«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda açylan sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň öz datly miwelerini eçilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. «Bu dabaraly çäreleriň geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Döwrebap derejede guralan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär» diýlip, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini hususy telekeçiligiň ösdürilmegi arkaly hem artdyrmak baradaky tagallalary raýatlaryň şahsy başlangyçlaryny, döredijilik ukybyny goldamak bilen, bazar gatnaşyklarynda bäsleşige ukyply harytlaryň, hyzmatlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagyna, goşmaça iş ýerleriniň döredilmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Çünki hususy ulgamyň ösdürilmegi önüm öndürijileriň özara bäsleşip işlemeklerine, hil taýdan ýokary görkezijä eýe bolmagyna, bazar bolçulygynyň we täze iş orunlarynyň döremegine, eksport mümkinçilikleriň ýokarlanmagyna, jemi içerki önümiň öndürilişiniň artmagyna hem-de dünýä bazarynda ýurdumyzyň öz ornuny pugtalandyrmaga uly ýardam edýär.