Bereket mekany

1 Noýabr 2022
1602

Ösüşiň täze taryhy tapgyrynda berkarar Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty barha arşa göterilip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler giň seslenme tapýar. Bu gün güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga, bereket mekanyna öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler hem buýsanja mynasypdyr. Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýeriniň golaýynda geçirilen «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işleri dabaralandyran aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.

Tebigatyň gözel künjeginde, açyk asmanyň astynda geçirilen okuw sapagyna oba hojalyk hünärmenleriniň 500-si gatnaşdy. Munuň özi bu okuw sapagynyň açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň göwrümlisidigini we Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilip bilinjekdigini aňladýar. Şol gün taryhy künjekde täze üzümçilik zolagynyň döredilmegi, ýagny bu ýerde üzümiň «gara kişmiş» görnüşiniň 500-den gowrak düýbüniň oturdylmagy bizi — geljekki oba hojalyk hünärmenlerini örän begendirdi.