Gadymyýetiň ýaňy

15 Iýun 2022
3237

Lebabyň gözel tebigatly ýerleri barada söhbet açylanda ozaly bilen Köýten jülgesi ýada düşýär. Bu ýer diňe bir özüniň ajaýyp tebigaty bilen däl, eýsem, täsinlikleri bilenem köpleriň ünsüni çekýär. Diýarymyzyň gündogar serhetlerini ýassanyp ýatan Köýten dagynyň goýny täsinliklerden doly. Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän «Dinozawrlar düzlügi» diýlip atlandyrylýan baýyrlyklardaky gadymyýetden galan aýak yzlar häzire çenli hemmeleri haýran galdyrýar. Dinozawrlaryň Köýten dagynyň gerişlerinde saklanyp galan aýak yzlary bu äpet jandarlaryň nähili täsin bolandygyny doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.

Dinozawrlaryň beýikligi 12 metre, uzynlygy 10 metre, agramy bolsa 25 tonna çenli bolupdyr diýlip çaklanylýar. Olar ördegiňkä meňzeş üç barmakly aýaklary bilen hereket edipdirler. Penjeleriniň uzynlygy 75 — 90 santimetre ýetýär. Olaryň ini 60 santimetre golaýlaýar. Dinozawrlaryň barmaklarynyň ujunyň galdyran yzlaryna üns berip syn etseň, olaryň ýyrtyjy guşlaryňka, ylaýta-da, äpet dag bürgütleriňkä çalymdaş dyrnaklarynyň bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Aýratyn hem, ortaky barmaklarynyň dyrnagynyň çümen ýerlerinde mese-mälim bildirip duran çukanaklar galypdyr. Aýak yzlardan çen tutsaň, olaryň ädimleriniň arasy bir ýarym, iki metre barabar bolupdyr. Ýene bir zat ünsüňi çekýär. Ol hem bu äpet jandarlaryň jübüt-jübüt bolup gezenligidir. Tutuş «Dinozawrlar düzlüginde» olaryň ýeke ýa-da toplanyşyp gezenligine şaýatlyk edýän yzlara duş gelip bolanok. Käbir ýerlerde bolsa uly jübüt yzlaryň ýakynynda çaga dinozawrlaryň 30 — 40 santimetrlik aýak yzlaryny-da saýgarmak bolýar.

Jennet RAIMBAÝEWA,
Türkmenabat şäheri.