Ylym we bilim — üstünlikleriň açary

30 Mart 2022
1914

Her döwür özüniň täzeligi, hoş habarlary bilen durmuşymyza özboluşly ýakym çaýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň türkmen taryhynda, halkymyzyň durmuşynda aýratyn yz goýjakdygy mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu jogapkärli ýokary döwlet wezipesine täzeçe garaýyşlar, pikir-teklipler bilen girişdi, ýurdy dolandyrmak, milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda öz öňünde belent maksatlary goýdy. Ol maksatlarda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alynýar. Elbetde, täze maksatlar bilen diňe öňe gitmekde, esasan, ýaşlara bil baglanýar. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda hem: «Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýdi. Ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, täze, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwrüň mizemez talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 25-nji martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ylmyň we bilimiň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýandygyny nygtady. Sanly bilim ulgamynyň giň gerim bilen ösdürilmeginiň zerurdygyny belläp, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar hem-de degişli usullar esasynda kämilleşdirmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Eziz GAZAKOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.