Ylym — kämilligiň binýady

22 Mart 2022
2053

Häzirki döwürde ylym esasy ugurlaryň biri bolup, oňa ösüşleriň binýady hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ylym-bilimli kämil hünärmenleri ýetişdirmek bu günki günüň esasy wezipesidir. Ýaş hünärmenleriň ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ösüşiň täze mümkinçiliklerini kemala getirýär. Şoňa görä-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ylym-bilime uly üns berilýär, ýaş hünärmenleriň ylymly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde Diýarymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda bu ugurlarda düýpli işler ýola goýulýar. Ýokary okuw we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde okadylýan derslerde innowasiýa, sanly bilim ugurlarynyň girizilmegi, umumybilim berýän orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim-terbiýe alýan ýaş nesillerde döwrebap tehnikadan we tehnologiýalardan peýdalanmak başarnyklaryny kemala getirmegiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň innowasiýalar ýurduna öwrülýändigini aýtmaga doly esas döredýär.

Bägül GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.