«Ýaşyl energetikanyň» ýalkymy

20 Iýul 2022
1456

Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup, ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek ýyllarda zyýanly galyndylaryň zyňyndylaryny kem-kemden azaldyp, az uglerodly we gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilmegi göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny 2024-nji ýyla çenli gurup, ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan. Bu desganyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, esasan hem, «ýaşyl energetikany» ösdürmekde, ekologiýa we daşky gurşawyň abadanlaşmagyna, elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer diýip uly ynam bilen aýdyp bolar.

Babamyrat SEÝFULLAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.