Muzeý işgärleriniň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň milli mirasynyň gadymdan galan nusgalaryny il içinde toplap, muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetirip durmakdaky gözlegli işleri, şol gymmatlyklaryň her biri dogrusynda geçirýän ylmy derňewleri geçmiş taryhymyzy, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmekde örän ähmiýetlidir. Häzirki wagtda Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde toplanylan nusgalaryň sany on iki ýarym müňden gowrak. Şol muzeý gymmatlyklarynyň arasynda taryhy ähmiýetli, ylmy taýdan giňişleýin öwrenmeklige degişlileriň sany barha artýar, has irki döwürlere degişlileriň sany köpelýär. Irki döwürlere degişli pullar, gadymy teňňeleriň seýrek duşýan nusgalary, zergärçilik, küýzegärçilik, dokmaçylyk önümleri we senetçiligiň dürli ugurlaryna degişli gymmatlyklar muzeýimizi diňe bir görmek üçin gelýänleriň däl, eýsem geçmiş medeniýetimizi ylmy nukdaýnazardan öwrenmek isleýän bilermenleriň hem ünsüni özüne çekýär.
Welaýatymyzda şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli guralýan dabaralarda muzeý işgärleri özleriniň göçme sergileri bilen ýygnananlara medeniýetli hyzmat edýärler. Dabaraly çärelere gatnaşyjylar muzeýiň gazna gymmatlyklaryndan guralan sergilere syn edip, ruhy lezzet alýarlar. Geçirilýän çärelerde sergä tomaşa etmäge gelýänleriň käbirleriniň soňra özlerinde uzak ýyllardan bäri saklap ýören, haýsydyr bir taryhy we ylmy ähmiýeti bolan gymmatlyklaryny öz elleri bilen muzeýe gowşuryp gidýändikleri örän buýsandyryjy wakadyr. Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Bekmyrat Mirişowyň muzeýe sowgat beren, üstünden asyrlar geçenem bolsa, abat saklanan ýag çykaryjy desga bolan juwaz guraly, Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy Hojaş Gülliýewiň tabşyran at esbaby bolan keýigiň şahyndan saplanan gaýyş gamçysy taryhy gymmatlyklaryň hataryna girýär. Şonuň ýaly-da, ildeşlerimiz Annagurban Atamedowyň tabşyran, çopan goşunda ulanylýan deriden ýasalan serkeç gaby, Oglaý Ýazmyradowanyň keramiki gap bolan ýanlygy, Ruhubelent etrabynyň ýaşaýjysy Ejegül Ibragimowanyň beren «Bossany» palasy, kakma görnüşinde elde dokalan zenan ýantorbasy, Selbi Bekdurdyýewanyň tabşyran agaçdan elde bejerilen, ýüplük egriji guraly we beýleki gadymy nusgalar bilen baglanyşykly taryhy hem-de ylmy tarapdan öwrenilmäge degişli seýrek nusgalar uly gyzyklanma döredýär. Nesilbaşymyz Oguz han türkmenden gözbaş alyp gaýdýan bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň medeni mirasyny, Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanýan üstünliklerini muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen ylmy we taryhy taýdan öwrenmekde muzeýiň işgärleri ýadawsyz zähmet çekýärler. Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan gelen syýahatçylaryň muzeýimize gelip görüp, onuň bölümlerinde ýerleşdirilen gymmatlyklara syn edip, köp zatlary öwrenendiklerini aýtmaklary örän buýsandyryjydyr.