Depesi ak çarlakly

18 Iýul 2022
1593

Täsinlikler dünýäsi gojaman Hazarym!
Bu gün seniň goýnuňa seýrana geldim. Eý, gojaman hem nowjuwan deňzim, seniň hem özboluşly häsiýetleriň bar. Ol ynsan eli bilen däl-de, tebigatyň emri bilen amala aşýar. Erkin, asuda dem alyp, tolkunlaryň ýuwaşlyk bilen kenara gelip, ene topragy öpüp-sypap yzyna gidişini göreniňde, gaýtalanmajak gözellikden gözüň doýmaýar. Ine, birdenem tolkunlaryň towlam-towlam bolup güwläp gaýdyşyny, dolup-daşyp, kenara keşde çekişini diýsene! Şonda sen has owadan, has eziz.

Mähriban deňzim, kenaryňa gelip, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän mawy giňişligiňi synlanyňda, ynsanyň kalby heýjana gelýär. Gök deňzim, bu gün sen ýene-de parahat. Asudalyk bilen dem alyp ýatyrsyň. Örküç-örküç tolkunlaryň Gün şöhlesine kümüşsöw öwüşgin çaýyp, gözelligiň has-da artýar. Ho-ol aňyrrakda ördek-gazlar, durnalar, guwlar... peýwagtyna ýüzüşip ýörler. Ak çarlaklar bolsa tolkunlardan galmajak bolýan ýaly, al-asmanda ganat kakyp, birdenem düwlüp aşak inýärler-de, tolkunlara deger-degmez gelip, ýene-de asmana atylýarlar. Siz deňziň ýaraşygy!

Gunça BÄŞIMOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.