Garagulak

23 Awgust 2022
3590

Garagulak ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişli bolup, ol tebigatymyzdan «Ýitip barýan görnüş» diýlip, hasaba alnan ýyrtyjy haýwanlaryň biridir. Garagulak Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna (TGHB) we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, şeýle hem Ýitip-ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýasynyň (CITES) sanawyna girizilendir.

Garagulak ortaça ululykdaky pişik bolup, bedeniniň uzynlygy 70 – 75 santimetr, guýrugy 30 santimetre çenli ýetýär. Kellesi uly, göwresi gysga, aýaklary berdaşly, sütügi gysga, gür tüý örtükli, meneksiz we zolaksyz birsydyrgyn gyzylymtyl-çypar reňkli, çägepisint bolýar. Gözüniň burun tarapyndan aşaklygyna goňurrak zolak gaýdýar, dodaklary, alkymy, bokurdagy, boýnunyň ýokarsy ak reňkli, gulaklary hemişe dim-dik durýar. Gulagynyň yz tarapy gara, uçlarynda çogdam ösen gara tüýleri bolýar.

Nurmyrat TATBAÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň Agzalyk bölümçesiniň uly hünärmeni.