Bag ekmek – parz iş

5 Noýabr 2022
2068

Şu gün ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekiliş dabarasy bolup geçdi. Topraga jany-teni bilen hyzmat eden ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda daýhançylykdyr ekerançylyk bilen meşgullanyp, gür saýaly bag-bakjalary ýetişdiripdirler. Pür-pudak ýaýradyp ösen daragtlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Ata-babalarymyzyň ýola goýan bu işleri häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen bag ekmek babatda alnyp barylýan işlere badalga berýär.

Bu gün  sahawatly topragymyza ekilen bag nahallary ýurdumyzyň  tebigatyny ozalkylardan has hem baýlaşdyrar.Tebigat gözellikleri bize ata-babalarymyzdan galan miras, ony başky durkunda geljekki nesillerimize ýetirmek biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Türkmeniň güneşe baý topragy dünýä ýüzünde iň berk, sagdyn, uzak ömür pür-pudak ýaýradyp ösýän daragtlary ýetişdirmäge ukyplydyr. Şahyryň aýdyşy ýaly,  kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar.

«Zenan kalby».