gyzykly, sogaply iş. Ekilen bag nahallary ösüp, boý alyp, türkmen topragyny gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrüp, has-da gözelleşdirer.

Dünýägözel ÇARYÝAROWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyby.