Bathyzyň tebigy gözelligi

16 Awgust 2022
1830

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak, şeýle hem ýüze çykyp biläýjek ýangyn hadysasyndan goramak babatda uly işler amala aşyrylýar. Goraghanamyzyň häzirki wagtda tutýan meýdany 140 müň 430 gektar bolup, onuň 14 müň 230,9 gektar ýerini pisse tokaýlyklary tutýar. Goraghananyň ähli meýdanynyň ýangyn howpunyň birinji derejesine degişlidigi bolsa, gurak howa şertleri bilen düşündirilýär, tomsuna howanyň ýylylyk derejesiniň ýokarlanmagy, topragyň guramagy we güýçli ýelleriň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Tomusda güýçli ýelleriň bolmagy ýangyn howpunyň döremegine getirip bilýär. Şonuň üçin tutuş paslyň dowamynda goraghananyň meýdanyny ýangyndan goramak işgärlerimiziň gündelik aladalary bolup durýar.

Akmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.