Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny toýlady. Mälim bolşy ýaly, şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, ýurdumyz boýunça ýaşaýyş we durmuş maksatly köpsanly binalar açylyp halkyň hyzmatyna berildi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny dowamata dowam edýän hormatly Prezidentimiz gurluşyklaryň alnyp barlyşyny mydama üns merkezinde saklaýar.
Türkmen halky köşkdür binalary galdyrmakda, ýoldur köpri gurmakda dünýäde meşhurlyk gazanan halkdyr. Ata-babalarymyzdan miras galan binagärlik sungaty bilen özara sazlaşýan häzirki zaman binalaryň gurulmagy, ýurdumyzyň yzygiderli senagatlaşmagy göwünleri galkyndyrýar. Paýtagtymyz Aşgabat dünýäde iri işewürlik, dolandyryş we jemgyýetçilik syýasy merkezine öwrülýär. Aşgabadyň häzirki zaman keşbi, ylmyň döwrebap gazananlaryna, şähergurluşyk tejribesiniň öňdebaryjy nusgalaryna, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň kämil innowasion çemeleşmelerine daýanýar. Türkmenistanyň Milletler Bileleşigine agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» paýtagtymyzy özgertmekde hil we mazmun taýdan täze derejä, öňdebaryjy halkara tejribäniň gazananlaryna, iň kämil innowasiýalar bilen üpjün edilmegine, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berilýär.