BATLY GADAMLAR BILEN
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatymyzda telekeçilik işi has giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň gaýtadan işleýän önümçiligi işjeň ýola goýmak barada berýän maslahatlaryndan ugur alýan telekeçiler bu pudaga dahylly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Olaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Kämil gurujy» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleriniň durmuşa geçirýän işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Her aýda 150 tonna çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan bu kärhanada uly isleg bildirilýän polipropilen haltalaryň önümçiligi ýola goýlupdyr. Kärhananyň önümleri Özbegistan, Owganystan we Russiýa ýaly döwletlere eksport edilýär.