Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň nyşanydyr

7 Noýabr 2022
3144

Ahal welaýaty, 5-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumuzu bagy-bossanlyga büremegiň güýzki möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan çärä täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary ruhubelentligi, şadyýanlygy hem-de Diýarymyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu çäräniň dabarasyny has-da artdyrdy.